Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 17

Ýehowanyň kömegi bilen zalym ruhlara garşy duruň

Ýehowanyň kömegi bilen zalym ruhlara garşy duruň

«Biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, gökdäki zalym ruhlara... garşydyr» (Efes. 6:12).

33-NJI AÝDYM Olardan gorkmaň!

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Efesliler 6:10—13-nji aýatlara görä Ýehowanyň söýgi bilen aladamyzy edýändigi nämeden görünýär? Düşündiriň.

ÝEHOWA gullukçylarynyň söýgi bilen aladasyny edýär. Meselem, ol bize duşmanlarymyza garşy durmaga kömek edýär. Şeýtan we zalym ruhlar biziň esasy duşmanymyz. Ýehowa bu duşmanlaryň nädip hüjüm edýändigini duýdurýar we olardan nädip goranmalydygyny öwredýär (Efesliler 6:10—13-nji aýatlary okaň). Eger biz Ýehowanyň kömegini kabul edip, Oňa doly bil baglasak, Şeýtana garşy söweşde ýeňiş gazanyp bileris. Bizem özümizi «Hudaý biziň tarapymyzda bolsa, kim bize garşy çykar?» diýen Pawlus resul ýaly ynamly duýup bileris (Rim. 8:31).

2. Biz şu makalada nämä serederis?

2 Biz, mesihçiler Şeýtanyň we jynlaryň edýän işlerine känbir üns bermeýäris. Gaýtam, bar ünsümizi jemläp, Ýehowany ýakyndan tanamaga we oňa gulluk etmäge jan edýäris (Zeb. 25:5). Ýöne biz Şeýtanyň gurýan duzagyna düşmez ýaly, onuň ulanýan esasy usullaryny bilmeli (2 Kor. 2:11). Biz şu makalada Şeýtanyň we jynlaryň adamlary aldamak üçin ulanýan esasy usullarynyň birine serederis. Şeýle-de olara nädip garşy durup biljekdigimizi bileris.

ZALYM RUHLAR ADAMLARY NÄDIP ALDAÝAR?

3, 4. a) Jadygöýlik näme? b) Jadygöýligiň giňden ýaýrandygy nämeden görünýär?

3 Şeýtan we zalym ruhlar adamlary, esasan, jadygöýlik arkaly aldaýar. Jadygöýlik bilen meşgullanýan adamlar başga adamlaryň bilmeýän ýa-da başarmaýan zatlaryny bilýändigine we başarýandygyna ynanýarlar. Meselem, käbir adamlar pal atyp ýa-da täleýnama arkaly gelejegi bilýändigini aýdýarlar. Başgalar bolsa ölen adamlar bilen gepleşýändigine ynandyrjak bolýarlar. Käbirleri bolsa jadygöýlik we gözbagçylyk bilen meşgullanyp, beýleki adamlary dogalaýarlar *. Ýöne bu zatlar Hudaýdan däl.

4 Jadygöýlik şu günler köp ýerlerde giňden ýaýran. Geçirilen barlaglara görä, Latyn Amerikanyň 18 ýurdunda we Karib adalarynda ýaşaýan adamlaryň üçden biri gözbagçylyk, palçylyk we jadygöýlik bilen meşgullanýar. Şonça adam hem ruhlar bilen aragatnaşyk saklap bolýandygyna ynanýar. Afrikanyň 18 ýurdunda geçirilen başga bir barlaga görä bolsa, ortaça ilatyň ýarysyndan köpüsi palçylyga ynanýar. Biz nirede ýaşasak-da, jadygöýlikden gaça durmaly. Sebäbi Şeýtan «ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny aldaýar» (Ylh. 12:9).

5. Ýehowa jadygöýlige nähili garaýar?

