TERJIMEHAL
Synaglarda çydamly bolmagyň berýän bereketleri
KGB-niň işgäri: «Sen-ä barypýatan rehimsiz adam ekeniň. Göwreli aýalyňy we gyzjagazyňy taşlap, nädip ýörsüň?! Olary kim eklär, kim aladasyny eder? Diniňden dänseň, häziriň özünde öýüňe gidip bilersiň!» diýip gygyrdy *. Men oňa: «Men maşgalamy taşlamadym. Siz meni tussag edip, şu ýere getirdiňiz. Näme üçin?» diýdim. Şonda ol: «Ýehowanyň Şaýady bolanyňdan, jenaýatçy bolan bolsaň gowy bolardy» diýip jogap berdi.
Bu waka 1959-njy ýylda Russiýanyň Irkutsk şäherindäki türmede bolupdy. Size aýalym Mariýa ikimiziň «dogrulyk üçin» nädip ejir çekendigimizi we wepalylygymyz üçin nähili bereketleri alandygymyzy gürrüň beresim gelýär (1 Pet. 3:13, 14).
Men 1933-nji ýylda Ukrainanyň Zolotniki obasynda dünýä indim. Daýzam bilen onuň ýoldaşy Ýehowanyň Şaýadydy. Olar 1937-nji ýylda Fransiýadan bize gelenlerinde, «Garawul diňi jemgyýetiniň» çykaran «Hökümet» we «Azatlyk» atly kitabyny berdiler. Kakam bu kitaplary okanda, hamala ukudan oýanan ýaly boldy we Hudaýa iman edip başlady. Gynansak-da, 1939-njy ýylda ol agyr kesele uçrady we ölüm ýassygynda ýatyrka, ejeme: «Bu hakykat! Muny çagalarymyza öwret» diýip, wesýet etdi.
WAGYZ ETMEK ÜÇIN TÄZE MEÝDANÇA
1951-nji ýylyň aprel aýynda hökümet ýolbaşçylary SSSR-iň günbatar tarapynda ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlaryny Sibire sürgün edip başlady. Olaryň arasynda ejem, men we jigim Grigoriý hem bardy. Biz otluda 6 müň km ýol söküp, Sibiriň Tulun şäherine gelip düşdük. Iki hepde geçensoň, doganym Bogdany Angarsk şäheriniň golaýynda ýerleşýän tussaglaryň zähmet lagerine ugratdylar. Oňa 25 ýyl kesdiler.
Ejem, Grigoriý we men Tulun şäheriniň golaýyndaky obalara aýlanyp, sürgün edilen adamlara wagyz edýärdik. Biz ugurtapyjylyk bilen: «Bärde, sygryny satjak adam barmyka?» diýýärdik. Bardy-geldi şeýle adam tapylaýsa, biz oňa sygyr edinmegiň gowudygyny aýdýardyk. Soňra uzak wagtlap Ýaradyjy hakda gürrüň edýärdik. Şol döwürde gazetde Ýehowanyň Şaýatlarynyň sygyr sorap gelýändikleri, ýöne, aslynda, goýun gözleýändikleri aýdylypdy. Biz, dogrudanam, goýun ýaly ýumşak adamlary tapdyk! Şeýle pesgöwünli we myhmansöýer adamlar bilen okuw geçmek diýseň
ýakymlydy! Häzir Tulundaky ýygnakda 100-den gowrak wagyzçy bar.AÝALYMYŇ IMANY SYNALÝAR
Aýalym Mariýa II Jahan urşuň ortalarynda Ukrainada hakykaty eşidýär. Ol 18 ýaşyndaka, KGB-niň işgäri ahlaksyzlyk etdirjek bolup, oňa azar berýärdi. Emma Mariýa asla ýan bermeýär. Bir gezek ol öýüne gelende, düşeginde şol adamyň ýatandygyny görýär. Mariýa ylgap daşaryk çykýar. Ýaňky adam gahardan ýaňa Mariýa dişini gyjap, tussag etjekdigini aýdýar. Şeýdip, 1952-nji ýylda ony Ýehowanyň Şaýady hökmünde türmä basýarlar. Ol özüni wepalylygy üçin zyndana taşlanan Ýusup ýaly duýýardy (Gel. çyk. 39:12, 20). Mariýany kazyýetden türmä äkidip barýan sürüji oňa: «Gorkma! Türmede oturan adamlaryň köpüsi mertebesini saklap bildiler» diýýär. Bu sözler ony örän ruhlandyrdy.
