Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 1

«Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň»

«Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň»

2020-NJI ÝYLYŇ AÝADY: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary... suwa çümdüriň» (Mat. 28:19).

139-NJY AÝDYM Olara berk durmaga kömek ediň

MAZMUNY *

1, 2. Isanyň mazarynda perişde aýallara näme diýdi we Isa olara näme tabşyrdy?

B. E. 33-NJI ýylynyň 16-njy nisanynda hudaýhon aýallar säher bilen Isanyň jesedine atyr ysly ýag çalmak üçin, onuň mazaryna barýarlar. Isanyň jaýlananyna eýýäm 36 sagatdanam köp wagt bolupdy. Ýöne olar baranda, mazar boşdy. Aýallar haýran galyp durka, perişde olara Isanyň direlendigini aýdyp: «Ol sizden öň Jelilä barar, şonda görşersiňiz» diýýär (Mat. 28:1—7; Luka 23:56; 24:10).

2 Aýallar ol ýerden gaýdansoň, Isa olara görnüp: «Baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä barsynlar. Olar bilen şol ýerde görşerin» diýdi (Mat. 28:10). Isa şägirtlerine bir wajyp tabşyryk bermekçidi. Şonuň üçin ol direlenden soň, şägirtleri bilen görüşmek isledi.

ŞÄGIRT TAÝÝARLAMAK IŞI KIMLERE TABŞYRYLDY?

Isa direlensoň, Jelilede resullaryna we beýleki şägirtlerine: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» diýip tabşyryk berdi (3, 4-nji abzaslara serediň)

3, 4. Matta 28:19, 20-nji aýatlardaky tabşyryk näme üçin diňe 11 resula berilmedi diýse bolar? (Daşky sahypadaky surata serediň).

3 Matta 28:16—20-nji aýatlary okaň. Isa şägirtleri bilen görşende, olara wajyp bir iş tabşyrdy. I asyrda başlan bu iş häzire çenli hem dowam edýär. Isa: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň... Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň» diýdi.

4 Isa şägirtleriniň ählisiniň wagyz etmegini isledi. Ýöne ol bu tabşyrygyny diňe 11 wepaly resulyna bermändi. Biz muny nireden bilýäris? Isa Jelilede şägirt taýýarlamak baradaky tabşyrygy berende, ýanynda diňe resullary bardymy? Ýadyňyzda bolsa, perişde aýallara: «(Jelilede) görşersiňiz» diýipdi. Görşümiz ýaly, şol ýere wepaly aýallar hem baran bolmaly. Emma olardan başga-da adamlar bardy. Pawlus resul Isanyň «bir wagtda 500-den gowrak doganlara görnendigini» aýtdy (1 Kor. 15:6). Olar şol wagt nirededi?

5. Pawlus resul 1 Korinfliler 15:6-daky sözleri aýdanda nämäni göz öňünde tutupdy?

5 Pawlus resul 1 Korinfliler 15:6-daky sözleri aýdanda nämäni göz öňünde tutupdy? Ol Matta 28-nji bapda agzalýan Isanyň Jelilede şägirtleri bilen görşendigini göz öňünde tutan bolmaly. Munuň birnäçe sebäbi bar. Birinjiden, Isanyň şägirtleriniň köpüsi Jeliledendi. Şol sebäpli olary Iýerusalimdäki bir öýe däl-de, Jeliledäki daga çagyrýar. Ikinjiden, Isa direlensoň, Iýerusalimdäki bir öýde 11 resuly bilen eýýäm görşüpdi. Eger Isa wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işini diňe resullaryna tabşyrmak islän bolsa, onda muny Iýerusalimdekä edip bilerdi. Munuň üçin olary we beýleki şägirtlerini Jelilä çagyrmak gerek bolmazdy (Luka 24:33, 36).

