Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 17

Ýehowa sizi söýýär!

Ýehowa sizi söýýär!

«Ýehowa halkyna guwanýar» (Zeb. 149:4).

108-NJI AÝDYM Hudaýyň wepaly söýgüsi

MAZMUNY *

Gökdäki Atamyz Ýehowa her birimize guwanýar (1-nji abzasa serediň).

1. Ýehowa halkyna nähili garaýar?

ÝEHOWA HUDAÝ «halkyna guwanýar» (Zeb. 149:4). Biz muňa örän begenýäris! Ýehowa biziň ýagşy häsiýetlerimizi görýär, Özüne wepaly boljakdygymyzy bilýär we biziň bilen dostlaşmak isleýär. Eger biz oňa tarap bir ädim ätsek, ol bize tarap on ädim äder (Ýah. 6:44).

2. Dogan-uýalaryň käbiri näme üçin Ýehowanyň söýýändigine ynanyp bilmeýärler?

2 Käbir dogan-uýalar: «Ýehowanyň öz halkyny söýýändigini bilýärin, ýöne ol meni söýýärmikä?» diýip biynjalyk bolýarlar. Olar näme üçin Ýehowanyň söýýändigine ynanyp bilmeýär? Çagalygynda agyr günleri başdan geçiren Oksana * şeýle gürrüň berýär: «Suwa çümdürilip, pioner gullugyna başlanymda, begenjimden ýaňa guş bolup uçaýjak bolýardym. Emma 15 ýaşlarymda çagalygymda başdan geçiren agyr günlerim ýadyma düşüp, gaty erbet boldum. Şonda men Ýehowanyň söýgüsine we ýagşylygyna özümi mynasyp görmedim». Pioner bolup gulluk edýän Juwanna uýa hem çagalygynda agyr günleri başdan geçirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmak üçin özümi bagyş etdim. Ýöne Ýehowanyň meni söýýändigine asla ynanyp bilemeýärdim».

3. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Ýokarda agzalan wepaly uýalar ýaly, käte size-de Ýehowanyň söýýändigine ynanmak kyn bolýandyr. Ýehowanyň her birimiz hakda ýürekden alada edýändigine näme üçin ynanmaly? Ýehowanyň söýýändigine şübhelenmez ýaly näme etmeli? Häzir makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

ÝEHOWANYŇ SÖÝÝÄNDIGINE ŞÜBHELENMÄŇ!

4. Ýehowanyň söýýändigine şübhelenmek näme üçin howply?

4 Söýgi adama güýç-kuwwat berýär. Eger biz Ýehowanyň söýýändigine we goldaýandygyna ynansak, kynçylyklara garamazdan, bütin ýüregimiz bilen gulluk ederis. Emma Allatagalanyň aladamyzy edýändigine şübhelensek, biziň «göreşmäge güýjümiz bolmaz» (Nak. 24:10). Ýehowanyň bizi söýýändigine ynanmasak we ruhdan düşsek, Şeýtanyň hüjümlerine garşy durup bilmeris (Efes. 6:16).

5. Ýehowanyň söýgüsine şübhelenýän dogan-uýalar hakda gürrüň beriň.

5 Käbir wepaly dogan-uýalar Hudaýyň söýýändigine şübhelenýärler. Jeýms şeýle gürrüň berýär: «Men Beýtelde gulluk edýärin. Daşary ýurt dilindäki ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýärin. Ýöne käte Ýehowa edýän gullugymdan razymyka diýip oýlanýardym. Hatda Ýehowanyň dogalarymy diňleýändigine şübhelenýärdim». Beýtelde gulluk edýän Ewa uýa şeýle gürrüň berýär: «Ýehowanyň söýýändigine şübhelenmek örän howply eken, sebäbi edýän gullugyňdan eliň sowaýar. Mukaddes Kitaby we edebiýatlary okasyň gelmeýär. Hudaýa şatlyk bilen gulluk edip bilmeýärsiň». Pioner we ýaşuly bolup gulluk edýän Maýkl şeýle diýýär: «Hudaýyň aladaňy edýändigine ynanmasaň, imanyň gowşar we Ýehowadan daşlaşarsyň».

