Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Adamlary ruhlandyranyňyzda, Ýehowadan görelde alyň

Adamlary ruhlandyranyňyzda, Ýehowadan görelde alyň

«Hudaýymyza... şöhrat bolsun... Ol bize ähli kynçylyklarymyzda teselli berýär». 2 KOR. 1:3, 4

AÝDYMLAR: 23, 152

1. Erem bagynda pitne turanda, Ýehowa nähili ruhlandyryjy wada berdi?

ADAMLAR günä edip, bikämil bolanyndan bäri Ýehowa Hudaý ruhlandyrmak babatda görelde görkezip gelýär. Erem bagynda pitne turan badyna, ol Adam atanyň nesillerini ruhlandyrjak habary aýdýar. Hawa, ynsan maşgalasy çykalgasyz ýagdaýda däldi. Gelip çykyş 3:15-däki pygamberlige çuňňur düşünmeklik adamlara «köne ýylan» diýilýän Şeýtan Iblisiň we onuň ähli zalym işleriniň ahyrsoňy ýok ediljekdigine umyt berýär (Ylh. 12:9; 1 Ýah. 3:8).

ÝEHOWANYŇ GEÇMIŞDÄKI GULLUKÇYLARYNY RUHLANDYRMAGY

2. Ýehowa Nuh pygamberi nädip ruhlandyrdy?

2 Ýehowanyň gullukçysy Nuh pygamber hudaýsyz adamlaryň arasynda ýaşaýardy we şol wagt Ýehowa diňe onuň maşgala agzalary sežde edýärdi. Şol döwürde zalymlygyň we ahlaksyzlygyň möwç urýandygy üçin, Nuh pygamberiň ruhdan düşmegi mümkindi (Gel. çyk. 6:4, 5, 11; Ýahd. 6). Ýöne Ýehowa oňa elmydama «Hudaýyň huzurynda gezmäge» kömek etjek ruhlandyryjy habary aýdýar (Gel. çyk. 6:9). Ýehowa Nuh pygambere zalym dünýäni ýok etjekdigini we maşgalasynyň halas bolmagy üçin näme etmelidigini aýdýar (Gel. çyk. 6:13—18). Şeýdip, Ýehowa ony ruhlandyrýar.

3. Ýehowa Ýeşuwany nädip ruhlandyrdy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

3 Birnäçe ýyldan soň, Hudaý Ýeşuwa ysraýyl halkyny Wada edilen diýara eltmegi tabşyrýar. Ýeşuwa şol ýerdäki halklaryň güýçli goşunlaryny boýun egdirmelidi. Elbetde, Ýeşuwany gorky gaplap bilerdi. Şonuň üçin Ýehowa Musa pygambere ony ruhlandyrmagy tabşyryp, şeýle diýdi: «Ýeşuwa tabşyr, ony ruhlandyr we güýçlendir, sebäbi halka baş bolup, Iordandan geçjek we seniň görjek şol ýurduňy olara mülk edip paýlap berjek Ýeşuwadyr» (Kan. tag. 3:28). Ýeşuwa söweşe başlamazdan öň, Ýehowa oňa: «Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!» diýdi (Ýeş. 1:1, 9). Gör, nähili ruhlandyryjy sözler!

4, 5. a) Ýehowa geçmişde halkyny nädip ruhlandyrdy? b) Ýehowa Ogluny nädip ruhlandyrdy?

4 Ýehowa gullukçylaryny diňe bir aýratynlykda ruhlandyrman, eýsem, tutuş halkyny hem ruhlandyrýardy. Meselem, Ýehowanyň: «Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin» diýen pygamberlik sözleri Wawilona sürgün edilen ýehudylary ruhlandyrypdy (Iş. 41:10). Ýehowa I asyrdaky mesihçileri hem ruhlandyrýardy; onuň häzirki gullukçylary babatda hem şeýle diýseň bolýar (2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlary okaň).

5 Isany bolsa Atasynyň hut özi ruhlandyrypdy. Ol suwa çümdürilende, gökden şeýle ses eşidilýär: «Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn» (Mat. 3:17). Bu sözler Isany ýer ýüzünde gulluk edende örän ruhlandyrandyr!

