Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Bir-birimizi has-da ruhlandyralyň!

Bir-birimizi has-da ruhlandyralyň!

«Geliň, bir-birimize ünsli bolup... bir-birimizi ruhlandyralyň. Sebäbi biz ol günüň barha golaýlaşýandygyny görýändiris». ÝEW. 10:24, 25

AÝDYMLAR: 53, 20

1. Pawlus resul ýewreý mesihçileri biri-birini ruhlandyrmaga höweslendirende näme üçin «barha» diýen sözi ulandy?

BIZ ruhlandyrmak babatda näme üçin köp tagalla etmeli? Pawlus resul ýewreý mesihçilerine ýazan hatynda munuň sebäbini şeýle düşündirdi: «Geliň, bir-birimize ünsli bolup, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň. Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnaklara sowuk-sala garamalyň, gaýtam, bir-birimizi ruhlandyralyň. Sebäbi biz ol günüň barha golaýlaşýandygyny görýändiris» (Ýew. 10:24, 25). Şondan bary-ýogy bäş ýyl geçende, Iýerusalimde ýaşaýan ýehudy mesihçiler «Ýehowanyň... gününiň» golaýlandygyny görkezýän alamata düşünip, Isanyň aýdyşy ýaly, janlaryny halas etmek üçin şäherden gaçmalydylar (Res. iş. 2:19, 20; Luka 21:20—22). B. e. 70-nji ýylynda rimliler Iýerusalime çykarylan hökümi amala aşyranda, «Ýehowanyň... güni» gelipdi.

2. Biz bir-birimizi ruhlandyrmaga näme üçin tagalla etmeli?

2 Şu günler bizde-de Ýehowanyň «beýik, elhenç» gününiň golaýlandygyna ynanmaga ähli sebäpler bar (Ýow. 2:11). Sefanýa pygamber: «Golaýdyr Rebbiň höküm güni, golaýdyr. Ine, ýetip gelýändir ol» diýdi (Sef. 1:14). Onuň sözleri biziň günlerimize-de degişli. Ýehowanyň gününiň golaýlaýandygyny göz öňünde tutup, Pawlus resul: «Bir-birimize ünsli bolup, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň» diýdi (Ýew. 10:24). Dogrudan-da, biz dogan-uýalar bilen has köpräk gyzyklanmaly. Şonda mätäç wagtlary olary ruhlandyryp bileris.

RUHLANDYRYJY SÖZLERE KIMLER MÄTÄÇ?

3. Pawlus resul ruhlandyrmak babatda näme diýdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

3 Ýazgylarda: «Ýüregindäki ýük adamy çökerýändir; ýagşy söz bolsa ýüregini begendirýändir» diýilýär (Sül. tym. 12:25). Bu sözler biziň ählimize degişli. Sebäbi wagtal-wagtal ruhlandyryjy sözlere hemmämiz mätäç bolýarys. Pawlus resul başgalary ruhlandyrmaga jogapkär mesihçileriň özleriniň hem öwgüli sözleri eşitmek isleýändigini aýtdy. Ol Rimde ýaşaýan mesihçilere şeýle diýdi: «Sizi juda göresim gelýär, imanyňyzy berkitmek üçin käbir ruhlandyryjy pikirleri paýlaşmak isleýärin. Has dogrusy, siz imanyňyz bilen meni, men hem imanym bilen sizi ruhlandyrar ýaly görşesim gelýär» (Rim. 1:11, 12). Hawa, imandaşlaryny höwes bilen ruhlandyran Pawlus resulyň özi hem käte ruhlandyryjy sözlere mätäçdi (Rimliler 15:30—32-nji aýatlary okaň).

4, 5. Biz kimleri ruhlandyryp bileris we näme üçin?

4 Hoş habaryň hatyrasy üçin janaýamazlyk ruhuny görkezýän mesihçiler öwgüli sözlere mätäç. Olaryň arasynda wepaly pionerleri agzap bileris. Dogan-uýalaryň köpüsi pioner bolup gulluk etmek üçin köp zadyndan geçdiler. Missionerler, beýtelçiler, etrap gözegçileri we olaryň aýallary hem-de Beýtelden uzakda ýerleşýän terjimeçiler bölüminde gulluk edýän mesihçiler barada hem şeýle diýse bolýar. Olaryň bary mukaddes gulluga köp wagtyny sarp etmek üçin janaýamazlyk ruhuny görkezýärler. Şol sebäpli olary hökman ruhlandyryp durmaly. Uzak wagtly gulluk etmek isleýän, ýöne käbir sebäplere görä muny edip bilmeýän dogan-uýalary hem ruhlandyrsak, minnetdar bolarlar.