1952—1956-njy ýyllar aralygynda Mariýa Russiýanyň Gorkiý (häzirki ady Nižniý Nowgorod) şäheriniň golaýynda ýerleşýän zähmet lagerinde işledi. Oňa agaçlary köki bilen aýyrdýardylar, hatda aýazly howada-da işledýärdiler. Onuň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýar we 1956-njy ýylda ony tussaglykdan boşadyp, Tuluna iberýärler.
AÝALYMDAN WE ÇAGALARYMDAN AÝRA DÜŞÝÄRIN
Tulunda doganlaryň biri Mariýa atly uýanyň gelýändigini aýtdy. Men onuň goşlaryny göterişmek üçin tigirli öňünden çykdym. Ony gören badyma haladym. Men onuň söýgüsini gazanmak üçin köp tagalla etmeli boldum we muny başardym. Biz 1957-nji ýylda durmuş gurduk. Bir ýyldan gyzymyz dünýä indi we adyna Irina dakdyk. Ýöne biziň şatlygymyz uzaga çekmedi. 1959-njy ýylda Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary çap edýändigim üçin meni tussag etdiler. Men ýarym ýyllap bir adamlyk kamerada oturdym. Şol döwürde kalbymda parahatlygy saklamak üçin, men hemişe doga edýärdim, Patyşalyk aýdymlaryny aýdýardym we wagyz edişimi göz öňüne getirýärdim.
Türmedekäm, sorag eden sülçi maňa: «Tizden biz sizi gapana düşen syçan ýaly ederis» diýdi. Men oňa: «Isa Patyşalyk baradaky hoş habaryň ähli milletlere wagyz EDILJEKDIGINI aýtdy, şonuň üçin hiç kim bu işi togtadyp bilmez» diýip jogap berdim. Şonda ol meni imandan dändirjek bolup, tilsimini üýtgedýär. Men bu hakda ýokarda gürrüň beripdim. Onuň haýbatyna-da, mekirlik bilen gepleýşine-de özümi aldatmadym. Şonda meni ýedi ýyl Saransk şäheriniň golaýynda ýerleşýän zähmet lagerine ugratdylar. Ol ýerdekäm, ikinji gyzym Olga dünýä indi. Aýalym hem-de gyzlarym menden gaty uzakda bolsalar-da, Ýehowa wepaly galýandygymyz maňa tesseli berýärdi.
Bir gezek Mariýa menden habar tutmak üçin Tulundan Saranska 12 günläp otluda gelýär. Ol her ýyl gelende, maňa täze aýakgap getirýärdi, içine bolsa «Garawul diňi» žurnalynyň täze sanlaryny gizleýärdi. Bir sapar Mariýa ýany bilen iki gyzymyzy hem getirdi. Olary görmek we bile ýanlarynda bolmak nähili gowudy!
TÄZE ÝER WE TÄZE KYNÇYLYKLAR
1966-njy ýylda men türmeden boşanymdan soň, maşgalamy alyp, Gara deňziň golaýynda ýerleşýän Armawir şäherine göçdüm. Ol ýerde ogullarym Ýaroslaw bilen Pawel doguldy.
