Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 34

Ýehowanyň berýän ornuny gymmat saýyň!

Ýehowanyň berýän ornuny gymmat saýyň!

«Bedeniň agzalary köpdür. Ýöne olar köp bolsa-da, hemmesi bir bedene degişlidir. Ol beden — Mesihdir» (1 Kor. 12:12).

101-NJI AÝDYM Agzybir bolalyň

MAZMUNY *

1. Biz nähili hormata eýe bolduk?

ÝEHOWANYŇ guramasynyň agzasy bolmak uly hormat! Biz dogan-uýalar bilen Ýehowa agzybir sežde edip, şatlyk tapýarys. Ýehowa size ýygnakda nähili orun berdi?

2. Pawlus hatlarynda ýygnagy näme bilen deňeşdirdi?

2 Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen ýazan birnäçe hatlarynda her birimiziň ýygnakda wajyp ornumyzyň bardygyny aýdýar. Ol ýygnagy ynsan bedeni, dogan-uýalary bolsa beden agzalary bilen deňeşdirýär (Rim. 12:4—8; 1 Kor. 12:12—27; Efes. 4:16).

3. Şu makalada haýsy üç zat hakda gürrüň ederis?

3 Biz milletimize, baý ýa-da garypdygymyza, at-abraýymyza, alan terbiýämize, bilimimize garamazdan, biri-birimizi ruhlandyryp bilýäris. Ýehowa hem ýygnakda her birimize wajyp orun berýär. Şu makalada Pawlus resulyň ýazan hatlaryndan wajyp sapak edinip bolýandygy hakda gürrüň ederis. Birinjiden, Ýehowanyň ýygnakda bize beren orny hakda bileris. Ikinjiden, ýygnakda öz ornumyzy tapyp bilmesek näme etmelidigi barada gürrüň ederis. Üçünjiden, ýygnakda tabşyrylan işi yhlas bilen ýerine ýetirmek üçin näme etmelidigini bileris.

ÝYGNAKDA HER BIRIMIZIŇ ORNUMYZ BAR

4. Rimliler 12:4, 5-nji aýatlardan näme öwrenýäris?

4 Pawlus resulyň beden agzalary hakdaky mysalyndan Ýehowanyň maşgalasynda her birimiziň wajyp ornumyzyň bardygyny bilýäris. Pawlus: «Beden agzalary köp, ýöne olaryň hersiniň öz ýerine ýetirýän işi bar. Biz köp bolsak-da, Mesih bilen bir bedendiris we bir-birimize baglydyrys» diýdi (Rim. 12:4, 5). Pawlus nämäni göz öňünde tutdy? Ýygnakda her birimiziň öz ornumyz bolsa-da, Ýehowa ählimizi gymmat saýýar.

Biz dürli-dürli işleri ýerine ýetirsek-de, Ýehowa her birimizi gymmat saýýar (5—12-nji abzaslara serediň) *

5. Ýehowa ýygnak üçin nähili «bereketleri» berdi?

5 Ýygnakda berlen orun diýlende, ilki bilen, jogapkärli doganlar göz öňüňe gelýär (1 Sel. 5:12; Ýew. 13:17). Hawa, Ýehowa olary Mesih arkaly ýygnaga «bereket hökmünde berdi» (Efes. 4:8). Meselem, olar Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary, olaryň kömekçileri, filial komitetiniň agzalary, etrap gözegçileri, guramanyň mekdep mugallymlary, ýygnak ýaşululary we hyzmatçy doganlar. Ýehowa olary mukaddes ruhy arkaly belleýär we olar dogan-uýalaryň imanyny berkidip, aladasyny edýärler (1 Pet. 5:2, 3).

6. 1 Selanikliler 2:6—8-nji aýatlara görä, mukaddes ruh arkaly bellenen doganlar näme etmäge jan edýärler?

6 Doganlar Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly dürli-dürli borçlary ýerine ýetirýärler. Adam bedeniniň agzalary, ýagny el ýa-da aýak tutuş bedeni herekete getirýär. Edil şonuň ýaly, mukaddes ruh arkaly bellenen doganlar tutuş ýygnak üçin peýdaly işleri edýärler. Olar at-abraý gazanmak üçin däl-de, dogan-uýalaryň aladasyny etmek üçin gijesini gündiz edip işleýärler (1 Selanikliler 2:6—8-nji aýatlary okaň). Biz ýygnagyň diregi hem daýanjy bolan, janyny aýaman gulluk edýän doganlary berendigi üçin Ýehowa minnetdar!

7. Uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalar nähili bereketleri alýarlar?

7 Dogan-uýalar missioner, ýörite pioner we pioner bolup dünýäniň dürli künjeginde hoş habary wagyz edýärler. Olar uzak wagtly gullugy durmuşynda birinji orunda goýdular. Şeýlelikde, olar ençeme adamlara Isa Mesihiň şägirdi bolmaga kömek etdiler. Olar baý däl, ýöne Ýehowanyň köp bereketlerine eýe bolýarlar (Mar. 10:29, 30). Biz şeýle dogan-uýalara hormat goýýarys we çekýän zähmetiniň gadyryny bilýäris.

8. Ýehowa hoş habary wagyz edýän her bir adamy näme üçin gymmat saýýar?

8 Ýehowanyň guramasynda kimler esasy orun tutýar? Jogapkärli doganlarmy? Ýa-da uzak wagtly gulluk edýänler? Elbetde, Ýehowa we dogan-uýalar hoş habary wagyz edýän her bir adama hormat goýýarlar (Rim. 10:15; 1 Kor. 3:6—9). Sebäbi Ýehowanyň guramasynyň esasy maksady adamlara Isa Mesihiň şägirdi bolmaga kömek etmek (Mat. 28:19, 20; 1 Tim. 2:4). Suwa çümdürilen we suwa çümdürilmedik dogan-uýalaryň ählisi şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşýarlar (Mat. 24:14).

9. Uýalar näme üçin hormata mynasyp?

9 Ýehowa uýalara hem ýygnakda hormatly orun berýär. Allatagala özüne wepaly gulluk edýän gelin-gyzlara, enelere we dul aýallara hormat goýýar. Mukaddes Kitapda Ýehowa wepaly, berk imanly, akyl-paýhasly, erjel, mert, jomart we ýagşylyk edýän gelin-gyzlar barada ençeme wakalar ýazylan. Ýehowa olary taryplaýar we öwgüli sözleri aýdýar (Luka 8:2, 3; Res. 16:14, 15; Rim. 16:3, 6; Flp. 4:3; Ýew. 11:11, 31, 35). Biziň ýygnagymyzda-da ýagşy häsiýetli uýalar bar. Biz ýygnagyň bezegi hem görki bolan uýalary berendigi üçin Ýehowa minnetdar!

10. Biz näme üçin uly ýaşly dogan-uýalaryň gadyryny bilmeli?

10 Biz Ýehowanyň guramasynda uly ýaşly dogan-uýalaryň bardygyna begenýäris. Olaryň käbiri bütin ömrüne Ýehowa wepaly gulluk etdiler. Käbiri bolsa Ýehowany ýaňy-ýakynda tanadylar. Emma olaryň köpüsi diýen ýaly gujur-gaýratdan gaçyp, garrylyk sebäpli ejir çekýärler. Şol sebäpli olar öňküsi ýaly ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp ýa-da wagyz edip bilýän däldirler. Muňa garamazdan, olar güýjüni gaýgyrman wagyz edýärler, ruhlandyrýarlar we adamlara tälim berýärler. Biz olaryň baý tejribesinden köp zatlary öwrenýäris. Olar Ýehowa üçinem, biziň üçinem owadan «täç» ýalydyr (Nak. 16:31).

11, 12. Biz näme üçin ýaş dogan-uýalara guwanmaly?

11 Biz ýaş dogan-uýalara guwanýarys. Olar Şeýtan Iblisiň täsiri astyndaky dünýäde önüp-ösdüler we köp synaglara duşýarlar (1 Ýah. 5:19). Muňa garamazdan, olaryň ýygnak duşuşyklarynda berýän jogaplaryny, wagyz edişini we batyrgaýlyk bilen imany hakda gürrüň berişlerini eşidenimizde, begenjimizden ýaňa başymyz göge ýetýär. Ýaşlar, Ýehowa size-de ýygnakda uly orun berdi! (Zeb. 8:2).

12 Emma dogan-uýalaryň käbiri ýygnakda hormatly ornunyň bardygyna ynanmaýarlar. Biz ýygnakda her bir adamyň uly ornunyň bardygyny bilmäge nädip kömek edip bileris? Geliň, şu hakda gürrüň edeliň.

ÝYGNAKDA SIZIŇ HORMATLY ORNUŇYZ BAR

13, 14. Käbirleriniň näme üçin ýygnakda ornum ýok diýmegi mümkin?

