Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 34

Özgerişlikleri şatlyk bilen kabul ediň!

Özgerişlikleri şatlyk bilen kabul ediň!

«Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir» (Ýew. 6:10).

23-NJI AÝDYM Ýehowa güýjümiz

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1—3. Haýsy sebäplere görä, uzak wagtly gulluk edýänleriň ýagdaýy üýtgäp bilýär?

ROBERT bilen aýaly Meri şeýle diýýär: «Biz 21 ýyllap missioner bolup gulluk etdik. Şol ýyllar iň bagtly günlerimizdi. Ýöne biz missioner gullugymyzy goýmaly bolduk. Sebäbi ikimiziňem ene-atamyz keselläp, kömegimize mätäç boldular. Ene-atamyza kömek edip bilýändigimize begenýäris, emma dogduk mekanymyza öwrülen ýerlerden gaýtmak juda kyn düşdi».

2 Wilýam bilen aýaly Terri şeýle ýatlaýar: «Saglyk ýagdaýymyz sebäpli gullugymyzy goýmaly bolanymyzda, ikimizem agladyk. Biz daşary ýurtda wagyz etmegi arzuw edýärdik. Bar arzuwymyz puç boldy».

3 Alekseý şeýle gürrüň berýär: «Duşmanlaryň filialymyzy ýapjak bolýandygyny bilýärdik. Ýöne filialymyz ýapylyp, Beýtelden gitmeli bolanymyzda, ählimiziň ýüregimiz para-para boldy».

4. Şu makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

4 Şeýle ýagdaýlary uzak wagtly gulluk edýän müňlerçe dogan-uýalar başdan geçirdiler *. Şol dogan-uýalara gowy görýän gullugyny goýmak aňsat düşen däldir. Olara özgerişliklere öwrenişmäge näme kömek edip biler? Biz olara nädip kömek edip bileris? Şu soraglaryň jogaby biziň ählimize durmuşda bolýan özgerişlikleri şatlyk bilen kabul etmäge kömek eder.

ÖZGERIŞLIKLERE NÄDIP ÖWRENIŞMELI?

Uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalara gullugyny bes etmek näme üçin agyr degýär? (5-nji abzasa serediň) *

5. Özgerişlikler nähili täsir edýär?

5 Biz Beýtelde ýa-da uzak wagtly gullugyň başga görnüşinde gulluk etsek-de, adamlary hem-de gulluk edýän ýerimizi gowy görýäris. Şol sebäpli aýralyk ýüregimize ýara salýar. Esasanam, yzarlamalar sebäpli başga ýere göçen bolsak, dostlarymyzy küýsäp, olar hakda biynjalyk bolýarys (Mat. 10:23; 2 Kor. 11:28, 29). Täze borç berilse ýa-da öýümize gaýtmaly bolsak, täze medeniýete öwrenişmek kyn bolýar. Robert bilen Meri şeýle diýýär: «Bize medeniýetimize öwrenişmek we ene dilimizde wagyz etmek kyn boldy. Biz watanymyzda özümizi ýat adam ýaly duýýardyk». Käbir dogan-uýalar uzak wagtly gullugyny goýanda, pulsuzlykdan kösenmegi, özüni alaçsyz we ýeke duýmagy, ruhdan düşmegi mümkin. Olara näme kömek eder?

Ýehowa ýakynlaşyň we bil baglaň (6, 7-nji abzaslara serediň) *

6. Ýehowa nädip ýakynlaşmaly?

6 Ýehowa ýakynlaşyň (Ýak. 4:8). Nädip? «Dogalary eşidýän Hudaýa» bil baglaň (Zeb. 65:2). Zebur 62:8-de: «(Hudaýa) ýüregiňizi döküň» diýilýär. Sebäbi Ýehowa «dileýän we düşünýän zatlarymyzdan has köp zatlary edip bilýär» (Efes. 3:20). Hudaý diňe bir dileýän zadymyzy bermek bilen çäklenmän, eýsem kynçylyklary garaşmaýan wagtymyz we pikir etmeýän ýollarymyz bilen çözýär.

7. a) Ýehowa ýakynlaşmaga ýene näme kömek edýär? b) Ýewreýler 6:10—12-nji aýatlara görä, Hudaýa wepaly bolmagyň nähili peýdasy bar?