6. Hudaýyň söýýändigine şübhe döredýän pikirleri aýyrmak üçin näme etmeli?

6 Okan wakalarymyzdan görnüşi ýaly, Hudaýyň söýýändigine şübhelenmek imanyňy gowşadýar. Ýöne Ýehowanyň söýýändigine şübhe döredýän zatlar hakda oýlanyp başlasaňyz näme edip bilersiňiz? Şeýle pikirleri derrew aňyňdan aýyrmaly. Ýehowa doga etmeli we gaýgy-aladaňy aýtmaly. Şonda «Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi... gorar» (Zeb. 139:23; Flp. 4:6, 7). Unutmaň, siz ýeke däl! Ýehowa wepaly dogan-uýalar hem şeýle pikirler bilen göreşýärler. Gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlar hem şeýle duýgulary başdan geçiripdirler. Geliň, Pawlus resulyň göreldesine nädip eýerip biljekdigimize seredeliň.

PAWLUS RESULDAN GÖRELDE ALYŇ!

7. Pawlus resul nähili kynçylyklar bilen göreşýär?

7 Belki, siziň ýygnakda köp jogapkärçiligiňiz bardyr. Olar agyr ýük bolup, egniňizden basýandyr. Eger şeýle bolsa, Pawlus resulyň ýagdaýyna gowy düşünseňiz gerek, sebäbi ol köp «ýygnaklaryň aladasyny... egni bilen çekmeli bolýardy» (2 Kor. 11:23—28). Belki, siz agyr kesel sebäpli şatlygyňyzy ýitirensiňiz. Pawlus hem keselden ejir çeken bolmaly. Ol: «Bedenimde tiken bar» diýýär. Şondan dynmak isleýär (2 Kor. 12:7—10). Ýa-da size bikämillik sebäpli dogry işleri etmek kyn bolýandyr. Pawlus hem özüni şeýle duýýardy. Ol: «Men bir biçäre adam!» diýýär (Rim. 7:21—24). Pawlus erbet pikirlerini ýeňmek üçin hemişe göreşýärdi.

8. Pawlusa kynçylyklaryna döz gelmäge näme kömek etdi?

8 Pawlus resul dürli kynçylyklara duşsa-da, käte ruhdan düşse-de, Ýehowa yhlasly gulluk edýärdi. Oňa näme kömek etdi? Pawlus bikämillik sebäpli ýalňyşsa-da, töleg gurbanyna iman edýärdi. Ol «Hudaýyň Ogluna iman eden her bir adamyň... ebedi ýaşaýşa gowuşjakdygyna» ynanýardy (Ýah. 3:16; Rim. 6:23). Şonuň üçin ol Isanyň beren töleg gurbanyna iman edýärdi. Şeýle-de agyr günä eden adam toba etse, Hudaýyň ýürekden bagyşlaýandygyna düşünýärdi (Zeb. 86:5).

9. Pawlusyň Galatýalylar 2:20-däki sözlerinden näme öwrenýäris?

9 Pawlus Hudaýyň söýýändigine hiç hili şübhelenmeýärdi. Sebäbi Ýehowa onuň üçin söwer Ogluny gurban etdi (Galatýalylar 2:20-ni okaň). Pawlus ynam bilen şeýle diýdi: «Hudaýyň Ogly... meni söýüp, meniň üçin janyny gurban etdi». Pawlus özüni Hudaýyň söýgüsine mynasyp görmän: «Men Ýehowanyň dogan-uýalary söýýändigine ynanýaryn. Ýöne meni söýmegi akyla sygjak zat däl» diýmedi. Ol Rimdäki dogan-uýalara: «Biz entek günälikäk, Mesih biziň üçin öldi» diýip ýatlatdy (Rim. 5:8). Dogrudan-da, Ýehowa hiç kimi ala tutman, hemmeleri söýýär!

10. Rimliler 8:38, 39-njy aýatlarda Pawlusyň aýdan sözlerinden näme öwrenýäris?

10 Rimliler 8:38, 39-njy aýatlary okaň. Pawlus Hudaýyň söýýändigine asla şübhelenmeýärdi. Ol: «Hudaýyň söýgüsinden hiç zadyň aýra salyp bilmejekdigine berk ynanýaryn» diýdi. Pawlus Ýehowanyň ysraýyl halkyna sabyrly bolandygyny, olara rehim edendigini we ýürekden bagyşlandygyny bilýärdi. Aslynda, Pawlus şeýle diýjek bolupdy: «Hudaý meniň üçin Ogluny gurban beren bolsa, meni söýýändigine şübhelenip bilerinmi?!» (Rim. 8:32).