13 Pawlus resulyň beden agzalary hakdaky mysalyndan ýene näme öwrenip bileris? Ol dogan-uýalaryň özlerini hormatly orna mynasyp görmeýändiklerini nygtap geçdi. Şeýle kynçylyk şu günlerem bar. Pawlus şeýle ýazdy: «Eger aýak: „Men el däl, şonuň üçin bedeniň agzasy däl“ diýse, onuň bedene degişli däldigini aňlatmaýar. Gulak: „Men göz däl, şonuň üçin bedeniň agzasy däl“ diýse, onuň bedene degişli däldigini aňlatmaýar» (1 Kor. 12:15, 16). Onda şu sözler nämäni aňladýar?

14 Eger siz özüňizi dogan-uýalar bilen deňeşdirip başlasaňyz: «Men bir dereksiz adam» diýmegiňiz mümkin. Belki-de, siz ýygnakda ökde mugallymlary, guramaçy doganlary we aladaçyl çopanlary göreniňizde, özüňize kembaha garaýansyňyz. Eger şeýle bolsa, siz pesgöwünli adamsyňyz (Flp. 2:3). Emma seresap bolmasaňyz, ukyply dogan-uýalar bilen özüňizi deňeşdirip, ruhdan düşersiňiz we özüňizi dereksiz adam saýarsyňyz. Siz hem: «Ýygnakda meniň ornum bardyr öýdemok» diýýärsiňizmi? Şeýle pikiriň duzagyna düşmez ýaly näme etmeli?

15. 1 Korinfliler 12:4—11-nji aýatlara görä, biz ukybymyza nähili garamaly?

15 Ýehowa I asyrda ýaşan mesihçileriň käbirine mukaddes ruhy arkaly gudratly işleri etmäge ukyp berdi. Ýöne olaryň ählisine birmeňzeş ukyp berilmedi (1 Korinfliler 12:4—11-nji aýatlary okaň). Olar dürli-dürli işleri etseler-de, Ýehowa her bir dogan-uýany gymmat saýýardy. Elbetde, biz şu günler gudratly işleri edip bilmeýäris. Ýöne bir zady unutmaly däl: biziň ukybymyz birmeňzeş bolmasa-da, Ýehowa her birimizi gymmat saýýar.

16. Biz Pawlusyň haýsy maslahatyna eýermeli?

16 Biz özümizi dogan-uýalar bilen deňeşdirmän, gaýtam Pawlus resulyň şu maslahatyna eýermeli: «Goý, her kes öz işini barlasyn, emma başgalaryňky bilen deňeşdirmesin. Şonda edýän işlerinden şatlyk tapar» (Gal. 6:4).

17. Pawlusyň maslahatyna eýermegiň nähili peýdasy bar?

17 Biz Pawlusyň maslahatyna eýerip, öz işimizi barlasak, ajaýyp ukyplarymyzyň bardygyna göz ýetireris. Meselem, ýaşuly dogan dile çeper däldir, ýöne ol şägirt taýýarlamaga ökdedir. Ýa-da beýleki ýaşulular ýaly guramaçy däldir, ýöne ol mähirli çopandyr, gowy maslahatlary berýändir. Dogan-uýalar hem ondan arkaýyn maslahat soraýandyrlar. Ýa-da ol myhmansöýerdir (Ýew. 13:2, 16). Eger öz ukybymyzy görüp bilsek, ýygnagyň işlerine goşant goşup biljekdigimize düşüneris. Başarjaň dogan-uýalara-da göriplik etmeris.

18. Biz ukybymyzy nädip ösdürip bileris?

18 Biziň her birimiz ökdelik bilen wagyz edip, mugallymçylyk ukybymyzy ösdürip bileris. Ýehowa bize kömek etmek üçin guramasy arkaly tälim berýär. Meselem, her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklary arkaly ökdelik bilen wagyz etmek üçin görkezme berýär. Siz ýygnak duşuşyklarynda berilýän görkezmelere ýürekden eýerýärsiňizmi?

19. Hoş habarçylar mekdebinde okamak üçin näme etmeli?

19 Ýehowa dogan-uýalara Hoş habarçylar mekdebinde tälim berip, ukyplaryny ösdürmäge kömek edýär. Uzak wagtly gulluk edýän 23—65 ýaş aralygyndaky dogan-uýalar mekdepde okap bilýärler. Belki-de, siz: «Men-ä ol mekdepde hiç haçan okap bilmerin» diýýänsiňiz. Emma siz mekdepde okamaga päsgel berjek zatlary sanamagyň deregine, näme üçin mekdepde okamak isleýändigiňiziňi anyklaň. Soňra maksadyňyza ýetmek üçin aýgytly ädimleri ädiň. Eger siz tagalla etseňiz, Ýehowanyň kömegi bilen almajak galaňyz bolmaz.

