Hudaýyň Patyşalygy tizden nämeleri eder?
«Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, emma Hudaýyň islegini berjaý edýän adam ebedi ýaşar». 1 ÝAH. 2:17
AÝDYMLAR: 55, 24
1, 2. a) Şu dünýäni näme üçin ölüme höküm edilen adamyň ýagdaýyna meňzetse bolýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Zalym dünýä ýok edilende nämä göz ýetireris?
ŞEÝLE ýagdaýy göz öňüne getiriň. Garawullar ölüme höküm edilen ady belli jenaýatçyny jezalandyrmak üçin alyp barýarlar. Ol adam, göräýmäge, sagdyn, 12 süňňem abat. Emma onuň ýagdaýy ölen adamyňkydan gowy däldi.
2 Şu dünýäni ölüme höküm edilen adamyň ýagdaýyna meňzetse bolýar. Sebäbi bu dünýäniň soňy ýetip gelýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Dünýä... geçip gider» diýilýär (1 Ýah. 2:17). Hawa, örän tizden bu zalym dünýä ýok bolar. Emma dünýäniň soňunyň gelmegi bilen ölüm jezasy berlen adamyň arasynda tapawut bar. Kimdir biri adama çykarylan hökümi adalatsyz hasaplamagy ýa-da sanlyja wagt galanda, çykarylan höküm ýatyrylmagy mümkin. Ýöne bu dünýäni älem-jahanyň adalatly Hökümdary höküm etdi (Kan. tag. 32:4). Ol ýatyrylmaz, sebäbi oňa çykarylan hökümiň adalatlydygyna hiç hili şübhe ýok. Tizden muňa perişdelerem, adamlaram göz ýetirer. Şonda begenjimiziň çägi bolmaz!
3. Biz şu makalada nämä serederis?
3 «Dünýä... geçip gider» diýen sözler nämäni aňladýar? Bu adamlaryň hemişelik hasaplaýan zatlarynyň ýok ediljekdigini görkezýär. Eýsem, bu erbet habarmy? Elbetde, ýok. Ol «Patyşalyk baradaky hoş habaryň» wajyp bölegi hasaplanýar (Mat. 24:14). Geliň, Hudaýyň Patyşalygynyň tizden nämeleri etjekdigine seredeliň. Biz şu makalada olaryň dördüsi, ýagny zalym adamlar, parahor guramalar, erbet işler we gözgyny ýagdaýlar hakda gürrüň ederis. Olaryň her birine seredenimizde, 1) bize täsir edişini, 2) Ýehowanyň olaryň soňuna çykjakdygyny we 3) munuň nähili bereketleri getirjekdigini bileris.
ZALYM ADAMLAR
4. Zalym adamlar bize nähili täsir edýär?
4 Zalym adamlar bize nähili täsir edýär? Pawlus resul «soňky günlerde juda kyn döwrüň boljakdygyny» aýdandan soň: «Zalym we ýalançy adamlar... erbet işleri etmekde has-da ökdeleşerler» diýip ýazdy (2 Tim. 3:1—5, 13). Siz bu sözleriň şu günler ýerine ýetýändigini görýärmisiňiz? Köpümiz zalym, dine köre-körlük bilen uýýan adamlaryň ýa-da rehimsiz jenaýatçylaryň pidasy bolandyrys. Olaryň käbiri aç-açan hüjüm etse, başgalary erbet işlerini ýaşyrmak ýa-da özlerini dogruçyl edip görkezmek üçin mekirlige ýüz urýarlar. Biz şeýle zatlaryň pidasy bolmasak-da, zalym adamlaryň täsirini duýýarys. Olaryň edýän elhenç işlerini eşidenimizde, gaty erbet bolýarys. Hasam çagalar, garrylar we ejiz adamlar olaryň elinden zyýan çekýärler. Olar adama däl-de, haýwanlara we jynlara mahsus bolan häsiýetleri bildirýärler (Ýak. 3:15). Ýehowanyň Sözünde gowy habaryň bardygy kalbymyza rahatlyk berýär.
5. a) Zalym adamlaryň nähili mümkinçiligi bar? b) Düzelmek islemeýän adamlara näme bolar?