6. Matta 28:20-däki tabşyryk näme üçin bize-de degişli we bu tabşyryk nädip ýerine ýetirilýär?

6 Üçünjiden, Isa şägirt taýýarlamak işini diňe bir I asyrdaky mesihçilere tabşyrmandy. Biz muny nireden bilýäris? Isa şägirtlerine tabşyryk berensoň: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýip sözüni jemledi (Mat. 28:20). Isanyň aýdyşy ýaly, şägirt taýýarlamak işi uly depginde alnyp barylýar. Her ýyl 300 müňe golaý adam Ýehowanyň Şaýady hökmünde suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolýar. Şeýle hasabatlar bizi diýseň ruhlandyrýar!

7. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis we näme üçin?

7 Okuw geçýän adamlaryň köpüsi ruhy taýdan ösüş edip, suwa çümdürilýär. Emma käbir adamlar yzygider okuw geçse-de, suwa çümdürilmäge gorkýar. Olar okuw geçmegi halasalar-da, suwa çümdürilmek üçin ruhy taýdan ösüş etmeýärler. Eger siziň hem okuw geçýäniňiz bar bolsa, oňa öwrenen zatlary boýunça ýaşamaga we Mesihiň şägirdi bolmaga kömek etmek isleýänsiňiz. Şu makalada okuw geçýän adama Ýehowany söýmäge we ruhy taýdan ösmäge nädip kömek edip biljekdigimizi bileris. Ýöne biz bu hakda näme üçin gürrüň etmek isleýäris? Sebäbi käwagt biz okuwy dowam etmelimi ýa-da däldigini çözmeli bolýarys.

ÝEHOWANY SÖÝMÄGE KÖMEK EDIŇ

8. Okuw geçýänlerimize Ýehowany söýmäge kömek etmek näme üçin käte kyn bolup biler?

8 Ýehowa adamlaryň söýgi bilen gulluk etmegini isleýär. Şonuň üçin biz okuw geçýänlerimize Ýehowanyň olaryň her biriniň aýratynlykda aladasyny edýändigine we güýçli söýýändigine düşünmäge kömek etmegi maksat edinmeli. Biz olara Ýehowanyň «ýetimleriň atasy, dul aýallaryň hossarydygyny» bilmäge kömek etmeli (Zeb. 68:5). Okuw geçýän adamlarymyz Hudaýyň olary nähili güýçli söýýändigini bilende, ýürekleri joşup, Oňa bolan söýgüsi we hormaty hasam artýar. Ýöne käbirlerine Ýehowa mähirli Atasy ýaly garamak kyn bolup biler. Mümkin, olar öz kakalaryndan şeýle söýgi-mähir gören däldir (2 Tim. 3:1, 3). Şonuň üçin okuw geçeniňizde, adamyň ünsüni Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerine çekjek boluň. Söýgüden doly Hudaýyň olaryň ebedi ýaşamagyny isleýändigini we oňa ýetmek üçin kömek etjekdigini düşündiriň. Olara ýene nädip kömek edip bileris?

9, 10. Haýsy kitaplardan okuw geçmeli we näme üçin?

9 «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» we «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitaplary ulanyň. Bu edebiýatlar okuw geçýänlerimiziň ýüregine täsir etmek üçin niýetlenen. Mysal üçin, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 1-nji babynda şu soraglara jogap berilýär: «Hudaý biperwaý hem rehimsizmi? Hudaý adalatsyzlyga nähili garaýar? Ýehowa ýakynlaşyp bolýarmy?» «Hudaýyň söýgüsi» atly kitap bolsa, okuw geçýän adama Mukaddes Kitapdaky prinsipleri durmuşynda nädip ulanmalydygyny we Ýehowa nädip ýakynlaşmalydyny öwredýär. Siz bu kitaplardan öň başga biri bilen okuw geçenem bolsaňyz, adamyň ýagdaýyny göz öňünde tutup, her sapaga gowy taýýarlanyň.

10 Okuw geçýän adam «Öwretmek üçin niýetlenen esbaplarymyzdan» başga edebiýatlar bilen gyzyklansa näme etmeli? Siz şol edebiýaty özbaşdak okamaga höweslendirip bilersiňiz we okuw geçmek üçin niýetlenen kitaplaryň haýsysyndan geçýän bolsaňyz, şol kitapdan dowam edip bilersiňiz.

