Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Jogapkär doganlar, Timoteosyň göreldesine eýeriň

Jogapkär doganlar, Timoteosyň göreldesine eýeriň

GEÇEN ýyl bütin ýer ýüzünde Ýehowa gulluk edýän müňlerçe doganlar ýygnak ýaşulusy we hyzmatçy edip bellenildi. Eger sizem şol gadyrly doganlaryň biri bolsaňyz, hormatly borjuňyza juda begenýänsiňiz.

Ýöne siz biraz biynjalyk hem bolýansyňyz. Jeýson atly ýaş ýygnak ýaşulusy şeýle diýýär: «Meni ýaşuly edip bellänlerinde, täze borçlarymy nädip ýerine ýetirip bilerkäm diýip, gaty alada edipdim». Ýehowa Musa bilen Ýermeýany pygamber edip bellände, olar hem aladalanypdylar (Müs. çyk. 4:10; Ýer. 1:6). Eger sizem özüňizi şeýle duýýan bolsaňyz, munuň hötdesinden gelmäge we borjuňyzy üstünlikli ýerine ýetirmäge näme kömek eder? Geliň, Timoteosyň göreldesi hakda gürrüň edeliň (Res. iş. 16:1—3).

TIMOTEOSDAN GÖRELDE ALYŇ

Pawlus resul Timoteosa özi bilen missioner gullugyna gitmegi teklip edende, ol ýaňy 20 ýaşlarynda bolan bolmaly. Timoteos ýaş bolandygy üçin başda özüni ynamsyz duýandyr we täze borçlaryny ýerine ýetirmäge ýaýdanandyr (1 Tim. 4:11, 12; 2 Tim. 1:1, 2, 7). Emma şondan ençeme ýyl geçensoň, Pawlus resul Filipidäki ýygnaga ýazan hatynda ol barada şeýle diýdi: «Eger Halypamyz Isa islese, men tizden ýanyňyza Timoteosy ibererin... Sebäbi siz hakda onuň ýaly ýürekden alada etjek başga adam ýokdur» (Flp. 2:19, 20).

Eýsem, Timoteosa göreldeli ýaşuly bolmaga näme kömek etdikä? Geliň, ondan nädip görelde alyp biljekdigimiziň alty usulyna seredeliň.

1. Ol adamlaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Pawlus resul Filipidäki doganlara: «(Timoteos) siz hakda... ýürekden alada eder» diýdi (Flp. 2:20). Dogrudan-da, Timoteos başgalaryň aladasyny edýärdi. Ol adamlaryň ruhy zerurlyklary barada ýürekden gyzyklanýardy, olar üçin hatda öz isleginden geçmäge-de taýyndy.

Siz ýolagçylaryň aladasyny etmän, bellenen ýerine wagtynda barjak bolýan sürüjä meňzemejek boluň. 20 ýyldan gowrak ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýän Uilýam täze borçlary alan doganlara şeýle maslahat berýär: «Dogan-uýalary söýüň. Işiň guramaçylykly tarapyna köp üns berip, olaryň zerurlyklaryny gözden salmaň».

2. Ol ruhy zatlary birinji ýerde goýýardy. Pawlus resul Timoteosy mysal getirenden soň: «Başgalar Isa Mesihiň däl-de, öz bähbidini gözleýärler» diýdi (Flp. 2:21). Pawlus bu hatyny Rimde wagty ýazypdy we şol ýerdäki doganlaryň öz bähbitlerine çapýandyklaryny görýärdi. Dogrudan-da, olaryň ruhy işlere bolan yhlasy biraz gowşapdy. Ýöne Timoteos beýle däldi. Hoş habary köpräk wagyz etmäge mümkinçilik dörände, ol şu sözleri aýdan Işaýa pygamberiňki ýaly garaýşynyň bardygyny görkezdi: «Ine, men; meni iber!» (Iş. 6:8).

Siz şahsy we ýygnakdaky borçlaryňyz babatda nädip paýhasly bolup bilersiňiz? Birinjiden, wajyp zatlary ileri tutuň. Pawlus resul: «Iň wajyp zatlara düşüniň» diýip ündedi (Flp. 1:10). Hudaýyň wajyp hasaplaýan zatlaryny siz hem wajyp saýyň. Ikinjiden, sada ýaşaň. Wagtyňyzy hem güýjüňizi alýan zatlardan gaça duruň. Pawlus resul Timoteosa: «Ýaşlyk höweslerinden gaça dur,.. dogrulyga, imana, söýgä we parahatlyga ymtyl» diýip maslahat berdi (2 Tim. 2:22).

