Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 3

Sen Ýehowa üçin gymmatly!

Sen Ýehowa üçin gymmatly!

«Ol biziň ruhdan düşendigimizi gördi» (Zeb. 136:23).

38-NJI AÝDYM Ýüküňizi Ýehowa atyň!

MAZMUNY *

1, 2. Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi nähili kynçylyklara duşýar we bu olara nähili täsir edýär?

ÜÇ ÝAGDAÝY göz öňüne getiriň: ýaş dogan agyr kesele duçar bolýar; orta ýaşlaryndaky dogan işini ýitirýär we başga iş tapmak üçin näçe jan etse-de, tapyp bilmeýär; wepaly gartaşan uýa bolsa, Ýehowa öňküsi ýaly köp gulluk edip bilmeýär.

2 Eger sizde-de şeýle ýagdaýlar bolan bolsa, özüňizi derde ýaramaýan adam ýaly duýansyňyz. Dogrudanam, şeýle kynçylyklardan ýaňa şatlygyňy ýitirýärsiň, özüňe bolan ynamyň gaçýar we başgalar bilen araň gowy bolmaýar.

3. Şeýtan we onuň täsirine düşen adamlar başgalara nähili garaýar?

3 Şu dünýäde Şeýtanyň garaýşy görünýär. Ol adamlary hemişe özüni dereksiz duýar ýaly edýär. Şeýtan How enäniň Hudaýa gulak asmasa, öljekdigini gowy bilýärdi. Emma şonda-da zalymlyk bilen ony aldady. Şu günler Şeýtan söwda-satyk, syýasy hem-de dini guramalaryň üstünden agalyk edýär. Şol sebäpli köp söwdagärleriň, syýasy hem dini ýolbaşçylaryň adamlaryň durmuşy bilen gyzyklanmaýandygy we aladasyny etmeýändigi bizi geň galdyrmaýar.

4. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

4 Şeýtan her näme etse-de, Ýehowa biziň bagtly bolmagymyzy isleýär. Şol sebäpli özümizi dereksiz duýýan wagtlarymyz hem ol kömege ýetişýär (Zeb. 136:23; Rim. 12:3). Şu makalada Ýehowanyň bize şu ýagdaýlarda nädip kömek edýändigine serederis: 1) kesellänimizde, 2) işimizi ýitirenimizde we 3) garrylyk sebäpli Ýehowa öňki ýaly gulluk edip bilmeýändigimiz üçin ruhdan düşenimizde. Ýöne, geliň, başda Ýehowanyň her birimizi gymmat saýýandygyna näme üçin ynamly bolup biljekdigimizi bileliň.

BIZ ÝEHOWA ÜÇIN GYMMATLY

5. Adamlaryň Ýehowa üçin gymmatlydygyny näme subut edýär?

5 Biz toprakdan ýaradylsak-da, bahamyzyň bir gysym toprakdan has gymmatdygyny bilýäris (1 Mus. 2:7). Geliň, Ýehowanyň gadyrymyzy bilýändiginiň käbir sebäbine seredeliň. Ol bizi öz häsiýetlerinden görelde almak ukyby bilen ýaratdy (1 Mus. 1:27). Ýer ýüzündäki janly-jandarlardan tapawutlykda, Hudaý bizi has täsin edip ýaratdy. Ol ynsana ýeriň we haýwanlaryň üstünden agalyk etmek ygtyýaryny berdi (Zeb. 8:4—8).

6. Bikämil adamlary Ýehowanyň gymmat saýýandygyny ýene näme subut edýär?

6 Adam ata günä edenden soň hem Ýehowa adamlary gymmat saýýandygyny görkezdi. Ol adamlaryň günäsi üçin özüniň ýekeje Ogluny töleg hökmünde berdi (1 Ýah. 4:9, 10). Ýehowa töleg gurbanyň esasynda Adam atanyň günäsi sebäpli aradan çykan «dogruçyl hem-de erbet» adamlary hem direlder (Res. 24:15). Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, biz kesel, garyp ýa-da garry bolaly, tapawudy ýok, Hudaýyň gözünde birjigem gadyrymyz gaçmaýar (Res. 10:34, 35).

7. Ýehowanyň gullukçylary özleriniň gymmatlydygyna näme üçin ynamly bolup biler?