Ýehowa goýberen ýalňyşlarymyzy ýatlamaýar, gaýtam şu günler we gelejekde etjek ýagşy işlerimizi wajyp hasaplaýar (11-nji abzasa serediň). *

11. Pawlus 1 Timoteos 1:12—15-nji aýatlarda agzalýan erbet işleri eden hem bolsa, Hudaýyň söýýändigine näme üçin ynanýardy?

11 1 Timoteos 1:12—15-nji aýatlary okaň. Pawlus geçen günlerini ýatlap, özüni gaty erbet duýýardy. Sebäbi ol özüni günäkärleriň «iň erbedi» hasaplaýardy. Pawlus Isanyň şägirdi bolmanka şäherme-şäher aýlanyp, mesihçileri zalymlyk bilen yzarlaýardy, türmä basýardy we olara ölüm jezasy berlende, iki elläp goldaýardy (Res. 26:10, 11). Göz öňüne getiriň, Pawlus mesihçi bolansoň, bir ýaş dogan bilen tanyşýar, onuň ene-atasyna jeza berlip öldürilipdi. Pawlus olara berlen jezany goldapdy, indi bolsa eden işine ökünip, özüni erbet duýýardy. Emma geçen günleri yzyna gaýtaryp bilmejekdigine düşünýärdi. Ol Isanyň özi üçin ölendigine ynanyp: «Men Hudaýyň ýagşylygy bilen resul boldum» diýdi (1 Kor. 15:3, 10). Biz mundan näme öwrenýäris? Ýehowa bilen ýakyn dost bolar ýaly, Isanyň biziň üçin janyny gurban berendigine iman etmeli (Res. 3:19). Belki, biz Ýehowany tanamankak ýa-da tananymyzdan soň hem günä edendiris. Ýöne Ýehowa goýberen ýalňyşlarymyzy ýatlamaýar, gaýtam şu günler we gelejekde etjek ýagşy işlerimizi wajyp hasaplaýar (Işa. 1:18).

12. Özümizi dereksiz duýanymyzda, 1 Ýahýa 3:19, 20-nji aýatlar nädip kömek eder?

12 Isa pygamberiň siziň günäleriňiz üçin şirin janyny berendigi barada oýlananyňyzda: «Men beýle hormata mynasyp däl» diýýänsiňiz. Näme üçin? Sebäbi biziň bikämil we hilegär ýüregimiz: «Sen dereksiz, seni hiç kim söýmeýär» diýip, aldajak bolýar (1 Ýahýa 3:19, 20-nji aýatlary okaň). Şeýle ýagdaýlarda Hudaýyň bizi «ýüregimizden has gowy tanaýandygyny» unutmalyň. Belki, biz özümizi Hudaýyň söýgüsine mynasyp görýän däldiris. Emma gökdäki Atamyz bizi söýýär we ýürekden bagyşlaýar. Bize Ýehowanyňky ýaly garaýyşda bolmaga näme kömek eder? Munuň üçin her gün Mukaddes Kitaby okamaly, hemişe doga etmeli we hudaýhon adamlar bilen dostlaşmaly. Bu näme üçin wajyp?

NÄDOGRY PIKIRLERE GARŞY GÖREŞIŇ!

13. Hudaýyň Sözüni her gün okamagyň näme peýdasy bar? (« Hudaýyň Sözi güýç berýär» diýen çarçuwa serediň).

13 Hudaýyň Sözüni her gün okaň. Şonda Ýehowany has gowy tanarsyňyz we sizi ýürekden söýýändigine göz ýetirersiňiz. Mukaddes Kitaby her gün okasaňyz, erbet pikirleri aýyrmaga we gowy zatlar hakda oýlanmaga kömek eder (2 Tim. 3:16). Ýygnak ýaşulusy Kewin käte özüni dereksiz duýýardy. Ol özüne nämäniň kömek edendigi barada şeýle gürrüň berýär: «Men Zebur 103-nji baby okaýaryn hem oýlanýaryn. Şonda özüme dogry baha berýärin we Ýehowanyň söýýändigine ýürekden ynanýaryn». Ýokarda agzalan Ewa uýa şeýle diýýär: «Men her gün agşam Ýehowa barada oýlanýaryn. Şonda kalbym rahatlanýar we imanym berkeýär».