Uzak wagt geçmänkä, KGB-niň işgärleri öýümize gelip başlady. Olar edebiýatlarymyzy tapmak üçin öýümiziň bar ýerini, hatda malýatagy hem barlaýardylar. Bir gezek olar edebiýatlarymyzy gözläp, gara-dere batdylar, üsti-başyny hem hapaladylar. Aýalym muny görüp, haýpy geldi, sebäbi olar ýöne bir ýumuş oglanydylar. Şonda Mariýa olara miwe şiresini, eşiklerini arassalar ýaly çotga, bir gapda suw we el süpürgiç getirýär. KGB-niň başlygy gelende, olar özlerine edilen ýagşylyklary gürüň berýärler. Ol çykyp barýarka, ýylgyrdy-da, elini galgadyp biziň bilen sagbollaşdy. Biz «ýamanlygy... hemişe ýagşylyk bilen ýeňmäge» jan edendigimiziň gowy netije berendigini görüp, örän begendik (Bu ýagdaýlara garamazdan, biz Armawirde wagyz etmegi dowam edýärdik. Şeýle-de Kurganinsk şäheriniň golaýyndaky kiçijik wagyzçylar toparyna kömek edýärdik. Armawirde alty ýygnagyň, Kurganinskde bolsa dört ýygnagyň bardygyny eşidenimde, begenjimiň çägi bolmady.
Şol ýyllarda biziň ruhy taýdan gowşan wagtymyz hem bolupdy. Şonda wepaly doganlaryň kömegi bilen Ýehowanyň bizi düzedip, ruhy taýdan berkidendigine diýseň minnetdar (Zeb. 130:3). Ýygnakda KGB-niň içalylary hem bolýardy. Olaryň arasynda gulluk etmek biziň üçin uly synag bolsa-da, ýygnaklar arassalanýardy. Biz bolsa muny bilmeýärdigem. Içalylar yhlasly wagyz edýärdiler, käbirleri hatda guramada jogapkärli borçlary hem ýerine ýetirýärdiler. Emma wagtyň geçmegi bilen, olaryň kimdigi aýan boldy.
1978-nji ýylda Mariýa 45 ýaşyndaka, ýene-de göwreli boldy. Ýüregagyry keseli bolandygy üçin, lukmanlar onuň aladasyny edip, çagany aýyrtmagy maslahat berdiler. Emma Mariýa razylaşmady. Käbir lukmanlar keselhanada ol nirä gitse yzyna düşüp, çagany düşürtmek üçin sanjym etjek bolýardylar. Şonda Mariýa çagany halas etmek üçin keselhanadan gaçdy.
KGB-niň işgärleri bizden şäherden göçmegi talap etdiler. Biz Tallin şäheriniň (Estoniýa) golaýynda ýerleşýän oba göçdük. Şol wagt Estoniýa SSSR-e degişlidi. Talliniň lukmanlary Mariýa sagdyn çagany dogurmaga kömek etdiler. Biz oňa Witaliý adyny dakdyk.
Soňra biz Estoniýadan Russiýanyň günortasyndaky Nezlobnaýa obasyna göçdük. Biz goňşy şäherlerde seresaplylyk bilen wagyz edýärdik. Ol ýerlere ýurduň ähli künjeginden dynç almaga gelýärdiler. Saglygyny bejertmäge gelen adamlaryň käbiri ebedi ýaşaýşa bolan umyt bilen yzlaryna dolanýardy.
ÇAGALARYMYZA ÝEHOWANY SÖÝMEGI ÖWREDÝÄRIS
Biz ogul-gyzlarymyza Ýehowany söýmegi we oňa ýürekden gulluk etmegi öwretmäge jan edýärdik. Köplenç öýümize çagalarymyza gowy täsir etjek dogan-uýalary çagyrýardyk. Olaryň arasynda 1970—1995-nji ýyllar aralygynda aýlanýan gözegçi bolup gulluk eden Grigoriý dogan hem bardy. Biz ony gaty gowy görýärdik; ol degişgen dogandy. Öýe myhmanlar gelende, biz köplenç Mukaddes Ýazgylara esaslanan oýunlary oýnaýardyk. Bu çagalarymyzyň Ýazgylardaky taryhy wakalara bolan söýgüsini berkitdi.