ISA MESIHIŇ RUHLANDYRMAGY

6. Isanyň talant baradaky mysaly bizi nädip ruhlandyrýar?

6 Isa Atasynyň göreldesine eýerýärdi. Ol talant mysalynda dünýäniň soňy barada pygamberlik edip, wepaly şägirtlerini ruhlandyrdy. Mysalda agzalýan hojaýyn wepaly gullarynyň her birine hormat goýup, şeýle diýýär: «Berekella, wepaly hem ýagşy gul! Sen az zatda wepaly bolduň, şonuň üçin men seni köp zatlara gözegçilik etmäge belleýärin. Gel-de, hojaýynyň bilen bile şatlan» (Mat. 25:21, 23). Eýsem, bu sözler Ýehowa edýän wepaly gullugyňy dowam etmäge höweslendirmeýärmi näme?!

7. Isa resullaryny we şol sanda Petrusy nädip ruhlandyrdy?

7 Isanyň resullary hemişe diýen ýaly öz aralarynda kimiň uludygy barada jedelleşýärdiler. Emma Isa olary sabyrlylyk bilen pesgöwünli bolmaga we özlerini hojaýynlar ýaly däl-de, hyzmatkärler ýaly alyp barmaga höweslendirdi (Luka 22:24—26). Petrus hem birnäçe gezek Isany gynandyrypdy (Mat. 16:21—23; 26:31—35, 75). Isa ondan ýüz öwürmän, gaýtam, ruhlandyrdy we hatda imandaşlaryny-da berkitmegi tabşyrdy (Ýah. 21:16).

GEÇMIŞDÄKI RUHLANDYRYJY WAKALAR

8. Hizkiýa patyşa goşun serkerdelerini we halky nädip ruhlandyrdy?

8 Ýehowanyň Ogly ýer ýüzüne gelip, başgalary ruhlandyrmakda kämil görelde galdyrdy. Emma Ýehowanyň wepaly gullukçylary ondan öňem birek-biregi ruhlandyrmagyň zerurdygyna düşünýärdiler. Mysal üçin, aşurlylar howp salanda, Hizkiýa patyşa goşun serkerdelerini we halkyň ýaşulularyny ruhlandyrmak üçin ýygnaýar. Ýazgylarda: «Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy» diýilýär (2 Ýyl ýazgylary 32:6—8-nji aýatlary okaň) *.

9. Biz ruhlandyrmak babatda Eýýup kitabyndan näme öwrenýäris?

9 Eýýup pygamberiň özi tesellä mätäç bolsa-da, üç sany «dereksiz teselli berijilere» ruhlandyrmak babatda maslahat berýär. Olaryň ýerine bolsa Eýýup şeýle sözleri aýtjakdygyny belläp geçýär: «Sizi öz sözlerim bilen ruhlandyrardym, köşeşdiriji sözlerim derdiňizi ýeňlederdi» (Eýp. 16:1—5). Eýýup pygamberi Elihu bilen Ýehowanyň hut özi ruhlandyrdy (Eýp. 33:24, 25; 36:1, 11; 42:7, 10).

10, 11. a) Ýeftahyň gyzy näme üçin ruhlandyryjy sözlere mätäçdi? b) Şu günler kim ruhlandyryjy sözlere has-da mynasyp?

10 Geliň, geçmişde bolup geçen başga bir mysala seredeliň. Ýeftahyň gyzy hem ruhlandyryjy sözlere mätäçdi. Ammonlylara garşy söweşe gitmezden öň, Ýeftah serdar uruşda ýeňiş gazansa, yzyna dolanyp gelýärkä öňünden çykan ilkinji adamy Ýehowanyň çadyrynda ömürlik gulluk etmäge berjekdigini söz berýär. Ol uruşda ýeňiş gazanyp, öýüne gelende, öňünden ýekeje perzendi, ýagny gyzy çykýar. Şonda Ýeftahyň ýüregi para-para bolýar. Emma ol Hudaýa beren sözünde durup, durmuşa çykmadyk gyzyny ömrüniň ahyryna çenli Şilodaky çadyrda gulluk etmäge iberýär (Ser. 11:30—35).

