Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 14

Sen gullugyňy birkemsiz ýerine ýetirýärsiňmi?

Sen gullugyňy birkemsiz ýerine ýetirýärsiňmi?

«Hoş habary hemişe wagyz edip, gullugyňy birkemsiz ýerine ýetir» (2 Tim. 4:5).

142-NJI AÝDYM Ähli adamlara wagyz edýäris

MAKALANYŇ MAZMUNY *

Isa direlenden soň, şägirtlerine görünýär we olara «şägirt taýýarlamak» babatda görkezme berýär (1-nji abzasyna serediň)

1. Hudaýyň gullukçylarynyň ählisi näme etmek isleýär we näme üçin? (Daşky sahypadaky surata serediň).

ISA MESIH şägirtlerine: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» diýip tabşyryk berdi (Mat. 28:19). Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň ählisi bu tabşyrygy «birkemsiz» ýerine ýetirmek isleýär (2 Tim. 4:5). Sebäbi bu iş islendik işden has wajyp, degerli we gaýragoýulmasyz. Emma bize wagyz gullugyna isleýşimiz ýaly köpräk gatnaşmak käte kyn bolup biler.

2. Gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirmäge haýsy zatlar päsgel berip biler?

2 Biziň wagtymyzy we güýjümizi alýan başga-da wajyp işler bar. Meselem, biz özümizi we maşgala agzalarymyzy eklemek üçin her gün köp işlemeli bolýarys. Ýa-da biz beýleki maşgala borçlarymyz, keselçilik, göwnüçökgünlik we garrylyk bilen bagly kynçylyklar bilen göreşýändiris. Onda şeýle kynçylyklary ýeňip, gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirmäge näme kömek eder?

3. Isanyň Matta 13:23-däki sözleri nämäni aýan edýär?

3 Ýagdaýymyzyň çäklidigi üçin Ýehowa köpräk gulluk edip bilmesek, ruhdan düşmäliň. Isa biziň birmeňzeş Patyşalyk tohumyny getirip bilmejekdigimizi bilýärdi (Matta 13:23-i okaň). Ýehowa biziň oňa iň gowy zadymyzy bermek üçin ýürekden edýän her bir tagallamyzy örän gymmat saýýar (Ýew. 6:10—12). Biz şu makalada Hudaýa edýän gullugymyzy durmuşymyzda nädip birinji orunda goýup biljekdigimize, ýaşaýşymyzy sadalaşdyryp we wagyz etmek hem-de öwretmek ukyplarymyzy nädip has-da gowulandyryp biljekdigimize serederis. Ýöne başda, geliň, şu soragyň jogabyny bileliň: Gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirmek nämäni aňladýar?

4. Gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirmek nämäni aňladýar?

4 Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirmek üçin wagyz etmek we tälim bermek işine mümkin boldugyndan köpräk gatnaşmaly. Emma bu wagza ýöne bir wagtyňy sarp etmekden has köp zady aňladýar. Ýehowa biziň nähili niýet bilen gulluk edýändigimize üns berýär. Biz Ýehowany we ýakynymyzy söýýäris. Şol sebäpli Hudaýyň tabşyran wagyz işine ýürekden gatnaşýarys * (Mar. 12:30, 31; Kol. 3:23). Hudaýa bütin ýüregiň bilen gulluk etmek oňa iň gowy zadyňy bermegi aňladýar. Munuň üçin güýjümizi we ukyplarymyzy dogry ulanmaly. Eger biz hoş habary wagyz etmek hormatyny gymmat saýsak, mümkin boldugyndan, köpräk adamlara wagyz etmäge jan ederis.

5, 6. Ýagdaýymyz çäkli bolsa-da wagyz işini nädip birinji orunda goýup bileris? Mysal getiriň.

5 Göz öňüne getiriň, bir ýaş oglan gitara çalmagy gowy görýär. Ol muny gaty gowy görýändigi üçin nirä barsa-da, höwes bilen çalýar. Bir gün ol kafe işe girýär. Ol dynç günleri kafede saz çalmaly. Ýöne onuň alýan puly çykdajylaryny ödemeýär. Şol sebäpli ol hepdäniň duşenbe gününden anna güni aralygynda dükanda işläp başlaýar. Köp wagtyny dükanda geçirse-de, onuň bar pikiri sazda bolýar. Sebäbi ol ukyplaryny artdyryp, ussat sazanda bolmagy arzuw edýär. Şonuň üçin mümkinçilik dörände, hatda gysga wagtlyk hem bolsa saz çalmakdan lezzet alýar.

