Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 35

Ähli dogan-uýalara hormat goýuň!

Ähli dogan-uýalara hormat goýuň!

«Göz ele: „Sen maňa gerek däl“ diýip bilmez ýa-da kelle aýaklara: „Siz maňa gerek däl“ diýip bilmez» (1 Kor. 12:21).

124-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolalyň

MAZMUNY *

1. Ýehowa her bir wepaly gullukçysyna näme berdi?

BIZIŇ söýgüden doly Ýehowa Hudaýymyz her bir wepaly dogan-uýa ýygnakda uly orun berýär. Biz dürli-dürli borçlary ýerine ýetirsek-de, Hudaý hemmämiziň gadyrymyzy bilýär. Şol sebäpli bizem bir-birimize hormat goýmaly. Pawlus resulyň ýazan hatlary birek-birege hormat goýmagyň möhümdigine düşünmäge kömek edýär. Nädip?

2. Efesliler 4:16-a görä, näme üçin biri-birimize hormat goýmaly we agzybir işleşmeli?

2 Şu makalanyň baş aýadynda Pawlus Ýehowanyň halkynyň biri-birine hormat goýmalydygyny nygtap geçdi. Biz dogan-uýalara: «Siz maňa gerek däl» diýmekden seresap bolmaly (1 Kor. 12:21). Eger ýygnakda asudalygyň bolmagyny islesek, dogan-uýalaryň gadyryny bileris we olar bilen agzybirlikde işleşeris (Efesliler 4:16-ny okaň). Şonda dogan-uýalaryň arasynda söýgi höküm sürer.

3. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Biz dogan-uýalara hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris? Şu makalada ýygnak ýaşulularynyň biri-birine nädip hormat goýup bilýändigi hakda gürrüň ederis. Şeýle-de durmuş gurmadyk dogan-uýalara we ene dilimizde gowy gepläp bilmeýän imandaşlarymyza hormat goýmalydygy hakda bileris.

ÝAŞULULAR, BIRI-BIRIŇIZE HORMAT GOÝUŇ

4. Rimliler 12:10-da ýaşululara nähili maslahat berilýär?

4 Ýygnakdaky ähli ýaşulular Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly bellenilýär. Emma olaryň ukyby we ýagdaýy dürli-dürli bolýar (1 Kor. 12:17, 18). Olaryň käbiri ýaňy-ýakynda ýaşuly bellenendir, tejribesi köp däldir. Belki-de, käbir ýaşulularyň saglyk ýagdaýy ýa-da garrylyk sebäpli gujur-gaýraty ýokdur. Ýöne olaryň biri-birine: «Siz maňa gerek däl» diýmäge haky ýokdur. Gaýtam olar Pawlusyň Rimliler 12:10-njy aýatda (okaň) ýazan maslahatyna gulak asmaly.

Ýaşulular biri-birini ünsli diňläp, hormat goýýandyklaryny görkezýärler (5, 6-njy abzaslara serediň)

5. Ýaşulular biri-birine nädip we näme üçin hormat goýmaly?

5 Ýaşulular biri-birini ünsli diňläp, hormat goýýandygyny görkezýärler. Esasanam, ýaşulular maslahatyndaky doganlar wajyp meseläni çözmek üçin ýygnanyşanlarynda, bir-biriniň pikirini ünsli diňlemeli. Näme üçin? «Garawul diňiniň» 1988-nji ýylyň 1-nji oktýabrda çykan sanynda şeýle diýilýär: «Ýaşulular şuny unutmaly däl: Isa Mesih mukaddes ruh arkaly ýaşulular maslahatyndaky her bir dogana dogry karara gelmäge kömek edip bilýär. Olar Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna görä kyn meseleleri çözüp, belli bir karara gelip bilýärler (Res. 15:6—15). Ýehowa mukaddes ruhuny ýaşulular maslahatyndaky doganlaryň diňe birine däl-de, hemmesine berýär».

6. Ýaşululara eginme-egin işleşmäge näme kömek edýär we munuň ýygnaga nähili peýdasy bar?

6 Eger ýaşuly dogan ýaşulular maslahatynyň agzalaryna hormat goýmaýan bolsa, onda hiç kime gezek bermän, diňe özi gepläp oturar. Ol öz sözüni gögerdip, hiç kimi diňlemez. Emma ýaşululara hormat goýýan dogan öz pikirini pesgöwünlilik bilen aýdar. Ol doganlaryň diýýän zatlaryny ünsli diňlär. Esasanam, ýaşuly Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna we «wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň» berýän görkezmesine tabyn bolar (Mat. 24:45—47). Ýaşulular özara maslahat edende mähirli bolsalar we birek-birege hormat goýsalar, Ýehowanyň mukaddes ruhuny alarlar. Şeýdip, olar ýygnaga peýda getirjek kararlara gelerler (Ýak. 3:17, 18).