5 Ýehowa «hakykat Hudaýy» (Zeb. 31:5). Ol jadygöýlige nähili garaýar? Ýehowa muny ýigrenýär. Hudaý ysraýyllylara şeýle diýdi: «Siziň araňyzda hiç kim ogluny ýa-da gyzyny oda ýakyp, gurbanlyk bermesin. Palçylyk etmäň, müneçjim ýa-da bilgiç bolmaň, jadygöýlik etmäň. Şeýle hem, hiç biriňiz gözbagçylyk edip, arwah-jynlar ýa-da ruhlar bilen maslahatlaşmaň, ýa-da çözgüdiň jogabyny ölülerden gözlemäň. Çünki bu işleri edýänler Reb üçin nejisdir» (Kan. tag. 18:10—12). Elbetde, mesihçiler Ýehowanyň ysraýyl halkyna beren Kanunyna görä ýaşamaýar. Emma biz Hudaýyň jadygöýlige bolan garaýşynyň üýtgemändigine düşünýäris (Mal. 3:6).

6. a) Şeýtan jadygöýligi nädip ulanýar? b) Wagyz kitaby 9:5-e görä ölen adamlar nähili ýagdaýda?

6 Ýehowa bize jadygöýlik bilen meşgullanmagyň howpludygyny duýdurýar. Sebäbi ol Şeýtanyň jadygöýlik arkaly adamlary aldaýandygyny bilýär. Şeýtan jadygöýligi ulanyp ýalan zatlary, şol sanda adam ölensoň, başga bir ýerde ýaşamagyny dowam edýär diýen ýalan düşünjäni ýaýradýar (Wagyz kitaby 9:5-i okaň) *. Şeýle-de ol muny adamlary gorkuda saklamak we olary Ýehowadan daşlaşdyrmak üçin ulanýar. Şeýtanyň maksady jadygöýlik bilen meşgullanýan adamlary Ýehowa däl-de, zalym ruhlara bil baglamaga itermek.

ZALYM RUHLARA NÄDIP GARŞY DURUP BILERIS?

7. Ýehowa bize näme öwredýär?

7 Ýokarda aýdylyşy ýaly, Ýehowa bize Şeýtanyň we jynlaryň täsirine düşmezligimiz üçin näme etmelidigini öwredýär. Geliň, Şeýtanyň we jynlaryň täsirine garşy durmak üçin käbir peýdaly maslahatlara seredeliň.

8. a) Zalym ruhlara garşy durmagyň iň gowy usuly näme b) Zebur 146:4-däki sözler Şeýtanyň ölüm baradaky ýalanlaryny nädip paş edýär?

8 Hudaýyň Sözüni okaň we oýlanyň. Bu zalym ruhlaryň ýaýradýan ýalan zatlaryna garşy durmagyň iň gowy usuly. Hudaýyň Sözi edil ýiti gylyç ýaly Şeýtanyň ýaýradýan ýalan taglymatlaryny kesip taşlaýar (Efes. 6:17). Meselem, Hudaýyň Sözünde ölen adamlaryň diriler bilen hiç hili gatnaşyk saklamaýandygy aýdylýar (Zebur 146:4-i okaň). Şeýle-de ol bize gelejegi diňe Ýehowanyň bilýändigini ýatladýar (Iş. 45:21; 46:10). Eger Hudaýyň Sözüni her gün okap oýlansak, zalym ruhlaryň bizi aldawa salmak üçin ýaýradýan ýalan zatlaryny ýigrenip we olara garşy durup bileris.

9. Biz jadygöýlik bilen bagly nähili işlerden gaça durmaly?

9 Jadygöýlik bilen bagly islendik zatdan gaça duruň. Biz, mesihçiler hiç haçan jadygöýlik bilen meşgullanmaýarys. Mysal üçin, ruhlary çagyrýan adamlardan kömek soramaýarys ýa-da ölen adamlar bilen gürleşmek üçin başga usullary gözlemeýäris. Geçen makalada aýdylyşy ýaly, ölüm bilen bagly däp-dessurlardan, ýagny adam ölende başga ýerde ýaşaýar diýen dini ynançlardan gaça durýarys. Şeýle-de gelejegi bilmek üçin täleýnama ulanmaýarys we pal atdyrmaýarys (Iş. 8:20). Biz bu zatlaryň ählisi bilen meşgullanmagyň howpludygyny we bularyň Şeýtan we jynlar bilen gös-göni gatnaşyk saklamaga iterýändigini bilýäris.

