ÖWRENILÝÄN MAKALA 15
Wagyz edýän adamlaryňyza nähili garaýarsyňyz?
«Başyňyzy galdyryp, ekin meýdanyna serediň, hasyl eýýäm ýetişipdir» (Ýah. 4:35).
64-NJI AÝDYM Hasyla höwes bilen gatnaşalyň
MAZMUNY *
1, 2. Isa Ýahýa 4:35, 36-njy aýatlardaky sözleri aýdanda nämäni göz öňünde tutan bolmaly?
ISA PYGAMBER al-ýaşyl öwüsýän arpa meýdanynyň içinden ýöräp barýardy (Ýah. 4:3—6). Arpany ormaga ýene dört aý bardy. Isa: «Başyňyzy galdyryp, ekin meýdanyna serediň, hasyl eýýäm ýetişipdir» diýende, şägirtler geň galan bolmaly (Ýahýa 4:35, 36-njy aýatlary okaň). Isa nämäni göz öňünde tutdy?
2 Isa adamlary göz öňünde tutan bolmaly. Muňa düşünmek üçin, geliň, Isanyň şol sözleri haçan aýdandygyny bileliň. Isa samariýaly aýala wagyz edipdi, aýal hem ony ünsli diňläpdi. Ýöne ýehudylar samariýalylar bilen asla gatnaşmaýardylar. Isa şägirtlerine «hasylyň eýýäm ýetişendigi» barada gürrüň berip durka, samariýaly adamlar aýalyň aýdan sözlerini hut Isanyň öz agzyndan eşitmek üçin geldiler (Ýah. 4:9, 39—42). Mukaddes Kitaby öwrenýän bir alym: «Adamlaryň Isanyň ýanyna ylgap gelmegi, hasylyň ýetişendigini görkezýär» diýdi.
3. Siz Isanyňky ýaly garaýyşda bolsaňyz, nädip ökdelik bilen wagyz edip bilersiňiz?
3 Siz wagyz edýän adamlaryňyza nähili garaýarsyňyz? Olary ýetişen hasyl hasaplaýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, birinjiden, siz wagyz işini gaýragoýulmasyz hasaplarsyňyz. Hasyl döwri uzak dowam etmez, şol sebäpli wagt ýitirmäliň. Ikinjiden, adamlaryň hoş habara seslenýändigini görüp, siz örän begenersiňiz. Mukaddes Kitapda: «Hasyl ýygnaýan daýhanlar... begenýärler» diýilýär (Işa. 9:3). Üçünjiden, siz wagyz edýän adamlaryňyza geljekki dogan ýa-da uýa hökmünde garap, olaryň ýüregine täsir emek üçin jan edersiňiz.
4. Biz şu makalada Pawlusyň wagyz edişinden näme öwrenip bileris?
4 Isanyň yzyna eýerýänleriň käbiri samariýalylar şägirt
bolmaz öýdýärdiler. Emma Isa beýle pikir etmän, samariýalylary geljekki şägirdi hasaplaýardy. Biz hem wagyz edýän adamlarymyza Isanyň geljekki şägirtleri hökmünde garamaly. Pawlus resul bize gowy görelde galdyrdy. Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris? Şu makalada Pawlus resulyň adamlaryň 1) dini ynançlaryna görä wagyz edendigini, 2) gyzyklanýan zatlaryny göz öňünde tutandygyny we 3) olary Isanyň geljekki şägirdi hasaplandygyny bileris.ADAMLARYŇ YNANÝAN ZATLARY
5. Pawlus sinagoga gelen adamlaryň ýagdaýyna näme üçin düşünýärdi?
5 Pawlus köplenç ýehudylaryň sinagogasynda wagyz edýärdi. Meselem, ol Selanik şäheriniň sinagogasynda «üç hepdeläp Sabat güni (ýehudylar bilen) mukaddes kitaplar barada söhbetdeş boldy» (Res. 17:1, 2). Pawlus sinagogada arkaýyn wagyz edýärdi, sebäbi ol ýehudydy (Res. 26:4, 5). Pawlus ýehudylaryň ýagdaýyna düşünip, ynam bilen gürrüň bererdi (Flp. 3:4, 5).