DURMUŞ GURMADYKLARA HORMAT GOÝUŇ

7. Isa durmuş gurmadyk adamlara nähili garaýardy?

7 Ýygnakda durmuş guran dogan-uýalar hem bar, durmuş gurmadyklar hem bar. Biz durmuş gurmadyk dogan-uýalara nähili garamaly? Geliň, Isa pygamber hakda oýlanalyň. Ol ýer ýüzünde ýaşanda öýlenmedi we Ýehowanyň tabşyran işini ýerine ýetirmek üçin wagtyny hem güýjüni gaýgyrmady. Emma Isa şägirtlerine öýlenmäň ýa-da öýleniň diýmedi. Ol käbir mesihçileriň Hudaýa köpräk gulluk etmek üçin durmuş gurmajakdygyny aýtdy (Mat. 19:11, 12, çykgyda serediň). Isa maşgala gurmadyklara hormat goýýardy, olary bagtsyz ýa-da durmuşdan yza galan hasaplamaýardy.

8. Pawlus 1 Korinfliler 7:7—9-njy aýatlarda näme maslahat berdi?

8 Isa ýaly Pawlus resul hem sallahdy we yhlasly wagyz edýärdi. Emma ol maşgala gurmagyň erbetdigini aýtmady. Pawlus şu meselede her kimiň özüniň karara gelmelidigine düşünýärdi. Ýöne ol mesihçileri maşgala gurman Ýehowa köpräk gulluk etmäge höweslendirýär (1 Korinfliler 7:7—9-njy aýatlary okaň). Elbetde, ol durmuş gurmadyklary äsgermezçilik etmeýär. Gaýtam ol öýlenmedik ýaş Timoteosa jogapkärli borçlary ynanýar (Flp. 2:19—22) *. Doganlaryň öýlenendigine ýa-da sallahdygyna seredip, ýygnakda jogapkärli borjy ýerine ýetirip biler ýa-da bilmez diýip pikir etmek nädogry bolar (1 Kor. 7:32—35, 38).

9. Biz durmuş guranlara we sallahlara nähili garamaly?

9 Isa pygamber-de, Pawlus resul-da mesihçiler hökman durmuş gurmaly ýa-da durmuş gurmaly däl diýmedi. «Garawul diňiniň» 2012-nji ýylyň 1-nji oktýabrda çykan sanynda şeýle diýilýär: «Biz durmuş gurmaklyga we sallahlyga Allanyň berýän sowgady hökmünde garamaly... Ýehowa durmuş gurmaýanlaryň utanmagyny ýa-da özüni bagtsyz duýmagyny islemeýär». Şonuň üçin biz hem ýygnakdaky durmuş gurmadyk uýalara we sallah doganlara uly hormat goýmaly.

Durmuş gurmadyklara hormat goýsak näme etmekden gaça durarys? (10-njy abzasa serediň)

10. Durmuş gurmadyk dogan-uýalara nädip hormat goýup bileris?

10 Biz durmuş gurmadyk dogan-uýalara nädip hormat goýup bileris? Olaryň ýagdaýyna düşünmek üçin näme etmeli? Belki-de, käbir dogan-uýalar durmuş gurmazlyk kararyna gelendirler. Käbirleri bolsa durmuş gurmak isleseler-de, özüne mynasyp ýar tapýançalar garaşýandyrlar. Käbirleri ýanýoldaşy aradan çykansoň, ýene-de maşgala gurmak isleýän däldirler. Olardan näme üçin durmuş gurmaýandygyny sorasak ýerlikli bolarmy? Ýa-da olara mynasyp ýar tapmaga kömek etsek dogry bolarmy? Elbetde, käbir mesihçiler bizden kömek sorarlar. Emma kömek soramasalar näme?! Siz durmuş gurmadyk dogana ýa-da uýa ýar tapyp bereýin diýseňiz, olar özüni oňaýsyz duýmazlarmy? (1 Sel. 4:11; 1 Tim. 5:13). Geliň, durmuş gurmadyk käbir dogan-uýalar bilen bolan wakalar hakda gürrüň edeliň.

11, 12. Biz durmuş gurmadyk dogan-uýalary nädip oňaýsyz ýagdaýa salyp bileris?

