Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Azatlyk Hudaýy Ýehowa gulluk ediň!

Azatlyk Hudaýy Ýehowa gulluk ediň!

«Özünde Ýehowanyň ruhy bolan adam hem azatdyr». 2 KOR. 3:17

AÝDYMLAR: 11, 137

1, 2. a) Pawlus resulyň günlerinde adamlary gulçulyk we azatlyk meselesi näme üçin biynjalyk edýärdi? b) Adamlar hakyky azatlyga gowşar ýaly, Pawlus resul olaryň ünsüni kime gönükdirýär?

I ASYRDA ýaşan mesihçiler Rim imperiýasyndaky adamlaryň kanuny, adalatlylygy we azatlygy goraýan döwletiň raýatydygy üçin buýsanýandygyny görýärdiler. Emma bu imperiýa ygtyýarynyň we şöhratynyň köp bölegini gullar arkaly gazanypdy. Käte ilatyň takmynan 30 göterimi gullardan ybarat bolýardy. Şol sebäpli sada halk, şol sanda mesihçilerem gulçulyk we azatlyk hakda köp oýlanýardy.

2 Pawlus resul hatlarynda azatlyk barada gaty köp agzaýar. Adamlar jemgyýetçilik ýa-da syýasy özgerişlikleriň bolmagyny isleseler-de, Pawlusyň maksady bu däldi. Ol we beýleki mesihçiler ynsan hökümdarlaryndan ýa-da guramalaryndan azatlyga garaşmaýardylar. Gaýtam, olar Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny we Mesih Isanyň töleg gurbanynyň gymmatyny adamlar biler ýaly, arman-ýadaman zähmet çekýärdiler. Pawlus imandaşlarynyň ünsüni hakyky azatlygyň Gözbaşyna gönükdirýärdi. Meselem, ol korinflilere ýazan ikinji hatynda muny aýdyň görkezip: «Ýehowa ruhdur, özünde Ýehowanyň ruhy bolan adam hem azatdyr» diýdi (2 Kor. 3:17).

3, 4. a) 2 Korinfliler 3:17-däki sözleri ýazmaga Pawlusy näme höweslendirdi? b) Ýehowanyň berýän azatlygyny alar ýaly näme etmeli?

3 Pawlus biraz öň şol hatynda Musa pygamberiň Ýehowanyň perişdesi bilen gepleşip, Sinaý dagyndan aşak düşüp gelýärkä, onuň ýüzünden nur saçyp duran şöhraty barada gürrüň berýär. Halk onuň ýüzüni görende, gorkýar. Şonda Musa ýüzüni mata bilen örtmeli bolýar (Müs. çyk. 34:29, 30, 33; 2 Kor. 3:7, 13). Soňra Pawlus: «Ýöne kimdir biri Ýehowa dolansa, ol mata aýrylýandyr» diýýär (2 Kor. 3:16). Onuň bu sözleri nämäni aňladýar?

4 Geçen makaladan bilşimiz ýaly, ähli zadyň Ýaradyjysy Ýehowanyň doly we çäksiz erkinligi bar. Şol sebäpli Ýehowanyň bar ýerinde we «Ýehowanyň ruhunyň» bolan ýerinde azatlyk bardyr. Emma bu azatlykdan lezzet we peýda alar ýaly, biz «Ýehowa dolanmaly», ýagny onuň bilen dostlaşmaly. Ysraýyl halky çöldekä, Ýehowanyň olar bilen dostlaşmak üçin eden ruhy işlerini görüp bilmediler. Sebäbi olaryň ýüregi we aň-düşünjesi göçme manyda mata bilen örtülendi; Müsürden çykansoň, olar bar ünsüni göni manyda alan azatlygyna gönükdirdiler (Ýew. 3:8—10).

5. a) Ýehowanyň ruhy nähili azatlygy berýär? b) Ýehowanyň berýän azatlygynyň tussaglykda hem peýda berýändigini nireden bilýäris? ç) Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

5 Ýehowanyň ruhunyň berýän azatlygy göni manyda azat bolmakdan has köp zady aňladýar. Adamlaryň edýän tagallasyndan tapawutlylykda, Ýehowanyň ruhy günäniň we ölümiň gulçulygyndan, şol sanda ýalan dinden hem-de onuň işlerinden azat edýär (Rim. 6:23; 8:2). Gör, nähili ajaýyp azatlyk! Hatda tussag edilen ýa-da gulçulyga düşen adam hem şeýle azatlygyň berýän şatlygyny duýup bilýär (Gel. çyk. 39:20—23). Muny imany üçin ençeme ýyl türmede oturan Nensi Ýuen uýamyz we Harold King doganymyz bilen bolan waka görkezýär. Olaryň beren interwýusyny JW teleýaýlymynda görüp bilersiňiz (SÖHBETDEŞLIK WE BAŞDAN GEÇIRMELER > SYNAGLARA DÖZ GELENLER diýen bölüme serediň). Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň: Biz berlen azatlygy gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris? Ony nädip paýhasly ulanyp bileris?