6. Afinanyň ilaty Pawlusyň sinagogada wagyz eden adamlaryndan nämede tapawutlanýardy?
6 Pawlus güýçli yzarlamalar sebäpli Selanige, soňra Weriýa gaçyp gidýär. Şeýlelikde, ol Afina baryp, ýene-de «sinagogadaky ýehudylar we Hudaýa sežde edýän beýleki adamlar bilen söhbetdeş bolýar» (Res. 17:17). Pawlus bazardaky adamlara-da wagyz edýär. Ony diňleýänleriň arasynda filosoflar we başga milletli adamlar bardy. Olaryň garaýşy Pawlusyň sinagogada wagyz eden adamlarynyňkydan düýbünden tapawutlanýardy. Pawlusyň aýdýan habaryny olar öň eşitmändiler, şonuň üçin: «Sen geň-taň zatlary gürrüň berýäň» diýýärler (Res. 17:18—20).
7. Resullar 17:22, 23-nji aýatlara görä, Pawlus wagyz edýän adamlarynyň garaýşyny nädip göz öňünde tutdy?
7 Resullar 17:22, 23-nji aýatlary okaň. Pawlus sinagogadaky ýehudylara wagyz edişi ýaly Afinada wagyz etmedi. Ol: «Afinadaky adamlar nämä ynanýarka?» diýip, oýlanan bolmaly. Pawlus şäheriň içine aýlanyp, adamlaryň dini däp-dessurlary berjaý edişine üns berýär. Soňra Pawlus olaryň ynanýan zatlaryny göz öňünde tutup, Mukaddes Kitapdaky hakykaty gürrüň berýär. Mukaddes Kitaby öwrenýän bir alym şeýle diýýär: «Ol ýehudy we mesihçi bolansoň, ýehudylaryň hem mesihçileriň „hak“ Hudaýyna grekleriň sežde etmeýändiklerini bilýärdi. Ýöne Pawlus özüniň sežde edýän Hudaýynyň afinalylar üçin hem nätanyş däldigini düşündirmäge jan etdi». Pawlus adamlaryň garaýşyny göz öňünde tutup, ynanýan zatlary hakda wagyz edip başlady. Afinalylar «nätanyş Hudaý» üçin seždegäh gurupdylar. Şonuň üçin Pawlus olaryň sežde edýän «nätanyş Hudaýy» hakda wagyz edýändigini aýdýar. Afinalylar Mukaddes Kitaby bilmeýärdi, ýöne Pawlus olar Isanyň şägirdi bolmaz diýip pikir etmeýärdi. Ol afinalylara ýetişen hasyl hökmünde garaýardy we olaryň garaýşyny göz öňünde tutup wagyz edýärdi.
8. a) Ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň uýýan dinini nädip bilse bolar? b) Biri öz dininiň bardygyny aýtsa, biz näme jogap bereris?
8 Pawlus ýaly ünsli boluň. Ýaşaýan ýeriňizdäki adamlaryň ynanýan zatlaryny biljek boluň. Öýüniň daş-töweregindäki zatlara syn edip, öý eýesi barada näme bilse bolar? Onuň ady, egin-eşigi, daş keşbi we aýdýan sözleri uýýan dinini bilmäge nädip kömek edýär? Belki, onuň özi haýsy dine uýýandygyny aýdar. Ýörite pioner uýamyza bir adam öz dininiň bardygyny aýdýar. Şonda uýamyz: «Sizi mejburlap, öz dinime ynandyrjak bolamok. Men siziň bilen gürrüňdeş bolmaga geldim. Nähili pikir edýäňiz...» diýýär.
9. Siz hudaýhon adamlaryň dilini tapyp nädip wagyz edip bilersiňiz?
9 Hudaýhon adamlar bilen näme hakda gürrüň edip bilersiňiz? Adamyň dilini tapjak boluň. Belki, ol hak Hudaýa sežde edýändir, Isanyň pygamberdigine we erbetligiň tizden ýok boljagyna ynanýandyr. Şeýle temalar barada gürrüň etseňiz, Mukaddes Kitapdaky habar adamyň ýüregine täsir eder.