7 Ýehowanyň bizi gymmat saýýandygyny, Onuň bize özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik berişinden we hoş habara seslenmäge kömek edişinden bilse bolýar (Ýah. 6:44). Biz Ýehowa näçe köp ýakynlaşsak, ol hem bize şonça köp ýakynlaşar (Ýak. 4:8). Şeýle-de Ýehowa bize öwretmek üçin wagtyny hem güýjüni gaýgyrmaýar. Bu-da Onuň bizi gymmat saýýandygynyň ýene bir subutnamasy. Mundan başga-da ol biziň nähili adamdygymyzy we gowy tarapa üýtgeýändigimizi görýär. Ol bizi söýýändigi üçin terbiýeleýär (Nak. 3:11, 12). Şu zatlar biziň Ýehowa üçin gymmatlydygymyzy subut edýär.

8. Zebur 18:27—29-njy aýatlar kynçylyga dogry garaýyşda bolmaga nädip kömek edýär?

8 Dawut patyşany-da käbirleri dereksiz adam hasaplaýardy, ýöne Ýehowa ony gowy görüp, elmydama goldaýardy. Elbetde, başgalaryň ýaramaz gep-gürrüňleri Dawut patyşanyň özüne bolan ynamyny gaçyrandyr (2 Şam. 16:5—7). Biziň hem özümize bolan ynamymyz gaçanda ýa-da kynçylyk bolanda, Ýehowa şol ýagdaýa başgaça seretmäge hem-de dag ýaly kynçylyklardan üstün çykmaga kömek edip bilýär (Zebur 18:27—29-njy aýatlary okaň). Eger Ýehowa bizi goldasa, oňa şatlyk bilen gulluk etmekden hiç zat saklap bilmez (Rim. 8:31). Geliň, Ýehowanyň bizi nähili güýçli söýýändigini we gymmat saýýandygyny hemişe ýatda saklamagyň zerurdygyny görkezýän üç ýagdaýa seredeliň.

KESELÇILIK

Eger Hudaýyň Sözüni gaýtalap-gaýtalap okasak, keselçilik sebäpli döreýän erbet duýgularymyzy ýeňip geçmäge Ýehowa kömek eder (9—12-nji abzaslara serediň)

9. Keselçilik özümize bolan garaýşymyza nähili täsir edýär?

9 Keselçilik bizi duýgy taýdan gaty ejizledip, hatda özümizi hiç kime gerek däl ýaly duýmaga iterip bilýär. Başgalar ýagdaýymyzyň çäklidigine üns berende ýa-da olaryň kömegine mätäç bolanymyzda, özümizi has-da oňaýsyz duýmagymyz mümkin. Olar hatda keselimiziň bardygyny bilmese-de, ýagdaýymyzyň çäklidigine utanmagymyz mümkin. Şeýle kyn ýagdaýlarda Ýehowa bizi has-da goldaýar. Nädip?

10. Nakyllar 12:25-e görä, kesellänimizde näme kömek edip biler?

10 Kesellänimizde, «hoş sözler» ýüregimizi galkyndyryp biler (Nakyllar 12:25-i okaň). Hatda kesel bolsak-da, biziň örän gymmatlydygymyzy we gadyrymyzy bilýändigini Ýehowa öz Sözünde ýazdyrtdy (Zeb. 31:19; 41:3). Eger Hudaýyň Sözüni gaýtalap-gaýtalap okasak, keselçilik sebäpli döreýän erbet duýgularymyzy ýeňip geçmäge Ýehowa kömek eder.

11. Bir ýaş dogan Ýehowanyň goldaýandygyna nädip göz ýetirdi?

11 Geliň, Jorj bilen bolan waka seredeliň. Ýaş doganymyzyň agyr keseli hasam beterleşip, özüni erbet duýup başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Agyr keselimiň meni şeýle çökerjegini asla göz öňüne getirmeýärdim. Adamlar maňa seredende bolsa utanyp, özümi hasam erbet duýýaryn. Ýagdaýym gitdigiçe ýaramazlaşýardy we durmuşymyň nähili boljakdygyny göz öňüne getirmäge-de gorkýardym. Men gaty ruhdan düşdüm. Şonuň üçin Ýehowa ýalbaryp doga etdim». Ýehowa oňa nädip kömek etdi? Jorj şeýle ýatlaýar: «Ýagdaýym gaty agyr bolansoň, Zebur kitabyndan bary-ýogy birnäçe aýat okadym. Bu maňa Ýehowanyň öz gullukçylaryny gaty söýýändigine ynamymy berkitdi. Men şol aýatlary her gün gaýta-gaýta okaýardym. Şeýdip, teselli tapdym. Başgalar hem meniň has köp ýylgyrýandygymy görýärdi. Olar hatda meniň şadyýandygymy görüp, ruhlanýandyklaryny aýtdylar. Men edýän dogalaryma Ýehowanyň jogap berýändigine düşündim. Ýehowa özüme bolan nädogry garaýşymy üýtgetmäge kömek etdi. Hudaýyň Sözüni okanymda, keselli hem bolsam, Ýehowanyň meni gymmat saýýandygyna göz ýetirdim».

