Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 15

Isa pygamberiň soňky deminde aýdan sözleri

Isa pygamberiň soňky deminde aýdan sözleri

«Ine meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn. Ogluma gulak asyň!» (Mat. 17:5).

17-NJI AÝDYM «Isleýärin»

MAZMUNY *

1, 2. Isa pygambere 14-nji nisan güni näme etdiler?

BIZIŇ ERAMYZYŇ 33-nji ýylynyň 14-nji nisan güni, günortan çagydy. Şol gün Isa pygamberi günäkärläp, ölüm jezasyna höküm edipdiler. Ony urdular, üstünden güldüler, elini we aýagyny pürse çüýlediler. Ol her gezek geplände endam-jany agyrydan ýaňa syzlaýardy. Ýöne onuň aýtmaly wajyp zatlary bardy.

2 Geliň, indi Isa pygamberiň jebir pürsünde aýdan sözlerinden nähili wajyp sapak edinip bolýandygy hakda gürrüň edeliň. Başgaça aýdanyňda, Hudaýyň Ogluna «gulak asmak» üçin näme etmelidigini bileliň (Mat. 17:5).

«ATAM, OLARY BAGYŞLA»

3. Isa kimleri göz öňünde tutup: «Atam, olary bagyşla» diýdi?

3 Isa näme diýdi? Isa jebir pürsünde Ýehowa doga edip: «Atam, olary bagyşla» diýdi. Isa kimleri göz öňünde tutdy? Ol «näme edýänini bilmeýän» adamlary göz öňünde tutupdy (Luka 23:33, 34). Belki-de, Isa elini we aýagyny pürse çüýlän Rim esgerleri hakynda aýdandyr. Sebäbi olar Hudaýyň Ogluny pürse çüýleýändiklerini bilmeýärdiler. Ýa-da Isa märekäniň içindäki käbir adamlary göz öňünde tutandyr. Sebäbi olar Isa pygamberiň öldürilmegini talap eden hem bolsa, soňra oňa iman edipdiler (Res. 2:36—38). Isa näçe görgi görse-de, adamlara gaharlanmady ýa-da gargamady (1 Pet. 2:23). Gaýtam Ýehowa ýalbaryp, özüni pürse çüýlän adamlary bagyşlamagyny haýyş etdi.

4. Isanyň göreldesine eýersek, bize garşy çykýanlary nädip bagyşlarys?

4 Isa pygamberiň sözlerinden näme öwrenýäris? Biz Isanyň göreldesine eýerip, biri-birimizi ýürekden bagyşlamaly (Kol. 3:13). Käbir adamlar, hatda dogan-garyndaşlarymyz hem bize doly düşünmän, garşy çykmaklary mümkin. Olaryň töhmet atmaklary, kemsitmekleri, edebiýatlarymyzy ýyrtmaklary ýa-da urup zyýan ýetirmekleri mümkin. Şonda gaharlanmagyň deregine, olaryň ýüregini ýumşatmak we iman etmekleri üçin doga-dileg edip, Ýehowadan kömek soramaly (Mat. 5:44, 45). Käte bize adalatsyzlyk eden adamlary bagyşlamak kyn bolýar. Eger öýke-kinäniň ýüregimizde kök urmagyna ýol bersek, öz-özümize zyýan ýetireris. Bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Bagyşlamak — seniň günäkärdigiňi, adalatsyzlyga göz ýumýandygyňy aňlatmaýar. Bagyşlamak — göwnüňe degen adamdan öýkeläp oturman, geçirimli bolmagy aňladýar» (Zeb. 37:8). Eger biz ýürekden bagyşlasak, öýke-kinäni köki bilen sogrup taşlarys (Efes. 4:31, 32).

«MENIŇ BILEN JENNETDE BOLARSYŇ»

5. Isa garakça näme wada berdi we näme üçin?

5 Isa näme diýdi? Isanyň her tarapynda bir garakçyny pürse çüýleýärler. Olaryň ikisi hem Isa sögýär (Mat. 27:44). Soňra olaryň biri Isanyň «hiç hili erbetlik» etmändigine göz ýetirýär (Luka 23:40, 41). Hatda ol Isanyň Patyşa boljakdygyna we ölen adamlary direltjekdigine iman edýär. Ol ysgyn-mydardan gaçan Isa ýüzlenip: «Isa, Patyşa bolanyňda meni ýatla!» diýýär (Luka 23:42). Hawa, ol ýürekden iman edýär! Isa oňa: «Saňa söz berýärin, meniň bilen Jennetde bolarsyň» diýýär (Luka 23:43) *. Isa Atasynyň rehimdardygyny bilýärdi, şol sebäpli garakça Jennetde direltjekdigini wada berýär (Zeb. 103:8).

