Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 33

Size gulak asýanlary Hudaý halas eder

Size gulak asýanlary Hudaý halas eder

«Özüňi alyp barşyňa we öwredişiňe hemişe ünsli bol. Şeýle etseň, hem özüňi, hem saňa gulak asýanlary halas edersiň» (1 Tim. 4:16).

47-NJI AÝDYM Hoş habary wagyz edeliň

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Dogan-garyndaşlarymyzyň näme etmegini isleýäris?

ROZA * uýa şeýle gürrüň berýär: «Hudaý barada bilim alyp başlanymda, dogan-garyndaşlarym * bilen Jennetde ýaşamagy arzuw edýärdim. Esasanam, ärim Begenç bilen oglumyň Ýehowa gulluk etmegini isleýärdim». Belki, siziň hem Ýehowany tanamaýan we oňa sežde etmeýän dogan-garyndaşlaryňyz bardyr. Roza uýa ýaly sizem olaryň Ýehowany tanamagyny isleýänsiňiz.

2. Şu makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

2 Biz mejburlyk bilen dogan-garyndaşlarymyza hoş habary kabul etdirip bilmeris, ýöne Mukaddes Kitapdaky habara düşünmäge kömek edip bileris (2 Tim. 3:14, 15). Biz dogan-garyndaşlarymyza näme üçin wagyz etmeli? Olaryň garaýşyny näme üçin göz öňünde tutmaly? Olar Ýehowa sežde eder ýaly näme edip bileris? Ýygnakdaky dogan-uýalar nädip kömek edip bilerler?

DOGAN-GARYNDAŞLARYMYZA NÄME ÜÇIN WAGYZ ETMELI?

3. 2 Petrus 3:9-a görä, dogan-garyndaşlarymyza näme üçin wagyz etmeli?

3 Tizden Ýehowa zalym dünýäni ýok eder, emma «ebedi ýaşamak isleýän ähli adamlary» halas eder (Res. 13:48). Biz nätanyş adamlara wagyz etmek üçin köp wagtymyzy we güýjümizi sarp edýäris. Şeýle-de dogan-garyndaşlarymyzyň hem biziň bilen Ýehowa gulluk etmegini isleýäris. Söýgüden doly Ýehowa Atamyz «hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» (2 Petrus 3:9-y okaň).

4. Dogan-garyndaşlarymyza wagyz edenimizde nämäni unutmagymyz mümkin?

4 Gutulyş habaryny hem dogry, hem nädogry usul bilen wagyz edip bolýar. Biz nätanyş adamlar bilen sylaşykly gepleşýändiris, ýöne dogan-garyndaşlarymyz bilen mähirli bolmagy unutmagymyz mümkin.

5. Dogan-garyndaşlarymyza wagyz edenimizde haýsy maslahata eýermeli?

5 Biziň köpimiz dogan-garyndaşlarymyza birinji sapar nädip wagyz edenimizi ýatlap: «Beýdip aýtmaly däl ekenim» diýip gynanýandyrys. Pawlus resul mesihçilere şeýle maslahat berdi: «Duzuň nahary tagamly edişi ýaly, siziň hem sözleriňiz ýakymly bolsun. Şonda her kime nädip jogap bermelidigini bilersiňiz» (Kol. 4:5, 6). Bizem dogan-garyndaşlarymyza wagyz edenimizde, Pawlus resulyň maslahatyna eýersek gowy bolar, ýogsam ýüreklerine täsir etmegiň deregine, göwnüne degip bileris.

DOGAN-GARYNDAŞLARA NÄDIP KÖMEK ETMELI?

Dogan-garyndaşlarymyzyň garaýşyny göz öňünde tutsak we edim-gylymly bolsak, bizi diňlärler (6—8-nji abzaslara serediň) *

6, 7. Ýehowany tanamaýan ýanýoldaşyň garaýşyny näme üçin göz öňünde tutmaly? Mysal getiriň.