14. Hemişe doga etmegiň nähili peýdasy bar?

14 Hemişe doga ediň (1 Sel. 5:17). Eger biri bilen dostlaşsaň, onuň bilen her gün gürrüňdeş bolup, ýüregiňi dökesiň gelýär. Ýehowa bilen dostlaşmak üçin hem doga etmeli we duýgularyňy, pikiriňi, alada goýýan zatlaryňy aýtmaly. Şonda biz Ýehowa doly bil baglarys we söýýändigine ynanýandygymyzy görkezeris (Zeb. 94:17—19; 1 Ýah. 5:14, 15). Ýokarda agzalan Juwanna şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowa doga edenimde, diňe şu gün bolan zatlary aýtmaýaryn. Men Hudaýa ýüregimi döküp, alada goýýan bar zadymy aýdýaryn. Indi men Ýehowany has gowy tanaýaryn. Ol meniň üçin talapkär hojaýyn däl-de, çagalarynyň aladasyny edýän, söýgüden doly ata ýaly». (« Okap gördüňizmi?» diýen çarçuwa serediň).

15. Ýehowa nädip aladamyzy edýär?

15 Hudaýhon adamlar bilen dostlaşyň. Ýehowa olary bize sowgat hökmünde berdi (Ýak. 1:17). Ýehowa her birimiziň aladamyzy edýär. Hudaý «elmydama söýýän» dogan-uýalar arkaly goldaýar (Nak. 17:17). Pawlus resul koloslylara ýazan hatynda özüni goldan, «köp göwünlik beren» doganlaryň adyny agzap geçýär (Kol. 4:10, 11). Hatda Isa Mesih hem dostlarynyň kömegine mätäçdi. Ol perişdäniň we adamlaryň beren kömegine minnetdar boldy (Luka 22:28, 43).

16. Wepaly dostlarymyz Ýehowa ýakynlaşmaga nädip kömek edýär?

16 Siz dogan-uýalaryň kömegini kabul edýärsiňizmi? Ýehowa berk iman edýän dostuňyza biynjalyk edýän zadyňyzy aýtmak ejizlik däldir. Gaýtam siziň janyňyzy goraýar. Ýokarda agzalan Jeýms dogan şeýle gürrüň berýär: «Hudaýa berk iman edýän dostlarym meni erbet pikirleriň duzagyndan halas etdiler. Özümi dereksiz duýanymda, olar meni ünsli diňlediler we gowy görýändiklerini aýtdylar. Şonda Ýehowanyň dostlarym arkaly aladamy edýändigine we meni söýýändigine düşündim». Hawa, Ýehowa berk iman edýän dogan-uýalar bilen dostlaşmak örän wajyp!

ÝEHOWA SÖÝGIŇIZ SOWAMASYN!

17, 18. Biz kime gulak asmaly we näme üçin?

17 Şeýtan biziň dogrulyk ýolunda alyp barýan söweşimizde ýeňilmegimizi isleýär. Ol Ýehowanyň bizi söýmeýändigine we goramaýandygyna ynandyrjak bolýar. Emma ol ýalançy, hiç haçan hakykaty aýtmaýar.

18 Ýehowa bizi söýýär we gözüniň göreji ýaly goraýar. Eger oňa gulak assak, Isa pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowa bolan «söýgimizi hiç haçan sowatmarys» (Ýah. 15:10). Şonuň üçin Şeýtany we hilegär ýüregimizi diňlemegiň deregine, Ýehowa gulak asalyň. Hudaý her birimiziň ýagşy häsiýetlerimizi görýär. Unutmalyň, Ýehowa her bir wepaly bendesine «guwanýar»!

141-NJI AÝDYM Täsin ýaşaýyş

^ par. 5 Dogan-uýalaryň käbiri Ýehowanyň özlerini söýýändigine şübhelenýärler. Şu makalada Ýehowanyň her birimizi aýratynlykda söýýändigi hakda bileris. Şeýle-de Ýehowanyň söýýändigine şübhelenýän bolsak näme etmelidigi barada gürrüň ederis.

^ par. 2 Käbir atlar üýtgedildi.

^ par. 67 SURAT: Pawlus Isa pygambere iman etmänkä, köp mesihçileri tussag edipdi. Soňra Pawlus Isanyň eden ýagşylyklaryna düşünip, durmuşyny düýpgöter üýtgetdi. Şeýle-de ol öň yzarlan mesihçileriniň garyndaşlaryny hem ruhlandyrdy.