10. Biz näme etmäge jan etmeli we näme üçin?
10 Adamlar uýýan dininiň her bir öwredýän zadyna ynanýandyr öýtmäň. Şol sebäpli olaryň diňe bir uýýan dinini däl-de, nämä ynanýandygyny hem biljek boluň. Awstraliýada ýörite pioner bolup gulluk edýän Deýwid: «Şu günler köp adamlar din bilen filosofiýany garyşdyrýarlar» diýýär. Albaniýada ýaşaýan Donalta uýamyz: «Biziň wagyz edýän adamlarymyzyň köpüsi öz dininiň bardygyny aýdýarlar. Soňra bolsa Hudaýa känbir ynanmaýandygyny boýun alýarlar» diýýär. Argentinada missioner bolup gulluk edýän doganyň aýtmagyna görä, käbirleri üç ýüzli taňra çokunýarys diýseler-de, Ata, Ogul 1 Kor. 9:19—23).
we mukaddes ruhuň üçüsiniň bir Hudaýdygyna ynanmaýarlar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Şu zatlary bilmeklik, adamlaryň dilini tapmaga kömek edýär». Biz hem adamlaryň nämä ynanýandygyny bilmäge jan etsek, Pawlusyň göreldesine eýerip, «her kese her zat bolup» bileris (ADAMLARYŇ GYZYKLANÝAN ZATLARY
11. Resullar 14:14—17-nji aýatlara görä, Pawlus Listradakylara düşnükli bolar ýaly nädip wagyz etdi?
11 Resullar 14:14—17-nji aýatlary okaň. Pawlus wagyz edende adamlary nämäniň gyzyklandyrýandygyny anyklap, şoňa görä wagyz ederdi. Meselem, Listrada Pawlusy diňlemäge gelen adamlar Mukaddes Kitaby känbir bilmeýärdi. Şol sebäpli Pawlus olara düşünip biläýjek delillerini getirip wagyz etdi. Ol bol hasyl we bagtly ýaşaýyş hakda gürrüň berdi. Şeýle-de diňleýjilerine düşnükli sözleri we mysallary ulanyp wagyz etdi.
12. Adamy gyzyklandyrýan zady nädip bilmeli we nädip gürrüňdeşlige başlamaly?
12 Ýaşaýan ýeriňizdäki adamlar hakda oýlanyp, olary nämäniň gyzyklandyrýandygyny anyklaň, soňra şoňa görä wagyz ediň. Wagyz etmek isleýän adamyňyza ýa-da onuň öýüne golaýlaşanyňyzda, ony gyzyklandyrýan zady nädip bilse bolar? Ünsli bolmagy unutmaň! Belki-de, adam melleginde işleýändir, kitap okaýandyr, ulagyny bejerýändir ýa-da başga işleri edip ýörendir. Eger ýerlikli bolsa, onuň edýän işi barada gürrüňe başlasaňyz gowy bolar (Ýah. 4:7). Hawa, adamyň egnindäki eşigine seredip, onuň milletini, kärini ýa-da halaýan sport toparyny bilip bolýar. Gustawo dogan şeýle gürrüň berýär: «Men 19 ýaşly oglan bilen gürrüňdeş boldum. Onuň egnindäki eşiginde meşhur aýdymçynyň suraty bardy. Men şol surat hakda soradym. Ol hem aýdymçyny näme üçin halaýandygyny gürrüň berip başlady. Gürrüňdeşlik Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge höweslendirdi. Häzir ol biziň doganymyz».
