Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 15

Isanyň göreldesine eýerip, kalbyňyzda rahatlygy saklaň

Isanyň göreldesine eýerip, kalbyňyzda rahatlygy saklaň

«Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi... gorar» (Flp. 4:7).

39-NJY AÝDYM Parahatlykda ýaşalyň

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1, 2. Isa näme üçin hasrat çekýärdi?

ÝER ýüzündäki ömrüniň soňky gijesi Isa juda hasrat çekýärdi. Tizden ol erbet adamlaryň elinden görgi görüp, ýowuz ölüme sezewar bolmalydy. Emma Isany öz ölümindenem has biynjalyk edýän bir zat bardy. Ol gökdäki Atasyny çuňňur söýýärdi we ony razy etmek isleýärdi. Isa synagda wepalylygyny saklasa, Ýehowanyň adyny aklap biljekdigine düşünýärdi. Şeýle-de ol adamlary söýýärdi we ölýänçä Ýehowa wepaly bolsa bize ebedi ýaşaýşa ýol aşjakdygyny bilýärdi.

2 Emma iň agyr synagda-da Isa kalbynda rahatlygyny saklady. Ol resullaryna: «Size öz parahatlygymy berýärin» diýdi (Ýah. 14:27). Isada «Hudaýyň parahatlygy» bardy. Şeýle parahatlyk Ýehowa bilen gymmatly dostlukly gatnaşygy bolan adamyň kalbyna rahatlyk berip, özüni parahat alyp barmaga kömek edýär. Hudaýyň berýän parahatlygy Isanyň pikirini we ýüregini gaýgy-aladalardan gorady (Flp. 4:6, 7).

3. Şu makalada nämä serederis?

3 Biziň hiç birimiz Isanyň gören görgülerini başymyzdan geçirmedik. Emma Isanyň yzyna eýerýändigimiz üçin ählimiz dürli synaglara duçar bolýarys (Mat. 16:24, 25; Ýah. 15:20). Bizem Isa ýaly käte hasrat çekip bileris. Çendenaşa gaýgy-alada etmezlik we kalbymyzdaky rahatlygy ýitirmezlik üçin biz näme edip bileris? Geliň, Isanyň ýer ýüzünde gulluk edende, eden üç zadyna we kynçylyga uçranymyzda ondan nädip görelde alyp biljekdigimize seredeliň.

ISA HEMIŞE DOGA EDÝÄRDI

Doga kalbymyzda rahatlygy saklamaga kömek edýär (4—7-nji abzaslara serediň)

4. Isa ýerdäki ömrüniň soňky gijesi doga etmekde bize nähili görelde galdyrdy?

4 1 Selanikliler 5:17-ni okaň. Isa ýerdäki ömrüniň soňky gijesi birnäçe gezek doga etdi. Meselem, ol Ýatlama agşamyny girizende, çörek bilen şeraby şägirtlerine bermezden öň, Ýehowa doga edipdi (1 Kor. 11:23—25). Soňra Pasha baýramyny bellän ýerlerinden gitmezden öň, şägirtleri bilen ýene-de doga etdi (Ýah. 17:1—26). Şol gije şägirtleri bilen Zeýtun dagyna çykanda hem Isa gaýta-gaýta doga etdi (Mat. 26:36—39, 42, 44). Jan bermezden öň aýdan iň soňky sözlerini hem Isa doga hökmünde aýdypdy (Luka 23:46). Isa öldürilmeli gijesi doga edip, Ýehowa ähli zady açyk aýtdy.

5. Resullar näme üçin batyrgaý hereket edip bilmediler?

5 Görgi görende çydamly bolmaga Isa näme kömek etdikä? Ol doga edip, Atasyna hemişe bil baglaýardy. Isadan tapawutlylykda, resullar şol gün erjellik bilen doga etmediler. Netijede, synaga düşenlerinde, olar batyrgaý hereket edip bilmediler (Mat. 26:40, 41, 43, 45, 56). Eger biz Isanyň göreldesine eýerip «hemişe doga etsek», synaglarda Hudaýa wepaly galyp bileris. Biz näme barada doga edip bileris?