Her sapagy doga bilen başlaň (11-nji abzasa serediň)

11. Her sapagyň başynda we soňunda näme üçin doga etmeli we munuň wajypdygyny nädip düşündirmeli?

11 Her sapagy doga bilen başlaň. Adatça, Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlanyňyza birnäçe hepde geçende, her sapagyň başynda hem soňunda doga etseňiz gowy bolar. Elbetde, näçe öň başlasaňyz, şonça-da gowy bolýar. Biz okuw geçýänlerimize Hudaýyň Sözüne düşünmek üçin, onuň mukaddes ruhunyň gerekdigini düşündirmeli. Käbir wagyzçylar okuw geçýänine doga etmegiň wajypdygyny düşündirende, Ýakup 1:5-däki: «Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin» diýen sözleri okap berýär. Soňra ondan: «Biz nädip Hudaýdan akyldarlyk alyp bileris?» diýip soraýar. Şonda okuw geçýän adam Hudaýa doga etmegiň wajypdygyna düşünýär.

12. Okuw geçýänlerimizi doga etmäge höweslendirmek üçin Zebur 139:2—4-nji aýatlary nädip ulanyp bileris?

12 Nädip doga etmelidigini öwrediň. Ýehowanyň ýürekden edilýän dogalary diňleýändigini okuw geçýänleriňize düşündiriň. Şeýle-de Ýehowa ýüregimizi döküp, hiç kime aýdyp bilmeýän zatlarymyzy hem Oňa aýdyp bilýändigimizi aýdyň. Elbetde, içki dünýämizde nämeleriň bolup geçýändigini aýtmasak-da, Ýehowa ony gowy bilýär (Zebur 139:2—4-nji aýatlary okaň). Şeýle-de okuw geçýänlerimizi erbet endiklerini we pikirlerini taşlamak üçin Hudaýdan kömek soramaga höweslendirip bileris. Meselem, okuw geçýän adam käbir baýramçylyklara gatnaşmagy gowy görýär. Ol munuň nädogrudygyny bilse-de, olara gatnaşmagy halaýandyr. Şeýle ýagdaýda ony Ýehowa ýüregini dökmäge we diňe Hudaýyň halaýan zatlaryny etmek üçin ondan kömek soramaga höweslendirip bileris (Zeb. 97:10).

Ýygnaga çagyryň (13-nji abzasa serediň)

13. a) Okuw geçýänlerimizi näme üçin mümkin boldugyndan tizräk ýygnaga çagyrmaly? b) Olara ýygnakda özüni rahat duýmaga nädip kömek etse bolar?

13 Ýygnaga çagyryň. Ony näçe tiz çagyrsaňyz, şonça-da gowy bolar. Ýygnak duşuşyklarynda eşidýän hem görýän zatlary okuw geçýäniňiziň ýüregine täsir edip, ony ruhy taýdan ösmäge iterer. «Patyşalyk zalynda nämeler edilýär?» atly wideony görkezip, ony özüňiz bilen ýygnaga gitmäge höweslendiriň. Eger ulagyňyz bar bolsa, ony ýygnaga äkidip bilersiňiz. Mundan başga-da okuw geçmäge dürli wagyzçylar bilen barsaňyz, gowy bolar. Şonda okuw geçýäniňiz ýygnaga baranda, şol dogan-uýalary görüp, özüni hasam rahat duýar.

RUHY TAÝDAN ÖSMÄGE KÖMEK EDIŇ

14. Okuw geçýän adamy ruhy taýdan ösmäge näme höweslendirmeli?

14 Biziň esasy maksadymyz okuw geçýänimize ruhy taýdan ösmäge ýardam etmek bolmaly (Efes. 4:13). Kimdir biri biziň bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlanda, esasanam, özüne nähili peýda getirjekdigi hakda pikirlenmegi mümkin. Ýöne onuň Ýehowa bolan söýgüsi artdygyça, ruhy taýdan ösüp, başgalara, aýratynam, ýygnakdaky dogan-uýalara kömek edesi geler (Mat. 22:37—39). Wagty gelende, guramamyzyň işine goşant goşar ýaly, pul sadakalaryny hem berip bilýändigini aýdyň.

