Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 2

Siz başgalara «köp göwünlik berýärsiňizmi»?

Siz başgalara «köp göwünlik berýärsiňizmi»?

«Şu doganlar Hudaýyň Patyşalygy hakda meniň bilen wagyz edip, eginme-egin işleşdiler. Olar maňa köp göwünlik berdiler» (Kol. 4:11).

53-NJI AÝDYM Hudaýa agzybir gulluk etmek

MAZMUNY *

1. Şu günler dogan-uýalaryň köpüsi nähili kynçylyklar bilen göreşýär?

ŞU GÜNLER dogan-uýalaryň köpüsi köp kynçylyklary başyndan geçirýär. Siziň hem ýygnagyňyzda şeýle dogan-uýalar barmy? Käbir dogan-uýalar keselçilik bilen göreşse, käbiri ýakynynyň ölüminden ýaňa hasrat çekýär. Başgalar bolsa maşgala agzalarynyň ýa-da ýakyn dostunyň hakykaty taşlandygyna ýüregi gyýym-gyýym bolýar. Käbir dogan-uýalar bolsa tebigy betbagtçylyk sebäpli köp görgüleri görýär. Hawa, şol dogan-uýalaryň ählisi tesellä mätäç. Biz olary nädip goldap bileris?

2. Pawlus resul näme üçin käwagt tesellä mätäç bolýardy?

2 Pawlus resul hem yzly-yzyna köp kynçylyklary başyndan geçirdi (2 Kor. 11:23—28). Şeýle-de ol «bedenindäki tiken», ýagny ýarawsyzlyk bilen göreşen bolmaly (2 Kor. 12:7). Mundan başga-da işdeşi «Dimas dünýäni söýüp, (Pawlusy) taşlap» gidende, ol özüni hasam erbet duýdy (2 Tim. 4:10). Pawlus batyrgaý we başgalar üçin janyny bermäge taýyn saýlanan dogandy. Emma ol hem käwagt tapdan düşýärdi (Rim. 9:1, 2).

3. Kimler Pawlusy goldap teselli berýärdi?

3 Pawlus gerekli kömegi we tesellini aldy. Nädip? Ýehowa mukaddes ruhy arkaly ony berkitdi (2 Kor. 4:7; Flp. 4:13). Şeýle-de Ol imandaşlarynyň üsti bilen oňa teselli berýärdi. Pawlus özüni goldan käbir imandaşlary hakda şeýle diýdi: «Olar maňa köp göwünlik berdiler» (Kol. 4:11). Olaryň arasynda Aristarhus, Tihikus we Markus bardy. Hudaýyň bu üç wepaly gullukçysy Pawlusy berkidip, çydamly bolmaga kömek etdiler. Başgalara teselli bermäge olara haýsy häsiýetler kömek etdikä? Başgalary ruhlandyryp teselli berenimizde, olardan nädip görelde alyp bileris?

ARISTARHUS ÝALY WEPALY BOLUŇ

Aristarhus ýaly, biz hem wepaly bolup, dogan-uýalaryň diňe bir ýagşy gününde däl, eýsem ýaman gününde-de ýanlarynda bolmak isleýäris (4, 5-nji abzaslara serediň) *

4. Aristarhus Pawlusa wepaly dostdugyny nädip görkezdi?

4 Aristarhus Makedoniýanyň Selanik şäherinde ýaşaýardy. Ol Pawlusa wepaly dostdugyny birnäçe gezek subut edipdi. Pawlus resul üçünji wagyz syýahatynda Efes şäherine baranda, halk gahardan ýaňa Aristarhusa topulypdy. Mukaddes Kitapda bu mesihçi barada ilkinji sapar şu waka agzalanda aýdylýar (Res. 19:29). Ol tussaglykdan boşandansoň hem, janyna howp abansa-da, Pawlusyň ýanynda galdy. Şeýdip, ol wepalydygyny görkezdi. Şondan birnäçe aý geçensoň, Gresiýada duşmanlar Pawlusy öldürjek bolanda hem Aristarhus onuň ýanyndady (Res. 20:2—4). Takmynan b. e. 58-nji ýylynda Pawlusy tussag edip, Rime ugradanlarynda, Aristarhus hem ýany bilen gidipdi. Olar ýolda gämi heläkçiligine uçrapdylar (Res. 27:1, 2, 41). Rime baranlaryndan soň, Aristarhus Pawlus bilen birnäçe wagt tussaglykda oturan bolmaly (Kol. 4:10). Elbetde, ýanynda şeýle wepaly hem jana-jan dostunyň bardygyna Pawlus örän ruhlanandyr!