I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýerip, jadygöýlik bilen bagly zatlaryň ählisini ýok ediň (10—12-nji abzaslara serediň)

10, 11. a) I asyrdaky käbir mesihçiler hakykaty bilende näme etdiler? b) 1 Korinfliler 10:21-e görä biz olardan näme üçin görelde almaly we muny nädip edip bileris?

10 Jadygöýlik bilen bagly zatlaryň ählisini ýok ediň. I asyrdaky Efes şäherinde ýaşan käbir adamlar jadygöýlik bilen meşgullanýardy. Emma olar hakykaty bilende, aýgytly hereket etdiler. Mukaddes Ýazgylarda: «Jadygöýlik bilen meşgullanýan adamlaryň köpüsi kitaplaryny getirip, hemmeleriň öňünde ýakdylar» diýilýär (Res. iş. 19:19). Olar zalym ruhlara garşy durmagyň wajypdygyna düşünýärdiler. Olaryň jadygöýlik bilen bagly kitaplary gaty köp pula durýardy. Emma şol kitaplary satmagyň ýa-da başgalara bermegiň deregine, olary ýok etdiler. Kitaplaryň bahasy näçe gymmat bolsa-da, olar Ýehowany razy etmek isleýändigi üçin olardan geçdiler.

11 Biz olardan nädip görelde alyp bileris? Jadygöýlik bilen bagly zatlaryň ählisini ýok etsek, paýhasly bolar. Muňa alaja, gözmonjuk, doga-tumar we zalym ruhlardan goranmak üçin dakynylýan ýa-da öýüňde saklanylýan zatlar degişli (1 Korinfliler 10:21-i okaň).

12. Saýlaýan dynç alşymyz bilen bagly özümize nähili soraglary bermeli?

12 Dynç almak üçin saýlaýan zatlaryňyza ünsli boluň. Özümize şu soraglary berip bileris: «Men jadygöýlik bilen bagly kitaplary, žurnallary ýa-da Internetde makalalary okaýarynmy? Diňleýän aýdymlarymda, görýän filmlerimde we telegepleşiklerimde ýa-da oýnaýan wideo oýunlarymda jadygöýlik bilen bagly zatlar barmy? Ýa-da dynç almak üçin saýlaýan başga zatlarymda jadygöýlik bilen bagly zatlar barmy? Görýän zatlarymda wampirler, zombiler we zalym ruhlar görkezilýärmi? Olarda birini dogalamak, jadylamak ýa-da başga usul bilen zyýan ýetirmek üçin ulanylýan zatlar barmy?» Elbetde, dynç alşyň ähli görnüşinde jadygöýlik bilen bagly zatlar bar diýip bolmaýar. Emma dynç almak üçin bir zat saýlanyňyzda, Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryndan gaça durmagy berk ýüregiňize düwüň. Biz «Hudaýyň... öňünde päk ynsaby saklamak» üçin elimizde baryny edesimiz gelýär (Res. iş. 24:16) *.

13. Biz nämeden gaça durmaly?

13 Jynlar baradaky hekaýalary gürrüň bermekden gaça duruň. Bu babatda Isa bize gowy görelde galdyrdy (1 Pet. 2:21). Ýere gelmezden öň, Isa gökde ýaşaýardy we Şeýtan hem-de jynlar barada köp zatlary bilýärdi. Emma ol zalym ruhlaryň edýän işleri barada gürrüň berip ýörmeýärdi. Isa Şeýtan barada däl-de, Ýehowa hakda şaýatlyk etmek isleýärdi. Bizem Isanyň göreldesine eýerip, jynlar barada gürrüň etmekden gaça durýarys we «ýüregimiziň oňat sözler bilen joşýandygyny», ýagny hakykaty sözleýändigimizi görkezýäris (Zeb. 45:1).