5 «Halypamyzyň şägirdi» bilen durmuş gurmak barada berlen tabşyryga gulak asmak üçin maşgala gurmadyk dogan-uýalary hem ruhlandyryp bileris (1 Kor. 7:39). Şonuň ýaly agyr zähmet çekýän aýallary hem ýanýoldaşynyň öwgüli sözleri galkyndyrýar (Sül. tym. 31:28, 31). Şeýle-de yzarlama ýa-da ýarawsyzlyk ýaly kynçylyklarda wepaly galýan imandaşlarymyz ruhlandyryjy sözlere mätäç bolýar (2 Sel. 1:3—5). Ýehowa bilen Isa Mesih hem ähli wepaly gullukçylara teselli berýär (2 Selanikliler 2:16, 17-nji aýatlary okaň).

ÝAŞULULAR RUHLANDYRMAGA JAN EDÝÄR

6. Işaýa 32:1, 2-nji aýatlarda ýaşulular barada näme diýilýär?

6 Işaýa 32:1, 2-nji aýatlary okaň *. Isa Mesih mesh edilen doganlary we olary goldaýan başga goýunlardan bolan «hökümdarlar» arkaly göwni synyk we ruhdan düşen mesihçileri ruhlandyryp, öz wagtynda görkezme berýär. Bu şeýle-de bolmaly, sebäbi ýaşulular «imanymyzyň üstünden agalyk etjek bolman, gaýtam, şatlanmagymyz üçin işdeşlerimizdir» (2 Kor. 1:24).

7, 8. Ýaşulular dogan-uýalary diňe bir sözleri bilen ruhlandyrman, ýene näme edip biler?

7 Pawlus resul başgalary ruhlandyrmakda gaty gowy görelde galdyrdy. Ol Selanikdäki yzarlamalara uçran mesihçilere şeýle diýdi: «Biz sizi juda söýýäris. Size diňe bir Hudaýyň hoş habaryny wagyz etmän, eýsem, kömek etmek üçin janymyzy bermäge-de taýyndyk» (1 Sel. 2:8).

8 Pawlus resul başgalary berkitmek üçin ruhlandyryjy sözleri aýtmagyň hemişe ýeterlikli däldigini belläp, Efesdäki ýaşululara şeýle diýdi: «Ejizlere kömek etmelidigiňiz babatda size görelde görkezdim. Hawa, siz Halypamyz Isanyň: „Bermek almakdan has bagtly edýändir“ diýen sözlerini unutmaly dälsiňiz» (Res. iş. 20:35). Pawlus resul dogan-uýalary diňe bir ruhlandyrman, eýsem, özüni olaryň «ugrunda höwes bilen harçlady» (2 Kor. 12:15). Şonuň ýaly ýaşulular hem imandaşlaryny diňe bir sözleri bilen däl-de, olar bilen ýürekden gyzyklanmaly we ruhlandyryp berkitmeli (1 Kor. 14:3).

9. Ýaşulular nädip ruhlandyryjy äheňde maslahat berip biler?

9 Kimdir birini ruhlandyrmaly bolanda, mümkin, maslahat bermeli hem bolar. Emma ýaşulular maslahat berende, Ýazgylarda agzalýan adamlaryň göreldesine eýerip, muny ruhlandyryjy äheňde etmeli. Bu babatda Isa ajaýyp görelde görkezdi. Ol direlenden soň, Kiçi Aziýada ýerleşýän ýygnaklaryň käbirine berk maslahat berse-de, onuň muny nädip edendigine üns beriň. Isa Efesdäki, Pergamdaky we Tiýatiradaky ýygnaklara maslahat bermezden öň, olara öwgüli sözleri aýdýar (Ylh. 2:1—5, 12, 13, 18, 19). Laodikiýadaky ýygnagyň mesihçilerine bolsa: «Men söýýänlerimiň ählisine käýäp, temmi berýändirin. Şonuň üçin yhlasly bol-da, toba et» diýýär (Ylh. 3:19). Ýaşulular hem kimdir birine maslahat berende, Mesihiň göreldesine eýerse, gowy bolar.

