Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hakyky azatlygyň açary

Hakyky azatlygyň açary

«Ogul sizi azat etse, hakykatdan-da, azat bolarsyňyz». ÝAH. 8:36

AÝDYMLAR: 32, 2

1, 2. a) Adamlaryň erkin bolmak isleýändigi nämeden görünýär? b) Olaryň azat bolmak babatda alyp barýan söweşi nähili netije berýär?

ŞU GÜNLER adamlar deňlik, azatlyk we erkinlik barada köp gürrüň edýärler. Dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlar zorluk-sütem, adalatsyzlyk we garyplykdan azat bolmagy arzuw edýärler. Başgalar bolsa söz azatlygynyň, saýlamak we özbaşdak karara gelmek erkinliginiň bolmagyny isleýärler. Görşümiz ýaly, islän zadyňy etmek we isleýşiň ýaly ýaşamak adamlaryň arasynda giňden ýaýran.

2 Emma bu zatlary arzuw etmek bir zat, ony gazanmak başga zat. Köp adamlar maksadyna ýetmek üçin jemgyýetçilik ýa-da syýasy dawalara goşulyp, köpçülikleýin gozgalaňlara gatnaşýarlar, hatda ýurtda öwrülişik etmäge synanyşýarlar. Ýöne bular islegiňi kanagatlandyrmaga kömek edýärmi? Ýok. Gaýtam, bu zatlar köplenç betbagtçylyga hem-de ölüm-ýitimiň bolmagyna getirýär. Bu zatlaryň ählisi Süleýman patyşanyň Hudaýyň ylhamy bilen: «Bir adamyň beýlekiniň üstünden agalyk etmesi onuň zyýanynadyr» diýen sözleriniň dogrudygyny ýene bir gezek subut edýär (Wag. 8:9).

3. Biz hakyky bagty we kanagatly ýaşaýşy nädip tapyp bileris?

3 Ýakup şägirt hakyky bagtyň we kanagatly ýaşaýşyň açarynyň nämedigini belläp geçdi. Ol: «Azat edýän kämil kanuna içgin seredip, şoňa görä ýaşaýan adam... öz edýän işlerinden hoşal bolar» diýip ýazdy (Ýak. 1:25). Şol kämil kanuny beren Ýehowa adamlaryň hakykatdan bagtly we kanagatlanarly ýaşamagy üçin näme etseler gowy boljakdygyny bilýär. Ol ilkinji ynsan maşgalasyna bagtly bolmaklary üçin hemme zady, şol sanda hakyky erkinligi hem berdi.   

HAKYKY ERKINLIGIŇ BOLAN WAGTY

4. Adam ata bilen How enäniň nähili erkinligi bardy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

4 Biz Gelip çykyş kitabynyň ilkinji iki babyny okanymyzda, Adam ata bilen How enäniň hakykatdan bagtly bolandyklaryny bilýäris. Olar şu günki adamlaryň azat bolmak isleýän zatlaryndan, ýagny mätäçlikden, gorkudan we zorluk-sütemden azatdy. Dogrudan-da, ilkinji ynsan maşgalasynyň iýmit, iş, keselçilik we ölüm ýaly aladalary ýokdy (Gel. çyk. 1:27—29; 2:8, 9, 15). Eýsem, Adam ata bilen How enäniň lezzet alyp ýaşan durmuşyna doly erkinlik diýse bolarmy? Geliň, bu barada bileliň.

5. Köp adamlaryň näme pikir edýändigine garamazdan, erkinlikden lezzet alar ýaly näme gerek?

5 Şu günler köp adamlar netijesiniň nähili boljakdygyna garamazdan, hakykatdan erkin bolmak üçin islän zadyňy etmeli diýip pikir edýärler. Bir kitapda aýdylmagyna görä, erkinlik bu «özbaşdak saýlamak ukyby we ony ýerine ýetirmek» («The World Book Encyclopedia»). Soňra şol kitapda şeýle diýilýär: «Eger jemgyýet adalatsyz, gerekmejek ýa-da ýerliksiz çäklendirmeleri goýmasa, onda olara kanun taýdan erkin diýse bolar». Muňa garamazdan, her bir adam özüne berlen erkinlikden peýdalanyp biler ýaly, belli bir çäklendirmeler gerek. Onda şeýle sorag ýüze çykýar: «Adalatly, gerekli we ýerlikli çäklendirmeleri goýmaga kimiň haky bar?»   

6. a) Näme üçin diňe Ýehowanyň doly erkin hereket etmäge haky bar? b) Nähili erkinlik adamy bagtly edýär we näme üçin?