HUDAÝYŇ BEREN AZATLYGYNY GYMMAT SAÝYŇ

6. Ysraýyl halky Ýehowanyň beren azatlygyny gymmat saýmaýandygyny nädip görkezdi?

6 Biz sowgadyň hakyky gymmaty barada oýlananymyzda, ony beren adama minnetdar bolmaga höwesimiz artýar. Ysraýyllylar özlerini Müsür gulçulygyndan azat eden Ýehowa minnetdar bolmadylar. Şondan birnäçe aý geçensoň, olar Müsürde iýip-içen zatlaryny küýsäp başladylar we Ýehowanyň berýän zatlaryna nägile bolup, hatda yzlaryna dolanmak islediler. Göz öňüne getiriň, olar «balyk, hyýar, garpyz, sogan, düýp sogan, sarymsak» ýaly zatlary özlerine azatlyk beren hak Hudaý Ýehowa edýän seždesinden ýokary tutdular. Ýehowanyň öz halkyna juda gaharlanandygy geň galdyrmasa gerek (San. 11:5, 6, 10; 14:3, 4). Biz bu wakadan wajyp sapak edinýäris.

7. Pawlus 2 Korinfliler 6:1-däki beren maslahatyna nädip eýerdi we biz ondan nädip görelde alyp bileris?

7 Pawlus resul mesihçileri Ýehowanyň Ogly Isa Mesih arkaly beren azatlygyna adaty zat ýaly garamazlygy maslahat berdi (2 Korinfliler 6:1-i okaň). Günäniň we ölümiň gulçulygyndan ýaňa Pawlusyň nähili ejir çekendigi hem-de ynsabynyň ezýet berendigi barada ýazandygy ýadyňyzdadyr. Muňa garamazdan, ol: «Halypamyz Isa Mesih arkaly Hudaýa minnetdardyryn!» diýdi. Näme üçin? Ol muny şeýle düşündirdi: «Sebäbi Mesih Isa arkaly ýaşaýyş berýän ruhuň kanuny sizi günäniň we ölümiň kanunyndan azat edýär» (Rim. 7:24, 25; 8:2). Bizem Pawlusyň göreldesine eýerip, Ýehowanyň günäniň hem-de ölümiň gulçulygyndan berýän azatlygyna hiç haçan bolaýmaly zat ýaly garamaly däl. Töleg gurbany bize Hudaýa arassa ynsap bilen gulluk etmäge we özümizi bagtly duýmaga mümkinçilik berýär (Zeb. 40:8).

Siz azatlygyňyzy Patyşalygyň bähbitleri üçin ulanarsyňyzmy ýa-da öz bähbidiňiz? (8—10-njy abzaslara serediň)

8, 9. a) Azatlygy ulanmak babatda Petrus resul nähili duýduryş berdi? b) Şu günler bize nämeler howp salyp biler?

8 Biz özümize berlen gymmatly azatlyga minnetdar bolup, ony hiç haçan nädogry ulanmaly däl. Petrus resul azatlygymyzy ten höweslerimiziň üstüni örtmek üçin ulanmazlygy duýdurdy (1 Petrus 2:16-ny okaň). Eýsem, bu duýduryş size çölde ysraýyllylar bilen bolan wakany ýatlatmaýarmy? Şeýle howp bize şu günler has-da köp abanýar. Şeýtan we onuň dünýäsi egin-eşigi, özüňe timar bermegi, iýip-içmegi, dynç almagy, göwün açmagy we başga-da köp zatlary has özüne çekiji edip görkezýär. Satyjylar harydyny geçirmek üçin köplenç meşhur adamlary ulanyp, mekirlik bilen gerekmejek zatlary wajyp ýaly edip görkezýärler. Bu zatlaryň toruna düşüp, azatlygymyzy nädogry ulanmak gaty aňsat!