11 Bir sallah dogan etrap gözegçisi bolup gulluk edýär. Ol ýygnak üçin köp işleri etmäge mümkinçiliginiň bardygyny aýdýar. Käbir dogan-uýalar ýagşy niýet bilen ondan: «Sen näme üçin öýleneňok?» diýip soraýarlar. Şonda ol özüni oňaýsyz duýýan ekeni. Beýtelde gulluk edýän sallah dogan şeýle gürrüň berýär: «Käbir dogan-uýalar durmuş gurmadyklara nebsi agyryp seredýär. Şol sebäpli sallahlyk Ýehowanyň sowgady däl-de, agyr ýük bolup görünýär».

12 Beýtelde gulluk edýän durmuşa çykmadyk bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalaryň käbiri durmuş gurmadyklaryň hemmesi özüne ýar gözleýär diýip pikir edýärler. Şol sebäpli oturyşyklara-da dogan bilen tanyşmak üçin barýandyr öýdýärler. Bir gezek Beýteliň işi bilen başga şähere gitdim. Meniň baran günüm ýygnak duşuşygy bar eken. Meni myhman alan uýa ýygnakda meniň bilen deň-duş iki sallah doganyň bardygyny aýtdy. Ol „gyzym, saňa ýigit tapyp berjek bolamok“ diýse-de, ýygnaga baran badymyza, meni sallah doganlar bilen tanyşdyrdy. Şonda menem, doganlaram utançdan ýaňa „ýer ýarylmady, ýere girmedik“».

13. Durmuşa çykmadyk uýa kimlerden görelde alýar?

13 Beýtelde gulluk edýän durmuşa çykmadyk başga bir uýa şeýle diýýär: «Men ýygnakda durmuş gurman köp wagtdan bäri pioner bolup gulluk edýän dogan-uýalary tanaýaryn. Olar düşünjeli, maksada okgunly, janaýamaz, gullukdan köp şatlyk tapýarlar we ýygnagyň diregi hasaplanýarlar. Olar durmuş gurmandyklary üçin özlerini ýokary tutmaýarlar ýa-da özlerini durmuşdan yza galan saýmaýarlar». Siz hem hormat goýýan, gadyr-gymmatyňyzy bilýän, kembaha garamaýan, göripçilik ýa-da äsgermezçilik etmeýän dogan-uýalaryň arasynda bolmagy uly hormat saýýarsyňyz gerek?! Hawa, şeýle ýygnagyň agzasy bolmak uly bagt!

14. Biz durmuş gurmadyklara nädip hormat goýmaly?

14 Biz dogan-uýalaryň durmuş gurmaýandygyna gynanmaly däl-de, olaryň ýagşy häsiýetlerini we yhlasly wagyz edişlerini gymmat saýmaly. Şonda olar bizden minnetdar bolarlar. Biz hem olara: «Siz maňa gerek däl» diýýän ýaly bolmarys (1 Kor. 12:21). Olar biziň hormat goýýandygymyzy we gadyr-gymmatyny bilýändigimizi duýarlar.

ENE DILIŇIZDE GOWY GEPLÄP BILMEÝÄNLERE HORMAT GOÝUŇ

15. Käbir mesihçiler köp wagyz etmek üçin näme etdiler?

15 Soňky ýyllarda wagyzçylar köp wagyz etmek üçin daşary ýurt dilini öwrenmegi maksat edindiler. Olar durmuşyny düýpgöter üýtgetmäge taýyndylar. Olar wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek üçin daşary ýurt dilindäki ýygnaga geçdiler (Res. 16:9). Olar Patyşalyk işiniň ilerlemegi üçin şeýle karara geldiler. Daşary ýurt dilinde erkin geplemek üçin olara ençeme ýyl gerek bolýar. Ýöne şonda-da ýygnagyň işlerine köp goşant goşup bilýärler. Olaryň ýagşy häsiýetleri we baý tejribesi dogan-uýalaryň imanyny berkidýär. Biz şeýle janaýamaz dogan-uýalaryň gadyr-gymmatyny bilýäris.

16. Nämäniň esasynda doganlary ýaşuly ýa-da hyzmatçy edip belleýärler?

16 Ýaşulular maslahaty ýerli dilde gowy gepläp bilmeýän doganlary-da ýygnak ýaşulusy ýa-da hyzmatçysy edip belläp bilerler. Ýaşulular olaryň ýerli dilde nähili gepläp bilýändigine däl-de, Hudaýyň talaplaryna laýyk gelýändigine görä, olara ýygnagyň işlerini tabşyryp bilerler (1 Tim. 3:1—10, 12, 13; Tit. 1:5—9).