6 Erkinlik barada aýdylanda, biz diňe Ýehowa Hudaýyň doly we çäksiz erkin hereket etmäge hakynyň bardygyna düşünmeli. Näme üçin? Sebäbi ol ähli zadyň Ýaradyjysy we älem-jahanyň Eýesi (1 Tim. 1:17; Ylh. 4:11). Geliň, Dawut patyşanyň Ýehowanyň beýikligini wasp edip aýdan ajaýyp sözlerini ýadymyza salalyň (1 Ýyl ýazgylary 29:11, 12-nji aýatlaryny okaň) *. Görşümiz ýaly, gökdäki we ýerdäki ýaradylan zatlaryň belli bir derejede erkinligi bar. Olar Ýehowa Hudaýyň adalatly, gerekli we ýerlikli çäklendirmeleri goýmaga doly hukugynyň bardygyna düşünmeli. Aslynda, Ýehowa Hudaý ilkibaşda adamy ýaradanda, şeýle hukugynyň bardygyny görkezdi.

7. Instinkt boýunça edilýän haýsy zatlar bagtly bolmaga ýardam edýär?

7 Adam ata bilen How ene özüne berlen erkinlikden köp ýagdaýlarda lezzet alyp ýaşasalar-da, Hudaý olara käbir çäklendirmeleri hem goýupdy. Olar käbir zatlary instinkt, ýagny dogabitdi ukyby boýunça edýärdiler, ýöne munuň hem çägi bardy. Meselem, Adam ata bilen How ene ýaşaýyş üçin dem almagyň, iýip-içmegiň, wagtly-wagtynda ýatmagyň we şuňa meňzeş zatlary etmegiň zerurdygyna düşünýärdiler. Eýsem, olar şu zatlary edýändigi üçin özlerini erkinlikden mahrum edilýän ýaly duýýardylarmy? Elbetde, ýok. Ýehowa hatda olaryň her günki edýän zatlarynyň hem lezzet we kanagat berýändigini görýärdi (Zeb. 104:14, 15; Wag. 3:12, 13). Eýsem, kimiň arassa howadan dem alasy, göwnüne ýaraýan ir-iýmişi iýesi ýa-da gijesine gowy ukusyny alasy gelmeýär? Biz bu zatlary höwes bilen edýäris we özümizi borçly duýmaýarys ýa-da muny ýük hasaplamaýarys. Adam ata bilen How ene babatda hem şeýle diýse bolýar.

8. Hudaý Adam ata bilen How enä nähili tabşyryk berdi we näme üçin?

8 Ýehowa Adam ata bilen How enä ýer ýüzüni nesillerinden doldurmagy we oňa eýeçilik etmegi tabşyrdy (Gel. çyk. 1:28). Bu tabşyryk olaryň erkinligini çäklendirýärdimi? Elbetde, ýok. Aslynda, ol adamlara Ýaradyjynyň bütin ýer şaryny Jennede öwrüp, onda kämil ynsanlary ebedi ýaşatmak babatdaky maksadyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýärdi (Iş. 45:18). Şu günler käbir adamlar belli bir sebäplere görä, durmuş gurmaýarlar ýa-da gursalaram, çaga edinmeýärler. Bu Ýehowanyň islegine garşy gelmeýär. Ýöne köpler nähili kynçylygyň boljakdygyny bilselerem durmuş gurýarlar we çaga edinýärler (1 Kor. 7:36—38). Näme üçin? Sebäbi bu adamlara şatlyk we kanagat berýär (Zeb. 127:3). Hawa, Adam ata bilen How ene hem maşgala durmuşyndan ebedi lezzet alyp ýaşap bilerdi.

HAKYKY ERKINLIK NÄDIP ÝITIRILDI?

9. Gelip çykyş 2:17-däki Hudaýyň tabşyrygyna näme üçin adalatsyz, gerekmejek ýa-da ýerliksiz diýip bolmaýar?

9 Ýehowa Adam ata bilen How enä başga bir tabşyryk hem berýär. Ol: «Ýöne ýagşyny-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň» diýip, bu tabşyrygy bozsalar, jeza beriljekdigini aýdyň düşündirýär (Gel. çyk. 2:17). Eýsem, bu tabşyryga adalatsyz, gerekmejek ýa-da ýerliksiz diýse bolarmy? Ol Adam ata bilen How enäni erkinlikden mahrum edýärdimi? Elbetde, ýok. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlaryň köpüsi bu tabşyrygyň paýhasly hem ýerliklidigini aýdýarlar. Meselem, bir alym şeýle diýýär: «Gelip çykyş 2:16, 17-nji aýatlardaky tabşyryk adamlar üçin nämäniň gowudygyny we nämäniň ýamandygyny diňe Hudaýyň bilýändigini görkezýär. Adamlar „gowy“ zatdan lezzet alar ýaly, Hudaýa boýun bolmaly we tabşyryklaryna gulak asmaly. Eger olar muny etmekden boýun gaçyrsalar, nämäniň gowudygyny... we ýamandygyny özleri çözmeli bolarlar». Muny bolsa adamlaryň özleri başaryp bilmeýär.