9 Petrusyň beren maslahaty bilim, iş ýa-da kär saýlamak ýaly durmuşyň wajyp meselelerine hem degişli. Mysal üçin, mekdepde ýaşlara ýokary okuw jaýyna girmegi häli-şindi teklip edip durýarlar. Olary ýokary okuw jaýynda bilim almagyň köp aýlykly we abraýly işe girmäge mümkinçilik berýändigine hem-de köplenç ony tamamlan adamlaryň orta mekdebi gutaranlardan has köp gazanç edýändigine ynandyrjak bolýarlar. Şeýle zatlar bütin durmuşyňa güýçli täsir edýändigi üçin, ýaşlary hasam özüne çekmegi mümkin. Eýsem, ýaşlar we olaryň ene-atalary nämäni unutmaly däl?

10. Özbaşdak karara gelenimizde, biz nämäni ýatda saklamaly?

10 Käbir adamlar bu meselelerde özbaşdak karara gelip bilýändir öýdýärler. Şol sebäpli olar: «Ynsabyň çatsa, islän zadyňy edibermeli» diýýärler. Mümkin, olar Pawlus resulyň Korinfdäki mesihçilere iýmit barada aýdan sözleri esasynda şeýle pikir edýändirler. Ol: «Islendik zady etmäge erkinligim bolsa-da, başga adamyň ynsabynyň meni ýazgarmagyny islemeýärin» diýdi (1 Kor. 10:29). Dogrudan-da, biz bilim almak we kär edinmek meselesinde öz islegimize görä saýlap bilsek-de, azatlygymyzyň çäginiň bardygyny hem-de gelýän ähli kararlarymyzyň nähili netije berýändigini unutmaly däl. Pawlus resul bu babatda şeýle diýdi: «Hemme zat rugsat edilýändir, ýöne hemme zat peýdaly däldir. Hemme zat rugsat edilýändir, ýöne hemme zat ruhy taýdan berkidýän däldir» (1 Kor. 10:23). Bu bize durmuşda erkin bolmaga mümkinçilik berse-de, öz isleglerimizi däl-de, ünsümizi has wajyp zatlara gönükdirmäge ýardam edýär.

AZATLYGYŇYZY PAÝHASLY ULANYŇ

11. Ýehowa bizi näme maksat bilen azat etdi?

11 Petrus resul azatlygy nädogry ulanmak barada duýduryş berende, onuň sebäbini hem düşündirdi. Ol azatlygyňy «Hudaýyň gullary hökmünde ulanmagy» maslahat berdi. Şol sebäpli özümizi Hudaýa bagyş edendigimize görä ýaşar ýaly, Ýehowa Isanyň töleg gurbany arkaly bizi günäniň we ölümiň kanunyndan azat etdi.

12. Nuh we onuň maşgalasy bize nähili görelde galdyrdy?

12 Azatlygymyzy nädogry ulanmakdan we dünýäniň hödürleýän zatlaryndan gaça durmagyň iň gowy usuly — ruhy işlere yhlasly gatnaşmak (Gal. 5:16). Geliň, Nuh pygamber we onuň maşgalasynyň mysalyna seredeliň. Olar zalymlykdan we ahlaksyzlykdan doly dünýäde ýaşasalar-da, daş-töweregindäki adamlaryň täsirine düşmediler. Olara näme kömek etdikä? Olar bar ünsüni Ýehowanyň tabşyran ýumşuna, ýagny gämi gurmak, özleri we haýwanlar üçin iýmit ýygnamak hem-de adamlara Hudaýyň hökümi barada duýdurmak işine gönükdirdiler. Mukaddes Ýazgylarda: «Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi» diýilýär (Gel. çyk. 6:22). Netijede näme boldy? Erbet adamlar ýok edilende, Nuh we onuň maşgalasy halas boldy (Ýew. 11:7).

13. Ýehowa Ogluna nähili tabşyryk berdi we Isa şägirtlerine näme tabşyrdy?

13 Ýehowa bize nähili tabşyryk berdi? Isanyň şägirtleri hökmünde biz Hudaýyň öňünde nähili borjumyzyň bardygyna gowy düşünýäris (Luka 4:18, 19-njy aýatlary okaň). Şu günler dünýäniň taňrysy köpleriň aň-düşünjesini küteltdi we olar diniň, ykdysadyýetiň gulçulygynda hem-de köpçüligiň pikirine eýerip ýaşaýarlar (2 Kor. 4:4). Bize Isanyň göreldesine eýermek, adamlara azatlyk Hudaýy Ýehowany tanamaga we oňa sežde etmäge kömek etmek hormaty ynanyldy (Mat. 28:19, 20). Elbetde, bu işe gatnaşmak aňsat däl; köp kynçylyklaram bolýar. Meselem, käbir ýurtlarda adamlar hoş habara gitdigiçe sowuk-sala garaýarlar, hatda käbirleri garşylyk görkezýärler. Şol sebäpli özümize şeýle sorag bermeli: «Patyşalyk işine köpräk gatnaşmak üçin, men azatlygymy nädip ulanyp bilerin?»