RUHLANDYRMAK DIŇE ÝAŞULULARYŇ BORJY DÄL

Ene-atalar, siz çagalaryňyza başgalary ruhlandyrmagy öwredýärsiňizmi? (10-njy abzasa serediň)

10. Biziň ählimiz birek-biregi nädip ruhlandyryp bileris?

10 Dogan-uýalary ruhlandyrmak diňe ýaşulularyň borjy däl. Pawlus resul mesihçileriň ählisine «diňleýänlere peýdaly bolar ýaly, gerekli wagty diňe ruhlandyryjy sözleri aýtmagy» maslahat berdi (Efes. 4:29). Biziň her birimiz dogan-uýalara «gerekli wagty» kömek edip biler ýaly ünsli bolmaly. Pawlus ýewreý mesihçilere: «Gowşan elleriňizi we aýaklaryňyzy berkidiň. Bedeniňiziň şikesli ýeri has-da erbetleşmän, gaýtam, sagalar ýaly, dogry ýoldan ýöremegiňizi dowam ediň» diýip maslahat berdi (Ýew. 12:12, 13). Görşümiz ýaly, ählimiz, şol sanda ýaşlaram ruhlandyryjy sözleri bilen birek-biregi berkidip bilýär.

11. Göwnüçökgünlige düşen uýa näme kömek etdi?

11 Marta * atly uýamyz göwnüçökgünlige düşende, başyndan geçiren waka barada şeýle ýazýar: «Bir gezek men teselli diläp doga edenimde, gartaşan uýa duşdum. Ol maňa tüýs wagtynda ýürekden duýgudaşlyk bildirdi. Şeýle-de ol özüniň hem edil meniňki ýaly duýgulary başdan geçirendigini gürrüň berdi. Bu maňa özümi ýeke duýmazlyga kömek etdi». Mümkin, gartaşan uýamyz beren gürrüňiniň oňa şeýle gowy täsir edendigini bilenem däldir.

12, 13. Filipililer 2:1—4-nji aýatlardaky maslahata biz nädip eýerip bileris?

12 Pawlus resul Filipidäki ýygnagyň ähli agzalaryna şeýle maslahat berdi: «Siz Mesih bilen birlikde bolsaňyz, başgalary ruhlandyryp, olara söýgi bilen teselli berýän bolsaňyz, mähir bilen aladasyny edip, duýgudaşlyk bildirýän bolsaňyz, onda bir garaýyşda bolup, bir-biriňizi söýüp, doly agzybirligi saklap we bir pikirde bolup, meniň şatlygymy artdyryň. Hiç zady dawa-jenjel ýa-da ulumsylyk bilen etmäň, gaýtam, pesgöwünli boluň we başgalary özüňizden ýokary saýyň. Diňe öz bähbidiňizi gözlemän, başgalaryňkyny hem agtaryň» (Flp. 2:1—4).

13 Görşümiz ýaly, biziň ählimiz başgalaryň aladasyny etmäge çalyşmaly. Şonda dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin, olara «söýgi bilen teselli berip», «mähir bilen aladasyny edip, duýgudaşlyk bildirip» bileris.

RUHUŇY GALKYNDARÝAN ZATLAR

14. Bizi ýene näme ruhlandyryp biler?

14 Biziň kömek eden dogan-uýalarymyzyň Hudaýa wepaly gulluk etmegini dowam edýändiklerini eşitmek hem göwnüňi göterýär. Bu babatda Ýahýa resul hem ýazypdy: «Çagalarymyň hakykat boýunça ýaşaýandygyny eşidenimde, şatlygymyň çägi bolmady» (3 Ýah. 4). Pionerleriň köpüsi munuň şeýledigine öz durmuşynda göz ýetirýärler. Olar hakykata gelmäge kömek eden adamlarynyň ençeme ýyldan bäri Ýehowa wepaly gulluk edýändigini we hatda pioner bolandyklaryny bilende, örän ruhlanýarlar. Ruhdan düşen pionere bolsa, öň Hudaýa şatlykly gulluk eden günlerini ýöne bir ýatlatmak hem teselli berip biler.