5 Ýehowa näme eder? Häzir ol zalym adamlara düzelmäge mümkinçilik berýär (Iş. 55:7). Bu dünýä höküm çykarylsa-da, adamlara heniz doly höküm çykarylmady. Emma durmuşyny özgertmän, dünýäniň zalym işlerini goldamagyny dowam edýän adamlara agyr muşakgat gelende näme bolar? Ýehowa zalym adamlary ýer ýüzünden bütinleý ýok etjekdigini söz berdi (Zebur 37:10-ny okaň). Şu günler köp adamlar edýän zalym işlerini gizlemegi we jezadan gaçmagy başarýar (Eýp. 21:7, 9). Şol sebäpli olar hatda höküm gününde-de halas bolarys öýdýärler. Emma Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýyň gözleri ynsanlaryň ýoluna dikilgidir, Ol ynsanlaryň her ädimini görýär. Pisler gizlener ýaly, ne garaňkylyk, ne-de tüm garaňkylyk bar» diýilýär (Eýp. 34:21, 22). Ýehowa Hudaýdan hiç zady gizläp bolmaýar. Kezzap adamlar ony aldap bilmez; Hudaýyň nazaryndan ne garaňkylykdaky zatlar, ne-de ynsan ýüregindäki çuň oý-pikirler sypyp biler. Armageddondan soň, biz ýekeje erbet adamam görmeris. Olar ebedilik ýok bolar! (Zeb. 37:12—15).
6. Zalym adamlar ýok edilende kimler halas bolar we muňa näme üçin şatlykly habar diýse bolar?
6 Zalym adamlar ýok edilende kimler halas bolar? Ýehowa: «Mylakatlylar ýeri miras alar, bol parahatlykda hezil eder. Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» diýip, teselli berýär (Zeb. 37:11, 29). Eýsem, kime «mylakatly» we «dogry adam» diýse bolar? Mylakatly adamlar Ýehowanyň tälimini we görkezmesini pesgöwünlilik bilen kabul edýärler. Dogry adamlar bolsa Ýehowa Hudaýyň dogry hasaplaýan işlerini höwes bilen berjaý edýärler. Gynansak-da, bu dünýäde dogry adamlara garanyňda, erbetler gaty köp. Emma täze dünýäde diňe mylakatly we dogry adamlar ýaşar. Olar ýer ýüzüni Jennete öwrer.
PARAHOR GURAMALAR
7. Parahor guramalar bize nähili täsir edýär?
7 Parahor guramalar bize nähili täsir edýär? Şu dünýäde erbet işleriň köpüsini adamlar däl-de, guramalar edýär. Meselem, dini guramalar Hudaý, Mukaddes Ýazgylaryň ynama mynasyp kitapdygy, ýer ýüzi, adamzadyň gelejegi barada we başga-da köp ýalan zatlary ýaýradyp, millionlarça adamlary aldaýarlar. Ýa-da uruşlara, tire-taýpa dawalaryna iterýän hökümetler hakda oýlanyp görüň! Şeýle-de parahorlygyň giňden ýaýrandygy sebäpli garyp we ejiz adamlar kösenýär. Açgöz edara-kärhanalar bolsa howany zäherleýär we tebigy baýlyklary gereginden artyk alýarlar. Olar adamlaryň sadalygyndan peýdalanyp, özlerine görlüp-eşidilmedik derejede baýlyk edinýärler. Netijede, millionlarça adamlar açlykdan ejir çekýärler. Hawa, parahor guramalar edýän işleri üçin hökman jogap berer.
8. Mukaddes Ýazgylara görä berk görünýän guramalara näme bolar?
8 Ýehowa näme eder? Syýasy guramalar «bozuk aýal» diýilýän Beýik Wawilona, ýagny ähli ýalan dinlere hüjüm edende, agyr muşakgat başlar (Ylh. 17:1, 2, 16; 18:1—4). Şonda ähli ýalan dini guramalar doly ýok ediler. Onda beýleki parahor guramalara näme bolar? Şeýle berk görünýän guramalar Mukaddes Ýazgylarda «daglara we adalara» meňzedilýär (Ylham 6:14-i okaň). Hudaýyň Sözünde ähli hökümetleriň we olara bagly guramalaryň köpüsi bütinleý ýok ediljekdigi barada pygamberlik edildi. Agyr muşakgadyň soňky tapgyrynda Hudaýyň Patyşalygyna garşy çykýan ähli hökümetler we ony goldaýan adamlar ýok ediler (Ýer. 25:31—33). Şondan soň gaýdyp hiç haçan parahor guramalar bolmaz!