6 Garaýşyny göz öňünde tutuň. Ýokarda agzalan Roza uýa şeýle diýýär: «Başda men ärim bilen diňe Hudaý barada gürrüň edýärdim, başga hiç zat hakda gepleşmeýärdim». Rozanyň äri Begenç Mukaddes Kitaby okamansoň, aýalynyň aýdýan zatlaryna düşünmeýärdi we aýalynyň akyl-huşuny dini alandyr öýdýärdi. Begenç alada edip: «Aýalym aldanyp, howply dini topara goşulan bolmaly» diýýärdi.

7 Roza agşamlaryna we dynç günleri köp wagtyny dogan-uýalar bilen geçirerdi. Ol ýygnaga, wagza we dogan-uýalaryňka myhmançylyga giderdi. Roza şeýle diýýär: «Begenç işden gelende, öýde hiç kimiň ýokdugyny görüp, özüni ýeke duýýan ekeni». Ol aýalynyň we oglunyň öz ýanynda bolmagyny isleýärdi. Begenç aýalynyň gatnaşýan adamlaryny tanamaýardy. Onuň göwnüne aýaly dostlaryny has gowy görýän ýalydy. Şol sebäpli ol aýalyna aýrylyşmak isleýändigini aýtdy. Roza nädip äriniň garaýşyny göz öňünde tutup bilerdi?

8. 1 Petrus 3:1, 2-nji aýatlara görä, dogan-garyndaşlarymyza näme güýçli täsir edýär?

8 Sözüňiz däl-de, edim-gylymyňyz şaýatlyk etsin. Köplenç biziň aýdýan sözlerimiz däl-de, edýän işlerimiz dogan-garyndaşlarymyza güýçli täsir edýär (1 Petrus 3:1, 2-nji aýatlary okaň). Roza hem muňa göz ýetirdi. Ol şeýle ýatlaýar: «Begenjiň meni, oglumy söýýändigini, aýrylyşmak islemeýändigini bilýärdim. Ol aýrylyşjak diýende, men Ýehowanyň maslahatyna eýermelidigime düşündim. Men ärime wagyz etmegiň deregine, edim-gylymly bolmaly ekenim». Soňra Roza Begenç bilen diňe Hudaý barada däl-de, başga zatlar hakda hem gürrüň edýär. Begenç aýalynyň örän mähirlidigine, oglunyň gulak asýandygyna üns berýär (Nak. 31:18, 27, 28). Begenç Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň maşgalasyna gowy täsir edýändigini görüp, Hudaýyň Sözüni öwrenmek isleýär (1 Kor. 7:12—14, 16).

9. Biz näme üçin dogan-garyndaşlarymyzdan kömegimizi gaýgyrmaly däl?

9 Eliňizde baryny ediň. Biz Ýehowanyň göreldesine eýermeli. Ol adamlara hoş habary «gaýta-gaýta» eşitdirip, ebedi ýaşamaga mümkinçilik berýär (Ýer. 44:4). Pawlus resul Timoteosa janyny gaýgyrman adamlara kömek etmelidigini aýtdy. Şonda Timoteos hem özüni, hem gulak asýanlary halas edip bilerdi (1 Tim. 4:16). Bizem dogan-garyndaşlarymyzy gowy görýäris we Hudaýyň Sözündäki hakykaty bilmeklerini isleýäris. Rozanyň hem aýdýan sözleri we edýän işleri ärine gowy täsir etdi. Onuň arzuwy hasyl boldy. Häzir Begenç ýygnak ýaşulusy we aýaly bilen pioner bolup gulluk edýär.

10. Biz näme üçin sabyrly bolmaly?

10 Sabyrly boluň. Biz Allanyň kada-kanunlary boýunça ýaşap, durmuşymyzda köp zatlary üýtgetdik. Biz dini baýramçylyklary bellemeýäris, syýasata gatnaşmaýarys. Şonda dogan-garyndaşlarymyzyň bize gaharlanmaklary mümkin (Mat. 10:35, 36). Ýöne biz dogan-garyndaşlarymyz hakykata gelmez öýdüp, umydymyzy üzmeli däl. Barybir diňlemeýär diýip, wagyz etmesek, olary ebedi ýaşaýşa mynasyp görmän höküm ederis. Ýöne Ýehowa höküm etmek ygtyýaryny bize däl-de, Isa pygambere berdi (Ýah. 5:22). Eger biz sabyrly bolsak, dogan-garyndaşlarymyz hoş habary kabul ederler (« Saýtymyz arkaly öwrediň» diýen çarçuwa serediň).