5. Nakyllar 17:17-ä görä, biz nädip wepaly dost bolup bileris?

5 Aristarhus ýaly, biz hem wepaly bolup, dogan-uýalaryň diňe bir ýagşy gününde däl, eýsem ýaman gününde-de ýanlarynda bolmak isleýäris (Nakyllar 17:17-ni okaň). Imandaşlarymyz hatda agyr synaglardan soňam tesellä mätäç bolup biler. Rak keseli sebäpli üç aýyň içinde ene-atasynyň ikisinden hem jyda düşen Fransiz * uýamyz şeýle gürrüň berýär: «Başyňa agyr günler düşende, uzak wagtlap gerdeniňden ýük aýrylmaýan eken. Ene-atamyň aýrylanyna birnäçe wagt geçse-de, men häzirem hasrat çekýärin. Ýöne wepaly dostlarymyň meni taşlamaýandygyna ýürekden begenýärin».

6. Wepaly bolsak biz näme ederis?

6 Wepaly dostlar imandaşlary üçin wagtyny hem güýjüni gaýgyrmaýar. Meselem, Piter dogana lukman agyr keseliniň tiz güýjeýändigini we az wagtynyň galandygyny aýdýar. Doganymyzyň aýaly Katrin şeýle diýýär: «Ýygnagymyzdaky bir är-aýal Piteriň ýaramaýandygyny bilende, bizi hassahana äkitdi. Olar asla ýanymyzdan aýrylmaýardy we gerek-ýarak zatlarymyzy getirip berýärdi». Dogrudanam, şeýle wepaly dostlaryň berýän kömegi kynçylyklarda çydamly bolmaga kömek edýär.

TIHIKUS ÝALY YNAMDAR BOLUŇ

Tihikusdan görelde alyp, biz hem imandaşlarymyzyň başyna kyn gün düşende, olara ynamdar dost bolasymyz gelýär (7—9-njy abzaslara serediň) *

7, 8. Koloslylar 4:7—9-njy aýatlara görä, Tihikus ynamdardygyny nädip görkezdi?

7 Rimiň Aziýa welaýatyndan bolan Tihikus Pawlusa örän uly kömek boldy (Res. 20:4). Takmynan b. e. 55-nji ýylynda Pawlus resul Ýahudadaky imandaşlaryna maddy taýdan kömek etmek üçin pul sadakalaryny ýygnamagyň aladasyny edýär we bu wajyp işi Tihikusa tabşyrýar (2 Kor. 8:18—20). Soňra Pawlus Rimde ilkinji sapar tussag edilende, Tihikus oňa ýene kömek edýär. Ol Pawlusyň ýazan hatlaryny we ruhlandyryjy sözlerini Aziýadaky ýygnaklara ýetirmäge ýardam edýär (Kol. 4:7—9).

8 Tihikus Pawlusyň ynamdar dostudy (Tit. 3:12). Şol wagt mesihçileriň hemmesi Tihikus ýaly ynamdar däldi. Takmynan b. e. 65-nji ýylynda Pawlus ikinji gezek tussag edilende, hatlarynyň birinde Aziýadaky köp mesihçileriň garşylyklardan gorkup, onuň ýanyna barmandyklaryny ýazýar (2 Tim. 1:15). Emma ol Tihikusa berk ynanýandygyny we oňa başga bir wajyp ýumuş tabşyrandygyny aýdýar (2 Tim. 4:12). Tihikus ýaly şeýle ynamdar dostunyň bardygyna Pawlus resul çäksiz begenendir!

9. Biz Tihikusdan nädip görelde alyp bileris?

9 Biz hem Tihikusdan görelde alyp, ynamdar dost bolasymyz gelýär. Meselem, biz imandaşlarymyza kyn günüňde ýanyňda bolaryn diýip ýöne bir dilden aýtman, olara gerekli kömegi berip bileris (Mat. 5:37; Luka 16:10). Kömege mätäç dogan-uýalar agyr gününde biziň taşlamajakdygymyzy bilende, özüni arkaýyn duýar. Bir uýa bu babatda şeýle diýýär: «Biri saňa kömek etjek diýende, ol beren sözünde durarmy ýa durmazmy diýip känbir alada etmeýärsiň».

10. Nakyllar 18:24-e görä, kynçylyga ýa-da göwnüçökgünlige düşen adam esasan kimden kömege garaşýar?

10 Adam kynçylyga ýa-da göwnüçökgünlige düşende, esasan-da, ýanynda ynamdar dostunyň bolmagyny isleýär (Nakyllar 18:24-i okaň). Ogly ýygnak gatnaşygyndan kesilen Bidjaý dogan şeýle diýýär: «Men ynamdar birine içimi dökesim gelýärdi». Ýygnakda hormatly borjuny ýitiren Karlos dogan bolsa özüni gaty erbet duýandygyny aýdýar. Ol: «Şonda men asuda bir ýer tapyp, biri bilen derdinişesim gelýärdi. Başgaça aýdanyňda, meni günäkärlemän diňlemeklerini isleýärdim» diýýär. Karlos dogan şol asuda ýeri tapyp bildi, oňa ýygnak ýaşululary derdini ýeňletmäge kömek etdiler. Şeýle-de ol ýaşulularyň düşgürdigini we onuň meselesini hiç kime aýtmaýandygyny bilip, teselli tapdy.

