Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 14

Isa pygamberiň yzyna eýeriň

Isa pygamberiň yzyna eýeriň

«Mesih hem siziň üçin horluk çekip, yzyna gyşarnyksyz eýermegiňiz üçin görelde galdyrdy» (1 Pet. 2:21).

13-NJI AÝDYM Mesihiň göreldesi

MAZMUNY *

Isa yzyna gyşarnyksyz eýermegimiz üçin görelde galdyrdy (1, 2-nji abzaslara serediň).

1, 2. Biz Isanyň yzyna nädip eýerip bileris? Mysal getiriň.

AÝDALY, siz birnäçe adamlar bilen aýazly howada ýöräp barýarsyňyz. Daş-töweregiňiz bolsa ap-ak gara bürenen. Siziň öňüňizden ýoly bäş barmagy ýaly bilýän biri ýöräp barýar. Onuň aýak yzlary garyň ýüzünde mese-mälim bolup dur. Ol sizden ep-esli arany açyp, gözden ýitýär, ýöne siz hem, ýanyňyzdaky adamlar hem howsala düşmän ýoluňyzy dowam edýärsiňiz. Sebäbi garyň ýüzündäki aýak yzlary size ýol görkezýär.

2 Biz hem howply ýoldan ýöräp barýarys, ýagny zalym we garaňky dünýäde ýaşaýarys. Emma Ýehowa bize ýol görkezmek üçin öz Ogluny, ýagny Isa pygamberi ýer ýüzüne iberdi (1 Pet. 2:21). Mukaddes Kitaba esaslanan bir sözlüge görä, Petrus Isa pygamberi ýol görkezýän adama meňzedýär. Ýol görkezýän adamyň aýak yzynyň nirä ýöremelidigini görkezişi ýaly, Isa hem bize ýöremeli ýolumyzy görkezmek üçin «yz» galdyrdy. Isanyň galdyran «aýak yzlary» nämäni aňladýar? Biz onuň yzyna näme üçin we nädip eýermeli?

ISA PYGAMBERIŇ YZYNA EÝERMEK NÄMÄNI AŇLADÝAR?

3. Biriniň yzyna eýermek nämäni aňladýar?

3 Biriniň yzyna eýermek nämäni aňladýar? Mukaddes Kitapda «ýöremek» we «aýak» diýen sözler adamyň ýaşan bütin ömrüni aňladýar (1 Mus. 6:9; Zeb. 18:36). Adamyň ýaşan döwründe galdyran göreldesini aýak yzlaryna meňzetse bolar. Diýmek, kimdir biriniň göreldesine eýersek, onuň aýak yzlaryndan ýöredigimiz bolýar.

4. Isanyň yzyna eýermek nämäni aňladýar?

4 Isa pygamberiň yzyna eýermek nämäni aňladýar? Gysgaça aýtsak, ondan görelde almagy aňladýar. Petrus resul Isanyň kyn ýagdaýlara döz gelip, bize gowy görelde galdyrandygyny aýdýar. Emma biz başga-da köp ýagdaýlarda Isadan görelde alyp bileris (1 Pet. 2:18—25). Dogrudan-da, Isa pygamberiň bütin ömri — her bir aýdan sözi we her bir eden işi — biziň üçin gowy görelde.

5. Bikämil adamlar Isa pygamberiň yzyna eýerip bilermi? Düşündiriň.

5 Biz bikämil bolsak-da, Isa pygamberiň yzyna eýerip bilerismi? Elbetde! Munuň üçin Isa pygamberden görelde alar ýaly elimizde baryny etmeli, ýagny onuň «yzyna gyşarnyksyz eýermeli». Ýahýa resul hem Isa ýaly ýaşamagy maslahat berdi (1 Ýah. 2:6).

ISA PYGAMBERIŇ YZYNA NÄME ÜÇIN EÝERMELI?

6, 7. Ýehowa bilen dostlaşar ýaly näme üçin Isanyň yzyna eýermeli?

6 Isa pygamberiň yzyna eýersek, Ýehowa bilen dostlaşarys. Näme üçin şeýle diýse bolar? Birinjiden, Isa bütin ömrüne Ýehowany razy edip ýaşady (Ýah. 8:29). Bizem Isanyň yzyna eýersek, Ýehowany razy ederis. Ýehowa ýakynlaşmak üçin elimizde baryny etsek, Ol hem bize ýakynlaşar (Ýak. 4:8).