17. Daşary ýurda göçen maşgalalar nähili meseleleri çözmeli bolýarlar?

17 Käbir dogan-uýalar iş gözläp ýa-da uruş sebäpli daşary ýurda maşgalasy bilen göçýärler. Eger olaryň çagalary mekdepde okaýan bolsa, sapaklar ýerli dilde geçirilýändir. Ene-atalar hem işe girmek üçin ýerli dili öwrenmeli bolýarlar. Eger olaryň göçen ýerinde ene dilinde ýygnak geçirilýän bolsa näme edip bilerler? Olar haýsy ýygnaga barmalydygyny özleri çözmeli. Siz ene diliňizde geçirilýän ýygnaga bararsyňyzmy ýa-da ýerli dilde geçirilýän ýygnaga?

18. Galatýalylar 6:5-e görä, biz maşgalabaşylaryň gelen kararyna nähili garamaly?

18 Maşgalasynyň haýsy dildäki ýygnaga barmalydygyny maşgalabaşy çözmeli. Şol sebäpli ol ähli maşgala agzalaryna gowy boljak karara gelmeli (Galatýalylar 6:5-i okaň). Biz maşgalabaşylaryň gelen kararyna hormat goýmaly. Ol nähili karara gelse-de, maşgala agzalary ýürekden goldamaly, ýygnakdaky dogan-uýalar olary mähir bilen garşy almaly (Rim. 15:7).

19. Maşgalabaşylar haýsy meselede dogry karara gelmek üçin doga etmeli?

19 Käbir är-aýallar öz ene dilinde geçirilýän ýygnakda gulluk edýärler. Ýöne olaryň çagalary şol dile gowy düşünmeýärler. Şeýle ýagdaýda çagalary ýygnak duşuşyklarynda aýdylýan zatlara düşünmezler we ruhy taýdan ösüp bilmezler. Näme üçin? Sebäbi mekdepde sapaklar ene-atasynyň dilinde däl-de, ýerli dilde okadylýar. Şeýle ýagdaýda maşgalabaşylar çagalaryna Ýehowa we onuň halky bilen dostlaşmaga kömek etmek üçin ähli zady göz öňünde tutmaly we Ýehowadan akyldarlyk soramaly. Ene-atalar çagalaryna öz ene dilini öwretmeli bolar ýa-da çagalarynyň düşünýän dilindäki ýygnaga geçmeli bolarlar. Maşgalabaşylar nähili karara gelip, haýsy ýygnaga geçseler-de, olara hormat goýup, gadyr-gymmatyny bilmeli.

Daşary ýurt dilini öwrenýän dogan-uýalara nädip hormat goýup bileris? (20-nji abzasa serediň)

20. Daşary ýurt dilini öwrenýän dogan-uýalara nädip hormat goýup bileris?

20 Köp dogan-uýalara daşary ýurt dilini öwrenmek kyn bolýar. Olar şol dilde öz pikirini doly düşündirip bilmeýärler. Ýöne biz olaryň ýalňyş gepleýşine däl-de, edýän tagallasyna üns bersek, Ýehowany söýýändigini we yhlasly wagyz etmek isleýändigini bileris. Dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetlerini görsek, olaryň gadyryny bileris we çuňňur hormat goýarys. Biz olara ene dilimizde suw içen ýaly gepläp bilmeýändikleri üçin «siz bize gerek däl» diýmeris.

ÝEHOWA: «SIZ MAŇA GEREK» DIÝÝÄR

21, 22. Biz Ýehowa näme üçin minnetdar bolmaly?

21 Biz Ýehowanyň ýygnakda hormatly borjy ynanandygyna örän minnetdar. Ýehowa biziň jynsymyza, maşgala ýagdaýymyza, ýaşymyza ýa-da başga dilde gowy gepläp bilmeýändigimize garamazdan, ählimizi gymmat saýýar. Biz hem biri-birimize hormat goýmaly (Rim. 12:4, 5; Kol. 3:10, 11).

22 Geliň, Pawlusyň adamyň beden agzalary baradaky mysalyndan öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ýerine ýetireliň. Şonda dogan-uýalary ýürekden söýeris, ruhlandyrarys we hormat goýarys.

90-NJY AÝDYM Birek-biregi ruhlandyralyň

^ par. 5 Ýehowanyň halkyna dürli milletden we medeniýetden adamlar goşulýar. Ýygnakda olaryň her biriniň öz orny bar. Şu makalada Ýehowanyň guramasyndaky her bir adama hormat goýmagyň wajypdygy hakda bileris.

^ par. 8 Timoteosyň bütin ömrüne sallah bolandygyny anyk bilmeýäris.