6. Isanyň garakça aýdan sözlerinden näme öwrenýäris?

6 Isa pygamberiň sözlerinden näme öwrenýäris? Isa Atasynyň göreldesine doly eýerdi (Ýew. 1:3). Ýehowa eden günälerine toba edýän we Isa Mesihiň töleg gurbanyna ýürekden iman edýän her bir adamy bagyşlaýar (1 Ýah. 1:7). Belki, käbirleri öňki eden günälerini Allanyň bagyşlaýandygyna ynanyp bilýän däldir. Oýlanyp görüň, Ýehowa garakçyny Isa iman edendigi üçin bagyşlan bolsa, onda Özüne ýürekden wepaly bolýan we tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge jan edýän adamlary bagyşlamazmy näme?! (Zeb. 51:1; 1 Ýah. 2:1, 2).

«INE SENIŇ OGLUŇ... INE SENIŇ EJEŇ!»

7. Ýahýa 19:26, 27-nji aýatlara görä, Isa ejesi bilen ýakyn dostuna näme diýdi we näme üçin?

7 Isa näme diýdi? (Ýahýa 19:26, 27-nji aýatlary okaň). Isa ejesiniň ýürekden aladasyny edýärdi, sebäbi şol wagt Merýem dul galan bolmaly. Isanyň süýtdeş doganlary ejesiniň iýjek-içjegini ýetirip durardylar. Ýöne doganlary Isa pygambere iman etmeýärdi. Onda Merýeme Hudaýa hemişe wepaly bolar ýaly kim goldaw bererkä? Elbetde, Ýahýa resul! Ol Isanyň jana-jan dostudy. Isa Ýehowa iman edýän her bir adamy öz maşgala agzasy hasaplaýardy (Mat. 12:46—50). Şol sebäpli mähriban ejesiniň aladasyny etmegi Ýahýa tabşyrýar. Isa: «Eje, ine seniň ogluň!» diýýär. Ýahýa bolsa: «Ine seniň ejeň!» diýýär. Edil şol günden Ýahýa Merýemiň ogly hökmünde aladasyny edip başlaýar. Isa özüni kemala getiren we soňky demine çenli ýanynda bolan ejesini ýürekden söýýärdi.

8. Isanyň Merýem bilen Ýahýa aýdan sözlerinden näme öwrenýäris?

8 Isa pygamberiň sözlerinden näme öwrenýäris? Bizi dogan-garyndaşlarymyza garanda, dogan-uýalar has köp söýýärler. Belki-de, bize dogan-garyndaşlarymyz garşy çykarlar ýa-da öýden kowarlar. Emma Ýehowa bil baglasak we onuň halky bilen ýakyndan gatnaşsak, Isanyň wada berişi ýaly, biziň «100 esse köp» ogullarymyz, gyzlarymyz, ejelerimiz hem kakalarymyz bolar (Mar. 10:29, 30). Biri-birini we Ýehowany ýürekden söýýän hem-de oňa iman edýän agzybir maşgalanyň agzasy bolmak uly hormat! (Kol. 3:14; 1 Pet. 2:17).

«ALLA JAN, MENI NÄME ÜÇIN TERK ETDIŇ?»

9. Isa pygamber Matta 27:46-daky sözleri näme üçin aýtdy?

9 Isa näme diýdi? Isa jebir pürsünde «Alla jan, Alla jan, meni näme üçin terk etdiň?» diýýär (Mat. 27:46). Mukaddes Kitapda Isanyň näme üçin şeýle diýendigi düşündirilmeýär. Geliň, Isanyň şu sözleri näme üçin aýdandygy hakda oýlanyp göreliň. Birinjiden, ol Zebur 22:1-däki pygamberligi ýerine ýetirdi *. Ikinjiden, onuň sözleri Ýehowanyň Ogluny agyr synagdan, ýagny ejirli ölümden halas etmejekdigini görkezdi (Eýp. 1:10). Isa soňky demine çenli synaljakdygyny we Atasynyň ony duşmanlaryň eline berjekdigini bilýärdi. Hiç bir ynsan Isa ýaly şeýle agyr synagy başdan geçiren däldir. Üçünjiden, Isanyň sözleri ölüme höküm ediler ýaly hiç hili günäsiniň ýokdugyny subut etdi.

