Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Isa pygamber ölüminiň öň ýanynda Zebur 22:1-däki sözlere näme üçin salgylandy?

Isa pygamber soňky deminde Matta 27:46-daky: «Alla jan, Alla jan, meni näme üçin terk etdiň?» diýen sözleri aýdýar. Şeýdip, ol Dawudyň Zebur 22:1-de aýdan pygamberligini ýerine ýetirýär (Mar. 15:34). Isanyň aýdan sözleri Ýehowadan öýkeländigini ýa-da imanynyň gowşandygyny aňlatmaýar. Isa näme üçin öldüriljekdigine düşünýärdi we ol janyny gurban etmäge taýyndy (Mat. 16:21; 20:28). Şeýle-de Isa şol wagt Ýehowanyň goramajagyny bilýärdi (Eýp. 1:10). Şeýdip, Isa pygamber adam ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolsa-da, Hudaýa wepaly bolup biljegini subut etdi (Mar. 14:35, 36).

Isa Zebur kitabyndaky sözlere näme üçin salgylandy? Elbetde, biz munuň anyk jogabyny bilmeýäris. Ýöne, geliň, käbir delillere seredeliň *.

Isa şu sözleri aýdanda, Ýehowanyň Oglunyň ölümine ýol berjegini göz öňünde tutan bolmaly. Isa soňky demine çenli kynçylyklara döz gelmelidigini bilýärdi. Ol «her bir adam üçin ölmelidi» (Ýew. 2:9).

Isa Zebur 22:1-däki sözleri aýdyp, tutuş baby adamlaryň ýadyna salmak islän bolmaly. Şol döwürler ýehudylar Zebur kitabynyň baplaryny ýat tutýardylar. Olara ýekeje aýady aýtsaň, bütin bapda näme aýdylýandygy ýatlaryna düşýärdi. Belki, Isa ölüminiň öň ýanynda ýerine ýeten Zebur 22-nji bapdaky beýleki pygamberlikleri hem şägirtlerine ýatlatmak isländir (Zeb. 22:7, 8, 15, 16, 18, 24). Şeýle-de şägirtleriň ýadyna Zebur 22-nji babyň soňky aýatlary hem düşendir. Şol aýatlarda Ýehowanyň Patyşalygynyň ýer ýüzüniň üstünden höküm sürjegi hakda aýdylýar (Zeb. 22:27—31).

Belki, Isa Dawut pygamberiň sözlerine salgylanyp, özüniň günäsizdigini subut etjek bolandyr. Isa pygamberi tussag edip, Hudaýa dil ýetirýär diýip günäkärlediler (Mat. 26:65, 66). Ýehudy dini ýolbaşçylary kanuna garşy gidip, bir gijäniň içinde Isa pygambere höküm çykardylar (Mat. 26:59; Mar. 14:56—59). Isa: «Alla jan, Alla jan, meni näme üçin terk etdiň?» diýmek bilen, özüniň ölüme laýyk gelýän jenaýat işini etmändigini subut etjek boldy.

Isa Dawut pygamberiň sözlerine salgylanmak bilen, Ýehowany gynandyrýan hiç hili günä etmändigini görkezmek islän bolmaly. Dawut pygamber hem köp kynçylyklary başdan geçirýär. Ýöne bu onuň imanynyň gowşakdygyny ýa-da Hudaýyň ondan närazydygyny aňlatmaýar. Gaýtam Dawut pygamber Ýehowanyň goraýandygyny we bereket berýändigini aýdýar (Zeb. 22:23, 24, 27). Dawudyň neslinden bolan Isa pygamberiň hem jebir pürsünden asylmagy, Ýehowanyň ondan närazydygyny aňlatmaýar (Mat. 21:9).

Isa wepalylygyny doly subut eder ýaly, Ýehowa Ogluny goraman, duşmanlaryň eline bermeli boldy. Isa Zeburdaky sözleri aýdyp, şeýle ýagdaýa gynanýandygyny görkezjek bolandyr. Ýehowanyň ilkibaşdaky niýetine görä, söwer Ogly ejir çekip ölmeli däldi. Ýöne Adam ata bilen How ene Hudaýa garşy çykansoň, Isa janyny gurban bermeli boldy. Ol günä etmedik hem bolsa, ejirli ölüme döz gelmeli boldy. Sebäbi Şeýtanyň atan töhmetine jogap bermelidi we Adam atanyň ýitiren kämil ýaşaýşyny gaýtaryp almalydy (Mar. 8:31; 1 Pet. 2:21—24). Şol sebäpli Ýehowa ilkinji sapar Oglundan goragyny biraz wagtlyk aýyrmaly boldy.

Belki, Isa Zeburdaky sözleri aýdyp, şägirtlerini Ýehowanyň şeýle ölüme näme üçin ýol berendigi hakda oýlanmaga höweslendirjek bolandyr. * Isa pygamber pürsden asylyp öldürilmeginiň köpleri büdretjekdigini bilýärdi, sebäbi jenaýatçylary şeýle ölüme höküm edýärdiler (1 Kor. 1:23). Eger şägirtler Isanyň näme üçin pürsde öldürilendigi hakda oýlansalar, onuň şeýle ölüme näme üçin döz gelendigine düşünerdiler. Şonda olar Isany jenaýatçy däl-de, Halasgär hasaplardylar (Gal. 3:13, 14).

Isa pygamber Zebur 22:1-däki sözleri näme maksat bilen aýdan hem bolsa, Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmek üçin ejirli ölüme döz gelýändigine düşünýärdi. Isa şol sözleri aýdandan soň: «Ähli zat berjaý boldy!» diýdi (Ýah. 19:30; Luka 22:37). Hawa, Ýehowa az wagtlyk goragyny aýrandan soň, Isa doly wepalylygyny subut etdi. Şeýle-de ol Töwratda, Pygamberler kitabynda we Zeburda özi hakda ýazylanlaryň ählisini ýerine ýetirdi (Luka 24:44).

^ par. 2 Žurnalyň şu sanyndaky «Isa pygamberiň soňky deminde aýdan sözleri» atly makalanyň 9, 10-njy abzaslaryna serediň.

^ par. 4 Isa ýer ýüzünde gulluk edende, käbir zatlary diňe öz pikirini aýtmak üçin soramaýardy ýa-da gürrüň bermeýärdi. Gaýtam şägirtlerini oýlandyrmak we imany barada gürrüň bermäge höweslendirmek isleýärdi (Mar. 7:24—27; Ýah. 6:1—5; w10 15/10 sah. 4, 5).