6 Şonuň ýaly bizem ýagdaýymyz çäkli bolsa-da, wagyz işine köpräk gatnaşmaga jan edýäris. Sebäbi bu işi gowy görýäris. Elbetde, sizem hoş habary adamlaryň ýüregine ýetirip biler ýaly, ukyplaryňyzy ösdürmäge çalyşýansyňyz. Ýöne borçlaryňyzyň köplügi sebäpli wagyz işini nädip birinji orunda goýup bilerin diýip alada edýänsiňiz.

WAGYZ IŞINI BIRINJI ORUNDA GOÝUŇ

7, 8. Biz Isanyň wagza bolan garaýşyndan nädip görelde alyp bileris?

7 Isa wagyz işini birinji orunda goýmakda ajaýyp görelde galdyrdy. Ol ýer ýüzünde ýaşanda, bar ünsüni Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň bermäge gönükdirýärdi (Ýah. 4:34, 35). Ol köpräk adamlara wagyz etmek üçin pyýada ýüzlerçe kilometr ýol sökýärdi. Isa her bir mümkinçilikden peýdalanyp, köpçülik ýerlerinde we adamlaryň öýlerinde olar bilen gürrüňdeş bolýardy. Dogrudan-da, ol wagyz işini durmuşynda birinji orunda goýýardy.

8 Biz hem Isadan görelde alyp, nirede bolsak-da, adamlara hoş habary wagyz etmäge mümkinçilik gözleýäris. Wagyz işine köpräk gatnaşmak üçin öz isleglerimizden höwes bilen geçýäris (Mar. 6:31—34; 1 Pet. 2:21). Käbir dogan-uýalar ýörite pioner, pioner ýa-da kömekçi pioner bolup gulluk edýär. Başgalar bolsa täze dil öwrenýär ýa-da wagyzçylaryň az ýerine göçýär. Emma wagyz işiniň köp bölegi, esasan, hoş habary wagyz etmek üçin elinde baryny edýän wagyzçylar arkaly amala aşyrylýar. Ýagdaýymyz nähili bolaýanda-da, Ýehowa güýjümizden artyk zady talap etmeýär. Ol biziň ählimiziň «bagtly Hudaýyň şöhratly hoş habaryny» wagyz edip, mukaddes gullukdan şatlyk tapmagymyzy isleýär (1 Tim. 1:11; Kan. tag. 30:11).

9. a) Pawlus özüni eklemek üçin işlese-de wagyz işini nädip birinji orunda goýýardy? b) Resullaryň işleri 28:16, 30, 31-nji aýatlar Pawlusyň wagyz işine bolan garaýşyny nädip aýan edýär?

9 Pawlus resul hem wagyz işini durmuşynda birinji orunda goýmakda görelde galdyrdy. Ikinji missioner syýahatynda Korinf şäherine baranda, puly az bolansoň, ol çadyr ýasap işlemeli bolýar. Emma Pawlus çadyr ýasamak işini durmuşynda birinji orunda goýmaýardy. Ol wagyz edýän habary üçin korinflilerden «hiç zat almak» islemeýärdi. Şonuň üçin özüni ekläp, gullugyny dowam edip biler ýaly zähmet çekýärdi (2 Kor. 11:7). Pawlus resul özüni eklemek üçin işlese-de, wagyz işini durmuşynda birinji orunda goýýardy we her Sabat güni adamlara hoş habary wagyz edýärdi. Emma mümkinçilik dörände, ol «Hudaýyň sözüni has yhlasly wagyz edýärdi... we ýehudylara Isanyň, hakykatdan-da, Mesihdigine şaýatlyk edýärdi» (Res. iş. 18:3—5; 2 Kor. 11:9). Rimde iki ýyl öý tussaglygynda bolanda hem ýanyna gelýän adamlara wagyz edýärdi we ýygnaklara hat ýazdy (Resullaryň işleri 28:16, 30, 31-nji aýatlary okaň). Pawlus resul wagyz işini birinji orunda goýmaga hiç bir zada päsgel berdirmeýärdi. Ol: «Biz... şeýle gulluga eýe bolandygymyz üçin ruhdan düşmeýäris» diýip ýazdy (2 Kor. 4:1). Pawlus ýaly bizem özümizi eklemek üçin işlemeli bolsak-da, wagyz işini durmuşymyzda birinji orunda goýup bileris.

Gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirmegiň köp usullary bar (10, 11-nji abzaslara serediň)

10, 11. Saglygymyz gowy bolmasa-da gullugymyzy nädip birkemsiz ýerine ýetirip bileris?