Adam ata bilen How enäniň saýlan ýoly betbagtçylyga eltdi (9—12-nji abzaslara serediň)

10. Nämäniň ýagşy we nämäniň ýamandygyny çözmek hukugy bilen erkinlik bir zady aňladýarmy? Düşündiriň.

10 Ýehowanyň ilkinji ynsana beren tabşyrygyny okanlarynda, köp adamlar Adam ata isleýän zadyny etmekden mahrum bolandyr öýdýärler. Şeýle adamlar nämäniň ýagşy we nämäniň ýamandygyny çözmäge berlen erkinlige doly düşünmeýärler. Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asmalymy ýa-da däldigini özleri çözmelidi. Emma nämäniň ýagşy we nämäniň ýamandygyny çözmäge diňe Ýehowanyň haky bar; ol muny Erem bagyndaky «ýagşyny-ýamany saýgaryş daragtyny» bermek bilen görkezdi (Gel. çyk. 2:9). Biz köplenç saýlaýan zadymyzyň nähili netije berjekdigini bilmeýäris; hemişe gowy bolar diýip hem anyk aýdyp bilmeýäris. Ine, şonuň üçin-de adamlar bir zady saýlanlarynda ýa-da karara gelenlerinde, muny nähili gowy niýet bilen etseler-de, netijesi horluga, betbagtçylyga we heläkçilige eltýär (Sül. tym. 14:12). Sebäbi adam ýaradylanda, oňa belli bir çäk goýlupdy. Ýehowa Adam ata bilen How enä hakyky erkinligi nädip ulanmalydygyny söýgi bilen öwretdi. Ýehowa muny nädip etdi we olar muňa nähili garady?

11, 12. Adam ata bilen How ene näme üçin heläkçilige uçrady? Mysal getiriň.

11 Gynansak-da, Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asmady. Şeýtanyň mekirlik bilen «agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşyny-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär» diýen sözleri How enäniň gulagyna ýakymly bolup eşidildi (Gel. çyk. 3:5). Eýsem, Adam ata bilen How ene şeýle ýoly saýlap erkin boldularmy? Elbetde, ýok. Olaryň saýlan ýoly Şeýtanyň aýdan zatlaryny bermedi. Aslynda, olar Ýehowanyň görkezmesinden ýüz öwrüp, özbaşdak ýaşaýşy saýlandyklary üçin betbagtçylyga uçrandyklaryna göz ýetirdiler (Gel. çyk. 3:16—19). Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi Ýehowa adamlara ýagşy bilen ýamany erkin saýlamaga ukyp bermedi (Süleýmanyň tymsallary 20:24; Ýermeýa 10:23-nji aýatlary okaň) *.

12 Muny uçarman bilen deňeşdirse bolýar. Ol bellenen ýere sag-aman barmak üçin öňünden taýýarlanylan düzgünlere eýermeli. Häzirki zaman enjamlar uçaryň içindäki gurallary ulanmaga we uçuşa gözegçilik edýän adam bilen habarlaşmaga kömek edýär. Eger uçarman görkezmä eýermän öz islegi boýunça ýol saýlasa, ol heläkçilige uçrap biler. Adam ata bilen How ene öz islegine eýeren uçarman ýaly özbaşdak hereket etdiler. Olar Hudaýyň beren görkezmesini inkär etdiler. Netijede näme boldy? Olar hem özlerine, hem nesillerine günäli we ölüme eltýän ýoly saýlap, heläkçilige uçradylar (Rim. 5:12). Hawa, olar özdiýenlilik edip, hakyky erkinligini ýitirdiler.

HAKYKY ERKINLIGI NÄDIP GAZANYP BILERIS?

13, 14. Biz hakyky erkinligi nädip gazanyp bileris?

13 Adamlar has erkin bolsalar, gowy bolar öýdýärler. Ýöne, aslynda, çäksiz erkin bolmaklygy iki tarapy kesgir gylyja meňzetse bolýar. Elbetde, erkinligiň köp peýdaly taraplary bar. Emma onuň çägi bolmasa, ýer ýüzünde nähili ýaşaýşyň boljakdygyny göz öňüne getirmek hem gorkunç. Bu babatda bir kitapda şeýle diýilýär: «Her bir guramaçylykly hereket edýän jemgyýetiň kanunlary adamlaryň erkinlige we çäklendirmelere bolan garaýşyny has-da ýoýýar» («The World Book Encyclopedia»). «Ýoýýar» diýen söz örän ýerlikli. Adamlaryň çykarýan birgiden kanunlary hakda oýlanyp görüň. Şol kanunlary düşündirýän we gözegçilik edýän aklawjylaryň hem-de kazylaryň köplügi hakda asla gürrüňem ýok.