6. Iman kalbymyzda rahatlygy saklamaga nädip kömek edýär?

6 Biz Ýehowa «imanymyzy köpelt» diýip doga edip bileris (Luka 17:5; Ýah. 14:1). Biz imanymyzy berkidip durmaly. Sebäbi Şeýtan Isanyň yzyna eýerýänleriň ählisiniň imanyny synaýar (Luka 22:31). Biz yzly-yzyna synaga uçrasak-da, imanymyz kalbymyzda rahatlygy saklamaga nädip kömek eder? Eger biz kynçylyklarymyzy ýeňmek üçin elimizde baryny etsek, ýöne ýagdaý şonda-da gowulanmasa, Ýehowa bolan iman gaýgy aladalarymyzy onuň üstüne atmaga höweslendirer. Sebäbi Ýehowanyň ähli zady bizden has gowy çözjekdigine ynanýarys. Bu bolsa pikirimizde we ýüregimizde parahatlygy saklamaga kömek edýär (1 Pet. 5:6, 7).

7. Robert bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

7 Ýehowa hemişe doga etsek, durmuşymyzda nähili kynçylyk bolsa-da, kalbymyzda rahatlygy saklamaga kömek eder. Geliň, 80 ýaşlaryndaky Robert atly ýaşuly doganymyz bilen bolan waka seredeliň. Ol şeýle diýýär: «Filipililer 4:6, 7-nji aýatlardaky sözler kynçylyklaryma döz gelmäge kömek etdi. Men köp kynçylyklary başdan geçirdim. Pulsuzlykdan kösenýärdim. Şeýle-de ýaşuly bolup gulluk etmek borjundan biraz wagtlyk aýryldym». Şol kyn döwürde Robert dogana kalbynda rahatlygy saklamaga näme kömek etdikä? Ol şeýle diýýär: «Men özümi erbet duýup başlan badyma doga edýärin. Näçe köp we gyzgyn doga etsem, şonça-da özümi rahat duýýandygyma göz ýetirdim».

ISA YHLASLY WAGYZ EDÝÄRDI

Wagyz işi kalbymyzda rahatlygy saklamaga kömek edýär (8—10-njy abzaslara serediň)

8. Ýahýa 8:29-a görä kalbynda rahatlygy saklamaga Isa ýene näme kömek etdi?

8 Ýahýa 8:29-y okaň. Isa yzarlamalara uçranda hem kalbynda rahatlygy saklaýardy. Sebäbi ol şeýle etmek bilen Atasynyň ýüregini şatlandyrýandygyna düşünýärdi. Isa hatda kyn ýagdaýlarda-da Oňa gulak asýardy. Ol Atasyny ýürekden söýýärdi we oňa gulluk etmegi durmuşynda iň wajyp zatlaryň biri hasaplaýardy. Ýer ýüzüne gelmezinden öň, Isa Hudaýyň ýanynda «bir ussa kimin» zähmet çekýärdi (Sül. tym. 8:30). Ýer ýüzünde ýaşanda bolsa, Atasy barada adamlara yhlas bilen öwredýärdi (Mat. 6:9; Ýah. 5:17). Bu iş Isa köp şatlyk berýärdi (Ýah. 4:34—36).

9. Wagyz işine yhlasly gatnaşmak kalbymyzda rahatlygy saklamaga nädip kömek edýär?

9 Biz Ýehowa gulak asyp we «Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekip», Isanyň göreldesine eýerýäris (1 Kor. 15:58). Hoş habary «yhlasly wagyz edenimizde», kynçylyklarymyza döz gelmek has-da aňsat bolýar (Res. iş. 18:5). Meselem, biz wagyzda köplenç biziňkiden has agyr kynçylyklary başdan geçirýän adamlara duş gelýäris. Emma olar Ýehowany tanap, onuň berýän maslahatlaryna eýerende, durmuşy gowulanýar we özlerini has bagtly duýýarlar. Her gezek şeýle zatlary görenimizde, Ýehowanyň aladamyzy edýändigine bolan ynamymyz hasam berkeýär. Bu bolsa kalbymyzda rahatlygy saklamaga kömek edýär. Bütin ömrüne özüni dereksiz duýup, göwnüçökgünlik bilen göreşen uýamyz hem munuň dogrudygyna göz ýetirdi. Ol şeýle diýýär: «Wagza näçe köp çyksam, şonça-da özümi has gowy we bagtly duýýaryn. Sebäbi wagza çykanymda, Ýehowany edil ýanymda ýaly duýýaryn».