10 Garrylyk ýa-da ýarawsyzlyk sebäpli öýden-öýe kän wagyz edip bilmesek-de, gullugyň başga görnüşlerine gatnaşyp, şatlyk tapyp bileris. I asyrdaky mesihçiler baran ýerlerinde adamlara hoş habary wagyz edýärdiler. Olar adamlara hakykaty gürrüň bermek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanýardylar. Olar öýden-öýe, köpçülik ýerlerinde we «her gün duş gelýän» adamlara wagyz edýärdiler (Res. iş. 17:17; 20:20). Eger köp ýöräp bilmeýän bolsak, onda köpçülik ýerlerinde oturyp, deňimizden geçýän adamlara wagyz edip bileris. Ýa-da her bir mümkinçilikden peýdalanyp, hat ýa-da telefon arkaly wagyz edip bileris. Wagyzçylaryň köpüsi mümkinçiligi çäkli bolsa-da, gullugyň bu görnüşlerine gatnaşyp, köp şatlyk hem kanagat tapýar.

11 Saglygymyz gowy bolmasa-da, gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirip bileris. Geliň, ýene-de Pawlus resuly ýadymyza salalyň. Ol: «Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zady etmäge güýjüm ýetýändir» diýdi (Flp. 4:13). Missioner syýahatynyň birinde Pawlus resul hem keselläp, Hudaýyň berýän güýjüne mätäç bolupdy. Ol galatýalylara ýazan hatynda: «Size başda hoş habary yglan etmegime ýarawsyzlygymyň sebäp bolandygyny bilýänsiňiz» diýdi (Gal. 4:13). Sizem ýarawsyzlyk sebäpli hoş habary köpräk wagyz edip bilmeýän bolsaňyz, onda Pawlus resuldan görelde alyp, lukmanlara, şepagat uýalaryna, aladaňyzy edýän beýleki adamlara we ýanyňyzdaky syrkawlara wagyz edip bilersiňiz. Sebäbi wagyzçylar öýden-öýe wagyz edenlerinde, şol adamlar işde bolup biler.

SADA ÝAŞAŇ

12. Gözüňi «sada» saklamak nämäni aňladýar?

12 Isa: «Bedeniň çyrasy gözdür. Eger gözüň sada (ýa-da «diňe bir zada gönükdirilen») bolsa, bütin bedeniň hem ýagty bolar» diýdi (Mat. 6:22, çykgyt). Ol nämäni göz öňünde tutduka? Isa biziň sada ýaşamalydygymyzy ýa-da ünsümizi diňe bir zada gönükdirip, Hudaýa bökdençsiz gulluk etmelidigimizi göz öňünde tutdy. Isa ünsüni wagyz işine gönükdirip, bize gowy görelde galdyrdy. Ol şägirtlerine hem Ýehowa gulluk etmegi we onuň Patyşalygyny ileri tutmagy öwretdi. Biz «Hudaýyň Patyşalygyny we Onuň dogrulygyny hemişe birinji orunda goýanymyzda», Isanyň göreldesine eýerýäris (Mat. 6:33).

13. Ünsümizi wagyz işine gönükdirmäge näme kömek edýär?

13 Ünsümizi wagyz işine gönükdirmegiň bir usuly, sada ýaşamak. Durmuşymyzy sadalaşdyrsak, adamlara Ýehowany tanamaga we oňa bolan söýgüsini artdyrmaga kömek edip bileris *. Meselem, hepdäniň dowamynda köpräk wagyz edip biler ýaly, iş sagadymyzy azaldyp bileris. Ýa-da köp wagtymyzy alýan dynç alşyň käbir görnüşlerinden geçmeli bolarys.

14. Bir är-aýal wagyz işine köpräk gatnaşmak üçin näme etdi?

14 Eliýas atly ýaşuly doganymyz we onuň aýaly hem durmuşyny sadalaşdyrypdy. Eliýas şeýle diýýär: «Biz pioner bolup gulluk edip bilmesek-de, köpräk wagyz etmäge jan edýärdik. Wagyz işine köpräk gatnaşyp biler ýaly, biz kiçiräk ädimleri ädip başladyk. Meselem, çykdajylarymyzy azaltdyk, wagtymyzy köp alýan dynç alşyň görnüşlerine gatnaşmagymyzy bes etdik we başlygymyzdan iş sagadymyzy azaltmagyny haýyş etdik. Indi biz her gün agşam wagza çykyp bilýäris, köpräk Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýäris, hatda aýda iki gezek Wagyz duşuşygyna-da gatnaşýarys. Häzir özümizi hasam bagtly duýýarys».

