Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Söýgi — gymmatly häsiýet

Söýgi — gymmatly häsiýet

PAWLUS resul Hudaýyň ylhamy bilen dokuz sany ajaýyp häsiýet barada ýazdy (Gal. 5:22, 23). Ol bu arzyly häsiýetleri «ruhuň miwesi» diýip atlandyrdy *. Bu ýerde «täze häsiýetler» göz öňünde tutulýar (Kol. 3:10). Wagtly-wagtynda ideg edilen agajyň miwe berşi ýaly, biz hem mukaddes ruhuň durmuşymyza täsir etmegine ýol bersek, «ruhuň miwesini» getireris (Zeb. 1:1—3).

Pawlus resul ruhuň miwesi barada aýdanda, ilki bilen, iň gymmatly häsiýetleriň biri bolan söýgini agzaýar. Eýsem, ol näme üçin gymmatlyka? Pawlus: «Söýgim bolmasa, onda men hiç zatdyryn» diýdi (1 Kor. 13:2). Ýöne söýgi näme, ony nädip ösdürip bileris we gündelik durmuşymyzda görkezmek üçin näme etmeli?

SÖÝGI NÄME?

Söýgi häsiýetine kesgitleme bermek aňsat bolmasa-da, Mukaddes Ýazgylarda onuň nämedigi düşündirilýär. Meselem, onda: «Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir» diýilýär. Şeýle-de ol «hakykata begenýändir, ähli zada çydaýandyr, ähli zada iman edýändir, ähli zada umyt baglaýandyr, ähli zada döz gelýändir». Söýgi adam bilen içgin gyzyklanmaga, onuň ýürekden aladasyny etmäge we wepaly bolmaga höweslendirýär. Emma söýgüsini ýitiren adam görip, tekepbir bolýar, öz bähbidini gözleýär, öýke-kine saklaýar, başgalary bagyşlamaýar we özüni gödek alyp barýar. Diňe zyýan getirýän şeýle häsiýetleri bildirýän adamdan tapawutlylykda, biz «öz peýdasyny gözlemeýän» söýgini ösdürmek isleýäris (1 Kor. 13:4—8).

ÝEHOWANYŇ WE ISANYŇ GÖRELDESI

«Hudaý söýgüdir». Dogrudan-da, Ýehowa durky bilen söýgi (1 Ýah. 4:8). Onuň ähli edýän işlerinde söýgüsini görse bolýar. Hudaý Ogly Isany ýer ýüzüne iberip, onuň ejir çekip ölmegine ýol berende, bize beýik söýgüsini görkezdi. Ýahýa resul şeýle diýdi: «Hudaý dünýä ýeke-täk Ogluny iberip, bize ol arkaly ýaşaýşa gowuşmaga ýol açdy. Şeýdip, ol bizi söýýändigini görkezdi. Hudaý Ogluny biziň günälerimiz üçin gurban berip, özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý muny biziň ony däl-de, onuň bizi söýendigi üçin etdi» (1 Ýah. 4:9, 10). Hawa, Hudaýyň bildiren bu söýgüsi arkaly günälerimiz bagyşlanýar we ol bize gelejekde ebedi ýaşamaga umyt berýär.

Isa Hudaýyň islegini höwes bilen ýerine ýetirip, adamlara bolan söýgüsini görkezdi. Pawlus resul: «Ine, men (Isa) seniň islegiňi berjaý etmek üçin geldim... Hudaýyň şu „islegine“ görä, biz Isa Mesihiň bedeniniň gurban hökmünde bir gezekde hemişelik hödürlenmegi bilen mukaddes edildik» diýip ýazdy (Ýew. 10:9, 10). Hiç bir adam şeýle beýik söýgini görkezip bilmeýär. Isa: «Öz dostlary üçin janyny gurban edýän adamyň söýgüsinden uly söýgi ýokdur» diýdi (Ýah. 15:13). Eýsem, biziň ýaly bikämil adamlar Ýehowa bilen Isanyň bildiren söýgüsini görkezip bilermi? Hawa! Geliň, häzir muny nädip edip biljekdigimize seredeliň.

