Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 18

Pellehana çenli ylgaň!

Pellehana çenli ylgaň!

«Men... ýaryşyň soňuna çenli ylgadym» (2 Tim. 4:7).

129-NJY AÝDYM Çydamly bolalyň

MAZMUNY *

1. Biziň ählimiz näme etmeli?

SIZ ylgaw ýaryşynyň kyndygyny bilseňiz, üstesine-de, syrkaw ýa-da ýadaw bolsaňyz, oňa gatnaşardyňyzmy? Ýok, gatnaşmazdyňyz. Ýöne Pawlus resul ähli mesihçileriň ýaşaýyş ýolunda ylgamalydygyny aýtdy (Ýew. 12:1). Mesihçiler ýaş ýa garry, güýçli ýa-da ýadaw bolsa-da, Ýehowanyň berjek sylagyny almak üçin soňuna çenli ylgamaly (Mat. 24:13).

2. 2 Timoteos 4:7, 8-nji aýatlara görä, Pawlus näme üçin ynam bilen maslahat berdi?

2 Pawlus «ýaryşyň soňuna çenli ylgansoň» ynam bilen maslahat berdi (2 Timoteos 4:7, 8-nji aýatlary okaň). Ýöne Pawlus «ýaryş» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

ÝARYŞ NÄME?

3. Pawlus nähili ýaryş barada aýtdy?

3 Pawlus käte wajyp sapak bermek üçin gadymy Gresiýada geçirilýän ýaryşlary mysal hökmünde ulanýardy (1 Kor. 9:25—27; 2 Tim. 2:5). Ol köplenç mesihçileriň ýaşaýyş ýoluny ylgaw ýoluna meňzedýärdi (1 Kor. 9:24; Gal. 2:2; Flp. 2:16). Özüni Ýehowa bagyş eden adam suwa çümdürilenden soň «ýaryşa» gatnaşyp başlaýar (1 Pet. 3:21). Ýehowa oňa ebedi ýaşaýşy sowgat berende, pellehana ýetýär (Mat. 25:31—34, 46; 2 Tim. 4:8).

4. Biz şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

4 Uzak aralyga ylgamak bilen mesihçileriň durmuşynyň meňzeşligi barmy? Elbetde! Geliň, olaryň üçüsi hakda gürrüň edeliň: 1) dogry ýoly saýlamak, 2) aljak sylagyň hakda oýlanmak, 3) kynçylyklary ýeňmek.

DOGRY ÝOLY SAÝLAŇ

Her bir mesihçi ýaşaýyş ýolundan ylgamaly (5—7-nji abzaslara serediň) *

5. Biz haýsy ýoldan ylgamaly we näme üçin?

5 Ýaryşa gatnaşýan türgen baýragy almak üçin ýaryşyň düzgünlerine eýermeli. Şonuň ýaly biz hem ebedi ýaşaýyş sylagyny almak üçin, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýermeli (Res. 20:24; 1 Pet. 2:21). Emma Şeýtan we onuň golastyndaky adamlar başga ýoly saýlamagymyzy, ýagny «azgyn işlerine gatnaşmagymyzy» isleýärler (1 Pet. 4:4). Olar biziň üstümizden gülýärler, öz ýollaryny azatlyga eltýän ýol hasaplaýarlar. Ýöne olar juda ýalňyşýarlar (2 Pet. 2:19).

6. Siz Braýn bilen bolan wakadan näme sapak edinýärsiňiz?

6 Şeýtanyň ýoly adamlary azatlyga däl-de, gulçulyga eltýär. Şol ýoly saýlanlar tizden muňa düşünýärler (Rim. 6:16). Geliň, Braýn bilen bolan wakany bileliň. Ene-atasy ony mesihçileriň ýaşaýyş ýolundan ylgamaga höweslendirýär. Emma Braýn ýetginjek ýaşynda mesihçileriň ýolundan şatlyk tapman, Şeýtanyň golastyndaky adamlar bilen ylgamagy saýlaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men tizden „azatlyk“ hasaplanýan zatlaryň zyýanly endikleriň guly edýändigine göz ýetirdim. Sebäbi men neşe çekýärdim, spirtli içgileri içýärdim we ahlaksyzlyk edýärdim. Birnäçe ýyldan soň bolsa neşe serişdelerine baglanyp galdym. Şeýdip, men ýaramaz endikleriň guly boldum... Gazanç etmek üçin neşe satyp başladym». Braýn ahyry Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagy ýüregine düwýär. Ol ylgaw ýoluny üýtgedip, 2001-nji ýylda suwa çümdürilýär. Braýn häzir mesihçileriň ýaşaýyş ýolundan ylgaýar we özüni diýseň bagtly duýýar *.