9. Täze ýeriň guramaçylykly boljakdygyna näme üçin ynanyp bileris?
9 Parahor guramalar ýok edilensoň näme bolar? Armageddondan soň ýer ýüzünde guramalar bolarmy? Mukaddes Ýazgylarda: «Biz Hudaýyň wadasyna görä täze göklere we täze ýere garaşýarys, olarda elmydama dogrulyk bolar» diýilýär (2 Pet. 3:13). Öňki gök bilen ýer, ýagny parahor hökümetler we olaryň goly astyndaky guramalar ýok ediler. Olaryň ýerine «täze gökler we täze ýer», ýagny täze hökümet hem-de onuň gol astynda ýaşajak täze adamzat jemgyýeti peýda bolar. Patyşamyz Isa Mesih «parahatlyk Hudaýy» Ýehowanyň häsiýetlerini kämil derejede görkezer (1 Kor. 14:33). Şol sebäpli «täze ýer» dogruçyl adamlaryň gözegçilik etmegi bilen guramaçylykly bolar (Zeb. 45:16). Olara Mesih we onuň 144 müň kömekçileri ýolbaşçylyk eder. Ähli parahor guramalaryň ornuny ýeke-täk, adalatly we dogruçyl gurama eýelände, ýaşaýyş, gör, nähili ajaýyp bolar!
ERBET IŞLER
10. Ýaşaýan ýeriňizde erbetligiň haýsy görnüşleri giňden ýaýran we bu size hem-de maşgalaňyza nähili täsir edýär?
10 Erbet işler bize nähili täsir edýär? Biz erbetlikden doly dünýäde ýaşaýarys. Şu günler ahlaksyzlyk, kezzaplyk we zalym işler bolaýmaly zat hasaplanylýar. Çagalaryny erbet zatlardan goramak ata-enelere gitdigiçe kynlaşýar. Adamlar dynç alşyň erbet görnüşlerini öwüp arşa çykarýarlar, Ýehowanyň dogry kadalarynyň bolsa üstünden gülýärler (Iş. 5:20). Mesihçiler her gün özlerini şeýle zatlaryň ýaramaz täsirinden goramaly bolýarlar. Olar aýypsyzlygyny saklamak üçin Ýehowanyň kadalaryna eýerip, erbetlige garşy göreşýärler.
11. Ýehowanyň Sodom bilen Gomorra şäherlerine çykaran hökümi nämäni aýan edýär?
11 Ýehowa erbet işleri näme eder? Geliň, Sodom bilen Gomorra şäherlerine näme bolandygyny ýada salalyň. Ol ýerde erbetlik giňden ýaýrandy (2 Petrus 2:6—8-nji aýatlary okaň). Şäheriň ýaşaýjylarynyň edýän erbet işlerinden ýaňa dogry adam bolan Lut we onuň maşgalasy halys bolupdy. Ýehowa şol şäherleri ýok edip, erbetligiň düýp-teýkary bilen soňuna çykdy. Şeýdip, «ol hudaýsyz adamlara näme boljakdygyny duýdurdy». Eger Ýehowa şonda ahlaksyz işleriň soňuna çykan bolsa, onda ol bu zalym dünýäni höküm edende, ähli erbetligi hem bütinleý ýok etmezmi?
12. Bu dünýä ýok edilende näme etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys?
12 Erbet işler ýok edilende näme bolar? Täze dünýäde adamlar edýän işlerinden kanagat tapar. Göz öňüne getiriň, bütin ýer ýüzi Jennete öwrüler, biz özümiz we dogan-garyndaşlarymyz üçin jaýlar salarys. Millionlarça ölen adamlar direlip, Ýehowa we onuň adamzat üçin eden işleri hakda bilim alarlar (Iş. 65:21, 22; Res. iş. 24:15). Her bir edýän işimiz bize şatlyk berer we Ýehowa şöhrat getirer.