11. Biz nädip wepaly hem ynamdar dost bolup bileris?

11 Wepaly hem ynamdar dost bolmak üçin sabyrlylyk gerek. Žanna uýamyzyň adamsy taşlap gidende, oňa ýakyn dostlary göwünlik berdi. Ol şeýle diýýär: «Men şol bir aýdan zadymy gaýta-gaýta aýtsam-da, olar meni sabyrly diňleýärdiler». Başgalary sabyrly diňlemegi başarsaňyz, siz hem gowy dost bolup bilersiňiz.

MARKUS ÝALY JANAÝAMAZ BOLUŇ

Markusyň göwünlik hem goldaw bermegi Pawlusa çydamly bolmaga kömek etdi; biz hem imandaşlarymyzy kyn gününde goldamaly (12—14-nji abzaslara serediň) *

12. Markus kimdi we ol başgalara hyzmat etmek isleýändigini nädip görkezdi?

12 Markus Iýerusalimdendi we missioner bolup gulluk eden Barnabasyň ýegenidi (Kol. 4:10). Markusyň maşgalasy gurply ýaşaýardy, emma ol maddy zatlary durmuşynda birinji orunda goýmaýardy. Ol janaýamazlyk ruhy bilen tanalýardy we başgalara höwes bilen hyzmat edýärdi. Meselem, ol her wagt resullara hyzmat edýärdi; Pawlus bilen Petrus resul borçlaryny ýerine ýetirýärkäler, Markus olara gerek bolan zatlaryny ýetirip durýardy (Res. 13:2—5; 1 Pet. 5:13). Şol sebäpli Pawlus Markusyň «Hudaýyň Patyşalygy hakda (özi) bilen wagyz edip», ony berkidendigini aýdýar (Kol. 4:10, 11).

13. 2 Timoteos 4:11-däki sözler Markusyň wepaly gullugyny Pawlusyň gymmat saýýandygyny nädip görkezýär?

13 Markus hem Pawlusyň jana-jan dostlarynyň biridi. Mysal üçin, takmynan b. e. 65-nji ýylynda Pawlus Rimde soňky sapar türmede oturanda, Timoteosa ikinji hatyny ýazypdy. Şonda ol hatynda Timoteosdan ýany bilen Markusy hem alyp gaýtmagy haýyş edýär (2 Tim. 4:11). Elbetde, Pawlus Markusyň öňki wepaly gullugyny gymmat saýýardy, şonuň üçin kyn gününde Markusyň öz ýanynda bolmagyny isleýärdi. Markus Pawlusa dürli ýollar bilen kömek edýärdi. Mümkin, ol Pawlusa iýmit we hatlaryny ýazmak üçin gerek-ýarak zatlary getirip berendir. Markusyň göwünlik hem goldaw bermegi Pawlusa ölüminiň öň ýanyndaky günlerde çydamly bolmaga kömek etdi.

14, 15. Matta 7:12-däki sözler başgalara kömek edip bilýändigimizi nädip görkezýär?

14 Matta 7:12-ni okaň. Kyn güne düşenimizde, kimdir biri öz kömegini teklip etse, biz muny gymmat saýýarys. Betbagtçylyk sebäpli kakasy duýdansyz aradan çykan Raýan dogan şeýle diýýär: «Hasrat çekeniňde, her günki edýän işleriňem agyr ýük ýaly bolup görünýär. Şol wagt seniň üçin kiçijik bir zat etselerem, uly kömek bolýar».

15 Hasrat çekýän dogan-uýalara ýardam berip biler ýaly, ünsli boluň. Bir uýa ýokarky abzasda agzalan Piter bilen Katrine uly goldaw berýär. Olaryň ikisi hem ulagyny sürüp bilmeýärdi, şol sebäpli uýa ýygnakdaky dogan-uýalar gezekli-gezegine olary äkidip getirer ýaly, ýörite gün tertibini düzýär. Bu barada Katrin şeýle diýýär: «Dogan-uýalaryň aladamyzy edişini görüp, arkamyzdan agyr ýük aýrylan ýaly boldy». Kiçi bolsun ýa uly bolsun, başgalara edýän kömegimiziň olary gaty berkidýändigini hiç haçan unutmalyň.