10. Biz Brenda uýamyzdan näme öwrenýäris?

10 Geliň, Brenda uýamyz bilen bolan waka seredeliň. Onuň özem, gyzam skleroz (merkezi nerw sistemasynyň bozulmagy) keselinden ejir çekýärdi. Brenda uýamyz maýyp bolansoň, hatda ýöräp hem bilmeýär. Ol käte öýden-öýe wagyz etse-de, köplenç hat arkaly wagyz edýär. Ol şeýle diýýär: «Men şu dünýäde ýagdaýymyň gowulanmajakdygyna göz ýetirdim. Ýöne men bar ünsümi wagza gönükdirip bilýärin. Dogrymy aýtsam, wagza çykanymda keselim ýadyma-da düşmeýär. Wagyz işi bar ünsümi adamlaryň kynçylyklaryna gönükdirmäge kömek edýär. Şeýle-de wagza çykanymda, gelejege bolan ajaýyp umydymy özüme hemişe ýatladyp durýaryn».

ISA DOSTLARYNYŇ KÖMEGINI KABUL EDÝÄRDI

Dostlarymyz bilen wagtymyzy geçirmek kalbymyzda rahatlygy saklamaga kömek edýär (11—15-nji abzaslara serediň)

11—13. a) Isanyň resullary we beýleki şägirtleri hakyky dostdugyny nädip görkezdiler? b) Dostlarynyň goldawy Isa nähili täsir etdi?

11 Isa ýer ýüzünde gulluk edende, wepaly resullary onuň üçin hakyky goldaw boldular. Şeýdip, olar hakyky dostdugyny görkezdiler. Hawa, olar Süleýmanyň tymsallaryndaky: «Dogandan hem ýakyn dost bardyr» diýen sözlere laýyk ýaşaýardylar (Sül. tym. 18:24). Isa şol dostlarynyň gadyryny bilýärdi. Ýer ýüzünde gulluk edende, Isanyň süýtdeş doganlary oňa iman etmändi (Ýah. 7:3—5). Hatda bir gezek dogan-garyndaşlary oňa «akylyndan azaşypdyr» diýdiler (Mar. 3:21). Emma Isanyň wepaly resullary olardan tapawutlanýardy. Şol sebäpli Isa ölüminiň öň ýanyndaky gije olara: «Siz synaglarymda meniň bilen bile çydamly bolduňyz» diýdi (Luka 22:28).

12 Resullar Isany birnäçe gezek gynandyrsalar-da, ol olaryň ýalňyşlyklaryna däl-de, imanyna üns berýärdi (Mat. 26:40; Mar. 10:13, 14; Ýah. 6:66—69). Pürse çüýlenmeginiň öň ýanyndaky gije Isa wepaly resullaryna: «Men size dostlarym diýýärin, sebäbi men Atamdan eşiden bar zatlarymy size aýdandyryn» diýdi (Ýah. 15:15). Dogrudan-da, Isanyň dostlary onuň üçin hakyky teselli boldy. Şägirtleriniň wagyz gullugynda beren kömegi Isanyň ýüregini hasam şatlandyrdy (Luka 10:17, 21).

13 Isanyň resullardan başga-da dostlary bardy. Bu wepaly erkekdir aýallar hem oňa wagyz işinde we başga ýollar bilen kömek etdiler. Käbirleri Isany öýüne myhman alyp, hödür-kerem edýärdi (Luka 10:38—42; Ýah. 12:1, 2). Başgalar bolsa «bar zatlary bilen Isa hyzmat edýärdiler» (Luka 8:3). Hawa, Isanyň gowy dostlary bardy. Sebäbi onuň özi gowy dostdy. Isa dostlaryna köp ýagşylyk etdi we olardan köp zada garaşmaýardy. Isa kämil bolsa-da, bikämil dostlarynyň berýän kömegini örän gymmat saýýardy. Wepaly dostlarynyň beren kömegi Isa kalbynda rahatlygy saklamaga kömek etdi.

14, 15. Biz gowy dostlary nädip tapyp bileris we olar bizi nädip goldaýar?