WAGYZ ETMEK WE ÖWRETMEK UKYBYŇYZY ÖSDÜRIŇ

Ýygnakda öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulansak, has ökde wagyzçy bolmaga kömek eder (15, 16-njy abzaslara serediň) *

15, 16. 1 Timoteos 4:13, 15-nji aýatlara görä, biz nädip wagyzda has-da ökdeleşip bileris? ( «Gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirmäge kömek edýän maksatlar» diýen çarçuwa serediň).

15 Gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirmegiň ýene bir usuly wagyz işinde ukyplarymyzy ösdürmek. Käbir adamlar kärini gowy özleşdirmek we ukyplaryny artdyrmak üçin ýörite bilim alýarlar hem-de başgalardan öwrenýärler. Patyşalygyň wagyzçylary barada hem şeýle diýse bolar. Ökdelik bilen wagyz edip biler ýaly, bizem öwrenmegimizi we ukyplarymyzy ösdürmegimizi dowam etmeli (Sül. tym. 1:5; 1 Timoteos 4:13, 15-nji aýatlary okaň).

16 Eýsem, wagyzda has-da ökdeleşmek üçin näme edip bileris? Munuň üçin her hepde geçirilýän «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygynda berilýän görkezmelere ünsli bolup bileris. Bu duşuşykda wagyz etmek ukybymyzy ösdürmäge kömek edýän peýdaly maslahatlar berilýär. Mysal üçin, ýygnagy alyp barýan dogan ýumuş bilen çykyş eden dogan-uýalara maslahat berende, şol pikirleri bellik edip bileris. Soňra şol maslahatlary kimdir birine hoş habary wagyz edenimizde ulanyp bileris. Şeýle-de wagyz gözegçisinden kömek sorap ýa-da bile wagza çykmagy haýyş edip bileris. Mundan başga-da tejribeli wagyzçylar, pionerler ýa-da etrap gözegçisi bilen wagza çykyp bileris. Öwretmek üçin niýetlenen esbaplarymyzy ökdelik bilen ulansak, wagyz etmekden we tälim bermekden has köp şatlyk taparys.

17. Gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirsek nähili bereket alarys?

17 Ýehowanyň «işdeşleri» bolmak biziň üçin uly hormat (1 Kor. 3:9). «Iň wajyp zatlara düşünip», ünsümizi wagza gönükdirsek, Ýehowa «begenç bilen gulluk ederis» (Flp. 1:10; Zeb. 100:2). Durmuşyňyzda nähili kynçylyk ýüze çyksa-da ýa-da ýagdaýyňyz nähili bolsa-da, gullugyňyzy birkemsiz ýerine ýetirip biler ýaly, Ýehowanyň size gerekli güýji berjekdigine doly ynamly bolup bilersiňiz (2 Kor. 4:1, 7; 6:4). Şonuň üçin az ýa-da köp bolsun, tapawudy ýok, wagyz işine ýürekden gatnaşsaňyz, öz «edýän işleriňizden şatlyk taparsyňyz» (Gal. 6:4). Gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirip, biz Ýehowany we ýakynymyzy söýýändigimizi görkezýäris. Şeýle-de «muny etmek bilen, biz hem özümizi, hem özümize gulak asýanlary halas ederis» (1 Tim. 4:16).

141-NJI AÝDYM Ýumşak adamlary gözleýäris

^ abzas 5 Bize Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işi tabşyryldy. Biz şu makalada dürli kynçylyklara garamazdan, gullugymyzy nädip birkemsiz ýerine ýetirip biljekdigimizi bileris. Şeýle-de has ökde wagyzçy bolmaga we gullugymyzdan köp şatlyk tapmaga kömek etjek pikirlere serederis.

^ abzas 4 DÜŞÜNDIRILIŞ: Wagyz işine hoş habary wagyz etmek, tälim bermek, gurluşyk we abatlaýyş işlerine gatnaşmak hem-de betbagtçylyga uçranlara kömek etmek ýaly işler degişli (2 Kor. 5:18, 19; 8:4).

^ abzas 13 2016-njy ýylyň iýul aýynda çykan «Garawul diňindäki» «Siz ýaşaýşyňyzy nädip sadalaşdyryp bilersiňiz?» diýen çarçuwadaky maslahatlara serediň (sah. 10).

^ abzas 63 SURATLAR: Uýamyz ýygnakda gyzyklanan adamy nädip gaýtadan ideg etmelidigini görkezýär. Doganyň berýän maslahatyny diňläp, bellik edýär. Soňra öwrenen zatlaryny şol hepde wagyzda ulanýar.