1987-nji ýylda oglumyz Ýaroslaw Latwiýanyň Riga şäherine göçýär. Ol ýerde arkaýyn wagyz edilýärdi. Emma ol harby gulluga gitmekden boýun gaçyranda, bir ýarym ýyl azatlykdan mahrum edilýär. Ol dokuz sany dürli türmelerde oturýar. Men oňa tussaglykdakam, çydamly bolmaga kömek eden wakalary gürrüň berdim. Soňra ol pioner gullugyna başlady. 1990-njy ýylda oglumyz Pawel 19 ýaşyndaka, Sahalinde, ýagny Ýaponiýanyň demirgazygyndaky adada pioner bolup gulluk etmek isleýändigini aýdýar. Başda biz muňa razylaşmadyk. Sebäbi şol adada bary-ýogy 20 wagyzçy bardy we ol 9 müň km uzaklykda bizden aýralykda bolmalydy. Ýöne soňra biz razylaşdyk we gelen kararymyza birjigem ökünmedik. Adamlar Patyşalyk habaryna gowy seslenýärdi; bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde ol ýerde 8 ýygnak döredildi. Pawel ol ýerde 1995-nji ýyla çenli gulluk etdi. Biz iň kiçi oglumyz Witaliý bilen galdyk. Ol çagalykdan Mukaddes Ýazgylary okamagy gowy görýärdi. On dört ýaşynda ol pioner gullugyna başlaýar. Biz iki ýyllap bile pioner bolup gulluk etdik. Bu ýatdan çykmajak pursatdy! Witaliý 19 ýaşyndaka, ýörite pioner gullugyna başlaýar.
1952-nji ýylda KGB-niň işgäri aýalym Mariýa şeýle diýipdi: «Imanyňdan dänmeseň, 10 ýyl türmede oturarsyň. Dolanyp geleniňde, hiç kim seni almaz, dünýäden müjerret ötersiň». Emma bar zat tersine boldy. Biz wepadar Hudaýymyz Ýehowanyň, çagalarymyzyň we hakykaty bilmäge kömek eden adamlarymyzyň söýgüsini duýýarys. Mariýa ikimiz çagalarymyzyň gulluk eden ýerlerine baranymyzda, ýüregimiz şatlykdan joşýardy. Çagalarymyzyň kömegi bilen hakykata gelen adamlaryň minnetdardygyny görmek diýseň begendirýär.
ÝEHOWANYŇ ÝAGŞYLGYNA BOLAN MINNETDARLYK
1991-nji ýylda Russiýada Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işi hökümet tarapyndan resmileşdirildi. Bu wagyz işiniň pajarlap ösmegine getirdi. Biziň ýygnagymyz dynç günleri goňşy şäherlere we obalara gidip wagyz etmek üçin hatda awtobus hem satyn aldy.
Ýaroslaw bilen gelni Alýonanyň, Pawel bilen gelni Raýanyň Beýtelde, Witaliý bilen gelni Swetlananyň bolsa etrap gözegçisi bolup gulluk edýändigine men diýseň begenýärin. Uly gyzymyz Irina maşgalasy bilen Germaniýada ýaşaýar. Onuň ýanýoldaşy Wladimir we üç ogly ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýär. Gyzymyz Olga Estoniýada ýaşaýar we tiz-tizden maňa jaň edip durýar. Gynansam-da, mähriban aýalym 2014-nji ýylda aradan çykdy. Men ony direlişde görjek wagtyma sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn! Häzir men Belgorod şäherinde ýaşaýaryn. Doganlar maňa uly kömek edýärler.
Ýehowa gulluk eden ýyllarym maňa wepaly galmak üçin köp zatdan geçmelidigini öwretdi. Ýöne Ýehowanyň berýän parahatlygyny hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Mariýa ikimiziň berkligimiz üçin alan bereketlerimiz şeýle bir köp welin, men olary göz öňüne-de getirip bilmeýärdim. 1991-nji ýylda SSSR darganda, tutuş ýurtda bary-ýogy 40 müňden gowrak wagyzçy bardy. Emma häzir ol ýerde 400 müňden gowrak wagyzçy gulluk edýär! Men häzir 83 ýaşymda we henizem ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýärin. Ýehowa maňa hemişe çydamly bolmaga kömek edýärdi. Hawa, Ýehowa maňa bol bereket berdi (Zeb. 13:5, 6).
^ abzas 4 KGB Russiýa döwletiniň howpsuzlyk komitetiniň ady.