3. Ol mukaddes gullugy yhlasly berjaý edýärdi. Pawlus Filipidäki mesihçilere: «Siz (Timoteosyň) hoş habary ýaýratmakda meniň ýanymda bolup, kakasynyň ýanyndaky çaga kimin gulluk edendigini bilýänsiňiz» diýip ýatlatdy (Flp. 2:22). Hawa, Timoteos ýalta däldi. Ol Pawlus bilen eginme-egin işleşip, arasyndaky dostlugyny has-da berkitdi.

Şu günlerem Hudaýyň guramasynda etmeli işler az däl. Bu iş, hakykatdanam, göwnüňi göterýär we dogan-uýalary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Şonuň üçin «Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekmegi» maksat ediniň (1 Kor. 15:58).

4. Ol öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanýardy. Pawlus Timoteosa: «Sen welin öwreden zatlaryma, ýaşaýşyma, maksadyma, imanyma, sabyrlylygyma, söýgime we çydamlylygyma doly eýerýärsiň» diýip ýazdy (2 Tim. 3:10). Timoteos öwrenýän zatlaryny durmuşynda ulanýandygy üçin has hormatly borçlary ýerine ýetirmäge mynasyp boldy (1 Kor. 4:17).

Siziň ruhy taýdan ösen we tejribeli dostuňyz barmy? Eger ýok bolsa, onda şeýle dost edinseňiz, gowy bolmazmy? Köp ýyldan bäri ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýän Tom şeýle diýýär: «Tejribeli ýaşuly meniň bilen içgin gyzyklanyp, köp zatlary öwretdi. Men maslahat üçin ýygy-ýygydan oňa ýüz tutýardym we aýdanlaryny ýerine ýetirýärdim. Şeýdip, meniň ýuwaş-ýuwaşdan özüme bolan ynamym artyp başlady».

5. Ol özüni türgenleşdirýärdi. Pawlus Timoteosa: «Hudaýa wepaly bolmagy maksat edinip, oňa ýeter ýaly, özüňi türgenleşdir» diýip maslahat berdi (1 Tim. 4:7). Türgeniň ýörite tälimçisi bolsa-da, onuň özi hem türgenleşip durmaly. Pawlus bu babatda Timoteosa: «Ýygnakda okamagyňy, öwüt-ündew bermegiňi we öwretmegiňi dowam et... Bu zatlar barada oýlan; oňa bar ünsüňi ber, şonda hemmeler seniň ruhy taýdan ösen mesihçi bolandygyňy görerler» diýdi (1 Tim. 4:13—15).

Siz hem ukyplaryňyzy artdyrmaly. Ruhy taýdan gowşamagyňyza ýa-da guramamyzyň berýän soňky görkezmelerini ünsden düşürmegiňize sebäp bolýan zatlardan gaça duruň. Şeýle-de özüňize bil baglamakdan, ýagny tejribäňize buýsanyp, «çuňňur gözleg geçirmesem-de, islendik meseläni çözmegi başararyn» diýen pikirden ägä boluň. Timoteosyň göreldesine eýerip, «ýaşaýşyňyza we öwredişiňize hemişe ünsli boluň» (1 Tim. 4:16).

6. Ol Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegine bil baglaýardy. Timoteosyň gullugy barada oýlanyp, Pawlus resul oňa: «Özüňe ynanylan gymmatly zatlary mukaddes ruhuň kömegi bilen gora» diýip ýatlatdy (2 Tim. 1:14). Timoteos gullugyny goramak üçin Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegine bil baglamalydy.

Ençeme ýyl bäri ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýän Donald dogan şeýle diýýär: «Jogapkär doganlar Hudaý bilen dostlugyny gymmat saýmaly. Şeýle edýän adamlar gün-günden ruhy taýdan berkeýärler. Eger olar Hudaýdan mukaddes ruhuny diläp, ruhuň miwesini ösdürmek üçin tagalla etseler, dogan-uýalar üçin uly bereket bolar» (Zeb. 84:7; 1 Pet. 4:11).

HORMATLY BORJUŇYZY GYMMAT SAÝYŇ

Ruhy taýdan ösüp, siziň ýaly ýaşuly we hyzmatçy edip bellenen ençeme doganlary görmek diýseň ruhlandyrýar. Ýokarda agzalan Jeýson dogan şeýle diýýär: «Ýaşuly bellenenim bäri, men köp zatlary öwrendim we özüme bolan ynamym artdy. Men ýerine ýetirýän borçlaryma örän begenýärin we muňa ajaýyp sylag hökmünde garaýaryn!»

Siz ruhy taýdan ösmek üçin mundan beýläk hem tagalla edersiňizmi? Timoteosyň göreldesine eýermegi maksat ediniň. Şonda siz Hudaýyň halky üçin hakyky sowgat bolarsyňyz!