7 Ýehowa ýakynlaşmak üçin Mukaddes Kitaby her gün okaň we oýlanyň. Missioner bolup gulluk eden dogan şeýle diýýär: «Maşgala okuwyny öňkiňiz ýaly yzygiderli geçiriň we ýygnaklara taýýarlanyň». Şeýle-de baran ýygnagyňyzda yhlasly wagyz ediň. Öňkiňiz ýaly köp işleri edip bilmeseňiz-de, Ýehowa siziň ýaly wepaly gullukçylaryny hiç haçan unutmaýar (Ýewreýler 6:10—12-nji aýatlary okaň).

8. 1 Ýahýa 2:15—17-nji aýatlar sada ýaşamaga nädip kömek edýär?

8 Sada ýaşaň. Şeýtanyň dünýäsiniň aladalary ruhy işlerden eliňizi sowatmasyn (Mat. 13:22). Hudaýa gulluk etmeýän adamlar ýa-da dost-ýarlaryňyz, dogan-garyndaşlaryňyz ýagşy niýet bilen baý bolmaga höweslendirseler, olaryň täsirine düşmäň (1 Ýahýa 2:15—17-nji aýatlary okaň). Ýehowa bil baglaň, sebäbi ol aladaňyzy edip, ruhy we duýgy taýdan goldamagy, öz wagtynda gerekli zatlar bilen üpjün etmegi wada berýär (Ýew. 4:16; 13:5, 6).

9. Nakyllar 22:3, 7-nji aýatlara görä, näme üçin köp bergi etmeli däl we nädip paýhasly karara gelip bileris?

9 Ýorganyňyza görä aýak uzadyň (Nakyllar 22:3, 7-nji aýatlary okaň). Başga ýere göçeniňizde, pul gerek bolup, karza batmagyňyz mümkin. Köp bergi etmez ýaly näme etmeli? «Ýorganyňyza görä aýak uzadyň», ýagny zerur bolmadyk zatlary satyn almaň. Çykgynsyz ýagdaýda (meselem, dogan-garyndaşlaryňyz kesellände) näçeräk karz aljakdygyňyzy bilmän aljyramagyňyz ahmal. Şonda Hudaýa «dileg edip, ýalbarsaňyz», paýhasly karara gelip bilersiňiz. Ýehowa doga-dilegleriňizi eşidip, «ýürekleriňize we pikirleriňize» parahatlyk berer, sagdyn pikirlenmäge kömek eder (Flp. 4:6, 7; 1 Pet. 5:7).

10. Nädip täze dost tapmaly?

10 Dostlugyňyzy berkidiň. Siz ýakyn dostlaryňyza, esasan-da, siziňki ýaly ýagdaýlary başdan geçiren dogan-uýalara kynçylyklaryňyzy we duýgularyňyzy gürrüň beriň. Şeýle gürrüňdeşlik güýjüňize güýç goşar (Nes. 4:9, 10). Öňki dostlaryňyz jana-jan dostlaryňyz bolup galýar. Indi siz başga ýerde gulluk edýärsiňiz, size täze dostlar gerek. Munuň üçin näme etmeli? Dogan-uýalara Ýehowanyň beren bereketleri barada gürrüň beriň. Goý, olar siziň Ýehowa gulluk edip alan şatlygyňyzy duýsunlar. Käbirleri uzak wagtly gullugy siziň gowy görýändigiňize düşünmeseler-de, käbirleri siziň bilen dostlaşyp, göreldäňize eýermek islärler. Ýöne diňe öz eden işleriňiz hakda gürrüň bermekden we erbet duýgularyňyzy aýtmakdan seresap boluň.

11. Özgerişlik bolanda maşgalaňyzy nädip goldap bilersiňiz?