10. Isanyň Atasyna aýdan sözlerinden näme öwrenýäris?

10 Isa pygamberiň sözlerinden näme öwrenýäris? Ýehowa biziň hem imanymyzyň synalmagyna ýol berip biler. Şonuň üçin Isa ýaly soňky demimize çenli Hudaýa wepaly bolmagy ýüregimize düwmeli (Mat. 16:24, 25). Ýöne Ýehowa biziň döz gelip bilmejek synaglarymyza ýol bermez (1 Kor. 10:13). Adamlaryň bize-de adalatsyzlyk etmekleri we azar bermekleri mümkin (1 Pet. 2:19, 20). Unutmaň, adamlar erbetlik edýändigimiz üçin däl-de, dünýäniň işlerine goşulmaýandygymyz we Isanyň şägirdi bolandygymyz üçin garşy çykýarlar (Ýah. 17:14; 1 Pet. 4:15, 16). Isa pygamber Ýehowanyň şeýle synaglara näme üçin ýol berýändigine düşünýärdi. Emma gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlar näme üçin agyr synaglara döz gelmeli bolýandyklaryna düşünmeýärdiler (Hab. 1:3). Ýöne rehimdar we sabyrly Hudaýymyz olary imany gowşak adam hasaplamady, gaýtam olara göwünlik berdi (2 Kor. 1:3, 4).

«SUWSADYM»

11. Isa Ýahýa 19:28-däki sözleri näme üçin aýtdy?

11 Isa näme diýdi? (Ýahýa 19:28-i okaň). Isa näme üçin «suwsadym» diýdi? Ol Zebur 22:15-däki: «Döwük küýzä döndüm, güýjüm galmady. Dilim damagyma ýapyşdy» diýen pygamberligi ýerine ýetirdi. Isany jebir pürsünden asdylar, onuň ysgyn-mydary galmandy, damagy gurady. Şonuň üçin hem onuň suw içesi geldi.

12. Isanyň «suwsadym» diýen sözünden näme öwrenýäris?

12 Isa pygamberiň sözlerinden näme öwrenýäris? Isa suw soramagy kiçilik bilmedi. Biz hem onuň göreldesine eýerip bileris. Belki-de, köpümiz dogan-uýalardan kömek soramaga çekinýändiris. Olary alada goýasymyz gelýän däldir. Emma bize kömek gerek wagty dogan-uýalara derrew ýüz tutsak gowy bolar. Meselem, ýarawsyz ýa-da garry imandaşlarymyz bazara, ýa-da lukmana gider ýaly, ulagly dogan-uýalardan kömek sorap bilerler. Göwnüçökgünlige düşen dogan-uýalar bolsa ýaşululara, ýygnakdaky ynamdar dostlaryna ýüregini döküp bilerler. Olaryň aýdan «hoş sözleri» janyna melhem bolar (Nak. 12:25). Unutmaň, dogan-uýalar bizi söýýär we «aladaly günümizde» dadymyza ýetişýär (Nak. 17:17). Emma olar biziň içgi dünýämizde nähili harasadyň gopýandygyny bilmeýärler. Şonuň üçin dogan-uýalara derdiňizi aýtmaga çekinmäň we olardan kömek soraň.

«ÄHLI ZAT BERJAÝ BOLDY!»

13. Isa soňky demine çenli Hudaýa wepaly bolup nämäni subut etdi?

13 Isa näme diýdi? 14-nji nisan güni, günortan sagat üçlerde Isa batly ses bilen: «Ähli zat berjaý boldy!» diýdi (Ýah. 19:30). Isanyň soňky deminde aýdan sözleri Ýehowanyň tabşyran işlerini doly ýerine ýetirendigini görkezýär. Şeýlelikde, ol iň soňky demine çenli Ýehowa wepaly boldy. Birinjiden, Isa pygamber Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdi. Şeýtan Isany dürli ýollar bilen synady, emma ol kämil adamyň Hudaýa wepaly galyp biljekdigini görkezdi. Ikinjiden, Isa öz şirin janyny gurban edip, adamzat üçin töleg töledi. Töleg gurbanyna iman edýän adamlar Hudaý bilen dostlaşyp bilerler we ebedi ýaşaýşy miras alarlar. Üçünjiden, ol Atasynyň hökümdarlyk etmäge hakynyň bardygyny subut etdi we adyny aklady.