14, 15. Ýehowanyň halky wagyz işine nähili garaýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

14 Biz köp dogan-uýalaryň ähmiýetli döwürde ýaşaýandygyna düşünip, uzak wagtly gulluga başlamak üçin durmuşyny sadalaşdyrandygyna örän begenýäris (1 Kor. 9:19, 23). Olaryň käbiri ýaşaýan ýerinde gulluk edýärler; başgalary bolsa wagyzçylaryň az ýerine göçdüler. Hasabata görä, soňky bäş ýylyň içinde pionerleriň ortaça sany 1 million 100 müňden hem geçdi we bütin dünýä boýunça olaryň dörtden bir böleginden gowragy uzak wagtly gullukçylaryň hataryna goşuldy. Dogrudan-da, azatlygyňy Ýehowa gulluk etmek üçin paýhasly ulansaň, gowy netije berýär (Zeb. 110:3).

15 Bu dogan-uýalara erkinligini paýhasly ulanmaga näme kömek etdi? Geliň, soňky 30 ýylyň dowamynda ençeme ýurtlarda gulluk eden Jon we Judi bilen bolan waka seredeliň. 1977-nji ýylda olary pionerler mekdebinde okamaga çagyrýarlar. Şondan soň olarda wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçüp, şol ýerde gulluk etmäge höwes döreýär. Jon aýaly bilen goýan maksadyny ünsden düşürmez ýaly, sada ýaşamak üçin birnäçe gezek işini üýtgedendigini aýdýar. Olar daşary ýurda göçüp baranlarynda, ýerli halkyň dilini öwrenmek, olaryň medeniýetine we howasyna öwrenişmek ýaly kynçylyklaryň hötdesinden gelmek üçin, Ýehowa doga etmegiň hem-de oňa bil baglamagyň wajypdygyna göz ýetirdiler. Olara gulluk eden ýyllary nähili täsir etdi? Jon şeýle diýýär: «Men durmuşda iň ajaýyp we wajyp işe gatnaşandygyma örän begenýärin. Men bizi söýýän Ýehowa atamyza has-da ýakynlaşdym. Häzir men Ýakup 4:8-däki „Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar“ diýen sözleriň manysyna has-da gowy düşünýärin. Men gözlän zadymy, ýagny kanagat berýän durmuşy tapdym».

16. Ýagdaýy çäkli bolsa-da, müňlerçe dogan-uýalar azatlygyny nädip paýhasly ulandylar?

16 Jon bilen Judiden tapawutlylykda, käbir dogan-uýalar ýagdaýynyň çäkli bolandygy üçin uzak wagtly gulluga azrak gatnaşyp bilýärler. Muňa garamazdan, köp dogan-uýalar bütin dünýäde alnyp barylýan gurluşyk işlerine höwes bilen gatnaşýarlar. Mysal üçin, Uorwikdäki (Nýu-Ýork) bütindünýä Baş edaramyzyň gurluşygyna takmynan 27 müň dogan-uýa gatnaşdy. Olar iki hepdeden 1 ýyla çenli ýa-da ondanam köpräk wagtyny sarp etdiler. Dogan-uýalaryň köpüsi şol ýerde gulluk etmek üçin köp zatdan geçdiler. Olaryň azatlyk Hudaýy Ýehowanyň beren erkinligini dogry ulanmagy, ony şöhratlandyrmagy we hormat goýmagy biziň üçin, gör, nähili ajaýyp görelde!

17. Hudaýyň beren azatlygyny paýhasly ulanýan adamlara nähili gelejek garaşýar?

17 Biz Ýehowany tanaýandygymyza we hakyky seždäniň berýän azatlygyndan lezzet alyp bilýändigimize minnetdar. Geliň, azatlygymyzy gymmat saýýandygymyzy iş ýüzünde görkezeliň. Ony biderek zatlara sarp etmegiň ýa-da nädogry ulanmagyň deregine, oňa Ýehowa köpräk gulluk etmäge mümkinçilik hökmünde garalyň. Eger şeýle etsek, onda Ýehowanyň şu pygamberlik sözleriniň ýerine ýetjek döwrüne sabyrsyzlyk bilen garaşyp bileris: «Ýaradylan zatlar çüýreme gulçulygyndan azat bolup, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşarlar» (Rim. 8:21).