11 Ýeftaha gelen kararyny ýerine ýetirmek nähili kyn bolaýanda-da, bu onuň gyzy üçin has-da kyndy (Ser. 11:36, 37). Sebäbi ol durmuşa çykmak, çaga dogurmak, maşgalasynyň adynyň ýitmän, nesil galdyrmak mümkinçiliginden mahrum bolmalydy. Hawa, ol tesellä we ruhlandyryjy sözlere diýseň mätäçdi. Bu babatda Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ysraýylda şeýle adat bardy: Ysraýyl gyzlary ýylda dört gün gileadly Ýeftahyň gyzynyň ýanyna baryp, ony taryp ederdiler» (Ser. 11:39, 40, TD). Eýsem, «Halypamyzyň işi bilen» köpräk meşgullanmak üçin durmuşa çykmadyk uýalar hem öwgüli we ruhlandyryjy sözlere mynasyp dälmi näme?! (1 Kor. 7:32—35).

RESULLARYŇ IMANDAŞLARYNY RUHLANDYRMAGY

12, 13. Petrus doganlaryny nädip «berkitdi»?

12 Isa ölüminiň öň ýanyndaky gije Petrus resula şeýle diýdi: «Simun, Simun, Şeýtan siziň ähliňizi bugdaý kimin elekden geçirmegi talap etdi. Emma imanyň gowşamaz ýaly, men Hudaýa ýalbaryp doga etdim; şonuň üçin dolanyp geleniňde, doganlaryň imanyny berkitgin» (Luka 22:31, 32).

Resullaryň hatlary I asyrdaky mesihçileri we şu günler bizi hem ruhlandyrýar (12—17-nji abzaslara serediň)

13 Petrus irki mesihçiler ýygnagynyň diregi boldy (Gal. 2:9). Ol Pentikost güni we şondan soň batyrgaý hereket edip, imandaşlaryny ruhlandyrdy. Ömrüniň ahyrynda bolsa dogan-uýalara hat ýazdy. Ol munuň sebäbini şeýle düşündirdi: «Men sizi ruhlandyrmak we Hudaýyň size, hakykatdan-da, merhemet edýändigine ýürekden güwä geçmek üçin... birki agyz hat ýazdym. Bu merhemete berk ýapyşyň» (1 Pet. 5:12). Petrusyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan haty asyrlarboýy, hatda şu günlerem Ýehowanyň wadalaryna garaşýan mesihçileri diýseň ruhlandyrýar! (2 Pet. 3:13).

14, 15. Ýahýa resulyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan hatlary asyrlarboýy mesihçileri nädip ruhlandyryp gelýär?

14 Ýahýa resul hem irki mesihçiler ýygnagynyň diregi hasaplanýardy. Onuň ýazan hoş habarynda agzalýan Isanyň gullugy baradaky wakalar asyrlarboýy, hatda häzirem mesihçileri ruhlandyrýar. Isanyň hakyky şägirtleriniň birek-birege bolan söýgüsi bilen tanaljakdygy barada aýdan sözleri diňe Ýahýanyň hoş habarynda duş gelýär (Ýahýa 13:34, 35-nji aýatlary okaň).

15 Ýahýanyň üç haty ruhy dürdänelerden doly. Biz günäniň ýetirýän zyýanyndan halys bolanymyzda, «Isanyň ganynyň bizi ähli günälerden saplaýandygy» barada okap, göwnümiz göterilmeýärmi? (1 Ýah. 1:7). Ýüregimiz bizi ýazgaranda bolsa, «Hudaýyň bizi özümizden hem gowy tanaýandygy» barada okanymyzda, minnetdarlykdan ýaňa damagymyz dolup, gözümize ýaş aýlanmaýarmy näme?! (1 Ýah. 3:20). Galyberse-de, diňe Ýahýa resul «Hudaý söýgüdir» diýip ýazdy (1 Ýah. 4:8, 16). Ol ikinji we üçünji hatlarynda «hakykatda gezmegini» dowam edýän mesihçileri öwýär (2 Ýah. 4; 3 Ýah. 3, 4).

16, 17. Pawlus resul imandaşlaryny nädip ruhlandyrdy?

16 I asyrda ýaşan mesihçileri has-da ruhlandyran adamlaryň biri Pawlus resul bolmaly. Sebäbi şol wagt Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalaryny düzýän resullaryň köpüsi Iýerusalimdedi (Res. iş. 8:14; 15:2). Ýahudadaky mesihçiler ýehudy dininiň täsiri bilen bir taňra ynanýan adamlara Mesih barada wagyz edýärdiler. Pawlus resul bolsa mukaddes ruh arkaly ençeme taňrylara sežde edýän Grek-Rim imperiýasynyň çäklerinde ýaşaýan adamlara wagyz etmek üçin iberilipdi (Gal. 2:7—9; 1 Tim. 2:7).