7. Matta 7:13, 14-nji aýatlara görä, haýsy iki ýol bar?

7 Dogry ýoly saýlamak örän wajyp! Şeýtan biziň «ebedi ýaşaýşa eltýän» insiz ýoldan däl-de, inli ýoldan ylgamagymyzy isleýär. Inli ýoldan ylgamak aňsat, şol sebäpli köp adamlar inli ýoldan barýarlar. Emma ol ýol «heläkçilige eltýär» (Matta 7:13, 14-nji aýatlary okaň). Biz dogry ýoldan sowulmaz ýaly, Ýehowa bil baglamaly we oňa gulak asmaly.

PELLEHANA ÝETMEK HAKDA OÝLANYŇ

Sylag hakda oýlanyň we hiç kimi büdretmäň (8—12-nji abzaslara serediň) *

8. Türgenler ýykylsa-da näme edýärler?

8 Uzak aralyga ylgaýan türgenler büdremez ýaly öňüne seredýärler. Ýöne olar şonda-da başga türgeniň aýagyna çolaşyp ýykylmagy ýa-da ýoluň ugrundaky çukurjyga büdremegi mümkin. Olar ýykylsa-da ýerinden galyp, ylgamagyny dowam edýärler, sebäbi ýykylandygyna üns bermän, pellehana ýetip, sylag almak hakda oýlanýarlar.

9. Biz büdresek-de näme etmeli?

9 Biz hem sözde we işde ýalňyşlyk goýberip, ylgaw ýolunda ençeme gezek büdremegimiz mümkin. Ýa-da ýaryşa gatnaşýan adamlaryň ýalňyşlyklary zyýan ýetirip biler. Biz muňa geň galmaýarys, sebäbi ählimiz bikämil we ýaşaýşa eltýän insiz ýoldan ylgaýarys. Şonuň üçin kimdir biriniň bizi «kakyp» geçmegi mümkin. Pawlus resul hem käte biri-birimizden «öýkelemäge sebäbimiziň» boljakdygyny aýdypdy (Kol. 3:13). Şonuň üçin, geliň, büdreden adam hakda däl-de, aljak sylagymyz hakda oýlanalyň, büdresek-de, ýerimizden galyp ylgamagymyzy dowam edeliň. Biz gaharlanyp, ýykylan ýerimizden galmasak, pellehana ýetmeris we sylag alyp bilmeris. Şeýle-de ýaşaýşa eltýän insiz ýoldan ylgaýanlary büdredýän daş bolarys.

10. Biz «büdredýän daş» bolmaz ýaly näme etmeli?

10 Biziň bilen ylgap barýan adamlaryň öňünde «büdredýän daş» bolmaz ýaly, öz pikirimizi gögertjek bolman, eglişik etmäge jan etmeli (Rim. 14:13, 19—21; 1 Kor. 8:9, 13). Biz käbir ýagdaýlarda ýaryşa gatnaşýan türgenlerden tapawutlanýarys. Olar öz arasynda bäsleşip, sylag almak isleýärler we diňe öz peýdasyny gözleýärler. Şol sebäpli olar öňe geçmek üçin biri-birini itekleýärler. Emma biz biri-birimiz bilen bäsleşmeýäris (Gal. 5:26; 6:4). Biz köp adamlaryň pellehana ýetip, ebedi ýaşaýyş sylagyny almak üçin elimizde baryny edýäris. Biz Pawlus resulyň Hudaýyň ylhamy bilen: «Diňe öz peýdaňyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözläň» diýen maslahatyna eýerýäris (Flp. 2:4).

11. Türgenler näme hakda oýlanýarlar we näme üçin?

11 Şeýle-de türgenler göni öňe seredip, pellehana ýetmek hakda oýlanýarlar. Olar pellehanany görmeseler-de, pellehana çyzygyndan geçişini we sylag alşyny göz öňüne getirýärler. Olar aljak sylagy barada oýlanyp, bar güýji bilen ylgaýarlar.

12. Ýehowa bize nämäni wada berýär?

12 Eger biz pellehana çenli ylgasak, Ýehowa gökde ýa-da ýer ýüzünde ebedi ýaşaýşy sylag berjegini wada berýär. Mukaddes Kitapda şol sylagyň nähilidigi hakda gürrüň berilýär. Şonuň üçin biz şol ajaýyp durmuşy göz öňümize getirip bileris. Biz Ýehowanyň wada beren Jenneti hakda näçe köp oýlansak, çydamly ylgamagy ýüregimize düweris.