16. Başgalara teselli bermekde Markus nähili görelde galdyrdy?

16 I asyrda ýaşan Markus şägirt Ýehowa üçin köp işleri edýärdi. Ol ýygnakda köp jogapkärli borçlary ýerine ýetirýärdi; öz adyny göterýän kitaby hem ýazdy. Emma ol şonda-da Pawlusa teselli bermek üçin wagt tapdy. Şonuň üçin Pawlus Markusdan kömek soramaga çekinmeýärdi. Anžela uýamyzyň mamasyny zalymlyk bilen öldürýärler. Anžela özüne göwünlik beren dogan-uýalaryň kömegini gymmat saýýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Dost-ýarlaryň saňa çyndanam kömek etmek islänlerinde, munuň ugruny tapýarlar. Olar haýal-ýagallyk etmeýärler ýa-da muny soňa goýmaýarlar». Biz özümize şeýle sorag berip bileris: «Men imandaşlaryma höwes bilen goldaw berýärinmi?»

BAŞGALARA TESELLI BERMEGI MAKSAT EDINIŇ

17. 2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlar bizi näme etmäge höweslendirýär?

17 Ýygnagymyzdaky kömege mätäç imandaşlarymyzy goldamak üçin kän zat gerek däl. Meselem, olara teselli bermek üçin ruhlandyryjy pikirleri paýlaşyp bileris. Mamasy aradan çykan Nino uýa şeýle diýýär: «Ýehowa başgalary biziň üstümiz bilen goldaýar, ýöne munuň üçin özümizi ulanmaga Oňa ýol bermeli» (2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlary okaň). Ýokarda agzalan Fransiz uýamyz bolsa: «2 Korinfliler 1:4-däki sözleriň hakykatdygyna göz ýetirdim. Hudaýyň bize göwünlik berişi ýaly, biz hem başgalara göwünlik berip bilýäris» diýýär.

18. a) Käbirleri näme üçin göwünlik bermäge çekinmegi mümkin? b) Biz nädip hakyky tesellini berip bileris? Mysal getiriň.

18 Biz başgalara ilkinji bolup ýardam etmäge çekinmeli däl. Belki-de, biz başyna kyn gün düşen dogan-uýalarymyza näme diýsem ýa-da näme etsem gowy bolarka diýip alada edýändiris. Kakasy aradan çykan Paul atly ýygnak ýaşulusy şeýle diýýär: «Maňa göwünlik bermek isleýän dogan-uýalara aňsat düşmeýändigini görýärdim. Olar näme diýjegini hem bilmeýärdiler. Ýöne men şonda-da olaryň teselli hem goldaw bermek isländiklerine diýseň begenýärin». Güýçli ýertitremeden ýaňa ejir çeken Teýjon dogan hem şeýle gürrüň berýär: «Dogrymy aýtsam, ýertitremeden soň dogan-uýalaryň näçe SMS ýazandygy ýadyma düşenok. Ýöne bir zat gowy ýadymda galdy. Olar menden hemişe habar alyp durýardylar». Biz hem başgalaryň ýürekden aladasyny etsek, hakyky tesellini berip bileris.

19. Siz näme üçin başgalara «köp göwünlik bermek» isleýärsiňiz?

19 Şu zalym dünýäniň soňy ýetip gelýändigi üçin ýagdaý gitdigiçe erbetleşip, durmuş öňküsindenem beter kynlaşýar (2 Tim. 3:13). Miras alan bikämilligimiz we öz ýalňyşlyklarymyz sebäpli hem köp kynçylyklara uçraýarys. Şonuň üçin biz göwünlik berilmegine mätäç bolýarys. Pawlus resul imandaşlarynyň teselli bermegi bilen ömrüniň ahyryna çenli Hudaýa wepaly galyp bildi. Şol sebäpli, geliň, bizem Aristarhus ýaly wepaly, Tihikus ýaly ynamdar bolalyň we Markus ýaly başgalara janaýaman hyzmat edeliň! Şeýtsek, dogan-uýalara imanda berk durmaga kömek ederis (1 Sel. 3:2, 3).

^ par. 5 Pawlus resul köp görgüleri gördi. Başyna agyr günler düşende, onuň käbir wepaly dostlary, ýagny imandaşlary köp göwünlik berdiler. Biz şu makalada olaryň görkezen üç häsiýeti hakda gürrüň ederis we olardan nädip görelde alyp biljekdigimize serederis. Bu bize başgalara has gowy göwünlik bermäge kömek eder.

^ par. 5 Käbir atlar üýtgedilen.

28-NJI AÝDYM Täze aýdym

^ par. 56 SURAT: Aristarhus bilen Pawlus gämi heläkçiligine uçraýar.

^ par. 58 SURAT: Tihikus Pawlusyň ýazan hatlaryny ýygnaklara ýetirýär.

^ par. 60 SURAT: Markus Pawlusa gerek-ýarak zatlaryny getirip berýär.