14. Biz her gün näme etmegi ýüregimize düwmeli? Düşündiriň.

14 Isa pygamberiň sözlerinden näme öwrenýäris? Biz her gün Ýehowa wepaly bolmagy ýüregimize düwmeli. Bir gezek Gilead mekdebiniň mugallymy Frenk Makswel halkara kongresde wepalylyk hakda nutuk bilen çykyş etdi. Ol şeýle diýdi: «Şu günki işiňizi ertire goýmaň. Ertir näme boljagyny kim bilýär? Her güne ebedi ýaşamaga mynasypdygyňyzy subut etmäge soňky mümkinçilik hökmünde garaň». Geliň, her gün Ýehowa wepaly bolmagy ýüregimize düweliň! Şonda biz ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolsak-da: «Ýehowa, men saňa wepaly bolmak, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmek we seniň adyňy, hökümdarlygyňy aklamak üçin elimde baryny etdim» diýip bileris.

«JANYMY SAŇA YNANÝARYN»

15. Luka 23:46-a görä, Isa pygamber nämäni bilýärdi?

15 Isa näme diýdi? (Luka 23:46-ny okaň). Isa pygamber ynam bilen: «Atam, janymy saňa ynanýaryn» diýdi. Isa gelejeginiň Ýehowa baglydygyny bilýärdi we ölümden direltjekdigine iman edýärdi.

16. Joşua bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

16 Isa pygamberiň sözlerinden näme öwrenýäris? Biz janymyzy Hudaýa ynanmaly. Munuň üçin «Ýehowa bütin ýüregimiz bilen bil baglamaly» (Nak. 3:5). Geliň, 15 ýaşly Joşua hakda gürrüň edeliň. Ol agyr keselläpdi, ýöne Hudaýyň kanunyna garşy gelýän bejergiden boýun gaçyrdy. Ol ölüminiň öň ýanynda ejesine şeýle diýdi: «Eje, men janymy Ýehowa ynanýaryn... Ol meniň ýüregimi görýär, söýýändigimi bilýär. Eje jan, Ýehowanyň meni ölümden direltjekdigine ýürekden ynanýaryn». Geliň, özümize şeýle sorag bereliň: «Eger menem synaga düşsem, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolsam, janymy Ýehowa ynanarynmy? Ölümden direltjekdigine umyt ederinmi?»

17, 18. Biz şu makalada nämeleri öwrendik? (« Isa pygamberiň soňky deminde aýdan sözlerinden näme öwrenýäris?» diýen çarçuwa serediň).

17 Hawa, Isa pygamberiň soňky deminde aýdan sözlerinden köp zatlary öwrendik! Biz göwnümize degen adamlary bagyşlamaly we Ýehowanyň bizi bagyşlaýandygyna ynanmaly. Kyn günümizde dadymyza ýetişýän dogan-uýalarymyzyň bardygyna begenmeli. Emma olardan kömek soramaga çekinmeli däl. Biz Ýehowanyň her bir synagda goldajakdygyna ynanmaly. Biz her güne Ýehowa wepalylygymyzy subut etmäge soňky mümkinçilik hökmünde garamaly. Şeýle-de biz öz janymyzy Ýehowa ynanyp, ölümden direltjekdigine umyt etmeli.

18 Isa pygamberiň soňky deminde aýdan sözleriniň çuňňur manysy bar! Biz Isanyň aýdan sözlerinden sapak edinsek we durmuşymyzda ulansak, Ýehowanyň: «Ogluma gulak asyň!» diýen sözlerine eýereris (Mat. 17:5).

126-NJY AÝDYM Oýa, berk hem batyr boluň!

^ par. 5 Matta 7:15-de Ýehowa bize Ogluna gulak asmalydygymyzy aýdýar. Şu makalada Isa pygamberiň jebir pürsünde aýdan sözlerinden nähili wajyp sapak edinip bolýandygy hakda gürrüň ederis.

^ par. 5 Isa pygamber garakça gökde däl-de, ýer ýüzünde boljak Jennetde direltjekdigini wada berýär.

^ par. 9 Isa pygamberiň Zebur 22:1-däki sözlere näme üçin salgylanandygy barada žurnalyň şu sanynyň «Okyjylaryň sowallary» diýen makalasynda düşündirilýär.