Biz zalym ruhlardan gorkmaly däl. Sebäbi Ýehowa, Isa we perişdeler olardan has güýçli (14, 15-nji abzaslara serediň) *

14, 15. a) Biz näme üçin jynlardan gorkmaly däl? b) Hudaýyň bizi goraýandygy nämeden görünýär?

14 Zalym ruhlardan gorkmaň. Şu günler dünýäde köp erbet zatlar bolup geçýär. Bu bize-de täsir edip biler. Betbagtçylyk, keselçilik ýa-da ölüm-ýitim duýdansyz üstümize abanyp biler. Ýöne bulara göze görünmeýän ruhlar günäkärdir öýtmeli däl. Mukaddes Ýazgylarda: «Her kes amatsyz wagta we hadysa duçar bolýandyr» diýilýär (Wag. 9:11). Onsoňam, Ýehowa jynlardan has güýçli. Meselem, Hudaý Şeýtana Eýýuby öldürmäge ýol bermedi (Eýp. 2:6). Musa pygamberiň günlerinde bolsa, Ýehowa Müsüriň jadygöýlerinden has güýçlüdigini görkezdi (Müs. çyk. 8:18; 9:11). Ýehowanyň kömegi bilen, Şeýtany we jynlary gökden ýere zyňanda, Isa-da täsin güýje eýedigini görkezdi. Tizden bolsa, zalym ruhlar düýpsüz çuňluga taşlanar. Şonda olar hiç kime zyýan ýetirip bilmez (Ylh. 12:9; 20:2, 3).

15 Şu günler Ýehowa bizi dürli ýollar bilen goraýar. Meselem, biz dünýäniň ähli ýerinde hakykaty wagyz edýäris we öwredýäris (Mat. 28:19, 20). Şeýdip, Iblisiň ähli işlerini paş edýäris. Dogrudan-da, Şeýtanyň elinde bolsa, ol biziň ähli edýän işlerimizi togtadardy, ýöne ol muny başarmaýar. Ine, şonuň üçinem biz zalym ruhlardan gorkmaly däl. Biz Ýehowanyň «özüne ak ýürekden hyzmat edýänlere güýç-kuwwat bermek üçin... bütin ýer ýüzüne syn edýändigini» bilýäris (2 Ýyl. 16:9). Ýehowa wepaly bolsak, jynlar bize zyýan ýetirip bilmez.

ÝEHOWANYŇ KÖMEGINI KABUL EDÝÄNLERIŇ ALÝAN BEREKETLERI

16, 17. Zalym ruhlara batyrgaýlyk bilen garşy duran uýamyz hakda gürrüň beriň.

16 Zalym ruhlara garşy durmak, esasan-da, dogan-garyndaşlarymyz we dost-ýarlarymyz tarapyndan bolýan garşylyklar bilen göreşmek üçin batyrgaýlyk gerek bolýar. Ýehowa batyrgaý hereket edýän gullukçylaryny bolluk bilen sylaglaýar. Geliň, Ganada ýaşaýan Erika uýamyz bilen bolan waka seredeliň. Ol 21 ýaşynda hakykaty kabul edýär. Erika uýamyzyň kakasy ruhanydy we jadygöýlik bilen meşgullanýardy. Şonuň üçin Erika kakasynyň hudaýlaryna hödürlenen etden iýip, jadygöýlik bilen bagly däpleri berjaý etmelidi. Erika mundan boýun gaçyranda, onuň maşgala agzalary sežde edýän hudaýlaryna dil ýetirýär diýip pikir edýärler. Netijede, hudaýlary olary akyl we beden taýdan kesele sezewar edip, jezalandyrar öýdýärler.