«SÖÝGÜDE GEZIŇ»

Pawlus resul şeýle oýlandyryjy sözleri aýtdy: «Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň. Mesihiň bizi söýşi ýaly, siz-de söýgüde geziň. Ol öz janyny... gurban hökmünde biziň üçin Hudaýa hödürledi» (Efes. 5:1, 2). Biz durmuşymyzyň ähli ýagdaýlarynda bu häsiýeti görkezsek, «söýgüde gezdigimiz» bolar we ony diňe sözde däl, eýsem, iş ýüzünde görkezeris. Ýahýa resul: «Balalarym, biz diňe bir sözde ýa-da dilde däl, eýsem, iş ýüzünde we ýürekden söýmelidiris» diýip ýazdy (1 Ýah. 3:18). Meselem, biz Hudaýy we ýakynymyzy söýsek, adamlara «Patyşalyk baradaky hoş habary» höwes bilen wagyz ederis (Mat. 24:14; Luka 10:27). Şeýle-de sabyrly, mähriban we geçirimli bolup, «söýgüde gezeris». Mukaddes Ýazgylarda: «Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamalysyňyz» diýip maslahat berilýär (Kol. 3:13).

Emma hakyky söýginiň köre-körlük söýgi bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Şeýle söýgini çagasynyň hemme näzini çekýän ata-enäniň söýgüsi bilen deňeşdirse bolýar. Emma çagasyny hakykatdan söýýän ata-ene gerek bolsa oňa temmi bermäge ýaýdanmaýar. Şonuň ýaly-da «Hudaý söýgüdir» diýilse-de, ol «söýýänini terbiýeleýändir» (Ýew. 12:6). Bizem söýgüde gezsek, berlen düzedişi kabul ederis (Sül. tym. 3:11, 12). Elbetde, şeýle ýagdaýda biz özümiziň günälidigimizi we erbet işlere ýykgyndygymyzy unutmaly däl. Görşümiz ýaly, söýgimizi ösdürmäge bizde degerli sebäp bar. Ýöne muny nädip etmeli? Geliň, 3 usulyna seredeliň.

SÖÝGINI NÄDIP ÖSDÜRMELI?

Birinjiden, Hudaýdan mukaddes ruhuny dilemeli, sebäbi söýgi ruhuň miwesi. Isa Ýehowanyň «özünden dilänlere... mukaddes ruhuny berýändigini» aýdypdy (Luka 11:13). Eger biz Hudaýdan mukaddes ruhuny dilesek we onuň «görkezmesi boýunça ýaşamaga» jan etsek, söýgimiz iş ýüzünde görnüp başlar (Gal. 5:16). Meselem, eger siz ýygnak ýaşulusy bolsaňyz, onda Ýazgylar esasynda başgalara maslahat bereniňizde, muny söýgi bilen edip biler ýaly, Ýehowadan mukaddes ruhuny diläň. Eger siz ata-ene bolsaňyz, onda çagalaryňyza temmi bereniňizde, muny gahar-gazap bilen däl-de, söýgi bilen eder ýaly, Hudaýdan ruhuny soraň.

Ikinjiden, Isanyň galdyran ajaýyp göreldesi hakda oýlanyň. Sebäbi ol hatda öjükdirenlerinde-de, söýgüsini görkezdi (1 Pet. 2:21, 23). Esasan-da, kimdir biri göwnümize degende ýa-da adalatsyzlyga uçranymyzda, Isanyň göreldesi hakda oýlanmak wajyp. Şeýle ýagdaýda özümizden: «Meniň ýerime Isa bolan bolsa näme ederdi?» diýip sorasak gowy bolar. Leý atly uýamyz şeýle soragy özüne berende, gowy netije getirendigini aýdýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Bir gezek işdeşim beýlekilere men we edýän işim hakda erbet zatlary ýaýratdy. Bu maňa gaty agyr degdi. Şonda men özümden: „Meniň ýerime Isa bolan bolsa, özüni nähili alyp barardy“ diýip soradym. Soňra Isanyň näme etjekdigi barada oýlandym we hiç zat etmezligi makul bildim. Biraz wagtdan şol işdeşimiň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp, köp ejir çekýändigini bildim. Şonda men ýarawsyzlygy sebäpli şeýle zatlary ýazandyr-da, diýip pikir etdim. Isanyň öjükdirenlerinde-de, söýgi bildirendigi hakda oýlanmagym işgärime şeýle söýgini görkezmäge kömek etdi». Hawa, Isanyň göreldesine eýersek, hemişe söýgi bilen hereket ederis.