14 Gowy dostlar bize Ýehowa wepaly bolmaga kömek edýär. Şeýle dostlary tapmagyň gowy usuly, özüň gowy dost bolmaly (Mat. 7:12). Meselem, Mukaddes Ýazgylar wagtymyzy hem güýjümizi başgalara, esasan-da, «mätäçlere» kömek etmek üçin sarp etmäge höweslendirýär (Efes. 4:28). Siz ýygnagyňyzda kimiň kömege mätäçdigine üns berdiňizmi? Garrylyk ýa-da keselçilik sebäpli öýünden çykyp bilmeýän dogan-uýalara gerek-ýarak zatlaryny getirip berip bilermisiňiz? Ýa-da pulsuzlykdan kösenýän imandaşlaryňyza nahar hödür edip bilermisiňiz? Siz jw.org® saýtymyzy we JW Library® programmasyny nädip ulanmalydygyny bilýän bolsaňyz, ýygnagyňyzdaky dogan-uýalara ondaky gymmatly dürdäneleri tapmaga kömek edip bilermisiňiz? Eger mätäçlere kömek etsek, özümizi hasam bagtly duýarys (Res. iş. 20:35).

15 Synaga uçranymyzda şol dostlarymyz bizi goldap, kalbymyzda rahatlygy saklamaga kömek edip biler. Eýýup pygamber synaga uçranda, Elihu ony ünsli diňläpdi. Şonuň ýaly bizem ýüregimizi dökenimizde, dostlarymyz sabyrly diňläp goldaýarlar (Eýp. 32:4). Ýöne dostlarymyz bize derek karara geler öýtmeli däl. Biz olaryň Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahatlaryny kabul edip bileris (Sül. tym. 15:22). Dawut patyşanyň dostlarynyň kömegini pesgöwünlilik bilen kabul edişi ýaly, bizem dostlarymyz gerekli maslahaty berende, ondan ýüz öwürmeli däl (2 Şam. 17:27—29). Dogrudan-da, gowy dostlar Ýehowanyň bize berýän gymmatly sowgady (Ýak. 1:17).

KALBYŇYZDA RAHATLYGY SAKLAŇ

16. Filipililer 4:6, 7-nji aýatlara görä Hudaýyň berýän parahatlygyny edinmegiň ýeke-täk ýoly näme? Düşündiriň.

16 Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary okaň. Ýehowa «Mesih Isa arkaly» parahatlygy edinip biljekdigimizi aýdýar. Näme üçin? Sebäbi biz Isanyň Hudaýyň niýetinde tutýan ornuna düşünip, oňa iman edenimizde, ýüregimizde we pikirimizde Hudaýyň berýän tükeniksiz parahatlygy ornaşýar. Meselem, Isanyň töleg gurbany esasynda Ýehowa biziň ähli günälerimizi bagyşlaýar (1 Ýah. 2:12). Muny bilmek, hakykatdanam, göwnümizi göterýär. Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy hökmünde Isa Şeýtanyň we onuň dünýäsiniň bize ýetirýän ähli zyýanyny tizden ýok eder (Iş. 65:17; 1 Ýah. 3:8; Ylh. 21:3, 4). Eýsem, bu umyt bizi ruhlandyrmaýarmy näme?! Isa bize ýeňil bolmadyk ýumşy tabşyrsa-da, ol dünýäniň ahyryna çenli elmydama biziň bilen bolar (Mat. 28:19, 20). Bu bizi mundan beýläk hem batyrgaý bolmaga höweslendirýär. Şu wajyp zatlar, ýagny kalbymyzdaky rahatlyk, gelejege bolan umyt we batyrgaýlyk pikirimizde parahatlygy saklamaga kömek edýär.

17. a) Kalbymyzda rahatlygy nädip saklap bileris? b) Ýahýa 16:33-e görä biz nämäni başararys?

17 Dürli kynçylyklar sebäpli biynjalyk bolanymyzda, pikirimizde rahatlygy saklamaga näme kömek eder? Şeýle ýagdaýda biz Isanyň göreldesine eýerip bileris. Birinjiden, nähili ýagdaý bolaýanda-da hemişe doga ediň. Ikinjiden, Ýehowa gulak asyň we kyn ýagdaýlarda hem yhlasly wagyz ediň. Üçünjiden, dostlaryňyzyň berýän kömegini kabul ediň. Şonda Hudaýyň parahatlygy pikiriňizi we ýüregiňizi gorar. Isa ýaly sizem islendik synagda ýeňiş gazanyp bilersiňiz (Ýahýa 16:33-i okaň).

6-NJY AÝDYM Hudaýyň gullukçysynyň dogasy

^ abzas 5 Biz rahatlygymyzy bozýan kynçylyklar bilen göreşmeli bolýarys. Biz şu makalada kalbynda rahatlygy saklamak üçin Isanyň eden üç zady hakda gürrüň ederis. Bu bize agyr synaglara uçranymyzda kalbymyzda rahatlygy saklamaga kömek eder.