7 Ikinjiden, Isa pygamber gökdäki Atasynyň göreldesine doly eýerdi. Ol: «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýah. 14:9). Biz Isanyň häsiýetlerinden görelde alsak we eden işlerine eýersek, Ýehowadan hem görelde alyp bileris. Meselem, Isa heýwere keselli adama ýüregi awady, gan akma keselinden ejir çekýän aýala haýpy geldi, dogan-garyndaşlary aradan çykanlara göwünlik berdi (Mar. 1:40, 41; 5:25—34; Ýah. 11:33—35). Hawa, Ýehowadan görelde alsak, onuň bilen ýakyndan dostlaşyp bileris.

8. Isanyň yzyna eýermek şu dünýäni ýeňmäge nädip kömek edýär?

8 Isa pygamberiň yzyna eýersek, dünýäniň täsirine garşy durup bileris. Isa ýerdäki ömrüniň soňky gijesi: «Men dünýäni ýeňdim» diýdi (Ýah. 16:33). Isa şu dünýädäki zatlary arzuw etmedi, adamlaryň garaýşyna eýermedi we olaryň edýän işlerine goşulmady. Isa ýer ýüzüne näme maksat bilen gelendigini hiç haçan unutmady. Ol hemişe Hudaýyň adyny aklap, ony şöhratlandyrýardy. Şu dünýäde Ýehowa bilen dostlugymyzy bozup biljek zatlar köp. Ýöne biz Isanyň yzyna eýersek, hemişe Ýehowanyň islegini ýerine ýetireris we dünýäni «ýeňeris» (1 Ýah. 5:5).

9. Ebedi ýaşamak üçin näme etmeli?

9 Isa pygamberiň yzyna eýersek, biz ebedi ýaşarys. Bir gezek baý ýigit Isa pygamberiň ýanyna gelip, ebedi ýaşamak üçin näme etmelidigini soraýar. Isa oňa: «Meniň şägirdim bol» diýip jogap berýär (Mat. 19:16—21). Isa pygamber ýehudylara diňe şägirtleriniň öz «yzyna düşjekdigini» we «olara ebedi ýaşaýyş berjekdigini» aýdýar (Ýah. 10:24—29). Mejlisiň agzasy Nikodim Isa pygamberiň öwredýän zatlary bilen ýürekden gyzyklanýar. Isa oňa özüne iman edýän adamlaryň «ebedi ýaşaýşa gowuşjakdygyny» aýdýar (Ýah. 3:16). Isa pygambere iman etmek üçin, onuň göreldesine eýermeli we öwreden zatlary boýunça ýaşamaly. Şonda ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöräp bileris (Mat. 7:14).

ISA PYGAMBERIŇ YZYNA NÄDIP EÝERMELI?

10. Isa pygamberi gowy tanamak üçin näme etmeli? (Ýahýa 17:3).

10 Isa pygamberi gowy tanasak, onuň yzyna eýerip bileris (Ýahýa 17:3-i okaň). Isa «hakda bilim alsak», ony gowy tanarys. Biz Isa pygamberiň häsiýetleri, garaýşy we tabşyryklary barada näçe köp öwrensek, ony şonça-da gowy tanarys. Biz Ýehowany we Isany köp wagtdan bäri tanaýan hem bolsak, olar hakda bilim almagymyzy dowam etmeli.

11. Dört Hoş habarda kim hakda gürrüň berilýär?

11 Ýehowa adamlaryň Isa pygamberi gowy tanamagy üçin, Injil kitabyna dört Hoş habary ýazdyrdy. Olarda Isanyň ömri we wagzy hakda gyzykly wakalar ýazylan. Dört Hoş habarda Isa pygamberiň aýdan sözleri, eden işleri we başdan geçiren duýgulary jikme-jik beýan edilýär. Olary öwrensek, Isanyň yzyna eýerip bileris (Ýew. 12:3). Şol wakalary Isanyň galdyran «aýak yzlaryna» meňzetse bolar. Biz dört Hoş habary okasak, Isany has gowy tanarys we onuň yzyna gyşarnyksyz eýereris.