Üçünjiden, mesihçä mahsus bolan häsiýeti, ýagny janaýamaz söýgini ösdürmeli (Ýah. 13:34, 35). Bu babatda Ýazgylarda «Mesih Isanyňky ýaly pikiri» ösdürmek maslahat berilýär. Ol gökden ýere ynsan bolup gelende, «özüni kiçeltdi», hatda biziň üçin ölmäge-de taýyndy (Flp. 2:5—8). Biz janaýamaz söýgini ösdürsek, pikirimiz we duýgularymyz gitdigiçe Mesihiňki ýaly bolar. Şonda başgalaryň bähbidini özümiziňkiden ýokary tutup bileris. Eýsem, söýgini ösdürmegiň nähili peýdasy bar?

SÖÝGINIŇ PEÝDASY

Biz söýgini görkezsek, köp peýda getirer. Geliň, bu babatda iki mysala seredeliň:

Söýgi bildirmegiň nähili peýdasy bar?

  • BÜTINDÜNÝÄ DOGANLYGYMYZ: Bir-birimizi söýýändigimiz üçin, dünýäniň islendik künjegine baranymyzda, dogan-uýalaryň bizi mähir bilen garşy aljakdyklaryny bilýäris. Hawa, «bütin dünýädäki doganlarymyz» bilen söýgüde gatnaşmak, gör, nähili uly bereket! (1 Pet. 5:9). Eýsem, şeýle söýgini Hudaýyň halkyndan başga ýene nirede görse bolýar?

  • PARAHATLYK: «Biri-birimize» bolan söýgi «aramyzdaky parahatlykdan» lezzet alyp ýaşamaga ýardam edýär (Efes. 4:2, 3). Şeýle parahatlygy ýygnakda, etrap we welaýat kongreslerinde görse bolýar. Şu agzala dünýäde aramyzda parahatlygyň we agzybirligiň bolmagy gudrat dälmi näme? (Zeb. 119:165; Iş. 54:13). Biz başgalar bilen parahatlygy saklap, olary çuňňur söýýändigimizi görkezýäris. Bu bolsa gökdäki Atamyza ýaraýar (Zeb. 133:1—3; Mat. 5:9).

«SÖÝGI... ABATLAÝANDYR»

Pawlus resul: «Söýgi... abatlaýandyr» diýip ýazdy (1 Kor. 8:1). Bu sözler nämäni aňladýar? Pawlus korinflilere ýazan birinji hatynyň 13-nji babynda söýginiň (oňa «Söýgi hakynda mezmur» hem diýilýär) käbir aýratynlyklaryny agzaýar we onuň nädip abatlaýandygyny düşündirýär. Şeýle söýgini ösdüren adam öz peýdasyny däl-de, başgalaryň peýdasyny gözleýär (1 Kor. 10:24; 13:5). Galyberse-de, ol başgalaryň aladasyny edýär, ünsli, sabyrly, mähriban bolýar. Şonuň üçin maşgalasynyň we ýygnagyň agzybirligine ýardam edýär (Kol. 3:14).

Biziň Hudaýa bolan söýgimiz örän wajyp; ol başgalara bolan söýgimizi hem artdyrýar. Şeýle söýgi dürli medeniýetden, tire-taýpadan we dilden bolan adamlary agzybir edip, Ýehowa eginme-egin gulluk etmekden şatlyk tapmaga kömek edýär (Sef. 3:9). Geliň, Hudaýyň ruhunyň bir aýratynlygy bolan bu gymmatly häsiýeti gündelik durmuşymyzda görkezmegi ýüregimize düweliň!

^ abzas 2 Bu dokuz bölümden ybarat makalalaryň ilkinjisi. Her makalada ruhuň miwesiniň bir aýratynlygy, ýagny bir häsiýet hakda gürrüň ediler.