15. Hudaýa wepaly gulluk edýän imandaşlarymyzy nädip ruhlandyryp bileris?

15 Etrap gözegçileriniň köpüsi we olaryň aýallary ideg eden ýygnagyndaky dogan-uýalaryň ýazan birki agyz minnetdarlyk sözleriniň hem ruhlandyrýandygyny aýdýarlar. Ýygnak ýaşululary, missionerler, pionerler we beýtelçiler hem wepaly gulluk edýändikleri barada minnetdarlyk sözlerini eşidende, örän begenýärler.

ÄHLIMIZ RUHLANDYRYP BILÝÄRIS

16. Birini ruhlandyrmak üçin näme etmeli?

16 Biz: «Men dile çeper däl, şonuň üçin başgalary ruhlandyryp bilmeýärin» diýip pikir etsek, nädogry bolardy. Aslynda, birini ruhlandyrmak üçin köp zat gerek däl. Munuň üçin mähirli ýylgyryp salamlaşmak hem ýeterlik bolýar. Eger adam ýylgyrman, ýöne bir başyny atyp salamlaşsa, onda ony bir zat biynjalyk edýän bolmagy ähtimal. Şol sebäpli ony ýöne diňlesegem, teselli berip bileris (Ýak. 1:19).

17. Göwnüçökgünlige düşen ýaş dogana näme kömek etdi?

17 Genri atly ýaş dogan käbir dogan-garyndaşlary we ýaşuly bolup gulluk eden kakasy hakykatdan gidende, gaty ruhdan düşýär. Etrap gözegçisi ony kofe içmek üçin kafe çagyryp, ýüregini dökmäge kömek edende, Genri ruhlanandygyny aýdýar. Ol diňe hakykata berk ýapyşsa, maşgala agzalaryna Ýehowa dolanmaga kömek edip biljekdigine düşünýär. Oňa Zebur 46, Sefanýa 3:17 we Markus 10:29, 30-njy aýatlardaky sözler has-da teselli berýär.

Biziň ählimiz bir-birimizi berkidip we ruhlandyryp bilýäris (18-nji abzasa serediň)

18. a) Süleýman patyşa ruhlandyrmak babatda näme diýdi? b) Pawlus resul nähili maslahat berdi?

18 Marta we Genri bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, biz tesellä mätäç dogany ýa uýany ruhlandyryp bileris. Süleýman patyşa: «Ýerlikli söz nähili gowy! Gözleriň nury ýüregi şatlandyrýandyr; ýagşy habar süňklere kuwwat berýändir» diýip ýazdy (Sül. tym. 15:23, 30). Göwnüçökgün adama «Garawul diňindäki» ýa-da web-saýtymyzdaky makalalar hem teselli berip biler. Pawlus resul bile Patyşalyk aýdymlaryny aýtmagyň hem ruhlandyrýandygyny belläp, şeýle diýdi: «Mezmurlar, Hudaýa aýdylýan alkyşlar, minnetdardygyňyzy görkezýän ruhy aýdymlar we ýürekleriňizde Ýehowa nagma aýdyp, biri-biriňize tälim beriň hem-de ruhlandyryň» (Kol. 3:16; Res. iş. 16:25).

19. Birek-biregi ruhlandyrmak näme üçin häzir has-da wajyp we munuň üçin biz näme etmeli?

19 Ýehowanyň gününiň «golaýladygyça», biz bir-birimizi ruhlandyrmagyň has-da wajypdygyna düşünýäris (Ýew. 10:25). Pawlus resulyň I asyrdaky mesihçilere aýdyşy ýaly, geliň, «häzir edişimiz ýaly, mundan beýläk-de bir-birimizi ruhlandyryp, birek-biregi berkideliň» (1 Sel. 5:11).

^ abzas 6 Işaýa 32:1 Ine, patyşa dogrulyk bilen şalyk eder, hökümdarlar adalatlyk bilen höküm sürerler. 2 Olaryň hersi ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek bolar.

^ abzas 11 Ady üýtgedilen.