UKYBYŇYZ BILEN ÝYGNAGY BERKIDIŇ

20. Rimliler 12:6—8-nji aýatlarda näme maslahat berilýär?

20 Pawlus resulyň mysalyndan ýene bir zady öwrenýäris. Geliň, Pawlusyň Rimliler 12:6—8-nji aýatlarda (okaň) aýdan sözleri hakda oýlanalyň. Pawlus ýene-de ýygnakdaky dogan-uýalaryň dürli-dürli ukybynyň bardygyny nygtap geçýär we ukybymyz bilen ýygnagy berkitmelidigimizi aýdýar.

21, 22. Biz Robert bilen Feliziň beren gürrüňinden näme öwrenýäris?

21 Geliň, Robert dogan bilen bolan waka hakda gürrüň edeliň. Ol daşary ýurtda wagyz edýärdi, ýöne ony öz ýurdundaky Beýtelde gulluk etmäge çagyrýarlar. Robert öňki borjuny ýerine ýetirip bilmänsoň, täze borç berendirler diýip pikir edýär. Ol şeýle ýatlaýar: «Men tabşyrylan borjy asla ýerine ýetirip bilmedim diýip, ruhdan düşdüm. Şu barada birnäçe aýlap pikir edip ýördüm. Beýtelde hem gulluk edesim gelmedi». Robert öňküsi ýaly şatlyk bilen gulluk etmek üçin näme etmelidi? Ýygnak ýaşulusy oňa şu wagtky gullugyny has gowy ýerine ýetirmek üçin Ýehowanyň tälim berýändigini ýatlatdy. Robert yzyna ser salyp, öňki gullugyna däl-de, häzirki borjuna has köp üns bermelidigine düşündi.

22 Feliz Episkop dogan hem şeýle ýagdaýy başdan geçirdi. Ol 1956-njy ýylda aýaly bilen Gilead mekdebini tamamlap, Boliwiýada etrap gözegçisi bolup gulluk edip başlady. 1964-nji ýylda olaryň ogly boldy. Feliz şeýle gürrüň berýär: «Gowy görýän gullugymyzy goýmak aňsat düşmedi. Men bir ýyllap özümi günäkärläp ýördüm, dereksiz duýdum. Emma Ýehowanyň kömegi bilen garaýşymy düzedip, täze borjumyň bardygyna, ýagny çagamy terbiýelemelidigime düşündim». Siz hem şeýle ýagdaýlary başdan geçirdiňizmi? Öňki borjuňyzy ýerine ýetirip bilmeýändigiňiz üçin ruhdan düşýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, Ýehowa we dogan-uýalar üçin häzir nämeleri edip biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Öz ukybyňyzy dogan-uýalaryň bähbidi üçin ulanyň, şonda ýüregiňiz şatlykdan dolar.

23. Biz näme etmeli we indiki makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

23 Ýehowa biziň her birimiziň gadyr-gymmatymyzy bilýär. Ol bizi öz ogly-gyzy saýýar. Şu hakda oýlanalyň we dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin elimizde baryny edeliň. Şonda siz olar üçin köp zatlary edip biljekdigiňize göz ýetirersiňiz. Emma dogan-uýalara nähili garaýyşda bolmaly? Biz olary söýýändigimizi we hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris? Şu soraglaryň jogabyny indiki makaladan bileris.

24-NJI AÝDYM Ýehowanyň dagyna çykyň

^ par. 5 Biziň ählimiz Ýehowanyň söýgüsini duýmak isleýäris. Emma biz käte: «Ýygnakda meniň hiç hili ornum ýok» diýýändiris. Biz şu makalada Ýehowanyň ýygnakda ählimize wajyp orun berýändigi we ornumyzy gymmat saýmalydygy hakda gürrüň ederis.

^ par. 61 SURAT: şu üç suratda ýygnakdan öň, ýygnakda we ýygnakdan soň näme edilýändigi görkezilýär. 1-nji surat: ýaşuly dogan Ýygnak jaýyna gelen erkek adam bilen mähirli salamlaşýar; ýaş dogan mikrofonlaryň nähili işleýändigini barlaýar; uýa garry uýanyň hal-ýagdaýyny soraýar. 2-nji surat: ýaş we garry dogan-uýalar «Garawul diňi» duşuşygyna yhlasly gatnaşýarlar. 3-nji surat: är-aýal Ýygnak jaýyny arassalaýar; uýa gyzjagazyna haýsy guta pul sadakasyny atmalydygyny görkezýär; ýaş dogan tekjedäki kitaplary ýerleşdirýär; dogan garry uýany ruhlandyrýar.