12. Dört Hoş habary nädip okamaly?

12 Dört Hoş habary ýüzleý okasak, Isany gowy tanap bilmeris. Şol sebäpli okaýan wakalarymyz hakda oýlanmaly we çuňňur gözleg geçirmeli (Ýuşa 1:8-i deňeşdiriň). Geliň, okaýan wakalarymyz hakda oýlanmaga we durmuşda ulanmaga kömek etjek iki ädim hakda gürrüň edeliň.

13. Hoş habardaky wakalary janlandyryp okamaga näme kömek eder?

13 Birinjiden, Hoş habardaky wakalary janlandyryp okaň. Gahrymanlary görmäge, sesini eşitmäge we duýgularyny başdan geçirmäge çalşyň. Şeýle etmäge Ýehowanyň guramasynyň gözleg geçirmek üçin çykarýan edebiýatlary kömek eder. Okaýan wakaňyza doly düşünmek üçin, onuň öňündäki we soňundaky baplary hem okaň. Wakadaky gahrymanlar we ýer-ýurtlar hakda köpräk maglumat toplaň. Okaýan wakaňyzy beýleki Hoş habardaky wakalar bilen deňeşdiriň. Sebäbi bir Hoş habarda jikme-jik aýdylýan zatlar beýlekisinde aýdylmaýar.

14, 15. Biz okaýan wakamyzy durmuşymyzda nädip ulanyp bileris?

14 Ikinjiden, öwrenen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanyň (Ýah. 13:17). Bir wakany okanyňyzdan soňra özüňize şeýle soraglary beriň: men mundan nähili sapak edinip bilerin? Şu waka kimi ruhlandyrar? Soňra kime kömek edip biljekdigiňiz hakda oýlanyň we mümkinçilik dörände wakany gürrüň beriň.

15 Geliň, indi ybadathana gelen garyp dul aýal hakda gürrüň edeliň we şu iki maslahata nädip eýerip biljekdigimize seredeliň.

GARYP DUL AÝAL BILEN BOLAN WAKA

16. Markus 12:41-i janlandyryp gürrüň beriň.

16 Wakany janlandyryp okaň (Markus 12:41-i okaň). B. e. 33-nji ýylynyň nisan aýynyň on biridi. Ýene birnäçe günden Isa pygamber öldürilmelidi. Şol sebäpli Isa ybadathana gelip, uzakly gün adamlara köp zatlary öwretdi. Dini ýolbaşçylar bolsa oňa garşy çykýardylar. Olar Isanyň ýanyna gelip, şeýle zatlary kimiň ygtyýary bilen öwredýändigini soradylar. Oňa kyn soraglary berip, sözünde tutjak boldular (Mar. 11:27—33; 12:13—34). Soňra Isa ybadathananyň aýallaryň howlusy diýen ýerine barýar. Ol ýerde pul atylýan gutular durýardy. Isa şol gutularyň garşysyna geçip oturýar. Ol adamlaryň gutulara pul atyşyny synlap, baýlaryň köp pul atýandygyny görýär. Belki, Isa guta atylýan teňňeleriň şaňňyrdysyny hem eşidendir.

17. Markus 12:42-ä görä, garyp dul aýal näme edýär?

17 Markus 12:42-ni okaň. Biraz wagtdan şol ýere «garyp dul aýal» gelýär (Luka 21:2). Ol gününi zordan görýärdi, iň zerur zatlaryny almaga-da ýagdaýy ýokdy. Ol ýaýdana-ýaýdana pul atylýan gutynyň ýanyna baryp, ikije teňňe atýar. Belki, onuň atan teňňeleriniň şaňňyrdysy hem eşidilen däldir. Emma Isa pygamber dul aýalyň atan ikije teňňesini görýär. Şol döwürde ol iň kiçi pul birligidi. Oňa iň arzan guş, ýagny serçe-de düşmeýärdi.

18. Markus 12:43, 44-nji aýatlara görä, Isa näme üçin dul aýalyň atan teňňesine üns berýär?

18 Markus 12:43, 44-nji aýatlary okaň. Isa dul aýala örän haýran galýar. Ol şägirtlerine aýaly görkezip: «Şol garyp dul aýal pul atanlaryň hemmesinden köp atdy» diýýär. Soňra Isa: «Hemmeler (baýlar) özünden artanyny atdylar, emma ol mätäçlik çekýänem bolsa, barja zadyny atdy» diýýär. Dul aýal soňkuja puluny atýar, sebäbi Ýehowanyň aladasyny etjekdigine ynanýardy (Zeb. 26:3).