14 Isa Mesih hakykatdan erkin bolmagyň ýönekeý usulyny görkezdi. Ol: «Eger siz meniň sözümi berjaý etseňiz, hakykatdan-da, meniň şägirdim bolarsyňyz. Siz hakykat barada bilim alarsyňyz, hakykat hem sizi azat eder» diýdi (Ýah. 8:31, 32). Isanyň görkezmesine eýerip, hakyky azatlygy gazanmak üçin iki talaba eýermeli. Birinjiden, onuň öwreden hakykatyny kabul etmeli. Ikinjiden, onuň şägirdi bolmaly. Şonda hakyky azatlygy duýarys. Ol bizi nämeden azat eder? Isa muny şeýle düşündirdi: «Günä edýän adam günäniň guly bolýandyr. Eger Ogul sizi azat etse, hakykatdan-da, azat bolarsyňyz» (Ýah. 8:34, 36).

15. Isanyň wadasy bizi näme üçin «hakykatdan-da azat» edýär?

15 Dogrudan-da, Isanyň şägirtlerine wada beren azatlygy şu günler köp adamlaryň arzuw edýän erkinliginden düýbünden tapawutlanýar. Isa: «Eger Ogul sizi azat etse, hakykatdan-da, azat bolarsyňyz» diýende, adamlaryň «günäniň gulçulygyndan», ýagny has uly gulçulykdan we ejir çekmekden azat boljakdyklaryny göz öňünde tutdy. Günä bizi diňe bir erbet işleri etmäge itermän, eýsem, dogry hasaplaýan ýa-da başarýan gowy işlerimizi etmäge päsgel berýär. Şol sebäpli biz günäniň gullary hasaplanýarys. Günä bolsa lapykeçlige, agyry-ünjä, horluk çekmeklige we ahyrynda ölüme eltýär (Rim. 6:23). Pawlus resul hem şeýle duýgulary başdan geçiripdi (Rimliler 7:21—25-nji aýatlary okaň). Biz diňe günäniň gulçulygyndan doly azat bolanymyzda, Adam ata bilen How enäniňki ýaly hakyky erkinligi gazanyp bileris.

16. Biz nädip «hakykatdan-da azat» bolup bileris?

16 Isanyň: «Eger siz meniň sözümi berjaý etseňiz» diýen sözleri azat bolmak üçin belli bir talaplara eýermelidigini ýa-da çäkleri göz öňünde tutmalydygyny görkezýär. Biz Hudaýa bagyş edilen mesihçiler hökmünde öz isleglerimizden geçdik we Mesihiň taglymatlary boýunça ýaşamagy ýüregimize düwdük (Mat. 16:24). Isanyň wada edişi ýaly, onuň töleg gurbanyň peýdasyny doly görenimizde, hakykatdan-da azat bolarys.

17. a) Durmuşymyzy näme has manyly we kanagatly edýär? b) Indiki makalada nämä serederis?

17 Isanyň taglymatlaryna eýerip ýaşasak, durmuşymyz has manyly hem kanagatly bolýar. Bu bolsa günäniň hem ölümiň gulçulygyndan doly azat bolmaga ýol açýar (Rimliler 8:1, 2, 20, 21-nji aýatlary okaň). Indiki makalada biz hakyky azatlygyň gözbaşy bolan Ýehowa Hudaýy ebedi şöhratlandyryp biler ýaly, erkinligimizi häzirden nädip paýhasly ulanyp biljekdigimize serederis.

^ abzas 6 1 Ýyl ýazgylary 29:11 Beýiklik, güýç-gudrat, şöhrat, ýeňiş hem belentlik Seniňkidir, gökdäki hem ýerdäki zatlaryň hemmesi Seniňkidir; patyşalyk hem Seniňkidir, ýa Reb! Sen ählisinden belentsiň. 12 Baýlyklardyr sylag-hormat Senden gelýär, Sen ählisiniň üstünden höküm sürýärsiň. Güýç hem kuwwat Seniň eliňdedir. Ähli zady belent ýa-da kuwwatly etmek Seniň eliňdedir.

^ abzas 11 Ýermeýa 10:23 Ýa Reb, men ynsanyň ýolunyň öz elinde däldigini, dogry ädim basmagyň ygtyýarynda däldigini bilýärin.