12. Kesellänimizde Ýehowanyň goldawyny duýmaga näme kömek eder?

12 Eger siz hem keselçilik bilen göreşýän bolsaňyz, Ýehowanyň ýagdaýyňyza gaty gowy düşünýändigine ynamly bolup bilersiňiz. Şonuň üçin dogry garaýşy saklap biler ýaly, Ýehowadan kömek soraň. Soňra Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň teselli beriji sözlerini okaň. Onuň öz gullukçylaryny näderejede gymmat saýýandygyna üns beriň. Şeýtseňiz, Ýehowanyň öz wepaly gullukçylaryndan «ýagşylygyny gaýgyrmaýandygyna» göz ýetirersiňiz (Zeb. 84:11).

IŞSIZLIK

Iş tapmak kyn bolanda, Ýehowanyň beren sözünde durup, kömeksiz goýmajakdygyny unutmalyň (13—15-nji abzaslara serediň)

13. Dogan işini ýitirse özüni nähili duýmagy mümkin?

13 Her bir maşgalabaşy maşgalasynyň zerur zatlarynyň aladasyny etmek isleýär. Ýöne şeýle ýagdaýy göz öňüne getiriň: dogan gowy işlese-de, işinden çykarylýar. Näçe gözlese-de, başga iş tapyp bilmeýär. Şunuň ýaly ýagdaýda dogan özüni dereksiz duýup biler. Ýehowanyň wadalary oňa nädip kömek edip biler?

14. Haýsy sebäplere görä Ýehowa beren sözünde durýar?

14 Ýehowa elmydama beren sözünde durýar (Ýuşa 21:45; 23:14). Beýle etmeginiň birnäçe sebäpleri bar. Ilki bilen, eger Ýehowa beren sözünde durmasa, adyna hem abraýyna dil ýetiriler. Ýehowa öz Sözünde wepaly gullukçylarynyň mähir bilen aladasyny etjekdigine ynandyrýar we şol wadasyny berjaý etmäge özüni borçly hasaplaýar (Zeb. 31:1—3). Ol biziň we maşgalamyzyň hemmetaraplaýyn aladasyny etjekdigini wada berýär hem-de bu wadasyny ýerine ýetirmäge oňa hiç kim we hiç zat päsgel berip bilmez! (Mat. 6:30—33; 24:45).

15. a) I asyrdaky mesihçiler nähili agyr kynçylyga duşdular? b) Zebur 37:18, 19-njy aýatlara görä, Ýehowa näme wada berýär?

15 Ýehowanyň beren sözünde durýandygyny ýadymyzda saklasak, pul bilen bagly kynçylyklara döz geleris. Geliň, I asyrda bolan bir waka hakda biraz gürrüň edeliň. Iýerusalimdäki ýygnagy güýçli yzarlap başlanlarynda, «resullardan başga şägirtler» gaçyp gitdiler (Res. 8:1). Göz öňüne getiriň, şonda mesihçileriň ahwaly nähili bolandyr! Kynçylyk üstüne kynçylyk. Olar öýlerini we işini taşlap gaýtmaly bolandyr. Ýöne Ýehowa olary taşlamady; şol sebäpli olar şeýle kyn döwürde-de şatlygyny ýitiren däldir (Res. 8:4; Ýew. 13:5, 6; Ýak. 1:2, 3). Ýehowa şol wepaly mesihçileri goldan bolsa, bizi hem goldajakdygyna şübhelenmän bileris (Zebur 37:18, 19-njy aýatlary okaň).