17 Pawlus resul häzirki Türkiýäniň ähli çäklerinde, şol sanda Gresiýada we Italiýada syýahat edip, özge milletleriň arasynda mesihçiler ýygnagyny döretdi. Mesihçi dinini kabul eden täze şägirtler «ildeşleri tarapyndan görgi görýärdi» we ruhlandyryjy sözlere mätäçdi (1 Sel. 2:14). Takmynan b. e. 50-nji ýylynda Pawlus Selanikdäki ýygnaga: «Biz doga edenimizde, siziň ähliňiz üçin Hudaýa elmydama minnetdarlyk aýdýarys. Sebäbi biz siziň iman bilen edýän işleriňizi, söýgi bilen çekýän zähmetiňizi... çydamlylygyňyzy hemişe ýatlaýarys» diýip ýazdy (1 Sel. 1:2, 3). Şeýle-de olara: «Mundan beýläk-de bir-biriňizi ruhlandyryň, birek-biregi berkidiň» diýip maslahat berdi (1 Sel. 5:11).

ÝOLBAŞÇYLYK MASLAHATYNYŇ RUHLANDYRMAGY

18. I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahaty Filipusy nädip ruhlandyrdy?

18 I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahaty jogapkär doganlary, şol sanda mesihçileriň hemmesini ruhlandyrýardy. Meselem, hoş habarçy Filipus samariýalylara Mesih barada wagyz edende, Ýolbaşçylyk maslahaty oňa gerekli kömegi berýär. Ýolbaşçylyk maslahaty täze şägirtler mukaddes ruhy alar ýaly, Petrus bilen Ýahýany doga etmekleri üçin iberýärler (Res. iş. 8:5, 14—17). Olaryň bu goldawy Filipusy we onuň kömegi bilen hakykaty kabul eden adamlary örän ruhlandyrandyr!

19. Ýolbaşçylyk maslahatynyň iberen haty ýygnagyň agzalaryna nähili täsir edýär?

19 Birnäçe wagtdan mesihçiler dinini kabul eden özge milletli adamlaryň hem ýehudylar ýaly Musanyň kanuny boýunça sünnetlenmelidigi barada jedel turýar. Bu ýüze çykan meseläni Ýolbaşçylyk maslahatynyň garamagyna goýýarlar (Res. iş. 15:1, 2). Mukaddes ruhuň kömegi bilen we Ýazgylary çuňňur özleşdirip, jogapkär doganlar sünnetlenmegiň hiç hili hajatynyň ýokdugyna düşünýärler. Soňra gelnen karar barada ýygnaklara mälim etmek üçin hat ýazýarlar. Ýolbaşçylyk maslahatynyň wekilleri bolsa bu haty ýygnaklara eltip berýärler. Bu nähili netije berdi? Ýazgylarda: «Haty okap, olar ruhlandylar, begendiler» diýilýär (Res. iş. 15:27—32).

20. a) Ýolbaşçylyk maslahaty bütindünýä doganlygymyzy nädip ruhlandyrýar? b) Indiki makalada haýsy soragyň jogabyny bileris?

20 Şu günler Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty Beýtel maşgalasynyň agzalaryny, ýörite uzak wagtly gullukçylary we şol sanda bütindünýä halkara doganlygymyzy ruhlandyryp berkidýärler. Netijede, I asyrdaky ýaly bizem ruhlanyp begenýäris. Mundan başga-da 2015-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahatynyň çykaran «Ýehowa dolanyň» atly broşýurasy dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan dogan-uýalar üçin ruhy taýdan egsilmez goldaw boldy. Ýöne diňe ýolbaşçylyk edýän doganlar ruhlandyrmak babatda Ýehowadan görelde almalymy? Bu soragyň jogabyny indiki makaladan bileris.

^ abzas 8 2 Ýyl ýazgylary 32:6 Hizkiýa halkyň üstünden uruş serkerdelerini belläp, olary öz ýanyna, şäher derwezesiniň meýdançasyna ýygnap, şeýle diýdi: 7 «Dözümli we mert boluň. Aşur patyşasyndan gorkmaň, heder etmäň, çünki biziň bilen Bolýan onuň bilen bolýandan has güýçlüdir. 8 Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy.