ÖWRENILÝÄN MAKALA 16
Ölüm baradaky hakykat teselli berýär
«Biz ylhamly sözüň hakykatdygyny ýa-da ýalandygyny tapawutlandyryp bilýäris» (1 Ýah. 4:6).
137-NJI AÝDYM Bize batyrgaýlyk ber
MAKALANYŇ MAZMUNY *
1, 2. a) Şeýtan adamlary nädip aldaýar? b) Biz şu makalada nämä serederis?
ŞEÝTAN «ýalanyň atasy»; adamzat ýaradylany bäri, ol adamlary aldap gelýär (Ýah. 8:44). Onuň ýaýradýan ýalan öwretmeleriniň arasynda ölüm we ölümden soňky ýaşaýyş diýen düşünjeler hem bar. Şol ýalan taglymatlar giňden ýaýran ençeme däp-dessurlaryň döremegine getirdi. Netijede, maşgala agzalaryndan ýa-da başga biri aradan çykanda, dogan-uýalaryň köpüsi «imany üçin gaýduwsyz göreş alyp barmaly» bolýar (Ýahd. 3).
2 Sizem şeýle kynçylyklara uçraýan bolsaňyz, Mukaddes Ýazgylardan öwrenen ölüm baradaky hakykatyňyza berk eýermäge näme kömek eder? (Efes. 6:11). Käbir imandaşlarymyzyň dogan-garyndaşlary olary Hudaýa ýaramaýan däp-dessurlara gatnaşdyrjak bolýarlar. Siz olara nädip teselli hem goldaw berip bilersiňiz? Şu makalada Ýehowanyň bize nädip kömek edýändigi hakda gürrüň ederis. Ýöne başda, geliň, Mukaddes Ýazgylarda ölüm barada näme diýilýändigini bileliň.
ÖLEN ADAMLAR NÄHILI ÝAGDAÝDA?
3. Ilkinji ýalanyň netijesi nähili boldy?
3 Hudaý adamlaryň ölmegini islemeýärdi. Emma ebedi ýaşamak üçin Adam ata bilen How ene Ýehowa we onuň «ýagşyny-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň» diýen ýönekeýje tabşyrygyna gulak asmalydy (Gel. çyk. 2:16, 17). Soňra Şeýtan olary aldady. Ol ýylany ulanyp, How enä: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz» diýdi. Gynansak-da, How ene bu ýalana ynanyp, miweden iýdi. Soňra adamsyna hem berdi (Gel. çyk. 3:4, 6). Şeýdip, ähli adamlara günä we ölüm geçdi (Rim. 5:12).
4, 5. Şeýtan nädip adamlary aldamagyny dowam edýär?
4 Hudaýyň aýdyşy ýaly, Adam ata bilen How ene öldi. Emma Şeýtan ölüm barada ýalan zatlary ýaýratmagyny bes etmedi. Biraz wagtdan ol ölüm bilen bagly başga-da ýalan zatlary ýaýradyp başlady. Şeýtanyň ýalan öwretmeleriniň biri, adam ölensoň, onuň ruhy ýaşamagyny dowam edýär. Bu ýalana häzire çenli sansyz-sajaksyz adamlar aldanyp gelýär (5 Näme üçin şeýle köp adam Şeýtanyň aldawyna düşýärkä? Sebäbi Şeýtan ölümiň bize nähili täsir edýändigini bilýär we muny bizi aldamak üçin ulanýar. Biz ebedi ýaşamak üçin ýaradyldyk, şol sebäpli hiç birimiziň ölesimiz gelmeýär (Wag. 3:11). Ine, şonuň üçinem ölüme duşmanymyz hökmünde garaýarys (1 Kor. 15:26).
6, 7. a) Şeýtana ölüm baradaky hakykaty gizlemek başartdymy? Düşündiriň. b) Ýazgylardaky hakykat ölüm gorkusyny ýeňmäge nädip kömek edýär?
6 Şeýtan adamlary aldamak üçin näçe jan etse-de, ölüm baradaky hakykat gizlin galmady. Häzir köp adamlar Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty, ýagny ölen adamlaryň nähili ýagdaýdadygyny we olar üçin nähili umydyň bardygyny bilýär hem-de bu hakda wagyz edýär (Wag. 9:5, 10; Res. iş. 24:15). Şeýle hakykatlar bize teselli berýär we ölüm gorkusyny ýeňmäge kömek edýär. Meselem, aradan çykan ýakynlarymyz bize zyýan ýetirer ýa-da olara bir zat bolar öýdüp gorkmaýarys. Sebäbi biz ölen adamlaryň ýaşamaýandygyny we bize hiç hili zyýan ýetirip bilmeýändigini bilýäris. Aslynda, olar edil süýji ukuda ýatan adam ýaly hiç zady bilmeýär (Ýah. 11:11—14). Şeýle-de ölen adamlar wagtyň nädip geçýändigini bilmeýärler. Hatda ýüzlerçe ýyl mundan öň aradan çykan adamlar direlende, olar üçin wagt göz-açyp ýumasy salymda geçen ýaly bolar.
7 Siz ölüm baradaky hakykatyň aýdyň, ýönekeý we akyla laýyk gelýändigi bilen razylaşýarsyňyzmy? Bu Şeýtanyň ýaýradýan ýalan öwretmelerinden düýpgöter tapawutlanýar. Aslynda, şol ýalan zatlar diňe bir adamlary aldawa salman, Ýaradyjymyzyň adyna ysnat getirýär. Şeýtanyň ýaýradýan ýalanlarynyň nähili zyýan ýetirýändigine gowy düşünmek üçin, geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň: Şeýtanyň ýaýradýan ýalanlary Ýehowanyň adyna nädip ysnat getirýär? Şol ýalanlar adamlary Mesihiň töleg gurbanyna iman etmegiň hökman däldigine nädip ynandyrjak bolýar? Olar adamlaryň gaýgy-hasratyny we jebir-jepasyny nädip hasam artdyrýar?
ŞEÝTANYŇ ÝAÝRADÝAN ÝALANLARYNYŇ ZYÝANY
8. Ýermeýa 19:5-e görä Şeýtanyň ölüm barada ýaýradýan zatlary nädip Ýehowanyň adyna ysnat getirýär?
8 Ýehowanyň adyna ysnat getirýär. Şeýtanyň ýaýradýan ýalan öwretmelerine ölen adamlaryň dowzah odunda gynalýandygy baradaky taglymat hem degişli. Şeýle ýalan öwretmeler Hudaýyň adyna ysnat getirýär. Nädip? Şol taglymatlar söýgüden doly Hudaýy Şeýtan Iblis ýaly zalym edip görkezýär (1 Ýah. 4:8). Eýsem, şeýle ýalan zatlar size nähili täsir edýär? Iň esasy zat bu Ýehowa nähili täsir edýär? Aslynda, Ýehowa zalymlygyň islendik görnüşini ýigrenýär (Ýermeýa 19:5-i okaň) *.
9. Şeýtanyň ýaýradýan ýalan zatlary Mesihiň töleg gurbanyna bolan imanymyza nähili täsir edýär?
9 Adamlaryň töleg gurbanyna mätäç däldigine ynandyrjak bolýar (Mat. 20:28). Şeýtanyň ýaýradýan ýalan zatlarynyň ýene biri, ölmeýän jan baradaky taglymat. Eger bu taglymat hakykat bolsa, onda hemme adamlar baky ýaşardy we Mesihe biziň üçin janyny töleg hökmünde bermek hem gerek bolmazdy. Ýöne Mesihiň töleg gurbanynyň adamzat maşgalasyna görkezilen iň güýçli söýgüdigini unutmalyň (Ýahýa 3:16; 15:13-nji aýatlary okaň). Şeýle gymmatly sowgadyň gerek däldigi barada eşidende, Ýehowa bilen Isanyň özüni nähili duýýandygyny göz öňüne getiriň!
10. Şeýtanyň ölüm barada ýaýradýan ýalan zatlary adamlaryň gaýgy-hasratyny we jebir-jepasyny nädip artdyrýar?
10 Adamlaryň gaýgy-hasratyny we jebir-jepasyny artdyrýar. Käbir adamlar çagasynyň ölümi sebäpli hasrat çekýän ene-atalara: «Hudaý çagaňyzy gökde perişde gerek bolandygy üçin öz ýanyna aldy» diýýärler. Şeýtanyň bu ýalany adamyň derdini ýeňledýärmi ýa-da onuň derdine dert goşýar? Öňler dowzah ody baradaky ýalan taglymata esaslanyp, buthananyň öwretmelerine garşy çykýan adamlary gynaýardylar, käte bolsa otda ýakýardylar. Ispanlaryň bir kitabyna görä, şeýle zalymlyga jogapkär adamlar jezalandyrylýanlara ölmezden öň toba edip, dowzah odundan gutulyp biler ýaly, olara «dowzah odunyň tagamyny datmaga» mümkinçilik berýäris diýip ynanýardylar. Häzirem köp ýurtlarda adamlar ölen ata-babalaryna sežde edýärler, olara hormat bilen garap, ak pata dileýärler. Başgalar bolsa ata-babalarynyň ruhuny razy etjek bolup, hepdäniň belli bir günleri zat bişirip paýlaýarlar. Gynansak-da, Şeýtanyň ýalanlaryna esaslanan şeýle dini ynançlar adamlara hakyky tesellini bermeýär. Gaýtam, olaryň derdini hasam köpeldip, gorkuda ýaşamaga iterýär.
ÖLÜM BARADAKY HAKYKATA BERK ÝAPYŞYŇ
11. Dogan-garyndaşlarymyz ýa-da dost-ýarlarymyz Hudaýyň Sözünde aýdylýan zatlara garşy gitmäge nädip iterip biler?
11 Dogan-garyndaşlarymyz ýa-da dost-ýarlarymyz Ýazgylara esaslanmaýan dini däp-dessurlara gatnaşdyrjak bolanlarynda, Hudaýa we onuň Sözüne bolan söýgümiz Ýehowa gulak asmaga güýç berer. Olar bize «siz bizi söýmeýärsiňiz, sylamaýarsyňyz» ýa-da «özüňizi alyp barşyňyz bilen merhumyň ýagdaýyny hasam kynlaşdyrýarsyňyz» diýmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda biz Mukaddes Ýazgylardaky hakykata nädip eýerip bileris? Geliň, Ýazgylardaky prinsiplere nädip eýerip biljekdigimize seredeliň.
12. Ölüm bilen bagly haýsy däp-dessurlar Ýazgylara esaslanmaýar?
12 Ýazgylara esaslanmaýan dini däp-dessurlara goşulmaň (2 Kor. 6:17). Karib adalarynda ýaşaýan adamlaryň köpüsi adam ölensoň «ruhunyň» ýaşaýandygyna we gaharyny getirýän adamlary jezalandyrýandygyna ynanýarlar. Bir kitapda ölen adamyň «ruhunyň» «köpçülige zyýan ýetirip» bilýändigi aýdylýar. Afrikanyň käbir ýerlerinde bolsa, ölen adam aýnada özüni görmesin diýip, öýdäki ýüz görülýän aýnalaryň ýüzüni ýapýarlar we ölen adamyň suratlaryny tersine öwrüp goýýarlar. Ýehowanyň gullukçylary hökmünde biz şeýle zatlara ynanmaýarys we Şeýtanyň ýaýradýan ýalan zatlary esasynda dörän dini däp-dessurlara asla goşulmaýarys (1 Kor. 10:21, 22).
13. Ýakup 1:5-e görä haýsydyr bir däp-dessur barada anyk bilmeýän bolsaňyz näme edip bilersiňiz?
13 Haýsydyr bir däp-dessuryň Hudaýyň islegine laýyk gelýändigini ýa-da gelmeýändigini bilmeýän bolsaňyz, Ýehowadan akyldarlyk diläp doga ediň (Ýakup 1:5-i okaň). Soňra edebiýatlarymyzdan gözleg geçiriň. Gerek bolsa, ýygnak ýaşulularyňyzdan maslahat soraň. Elbetde, olar size derek karara gelmez, ýöne Ýazgylardaky prinsiplere eýermäge kömek eder. Eger siz şu ädimleri ätseňiz, «aň-düşünjäňizi ýagşy we ýamany saýgarmaga öwrenişdirersiňiz» (Ýew. 5:14).
14. Başgalary büdretmekden nädip gaça durup bileris?
14 «Hemme zady Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň... (hiç kimiň) büdremegine sebäp bolmaň» (1 Kor. 10:31, 32). Haýsydyr bir däp-dessura gatnaşmakçy bolanymyzda, gelýän kararymyzyň başgalara, esasan-da, imandaşlarymyza nähili täsir etjekdigi barada oýlansak gowy bolar. Biz hiç kimiň büdremegine sebäp bolmak islemeýäris (Mar. 9:42). Şeýle-de Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlaryň göwnüne degmekden gaça durýarys. Adamlara bolan söýgi olar bilen gepleşenimizde, garaýşyna hormat goýmaga höweslendirýär. Bu bolsa Ýehowa şöhrat getirer. Söýgi bildirmegiň adamlara güýçli täsir edýändigini unutmalyň! Eger şeýtsek, hatda bize garşy çykýan adamlaryň hem ýüregini ýumşadyp bileris.
15, 16. a) Näme üçin ynanýan zatlarymyz barada başgalara aýtmak paýhasly? Mysal getiriň. b) Biz Pawlusyň Rimliler 1:16-daky sözlerine nädip eýerip bileris?
15 Ýehowanyň Şaýadydygyňyzy asla gizlemäň (Iş. 43:10). Dogan-garyndaşlaryňyz we goňşularyňyz Ýehowa Hudaýa sežde edýändigiňizi bilseler, kynçylyga uçranyňyzda, olara döz gelmek aňsat bolar. Mozambikde ýaşaýan Fransisko şeýle diýýär: «Aýalym Karolina ikimiz hakykaty bilenimizde, dogan-garyndaşlarymyza indi ölülere sežde etmejekdigimizi aýtdyk. Karolinanyň aýal dogany aradan çykanda, biziň imanymyz synaldy. Ýerli däbe görä, öliniň jesedini ýuwýardylar. Soňra ýakyn garyndaşlarynyň biri jesediň ýuwlan ýerinde üç günläp ýatmalydy. Bu öliniň ruhuny razy etmek üçin edilýärdi. Karolinanyň maşgalasyndakylar şol ýerde onuň ýatmagyny isleýärdiler».
16 Fransisko doganymyz we onuň aýaly bu ýagdaýda näme etdiler? Fransisko şeýle gürrüň berýär: «Biz Ýehowany söýýändigimiz we ony razy etmek isleýändigimiz üçin bu däbe goşulmadyk. Karolinanyň maşgalasyndakylaryň muňa gaty gahary geldi. Olar bize ölen adama hormat goýmaýandygymyzy aýdyp, mundan beýläk biziň bilen gatnaşmajakdyklaryny we kömek etmejekdiklerini aýtdylar. Biz olara öň dini ynançlarymyz barada düşündiripdik. Şonuň üçin olar gaharly bolansoň, bu barada gürrüň etmedik. Emma olaryň käbiri öň garaýşymyzy düşündirendigimizi aýdyp, biziň tarapymyzy tutdular. Birnäçe wagtdan Karolinanyň dogan-garyndaşlary köşeşdiler. Şeýdip, biz parahatlygy saklap bildik. Olaryň käbiri hatda öýümize gelip, edebiýat bermegi haýyş etdiler». Geliň, ölüm baradaky hakykaty goramaga hiç haçan utanmalyň (Rimliler 1:16-ny okaň).
HASRAT ÇEKÝÄNLERE TESELLI HEM GOLDAW BERIŇ
17. Hasrat çekýän imandaşymyza hakyky dost bolmaga näme kömek eder?
17 Dogan-uýalardan biri ýakynyny ýitirende, biz «her wagt söýýän... aladaly gün üçin doglan» hakyky dost bolmaga çalyşýarys (Sül. tym. 17:17). Käbir dogan-uýalar diňe bir ýakynynyň ölümi sebäpli hasrat çekmän, Hudaýa ýaramaýan däp-dessurlara gatnaşmajak bolup göreşýärler. Biz olary nädip goldap bileris? Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler hakyky dost bolmaga kömek edýär. Geliň, olaryň ikisine seredeliň.
18. Isa näme üçin aglady we biz mundan näme öwrenýäris?
18 «Aglaýanlar bilen aglaň» (Rim. 12:15). Käte hasrat çekýän adamy köşeşdirmek üçin näme diýjegimizi bilmeýäris. Emma gözýaşlarymyz aýdýan sözlerimizden has güýçli täsir edýär. Isanyň ýakyn dosty Lazar aradan çykanda, onuň aýal doganlary Merýem bilen Marta we beýleki adamlar gynanyp agladylar. Dört günden soň, şol ýere Isa-da bardy. Ol Lazary direltjekdigini bilse-de, aglady (Ýah. 11:17, 33—35). Onuň gözýaşlary Atasynyň duýgularyny aýan edýärdi. Şeýle-de bu Isanyň şol maşgalany ýürekden söýýändigini görkezýärdi. Bu bolsa Merýem bilen Martany gürrüňsiz berkidendir. Şonuň ýaly bizem dogan-uýalara ýürekden söýgimizi bildirenimizde we aladasyny edenimizde, olar özleriniň ýeke däl-de, ýanynda aladaçyl hem-de hemişe goldamaga taýyn dostlarynyň bardygyny duýýarlar.
19. Imandaşymyza teselli berenimizde Wagyz kitaby 3:7-däki maslahata nädip eýerip bileris?
19 «Dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty» (Wag. 3:7). Hasrat çekýän imandaşlarymyza teselli bermegiň ýene bir usuly, olary ünsli diňlemeli. Imandaşyňyza ýüregini dökmäge ýol beriň we «oýlanyşyksyz gepleri» üçin ony ýazgarmaň (Eýp. 6:2, 3). Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlarynyň garşylyklary sebäpli olar duýgy taýdan ejir çekmegi mümkin. Şol sebäpli olar bilen bile doga ediň. Olary berkidip, dury pikirlenmäge kömek etmegi üçin «dogalary eşidýän» Hudaýa ýalbaryň (Zeb. 65:2). Ýerlikli bolsa, bile Mukaddes Ýazgylary ýa-da edebiýatlarymyzdan ruhlandyryjy makalalary, meselem, dogan-uýalaryň terjimehalyny okaň.
20. Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?
20 Ölüm we gabyrda ýatan adamlaryň gelejekde direljekdigi baradaky hakykaty bilmek örän uly hormat (Ýah. 5:28, 29). Şonuň üçin, geliň, Mukaddes Ýazgylardaky hakykata sözde we iş ýüzünde batyrgaýlyk bilen eýermegimizi hem-de her bir mümkinçilikden peýdalanyp, ony başgalara hem gürrüň bermegimizi dowam edeliň. Indiki makalada adamlary ruhy tümlükde saklamak üçin Şeýtanyň ulanýan ýene bir usuly bolan jadygöýlik hakda gürrüň ederis. Biz jadygöýlik bilen bagly işlerden we jynlaryň taglymaty bilen zäherlenen dynç alşyň görnüşlerinden näme üçin gaça durmalydygymyza serederis.
16-NJY AÝDYM Patyşalygyň tarapyna geçiň
^ abzas 5 Şeýtan we onuň jynlary ölüler barada her hili ýalan zatlary ýaýradyp, adamlary aldaýar. Şeýdip, Ýazgylara esaslanmaýan ençeme däp-dessurlar döredi. Şu makaladaky pikirler dogan-garyndaşlarymyz ýa-da başga adamlar bizi şeýle däp-dessurlara gatnaşdyrjak bolanda, Ýehowa wepaly galmaga kömek eder.
^ abzas 8 Ýermeýa 19:5 Çagalaryny otda ýakyp, Bagal butuna ýakma gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin seždegähler gurdular. Men olara beýle işi buýurmandym, aýtmandym, beýle zat kelläme-de gelmändi.
^ abzas 56 SURATLAR: Bir mesihçi är-aýal ýakynyny ýitiren garyndaşyna teselli berýär.
^ abzas 58 SURATLAR: Bir dogan edebiýatlarymyzdan gözleg geçirip, dogan-garyndaşlaryna ýumşaklyk bilen garaýşyny düşündirýär.
^ abzas 60 SURATLAR: Ýygnak ýaşululary ýakynyny ýitiren dogana göwünlik hem teselli berýär.