GARRYLYK

Garrasagam ünsümizi edip bilýän zatlarymyza gönükdirsek, Ýehowanyň bizi we edýän gullugymyzy gymmat saýýandygyna ynamymyz artar (16—18-nji abzaslara serediň)

16. Näme üçin edýän gullugymyzyň gymmaty ýok diýip pikir etmegimiz mümkin?

16 Adam garradygyça, Ýehowa üçin az gulluk edýärin diýip pikir etmegi mümkin. Dawut patyşa hem garranda, şeýle duýgulary başdan geçiripdi (Zeb. 71:9). Şeýle ýagdaýda Ýehowa bize nädip kömek eder?

17. Biz Jeri uýa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

17 Geliň, Jeri uýa bilen bolan waka seredeliň. Ony Ýygnak jaýynyň bejeriş işlerine gatnaşmak üçin tälim almaga çagyrýarlar. Ýöne ol birbada gatnaşmak islemeýär. Ol munuň sebäbini şeýle düşündirýär: «Men garry, üstesine-de dul, şeýle-de elimde birje kärim hem ýok. Onsoň, Ýehowa meni nädip öz işinde ulansyn?! Men hiç derde ýaramaýaryn». Şondan bir gün öň, Jeri uýa Ýehowa doga edip, ýüregindäki bar aladasyny aýdýar. Ertesi gün ol Ýygnak jaýyna baranda, bejeriş işine gatnaşmaga henizem özüni mynasyp görmeýärdi. Dogan nutuk bilen çykyş edende, Ýehowadan öwrenip biler ýaly, esasanam, taýýarlyk ruhunyň zerurdygyny belläp geçýär. Jeri: «Men öz-özüme: „Şeýle isleg mende bar!“ diýdim we Ýehowanyň meniň dogama jogap berendigine düşünip, aglap başladym. Ýehowa meniň bir zatlar edip biljekdigime ynandyrdy hem-de maňa höwes bilen öwretmäge taýýardy» diýýär. Jeri bolan zatlary ýatlap, şeýle diýýär: «Bejeriş işlerini öwredýän tejribe sapaga baranymda, men özümi erbet, göwnüçökgün hem hiç zat başarmaýan ýaly duýupdym. Ondan çykyp gaýdanymda bolsa, özümi ynamly duýdum we ruhlanyp, biraz bolsa-da peýdam degjek eken diýdim».

18. Garranymyzda hem Ýehowanyň edýän gullugymyzy gymmat saýýandygy nämeden görünýär?

18 Garranymyzda hem Ýehowanyň biziň üçin köp zatlary edýändigine ynamly bolup bileris (Zeb. 92:12—15). Isa ukyp-başarnygymyz bolmasa-da we Ýehowa üçin az zat etsek-de, Hudaýyň bizi gymmat saýýandygyny öwretdi (Luka 21:2—4). Şonuň üçin ünsüňizi edip bilýän zatlaryňyza gönükdiriň. Meselem, adamlara Ýehowa hakda gürrüň beriň, dogan-uýalar üçin doga ediň we başgalary Hudaýa wepaly galmaga höweslendiriň. Ýehowa bizi näçeräk iş başarýandygymyz üçin däl-de, oňa gulak asmaga taýyndygymyz üçin öz işdeşi hasaplaýar (1 Kor. 3:5—9).

19. Rimliler 8:38, 39-njy aýatlar bizi nämä ynandyrýar?

19 Ýehowa Hudaýymyzyň edýän gullugymyzyň gadyryny bilýändigi ýüregimize giňlik berýär! Ol bizi öz islegini ýerine ýetirmegimiz üçin ýaratdy. Şol sebäpli hak Hudaýa gulluk etmek durmuşymyzy has-da manyly edýär (Ylh. 4:11). Adamlar bizi dereksiz hasaplasa-da, Ýehowa bize gaty buýsanýar (Ýew. 11:16, 38). Keselçilik, işsizlik ýa-da garrylyk sebäpli halys tapdan düşsek-de, bir wajyp zady ýatdan çykarmalyň: mähir-muhabbete ýugrulan Hudaýymyzyň «söýgüsinden (bizi) hiç zat aýra salyp bilmez» (Rimliler 8:38, 39-njy aýatlary okaň).

^ par. 5 Özüňizi derde ýaramaýan ýaly duýupdyňyzmy? Onda şu makala Ýehowanyň siziň gadyryňyzy bilýändigini ýatladar. Şeýle-de durmuşyňyzda nähili kynçylyklar bolsa-da, özüňize bolan ynamyňyzy ýitirmezlige kömek eder.

51-NJI AÝDYM Biz Ýehowa wepaly