KYNÇYLYKLARA DÖZ GELIP YLGAŇ

Biz kynçylyklara garamazdan ýaşaýyş ýolundan ylgamaly (13—20-nji abzaslara serediň) *

13. Biziň türgenlerden nähili tapawudymyz bar?

13 Gadymy Gresiýada ylgaw ýaryşyna gatnaşýan türgenler ýadasalar-da, agyry-ynjy duýsalar-da çydamly ylgaýardylar. Şonuň üçin olar köp türgenleşýärler we öz güýjüne bil baglaýardylar. Biz hem şol türgenler ýaly ýaşaýyş ýolundan nädip ylgamalydygy hakda öwrenýäris. Ýöne biziň olardan tapawudymyz bar, sebäbi bize çäksiz güýjüň eýesi Ýehowa Hudaý güýç berýär. Eger biz Ýehowa bil baglasak, ol bize diňe bir tälim bermän, eýsem güýç berjegini söz berýär (1 Pet. 5:10).

14. 2 Korinfliler 12:9, 10-njy aýatlardaky maslahat kynçylyklara döz gelmäge nädip kömek edýär?

14 Pawlus resul ençeme kynçylyklary başdan geçirdi. Pawlusyň üstünden gülüp kemsitdiler, yzarladylar. Şeýle-de ol ejizliklerine-de, ýagny «bedenindäki tikene» döz gelmeli bolýardy (2 Kor. 12:7). Pawlus kyn ýagdaýda ýan bermegiň deregine, Ýehowa bil baglady (2 Korinfliler 12:9, 10-njy aýatlary okaň). Pawlus şeýle garaýyşda bolandygy üçin, Ýehowa oňa kynçylyklaryna döz gelmäge kömek etdi.

15. Pawlusyň göreldesine eýermegiň nähili peýdasy bar?

15 Ýehowa iman edýändigimiz üçin, bizi hem kemsidýärler, yzarlaýarlar. Şeýle-de biz keselçilikden ejir çekýändiris. Ýöne Pawlusyň göreldesine eýersek, şeýle kynçylyklarda Ýehowanyň goldawyny duýup bileris.

16. Siz hassa bolsaňyz-da näme edip bilersiňiz?

16 Belki, siz ysmaz ýatansyňyz ýa-da maýyplaryň arabasyna ýüpsüz baglanansyňyz. Belki, siziň aýagyňyz agyrýandyr, gözüňiz gowy görýän däldir. Eger şeýle bolsa ýaş we sagdyn «türgenler» bilen ylgap bilersiňizmi? Elbetde! Ençeme garry we ýarawsyz dogan-uýalar ýaşaýyş ýolundan ylgaýarlar. Olar öz güýji bilen ylgamaýarlar. Sebäbi öz öýünde geçýän ýygnak duşuşygyna gatnaşyp, Ýehowadan güýç alýarlar we lukmanlara, şepagat uýalaryna, dogan-garyndaşlaryna wagyz edip, şägirt taýýarlamak işine gatnaşýarlar.

17. Ýehowa keselçilikden ejir çekýän wepaly bendelerine nähili garaýar?

17 Eger siz Ýehowa üçin köp zatlary edip bilmeýän bolsaňyz we dünýäň ahyryna çenli çydamaryn öýtseňiz ruhdan düşmäň. Ýehowa berk imanyňyz we çydamlylygyňyz üçin sizi söýýär. Onuň kömegine mätäç wagtyňyz, sizi asla terk etmez (Zeb. 9:10). Ol size has-da ýakynlaşar. Keselçilikden ejir çekýän uýamyz şeýle gürrüň berýär: «Agyrylardan ýaňa güýç-kuwwatym galmady, şonuň üçin köp wagyz etmäge ýagdaýym ýok, ýöne men azajyk-da bolsa, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýandygymy bilip, özümi bagtly duýýaryn». Eger siz ruhdan düşseňiz, ýeke däldigiňizi unutmaň. Pawlusyň göreldesi hakda oýlanyp: «Men öz ejizliklerime... begenerin. Sebäbi ejiz wagtym güýçlüdirin» diýen sözlerini ýatdan çykarmaň (2 Kor. 12:10).

18. Käbirleriniň çekýän derdi näme üçin has-da agyr bolmagy mümkin?

18 Ýaşaýyş ýolunda ylgaýanlaryň käbiri başga kynçylyklara duş gelýärler. Belki, hiç kim olaryň ýagdaýyny görýän ýa-da düşünýän däldir. Meselem, olar göwnüçökgünlikden ýa-da howsala düşmek keselinden ejir çekýärler. Şeýle dogan-uýalaryň ýagdaýyna näme üçin has-da agyr diýse bolar? Eger biriniň eli döwülen bolsa ýa-da maýyplaryň arabasynda oturan bolsa, hemmeler onuň ýagdaýyny görüp, kömek edýärler. Emma duýgy taýdan ejir çekýän we akyl taýdan ýarawsyz adamyň agyr halyny hiç kim görüp bilmeýär. Ol hem eli döwlen adam ýaly ejir çekýänem bolsa, hiç kim duýgudaşlyk bildirip, kömek edýän däldir.