11—13. Aýgül bilen bolan wakadan näme öwrenip bileris?

11 Tutanýerli we mähirli boluň (Nak. 15:2). Geliň, Aýgül bilen bolan wakany bileliň. Ol daşary ýurtda ýaşaýarka, Mukaddes Kitapdan Ýehowa barada bilim alyp başlaýar. Ene-atasy bolsa Hudaýyň bardygyna ynanmaýardy we syýasaty ikelläp goldaýardy. Aýgül Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlaryny ene-atasyna tizden-tiz gürrüň bermek isleýär. Aýgül: «Eger ene-atama dini ynanjym barada tizräk aýtmasam, başgalardan eşidip gaharlanmaklary mümkin» diýýär. Aýgül ene-atasyna gyzykly bolaýjak temalary saýlap, olara birnäçe hat ýazýar. Bir gezek bolsa Mukaddes Kitapda söýgi barada näme aýdylýandygyny ýazyp, ene-atasynyň pikirini soraýar (1 Kor. 13:1—13). Ol ene-atasyna gowy terbiýe berendikleri üçin minnetdarlyk aýdyp, sowgat iberýär. Aýgül her gezek öýlerine gelende, ejesine öýüň işlerini etmäge kömekleşýär. Başda ene-atasy gyzynyň dini ynançlary hakda diňlemek islemeýär.

12 Aýgül öýlerinde hem Mukaddes Kitaby her gün okaýar. Ol şeýle ýatlaýar: «Ejem kitaby her gün okaýandygymy görende, Hudaýyň Sözüniň meniň üçin örän wajypdygyna düşündi». Aýgülüň kakasy hem Mukaddes Kitaby okap başlaýar, ýöne onuň maksady ýalňyş tapyp, gyzyny dininden dändirmekdi. Aýgül şeýle diýýär: «Men kakama Mukaddes Kitaby sowgat berdim, kitaba ýakymly sözleri ýazdym». Soňra näme boldy? Kakasy Mukaddes Kitapdan hiç hili ýalňyş tapmaýar, okan zatlary oňa güýçli täsir edýär.

13 Biz nähili kynçylyklara duş gelsek-de, tutanýerli we mähirli bolmaly (1 Kor. 4:12b). Meselem, Aýgülem ejesi garşy çykanda, tutanýerli boldy. Aýgül şeýle diýýär: «Men suwa çümdürilenimde, ejem: „Sen diniň diýip, bizden geçdiň“ diýdi». Aýgül näme etdikä? Ol şeýle diýýär: «Men dymyp oturmagyň deregine, Ýehowanyň Şaýady bolmagy ýüregime berk düwendigimi, kararymdan dänmejekdigimi hormat bilen aýtdym. Ejemi ýürekden söýýändigimi aýdanymda, ejemem aglady, menem agladym. Soňra ejemiň gowy görýän naharyny bişirdim. Ejem Mukaddes Kitapdan öwrenýän zatlarymyň maňa gowy täsir edýändigine göz ýetirdi».

14. Biz näme üçin tutanýerli bolmaly?

14 Dogan-garyndaşlarymyz biziň näme üçin Ýehowa gulluk edýändigimize düşünýänçäler wagt gerek bolýar. Meselem, Aýgülüň ene-atasy gyzyny ýokary okuw jaýynda okatjak bolýardy. Ejesi gyzynyň pioner bolmak isleýändigini eşiden-de, ýene aglap başlaýar, emma Aýgül gelen kararyndan dänmeýär. Ol şeýle ýatlaýar: «Dogan-garyndaşlarymyzyň öňünde bir gezek berk durup bilmesek, olar ýene-de kararymyzdan dändirjek bolarlar. Eger biz tutanýerli bolup, hoş habary hormat bilen gürrüň bersek, olaryň diňlemegi ahmal». Aýgül bilen hem şeýle bolupdy. Häzir onuň ene-atasy pioner bolup gulluk edýär. Kakasy bolsa ýygnak ýaşulusy.