17 Erikanyň maşgala agzalary ony Hudaýa ýaramaýan däp-dessurlara gatnaşmaga mejbur etjek bolýar. Emma ol öýünden gitmeli hem bolsa, oňa gatnaşmaýar. Dogan-uýalar ony öýüne kabul edýär. Ýehowa Erika süýtdeş dogan-uýalary ýaly aladasyny edýän täze ruhy maşgalany sowgat berýär (Mar. 10:29, 30). Dogan-garyndaşlary ondan ýüz öwrüp, kitaplaryny ýaksalar-da, Erika Ýehowa wepaly galýar we biraz wagtdan suwa çümdürilýär. Häzir ol pioner bolup gulluk edýär. Hawa, Erika jynlaryň täsirinden gorkmady. Erika maşgalasy barada şeýle diýýär: «Men maşgala agzalarymyň hem Ýehowany tanap, söýgüden doly Hudaýa gulluk etmegiň berýän azatlygyny duýmaklary üçin her gün doga edýärin».

18. Ýehowa bil baglasak nähili bereketleri alarys?

18 Elbetde, ählimiziň imanymyz şeýle ýol bilen synalýan däldir. Emma ählimiz zalym ruhlara garşy durmaly we Ýehowa bil baglamaly. Şeýtsek, köp bereketleriň eýesi bolarys we Şeýtanyň täsirine düşmeris. Şeýle-de jynlardan gorkup ýaşamarys. Iň esasy zat bolsa, Ýehowa bilen dostlugymyzy berkideris. Ýakup şägirt: «Hudaýa boýun boluň; Iblise garşy duruň, şonda ol sizden gaçar. Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýip ýazdy (Ýak. 4:7, 8).

133-NJI AÝDYM Ýehowany gözlän halas bolar

^ abzas 5 Ýehowa söýgi bilen zalym ruhlar we olaryň ýetirýän zyýany barada duýdurýar. Zalym ruhlar adamlary nädip aldaýar? Olara garşy durmaga näme kömek eder? Şu makalada zalym ruhlaryň täsirine garşy durmak üçin Ýehowanyň bize nädip kömek edýändigine serederis.

^ abzas 3 DÜŞÜNDIRILIŞ: Jadygöýlik diýlende, jynlara ynanmak we olar bilen gatnaşyk saklamak göz öňünde tutulýar. Muňa adam ölensoň ruhunyň ýaşaýandygyna we diri adamlar bilen gepleşýändigine ynanmak, şeýle-de pal atmak hem-de birini dogalamak degişli. Şu makalada agzalýan gözbagçylyk diýen söz jynlar bilen gatnaşyk saklamagy aňladýar. Muňa birini dogalamak ýa-da dogadan açmak hem degişli. Emma adamlary haýran galdyrmak üçin eliň çalasynlygy bilen edilýän hereketler gözbagçylyk etmegi aňlatmaýar.

^ abzas 6 Wagyz kitaby 9:5 Ýaşaýanlar öljekdigini bilýändirler, ýöne ölüler hiç zat bilýän däldir. Olar üçin mundan beýläk peşgeş bolmaz, hatda olary ýatlamazlar hem.

^ abzas 12 Ýygnak ýaşululary dynç alyş babatda belli bir düzgünleri goýmaga hakynyň ýokdugyna düşünýärler. Her bir mesihçi Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyna görä, okaýan, görýän we diňleýän zatlaryny özi saýlaýar. Paýhasly maşgalabaşylar maşgala agzalarynyň dynç almak üçin saýlaýan zatlarynyň Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine laýyk gelýändigini ünsli barlaýarlar (jw.org saýtymyzdaky BIZ BARADA > KÖP BERILÝÄN SORAGLAR diýen sözbaşydaky «Ýehowanyň Şaýatlary belli bir filmleri, kitaplary ýa-da aýdymlary gadagan edýärmi» atly makala serediň).

^ abzas 55 SURATLAR: Güýçli Patyşamyz Isa perişdelerden ybarat goşuna ýolbaşçylyk edýär. Olar Ýehowanyň tagtynyň öňünde durlar.