19. Mepiboşet bize nähili görelde galdyrdy?

19 Siz hem agyr kynçylyklary başdan geçirýän bolsaňyz we ýagdaýyňyza hiç kim düşünmeýän bolsa, Mepiboşediň göreldesi sizi ruhlandyrar (2 Şam. 4:4). Ol maýypdy. Şeýle-de Dawut patyşa oňa adalatsyzlyk edipdi. Başyna inen dertlere Mepiboşet günäkär bolmasa-da, ol ruhdan düşmedi, gaýtam durmuşynda bolýan gowy zatlary gymmat saýdy. Ol Dawut patyşanyň eden ýagşylyklaryna minnetdardy (2 Şam. 9:6—10). Mepiboşet Dawuda gaharlanmady, patyşanyň adalatsyzlygy hakda däl-de, ýagşylyklary hakda oýlandy. Ol Dawudyň eden işi üçin Ýehowany günäkärlemedi we Hudaýyň bellän patyşasyny goldamagy ýüregine düwdi (2 Şam. 16:1—4; 19:24—30). Ýehowa bize öwüt-nesihat bermek üçin, Mepiboşediň ajaýyp göreldesini Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Rim. 15:4).

20. Howsala düşmek keselinden ejir çekýänler özüni nähili duýýarlar we olar nämä ynamly bolup bilerler?

20 Käbir dogan-uýalar çendenaşa çekinjeň bolýarlar, käbirleri howsala düşmek keseli bilen göreşýärler. Şol sebäpli ýönekeý ýaly görünýän ýagdaýlar olar üçin uly kynçylyk bolup biler. Olara köpçüligiň arasynda bolmak aňsat düşmese-de, ýygnak duşuşyklaryna we kongrese gelýärler. Nätanyş adam bilen gepleşmek kyn hem bolsa wagyz edýärler. Eger siz hem özüňizi şeýle duýýan bolsaňyz, ýeke däldigiňizi unutmaň. Sebäbi köp dogan-uýalar hem şeýle duýgulary başdan geçirýär. Ýehowa-da siziň edýän tagallaňyzy görüp begenýär. Siz ýan bermän Ýehowa sežde edýärsiňiz, sebäbi Ol size ak pata we güýç berýär * (Flp. 4:6, 7; 1 Pet. 5:7). Siz beden we duýgy taýdan ejir çekseňiz-de, Ýehowa gulluk edýärsiňiz. Şol sebäpli Allanyň sizden razydygyna ynamly bolup bilersiňiz.

21. Biz Ýehowanyň kömegi bilen nämäni başararys?

21 Ylgaw ýaryşy bilen Pawlusyň gürrüň beren ýaryşynyň arasynda tapawudyň bardygyna begenýäris. Sebäbi gadymy döwürde geçirilen ylgaw ýaryşynda diňe bir adam baýrak alýardy. Ýaşaýyş ýolunda çydamly ylgaýan wepaly mesihçileriň ählisi ebedi ýaşaýyş sylagyny alar (Ýah. 3:16). Ylgaw ýaryşyna gatnaşýanlar güýçli we sagdyn bolmasa, ýeňiş gazanyp bilmeýär, emma biziň köpümiz ýarawsyz hem bolsak, çydamly ylgaýarys (2 Kor. 4:16). Hawa, Ýehowanyň kömegi bilen ählimiz pellehana ýeteris!

144-NJI AÝDYM Baýragy ýatda saklaň!

^ par. 5 Şu günler Ýehowa sežde edýän adamlaryň köpüsi garrylyk ýa-da keselçilik sebäpli ejir çekýärler. Hawa, käte biziň ählimiz hem ýadaýarys. Şol sebäpli ýaryşda ylgap bilmeris öýdüp gorkýandyrys. Şu makalada ýaşaýyş ýolunda çydamly ylgap, pellehana ýetmek üçin nämeleri etmelidigimiz hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Pawlus resulyň ýaryş barada nämeleri aýdandygyny bileris.

^ par. 6 «Mukaddes Kitap durmuşyňy özgerdýär» atly makala serediň (w13-U 1/1).

^ par. 20 Howsala düşmek keseline döz gelmäge kömek edýän maslahatlary we dogan-uýalar bilen bolan wakalary 2019-njy ýylyň maý aýynda çykan JW teleýaýlymyndan görüp bilersiňiz. JW.ORG® saýtyna girip, EDEBIÝATLAR > JW TELEÝAÝLYMY diýen bölümi saýlaň.

^ par. 63 SURATLAR: garry doganymyz wagyz edip, ýaşaýyş ýolundan ylgaýar.

^ par. 65 SURATLAR: eger biz dogan-uýalary spirtli içgileri içmäge mejbur etsek ýa-da özümiz çendenaşa köp içsek, olary büdrederis.

^ par. 67 SURATLAR: hassahanada ýatan dogan lukmana wagyz edip, ýaşaýyş ýolundan ylgaýar.