DOGAN-UÝALARYŇ KÖMEGI

Iman etmeýän maşgala agzalarymyza dogan-uýalar nädip kömek edip biler? (15, 16-njy abzaslara serediň) *

15. Matta 5:14—16 we 1 Petrus 2:12-nji aýatlara görä, «ýagşy işlerimiz» dogan-garyndaşlarymyza nähili täsir edýär?

15 Ýehowa ýygnakdaky dogan-uýalaryň edýän «ýagşy işleri» arkaly adamlary Özüne ýakynlaşdyrýar (Matta 5:14—16; 1 Petrus 2:12-nji aýatlary okaň). Eger ýanýoldaşyňyz Ýehowanyň Şaýady bolmasa, ony dogan-uýalar bilen tanyşdyryň. Ýokarda agzalan Roza uýa hem dogan-uýalary myhmançylyga çagyryp, äri bilen tanyşdyrdy. Begenç garaýşyny üýtgetmäge bir doganyň kömek edendigini ýatlap, şeýle gürrüň berýär: «Ol işinden rugsat alyp, meniň bilen futbol görmäge geldi. Şonda men: „Bu-la özüm ýaly adam ekeni“ diýdim».

16. Dogan-garyndaşlarymyzy näme üçin ýygnaga çagyrmaly?

16 Dogan-garyndaşlarymyza kömek etmegiň ýene bir usuly: olary ýygnaga çagyrmak (1 Kor. 14:24, 25). Begenjiň ilkinji sapar baran ýygnak duşuşygy Ýatlama agşamydy. Ýatlama agşamy Gün batansoň geçirilýär we uzaga çekmeýär. Begenç şeýle diýýär: «Men hiç zada düşünmesem-de, adamlaryň güler ýüzi göz öňümden gitmeýär. Olar meniň elimi gysyp, mähirli salamlaşdylar. Olar örän akgöwünli adamlar ekeni». Bir är-aýal, ýagny Perhat bilen Selbi Roza kömek edýärdi. Olar ýygnakda we wagyzda Rozanyň oglunyň aladasyny edýärdiler. Şonuň üçin Begenç aýalynyň dini barada bilmek üçin, Perhatdan okuw geçmegi haýyş edýär.

17. Özümizi näme üçin günäkärlemeli däl? Umydymyzy näme üçin üzmeli däl?

17 Biz ähli dogan-garyndaşlarymyzyň Ýehowa sežde etmegini isleýäris. Ýöne näçe jan etsek-de, olaryň hakykata gelmezligi mümkin. Eger şeýle bolsa, özüňizi günäkärlemäň, sebäbi hiç kimi mejburlap, dinimizi kabul etdirip bilmeris. Goý, dogan-garyndaşlaryňyz siziň şatlyk bilen Ýehowa gulluk edýändigiňizi görsünler. Şonda olar hoş habara biparh garamazlar. Olar üçin doga ediň, mähirli gepleşiň we kömek etmek üçin eliňizde baryny ediň (Res. 20:20). Şonda Ýehowa siziň tagallaňyzy sylaglar. Eger dogan-garyndaşlaryňyz hoş habary diňlese, Hudaý olary halas eder.

142-NJI AÝDYM Ähli adamlara wagyz edýäris

^ abzas 5 Biz dogan-garyndaşlarymyzyň Ýehowany tanamagyny isleýäris, ýöne olaryň özleri karara gelmeli. Şu makalada dogan-garyndaşlarymyz hoş habary diňlär ýaly näme edip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

^ abzas 1 Käbir atlar üýtgedildi.

^ abzas 1 Şu makalada «dogan-garyndaşlar» diýlende, Ýehowa sežde etmeýän maşgala agzalarymyz hem göz öňünde tutulýar.

^ abzas 54 SURAT: Dogan kakasyna maşyn bejermäge kömek edýär. Amatly wagty jw.org® saýtyndan wideo görkezýär.

^ abzas 56 SURAT: Uýa äriniň işi barada berýän gürrüňlerini diňleýär. Soňra olar ogly bilen oýun oýnaýar.

^ abzas 58 SURAT: Uýa dogan-uýalary myhmançylyga çagyrýar. Olar uýanyň äri bilen tanyşýarlar. Soňra ol aýaly bilen Ýatlama agşamyna barýar.