13. Siz Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip edeniňizde, adamyň ýüregine nädip täsir edip bilersiňiz?
13 Adama Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip edeniňizde, ýüregine jüňk bolar ýaly täsirli edip aýdyň. Onuň soraglaryna kanagatlandyryjy jogaplary tapyp bolýandygyny görkeziň (Ýah. 4:13—15). Meselem, Ester uýamyz bir aýala wagyz edende, ol öýe girmegi haýyş edýär. Esteriň diwardaky hormat hata gözi düşende, aýalyň professordygyna düşünýär. Şonda uýa biziňem Mukaddes Kitap okuwy we ýygnak duşuşyklary arkaly adamlara bilim berýändigimizi gürrüň berýär. Aýal okuw geçmäge razylaşýar we ertesi ýygnak duşuşygyna barýar. Şondan köp wagt geçmänkä, ol etrap kongresine barýar. Bir ýyl geçenden soň suwa çümdürilýär. Şonuň üçin siz hem özüňizden: «Gaýtadan ideg edýän adamymy näme gyzyklandyrýar? Mukaddes Kitapdan okuw geçmegiň peýdalydygyny nädip düşündirip bilerin?» diýip soraň.
14. Siz Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adamlaryňyzyň her biri üçin nädip taýýarlyk görýärsiňiz?
14 Siz Mukaddes Kitapdan okuw geçeniňizde, her bir geçjek sapagyňyza gowy taýýarlanyň. Okuw geçýän adamyň medeniýeti, bilimi we gyzyklanýan zatlary hakda oýlanyň. Sapaga taýýarlyk göreniňizde, Mukaddes Kitapdaky hakykaty düşündirmek üçin haýsy aýady okajakdygyňyzy, haýsy wideony görkezjekdigiňizi we haýsy mysaly gürrüň berjekdigiňizi öňünden kesgitläň. Özüňizden: «Adamyň ýüregine täsir eder ýaly näme aýtsam gowy bolar?» diýip soraň (Nak. 16:23). Pioner uýa Flora albaniýaly aýal bilen okuw geçýärdi. Aýal: «Men ölen adamyň direljegine ynanyp bilemok» diýýär. Flora aýaly mejburlyk bilen direlişe ynandyrjak bolmaýar. Uýa şeýle diýýär: «Ilki bilen, direlişi wada berýän Hudaýy ýakyndan tanamaga kömek etmelidigime düşündim». Şondan soňra Flora her gezek okuw geçende, Ýehowanyň söýgüden doly, akyldar we güýçli Hudaýdygyny nygtap geçýär. Wagtyň geçmegi bilen, okuw geçýän aýal direlişe iman edýär. Indi ol Ýehowanyň halkyna goşulyp, yhlasly wagyz edýär.
ISANYŇ ŞÄGIRDI HÖKMÜNDE GARAŇ
15. Resullar 17:16—18-nji aýatlara görä, gadymy grekleriň edýän işleri Pawlusy biynjalyk etse-de, näme üçin Afinada wagyz edýär?
15 Resullar 17:16—18-nji aýatlary okaň. Afinanyň ilaty butparazdy, ahlaksyzdy we filosofiýa ynanýardy. Olar Pawlusyň üstünden gülseler-de, ol ýan bermedi, ruhdan düşmedi. Pawlusyň özi-de öň «Hudaýa dil ýetirýän, halkyny yzarlaýan we gödek adamdy», emma indi mesihçi boldy (1 Tim. 1:13). Isa Pawlusyň öz şägirdi boljagyna ynanýardy, Pawlus hem Afinadaky adamlaryň mesihçi boljagyna umyt edýärdi. Onuň umydy puja çykmady (Res. 9:13—15; 17:34).
16, 17. Islendik adamyň Isanyň şägirdi bolup biljekdigini näme görkezýär? Mysal getiriň.
16 I asyrda her dürli adamlar Isanyň şägirtleri boldular. Pawlus Gresiýanyň Korinf şäherinde ýaşaýan mesihçilere hat ýazanda, olaryň käbiri öň jenaýatçydy, ahlaksyz işlerini akyla sygdyryp bolmaýardy. Pawlus şeýle diýdi: «Siziň hem käbiriňiz şeýle işleri edýärdiňiz, emma ýuwlup arassalandyňyz» (1 Kor. 6:9—11). Siz hem şeýle adamlaryň durmuşyny özgerdip, mesihçi boljakdygyna ynanýarsyňyzmy?