Isanyň göreldesine eýerip, Hudaýa elinde baryny edip gulluk edýän dogan-uýalary öwüň (19, 20-nji abzaslara serediň). *

19. Isa pygamberiň garyp dul aýal hakda aýdan sözlerinden näme öwrenýäris?

19 Öwrenen zatlaryňyzy durmuşda ulanyň. Özüňize şeýle sorag beriň: Isa pygamberiň dul aýal barada aýdan sözlerinden näme öwrenip bilerin? Geliň, dul aýal barada oýlanyp göreliň. Elbetde, ol Ýehowa has köpräk sadaka bermek isländir. Emma gurbunyň çatdygyndan, barja zadyny sadaka berdi. Isa onuň guta atan teňňesiniň Ýehowa üçin gymmatlydygyny bilýärdi. Biz mundan näme öwrenýäris? Eger biz Ýehowa iň gowy zadymyzy bersek, ýagny bütin ýüregimiz we bütin janymyz bilen gulluk etsek, ony razy ederis (Mat. 22:37; Kol. 3:23). Ýehowa biziň wagtymyzy we güýjümizi gaýgyrman wagyz edýändigimizi, ýygnaklara barýandygymyzy görüp, ýürekden begenýändir.

20. Garyp dul aýal hakdaky wakadan öwrenen zatlarymyzy durmuşda nädip ulanyp bileris?

20 Garyp dul aýal hakdaky wakadan öwrenen zatlaryňyzy durmuşda nädip ulanyp bilersiňiz? Edýän gullugyna kembaha garaýan dogan-uýalar barada oýlanyň. Ýehowanyň olary gymmat saýýandygyny aýdyň. Belki, siz ýarawsyzlygy sebäpli köp wagyz edip bilmeýän we özüni dereksiz duýýan garry uýany tanaýansyňyz. Ýa-da agyr kesel sebäpli ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli baryp bilmeýän we ruhdan düşen dogany bilýänsiňiz. Olaryň göwnüni götermek üçin «ruhlandyryjy sözleri aýdyň» (Efes. 4:29). Şeýle-de garyp dul aýal baradaky wakadan öwrenen zatlaryňyzy gürrüň beriň. Şonda olar ýagdaýyna görä edýän gullugyny Ýehowanyň gymmat saýýandygyna düşünip ruhlanar (Nak. 15:23; 1 Sel. 5:11). Dogan-uýalaryň edýän gullugy ujypsyz ýaly bolup görünse-de, Ýehowa iň gowy zadyny berýändikleri üçin öwseňiz, Isanyň yzyna gyşarnyksyz eýerýändigiňizi görkezersiňiz.

21. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

21 Biz Ýehowanyň dört Hoş habara Isa pygamberiň ömri barada jikme-jik ýazdyrandygyna örän minnetdar. Biz olary okap, Isadan görelde alýarys we onuň yzyna gyşarnyksyz eýerýäris. Şonuň üçin, geliň, maşgala okuwynda ýa-da şahsy okuwynda dört Hoş habary çuňňur öwreneliň. Şeýle⁠-⁠de wakalary janlandyryp okalyň. Şonda okan wakamyz ýüregimize täsir eder we durmuşda ulanyp bileris. Biz Isa pygamberiň eden işlerinden görelde almak bilen çäklenmän, aýdan sözlerine hem gulak asmaly. Indiki makalada Isanyň soňky deminde aýdan sözlerinden näme öwrenip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

15-NJI AÝDYM Ýehowanyň Nowbaharyna alkyş aýdyň

^ par. 5 Isa pygambere iman edýän adamlar onuň «yzyna gyşarnyksyz eýermeli». Isa pygamber nähili «yz» galdyrdy? Biz onuň yzyna näme üçin we nädip eýermeli? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

^ par. 60 SURAT: uýa Isanyň garyp dul aýal hakda aýdan sözleri barada oýlanýar we Ýehowa bütin jany bilen gulluk edýän garry uýany öwýär.