Kynçylyklaryny ýeňip geçmegi öwrediň (15-nji abzasa serediň)

15. Okuw geçýänimize kynçylyklaryny ýeňmäge nädip kömek edip bileris?

15 Kynçylyklaryny ýeňip geçmegi öwrediň. Aýdaly, siziň okuw geçýäniňiz suwa çümdürilmedik wagyzçy bolýar. Ol size bir dogandan ýa-da uýadan gaty görendigini aýdýar. Şonda siz hiç kimiň tarapyny tutman, Mukaddes Kitap boýunça şeýle ýagdaýda näme etmelidigini düşündirip bilersiňiz. Oňa ýa-ha bolan zady unudyp, göwnüne degen adamy bagyşlap bilýändigini, ýa-da oňa «dogry ýola dolanmaga» kömek edip, bolan ýagdaýy özara sylag-hormat bilen çözmelidigini aýdyň (Matta 18:15-i deňeşdiriň). Okuw geçýäniňize aýtjak sözlerini öňünden taýýarlamaga kömek ediň. Oňa JW Library® programmasyndan, «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyndan» hem-de jw.org® saýtymyzdan şol meseläni nädip çözmelidigi barada gözleg geçirmegi öwrediň. Eger ol suwa çümdürilmänkä ýygnakdaky dogan-uýalar bilen arasynda bolýan düşünişmezligi çözmegi öwrense, suwa çümdürilenden soňam parahatlygy saklamak aňsat bolar.

16. Okuwa her dürli wagyzçylary gatnaşmaga çagyrsaňyz näme üçin gowy bolar?

16 Ýygnakdaky beýleki dogan-uýalary we etrap gözegçisini okuwa gatnaşmaga çagyryň. Olary çagyrsaňyz näme üçin gowy bolar? Munuň peýdalydygyny ýokarky abzaslarda-da agzap geçipdik. Sebäbi olar biziň edip bilmeýän kömegimizi berip biler. Aýdaly, okuw geçýäniňiz çilimi taşlajak bolýar, ýöne köp wagtdan bäri muny başarmaýar. Şonda siz şunuň ýaly kynçylygy ýeňip geçen wagyzçyny okuwa gatnaşmaga çagyryň. Belki, ýanyňyzdaky wagyzçy okuw geçýäniňiziň ýüregine jüňk boljak maslahaty berip biler. Eger siz ökdelik bilen öwredýän doganyň ýanynda özüňizi oňaýsyz duýaryn diýip pikir etseňiz, oňa ýagdaýyňyzy öňünden düşündiriň. Nähili bolaýanda-da, beýleki wagyzçylar bilen hyzmatdaşlyk etseňiz, okuw geçýäniňiz olardan köp zatlary öwrener. Biziň esasy maksadymyzyň okuw geçýän adamymyza ruhy taýdan ösmäge ýardam etmekdigini ýatdan çykarmalyň.

OKUW GEÇMEGI GOÝMALYMY?

17, 18. Okuw geçmegi bes etmek barada oýlananymyzda haýsy ýagdaýlary göz öňünde tutmaly?

17 Okuw geçýäniňiz köp wagtdan bäri hiç hili ösüş etmeýän bolsa: «Okuw geçmegimi goýmalymy?» diýip pikirlenip başlamagyňyz mümkin. Elbetde, siz belli bir karara gelmezden öň, adamyň ýagdaýyny göz öňünde tutýansyňyz. Käbir adamlara başgalara garanda, ruhy taýdan ösmek üçin köpräk wagt gerek bolýar. Şonuň üçin özüňize şeýle soraglary beriň: «Okuw geçýänim gerekli özgerişleri edýärmi? Öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanýarmy?» (Mat. 28:20). Okuw geçýän adam ruhy taýdan ýuwaş-ýuwaşdan össe-de, belki, ol durmuşynda käbir özgerişikleri edýändir.