17 Şu günlerem köp adamlar Isanyň şägirdi bolmak üçin durmuşyny özgerdýärler. *.
Meselem, Awstraliýada ýörite pioner bolup gulluk edýän Ýukina islendik adamyň hoş habara seslenip bilýändigine göz ýetirdi. Bir gezek ol hususy kärhanada sölpi eşikli we tenine surat çekilen bir gyza duşýar. Ýukina şeýle gürrüň berýär: «Men başda wagyz etmäge çekinsemem, onuň bilen gürrüňdeş boldum. Görüp otursam, ol Mukaddes Kitap hakda örän bilesi gelýän ekeni. Hatda ol endamyna Zebur kitabynyň käbir aýatlaryny ýazdyrypdyr». Ol Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýar18. Biz näme üçin adamlara höküm çykarmaly däl?
18 Isa «hasyl eýýäm ýetişipdir» diýende, yzyna köp adamlaryň eýerjekdigini göz öňünde tutdymy? Ýok. Mukaddes Kitapda Isanyň aýdan sözlerine köp adamlaryň ynanmajakdygy pygamberlik edilýär (Ýah. 12:37, 38). Isa adamlaryň pikirini bilýärdi (Mat. 9:4). Ol az adamyň iman etjekdigini bilse-de, ähli adamlara yhlasly wagyz etdi. Emma biz adamlaryň pikirini bilmeýäris, şonuň üçin ýaşaýan ýerimizdäki adamlar hakykaty kabul etmez diýip, olara höküm çykarmaly däl, gaýtam Isanyň şägirdi hökmünde garamaly. Burkina-Fasoda missioner bolup gulluk edýän Mark şeýle diýýär: «Şul-a ruhy ösüş eder diýenim, okuw geçmesini goýýar. Ýöne pikir etmedik adamlarym ruhy ösüş edýär. Şonuň üçin men Ýehowanyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýermelidigine düşündim».
19. Biz ýaşaýan ýerimizdäki adamlara nähili garamaly?
19 Belki, siz ýaşaýan ýeriňizdäki adamlary «ýetişen hasyla» meňzedýän dälsiňiz. Ýöne Isanyň şägirtlerine aýdan sözüni unutmaň. Hawa, hasyl ýetişdi, oraga taýyn! Adamlar durmuşyny özgerdip, Isanyň şägirdi bolup bilerler. Ýehowa olary gymmatly «dürdäne» hasaplaýar (Hag. 2:7). Eger bizem Ýehowa bilen Isanyňky ýaly garaýyşda bolsak, adamlaryň medeniýetini hem-de gyzyklanýan zatlaryny göz öňünde tutarys. Biz olara ýat adam däl-de, öz doganymyz ýa uýamyz hökmünde gararys.
57-NJI AÝDYM Hemmelere wagyz edeliň
^ par. 5 Ýaşaýan ýerimizdäki adamlara bolan garaýşymyz wagyz edişimize we öwredişimize nähili täsir edýär? Şu makalada Isa pygamberiň we Pawlus resulyň wagyz eden adamlaryna bolan garaýşy hakda bileris. Şeýle-de olaryň göreldesine eýerip, adamlaryň ynanýan, gyzyklanýan zatlaryny göz öňünde tutmagy we olara Isanyň şägirdi hökmünde garamagy öwreneris.
^ par. 17 «Mukaddes Kitap durmuşyňy özgerdýär» diýen makalalarda durmuşyny özgerden adamlaryň ençeme mysallary bar. Şol makalalar 2017-nji ýyla çenli «Garawul diňi» žurnalynda neşir edilýärdi. Indi bolsa jw.org® saýtynda çykýar. BIZ BARADA > BAŞDAN GEÇIRMELER diýen bölümi saýlaň.
^ par. 57 SURATLAR: är-aýal öýden-öýe wagyz edenlerinde, öý eýesiniň 1) arassaçyldygyna, 2) çagasynyň bardygyna, 3) hapysadygyna we 4) dindardygyna üns berdiler. Siz haýsy öýden Isanyň şägirdi boljak adamy tapyp bilersiňiz?