11 Ýanýoldaşyňyzyň keselländigi üçin gullugyňyzy goýan bolsaňyz, ony günäkärlemäň. Ýa-da özüňiz kesellän bolsaňyz, ýanýoldaşyňyzyň tamasyny puja çykardym diýip, özüňizi günäkärlemäň. Unutmaň, siz «bir bedensiňiz» we bir-biriňiziň aladaňyzy etjekdigiňizi Ýehowanyň öňünde söz berdiňiz (Mat. 19:5, 6). Eger aýalyňyz garaşylmadyk ýagdaýda göwreli bolup, gullugyňyzy goýan bolsaňyz, onda çagaňyzy günäkärlemäň, gaýtam ony gullugyňyzdan hem gowy görýändigiňizi we Ýehowanyň beren sowgadydygyny aýdyň (Zeb. 127:3—5). Şeýle-de çagaňyza uzak wagtly gullugyň beren bereketleri hakda gürrüň beriň. Şonda olam siziň göreldäňize eýerip, Ýehowa şatlyk bilen gulluk eder.

DOGAN-UÝALARYŇ BERÝÄN KÖMEGI

12. a) Uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalary nädip goldap bileris? b) Olara täze ýagdaýa öwrenişmäge nädip kömek edip bileris?

12 Mesihçiler uzak wagtly gullugyny dowam eder ýaly, ýygnaklar we käbir dogan-uýalar olary goldap, elinden gelen kömegi berýärler. Meselem, olary ruhlandyrýarlar, pul kömegini ýa-da gerekli zatlaryny berýärler, uzakda ýaşaýan ene-atasynyň aladasyny edýärler (Gal. 6:2). Öň uzak wagtly gulluk eden dogan-uýalar siziň ýygnagyňyzda gulluk edip başlan bolsa, olar etmeli işini başaran däldir ýa-da ýalňyşlyk goýberendir öýtmäň *. Gaýtam ýygnagyňyza öwrenişer ýaly kömek ediň, güler ýüz bilen garşylaň. Ýarawsyzdygyna garamazdan, yhlasly gulluk edýändigi üçin öwüň. Olar bilen dostlaşyň. Olaryň baý tejribesinden we biliminden öwreniň.

13. Uzak wagtly gullugyny bes eden dogan-uýalara nädip kömek edip bileris?

13 Uzak wagtly gullugyny bes eden dogan-uýalara kömek gerek bolýar. Meselem, olara jaý, iş, ulag tapmaga we başga-da durmuşda zerur bolan zatlary almaga kömek edip bileris. Salgyt tölemek ýa-da saglygy ätiýaçlandyryş pasportyny almak babatda gerekli maglumatlary berip bileris. Goý, olar ýüregiňiz awap däl-de, ýagdaýyna düşünip goldaýandygyňyzy duýsunlar. Belki, olaryň özi ýa-da dogan-garyndaşlary keselländir, ýa-da ýakyny aradan çykandygy üçin hasrat çekýändir *. Käbirleri bolsa bildirmejek bolsalar-da, öňki dostlaryny küýsäp gamlanýandyr. Şeýle düşnüksiz duýgulary ýeňmek üçin, olara wagt gerek.

14. Ýerli wagyzçylar uýamyza nädip kömek etdiler?

14 Dogan-uýalar göçüp gelen ýerine öwrenişer ýaly, olary ruhlandyrmaly we wagza çykmaly. Daşary ýurtda ençeme ýyl gulluk eden uýa şeýle diýýär: «Öň men her gün adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçerdim. Häzirki gulluk edýän ýerimde bolsa aýat okamak ýa-da wideo görkezmek kyn bolýar. Ýöne ýerli wagyzçylar maňa kömek etdiler. Olar meniň bilen gaýtadan ideg etmäge ýa-da Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge gitdiler. Yhlasly we batyrgaý wagyzçylaryň göreldesi täze ýere öwrenişmäge kömek etdi. Şeýdip, men ýerli halk bilen gürrüňdeş bolmagy öwrendim. Indi men şatlyk bilen gulluk edýärin».

ÖŇE, DIŇE ÖŇE!

Öz ýurduňyzda yhlasly wagyz ediň (15, 16-njy abzaslara serediň) *

15. Täze baran ýygnagyňyzda nädip üstünlik gazanyp bilersiňiz?

15 Siz täze baran ýygnagyňyzda köp üstünlik gazanyp bilersiňiz. Häzirki bolan üýtgeşmeler siziň ýalňyşlyk goýberendigiňizi ýa-da bir ädim yza ädendigiňizi aňlatmaýar. Ýehowanyň sizi häzirem goldaýandygyny duýjak boluň we yhlasly wagyz ediň. I asyrdaky wepaly mesihçileriň göreldesine eýeriň. Olar nirä gitseler-de, «hoş habary wagyz edýärdiler» (Res. 8:1, 4). Sizem yhlasly wagyz etseňiz, köp bereketleri alarsyňyz. Meselem, pionerleri gulluk edýän ýurdundan kowanlarynda başga ýurda göçdüler. Şol ýerde olaryň dilinde gepleýän köp adamlar hoş habary eşitmändi. Netijede, birnäçe aýyň içinde günsaýyn ösýän täze topar döredi.