18 Emma okuw geçýän adam öwrenen zatlaryny durmuşda ulanmaýan we hiç hili ösüş etmeýän bolsa näme?! Şeýle ýagdaýy göz öňüne getiriň: Siz kimdir biri bilen «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny geçip gutardyňyz we «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitaba başladyňyz. Ýöne okuw geçýäniňiz bir gezegem ýygnaga gatnaşyp görenok, Ýatlama agşamyna-da baranok. Şeýle-de ol köplenç sebäpsiz ýere okuwyny wagtynda geçmeýär. Şeýle ýagdaýda onuň bilen açyk gürrüň etseňiz gowy bolar *.

19. Okuw geçýänimiz hiç hili ösüş etmeýän bolsa näme diýip bileris we nämäni göz öňünde tutmaly?

19 Siz okuw geçýäniňizden: «Saňa Ýehowanyň Şaýady bolmaga näme päsgel berýändigini aýdyp bilermiň?» diýip sorap bilersiňiz. Ol: «Men Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi halaýan, ýöne hiç haçan Ýehowanyň Şaýady bolmaryn» diýmegi mümkin. Birnäçe wagtdan bäri okuw geçse-de, garaýşy üýtgemedik bolsa, onuň bilen okuwy dowam etmek gerekmi? Ýöne başga bir tarapdan, okuw geçýäniňiz ösüş edip bilmeýändigini boýun alýandyr. Belki, ol hiç haçan öýden-öýe gidip, wagyz edip bilmerin diýip pikir edýändir. Eger okuw geçýäniň nämäni alada edýändigine düşünsek, oňa nädip kömek etmelidigini bileris.

Ruhy taýdan ösmeýän adama wagtyňyzy ýitirmäň (20-nji abzasa serediň)

20. Resullar 13:48 okuwy dowam etmelidigini ýa-da däldigini bilmäge nädip kömek eder?

20 Gynansak-da, käbir okuw geçýänlerimiz Hyzkyl pygamberiň döwründäki ysraýyllara meňzeýär. Ýehowanyň Hyzkyl pygambere olar barada näme diýendigine üns beriň: «Sen olar üçin kirişli saz guralyny çalýan sazanda we söýgi aýdymyny aýdýan mahmal owazly bagşy ýalysyň. Olar sözüňi diňlärler, emma berjaý etmezler» (Hyz. 33:32). Bize ösüş etmeýän adam bilen okuw geçmegi goýýandygymyzy aýtmak kyn bolup biler. Emma «az wagtyň galandygyny» unutmalyň (1 Kor. 7:29). Şonuň üçin wagtymyzy ruhy taýdan ösüş etmeýän adamlara däl-de, «ebedi ýaşamak isleýän adamlara» bermek isleýäris (Resullar 13:48-i okaň).

Mümkin, Hudaýdan kömek sorap dileg edýän başga-da adamlar bardyr (20-nji abzasa serediň)

21. 2020-nji ýylyň aýady näme we ol bize näme etmäge kömek eder?

21 2020-nji ýylyň aýady bize şägirt taýýarlamak işinde has-da ökdeleşmäge kömek eder. Onda Isanyň Jeliledäki dagda aýdan käbir sözleri getirilýär. Ol: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary... suwa çümdüriň» diýipdi (Mat. 28:19).

Şägirt taýýarlamak işinde has-da ökdeleşmegi we okuw geçýänleriňize suwa çümdürilmäge kömek etmegi maksat ediniň (21-nji abzasa serediň)

44-NJI AÝDYM Şatlyk bilen hasyl ýygýarys

^ par. 5 2020-nji ýylyň aýady bizi «şägirt taýýarlamaga» höweslendirýär. Bu tabşyryk Ýehowanyň gullukçylarynyň ählisine degişli. Okuw geçýänlerimize Isanyň şägirdi bolmaga nädip kömek edip bileris? Şu makala bize okuw geçýänlerimize Ýehowa ýakynlaşmaga nädip kömek edip biljekdigimizi görkezer. Şeýle-de biz okuw geçýänimiz bilen sapagy dowam etmelimi ýa-da etmeli däldigini bileris.