GÖZGYNY ÝAGDAÝLAR
13. Şeýtanyň we Adam ata bilen How enäniň turzan pitnesi nämä eltdi?
13 Dünýäniň gözgyny ýagdaýy bize nähili täsir edýär? Zalym adamlar, parahor guramalar we erbet işler sebäpli bütin dünýä gözgyny ýagdaýda. Eýsem, uruşdan, garyplykdan, milletparazlykdan, keselçilik ýa ölümden ejir çekmedik adam barmy? Bu zatlaryň bary adamlarda öz tagmasyny galdyrdy. Hawa, biz Şeýtanyň we Adam ata bilen How enäniň Ýehowa garşy turzan pitnesiniň ajy miwesini dadýarys. Hiç bir ynsan bu elhenç zatlardan goranyp bilmeýär.
14. Ýehowa dünýäniň gözgyny ýagdaýyny näme eder? Mysal getiriň.
Zebur 46:8, 9-njy aýatlary okaň). Keselçilik hem hemişelik ýok bolar (Iş. 33:24). Ýehowa ölümi ebedilik ýok eder (Iş. 25:8). Açlygyň hem soňuna çykar (Zeb. 72:12—16). Ýehowa ýer ýüzünde bolýan başga-da horluklary syryp-süpürip aýrar. Hatda ol adamlary dünýäde «howa» ýaly ýaýran Şeýtanyň we jynlaryň täsirinden azat eder (Efes. 2:2).
14 Ýehowa dünýäniň gözgyny ýagdaýyny näme eder? Uruşlary alyp göreliň. Ýehowa olaryň soňuna çykjakdygyny wada berýär (15. Armageddondan soň nähili özgerişlikler bolar?
15 Oýlanyp görüň, indi uruş, keselçilik we ölüm bolmaz. Ne pyýada, ne deňiz, ne-de howadaky harby goşunlar bolar. Adamlar ýaragyň we urşuň nämedigini unudar. Keselhanalar, lukmanlar, hatda saglyk ätiýaçlandyryş kitapçasy hem gerek bolmaz. Mazarçylyk zym-zyýat bolar, jenaýatçylyk bolmaz, howpsuzlyk edaralary, polisiýa işgärleri, hatda gulplar we açarlar hem gerek bolmaz. Bizi howsala salýan aladalar aýrylanda, gör, nähili rahat ýaşarys!
16, 17. a) Armageddonda halas boljak adamlar nähili duýgulary başdan geçirer? Mysal getiriň. b) Zalym dünýä ýok edilende, halas boljakdygymyza näme üçin ynamly bolup bileris?
16 Kynçylyklar aýrylanda ýaşaýyş nähili bolar? Muny göz öňüne getirmek aňsat däl. Sebäbi biziň dünýä inenimizden bäri kynçylykdan gözümiz açylanok. Meselem, demirýol menziliniň golaýynda ýaşaýan adamlar otlynyň sesine, zir-zibil taşlanýan ýere golaý ýaşaýanlar bolsa erbet yslara öwrenişip gidýärler. Şeýle erbet zatlar ýok edilende, ýaşaýyş diýseň ýakymly bolar!
17 Bu siziň göwnüňizi göterýän bolsa gerek! Zebur 37:11-de: «(Adamlar) bol parahatlykda hezil eder» diýilýär. Eýsem, bu sözler sizi galkyndyrmaýarmy? Ýehowa siziň Jennetde ýaşamagyňyzy isleýär. Häzir Ýehowa Hudaýa ýakynlaşyp, onuň guramasynda galmak üçin eliňde baryny etmegiň tüýs wagtydyr! Şol sebäpli, geliň, umydymyzy gaýym saklalyň, aljak sylaglarymyzy göz öňüne getireliň we ol hakda başgalara höwes bilen gürrüň bereliň (1 Tim. 4:15, 16; 1 Pet. 3:15). Şonda zalym dünýä ýok edilende, halas boljakdygymyza ynamymyz berk bolar we biz ebedi hem bagtly ýaşarys!