16. Täze borjuňyzy gowy görmäge näme kömek eder?

16 «Ýehowanyň berýän şatlygy güýjüňize güýç goşar» (Neh. 8:10). Biz borjumyzy näçe gowy görsek-de, ilkinji nobatda, Ýehowa bilen dostlugymyzdan şatlyk tapmaly. Ýehowa has-da ýakynlaşyň, ondan akyldarlyk, görkezme we kömek soraň. Siz adamlara ýürekden kömek etmek isländigiňiz üçin öňki borjuňyzy gowy görüpdiňiz. Eger täze borjuňyzy ýürekden ýerine ýetirmäge jan etseňiz, Ýehowa size edýän işiňizi gowy görmäge kömek eder (Nes. 7:10).

17. Biz nämäni unutmaly däl?

17 Biziň ýerine ýetirýän borjumyz wagtlaýyn, ýöne Ýehowa edýän gullugymyz ebedidir. Täze dünýäde ählimize täze borç berler. Ýokarda agzalan Alekseý durmuşda bolýan özgerişlikleriň gelejege taýýarlaýandygyny aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň bardygyna we Jennetiň boljakdygyna ynanýardym, ýöne olar meniň üçin uzakdady. Indi bolsa Ýehowa meniň ýanymda, indiki duralga bolsa Jennet» (Res. 2:25). Biz nähili borjy ýerine ýetirsek-de, Ýehowa has-da ýakynlaşmaly. Ol bizi hiç haçan ýeke goýmaz! Biz nirede we nädip gulluk etsek-de, Ýehowa bize şatlanmaga kömek eder (Işa. 41:13).

53-NJI AÝDYM Hudaýa agzybir gulluk etmek

^ abzas 5 Uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalar käte gullugyny bes etmeli bolýarlar ýa-da olara başga borç berilýär. Şu makalada olaryň nähili kynçylyklara duş gelýändigi we täze ýagdaýlara öwrenişmek üçin haýsy maslahatlara eýermelidigi hakda gürrüň ederis. Şeýle-de olary nädip goldap we ruhlandyryp biljekdigimiz hakda bileris. Şu makalada aýdylýan maslahatlar biziň her birimize özgerişliklere döz gelmäge kömek eder.

^ abzas 4 Jogapkärli doganlar garran çagynda borçlaryny ýaş doganlara tabşyrýarlar. «Gartaşan doganlar, Ýehowa siziň wepalylygyňyzy gymmat saýýar» (w18.09) we «Ýagdaýyňyz üýtgände, kalbyňyzda rahatlygy saklaň» (w18.10) atly makalalara serediň.

^ abzas 12 Uzak wagtly gulluk eden dogan-uýalar täze ýygnakda pioner, ýaşuly ýa-da hyzmatçy bolup gulluk eder ýaly, ýaşulular olaryň häsiýetnamasyny tizden-tiz ibermeli.

^ abzas 13 «Oýanyň!» žurnalynyň 3-nji sanyndaky «Hasrat çekýänlere kömek ediň» atly makala serediň (2018, rus).

^ abzas 57 SURAT: Missioner är-aýal gullugyny bes edip, öz ýurduna göçüp gaýtmaly bolýar. Olar dogan-uýalar bilen aglaşyp hoşlaşýarlar.

^ abzas 59 SURAT: Är-aýal watanyna gelenlerinde, kynçylyklara döz geler ýaly, Ýehowa ýalbaryp doga edýärler.

^ abzas 61 SURAT: Är-aýal Ýehowanyň goldawy bilen pioner bolup gulluk edýärler. Olar missioner wagty daşary ýurt dilini öwrenipdiler. Indi bolsa ýygnagyň territoriýasynda daşary ýurtly adamlara wagyz edýärler.