Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 33

Direliş wadasy Allatagalany tanamaga kömek edýär

Direliş wadasy Allatagalany tanamaga kömek edýär

«Hudaý dogruçyllary hem-de erbetleri direlder» (Res. 24:15).

151-NJI AÝDYM Ol çagyrar

MAZMUNY *

1. Ýehowa näme üçin älem-jahany ýaradyp başlady?

OWAL-BAŞDAN Ýehowanyň ýeke özüdi, emma ol özüni ýalňyz duýmady. Ýehowa hiç kime mätäç däl. Muňa garamazdan, Allatagala perişdelere we adamlara ýaşaýyş bermek isledi. Şol sebäpli söýgüden doly Ýehowa älem-jahany ýaradyp başlady (Zeb. 36:9; 1 Ýah. 4:19).

2. Ýehowanyň älem-jahany ýaratmagy Isa bilen perişdelere nähili täsir etdi?

2 Ilki bilen, Ýehowa özüne kömekçi, ýagny Ogluny ýaratdy. Soňra Hudaý Ogly bilen bilelikde «ähli zatlary» we millionlarça perişdeleri ýaratdy (Kol. 1:16). Isa Atasy bilen işleşip, köp şatlyk tapýardy (Nak. 8:30). Perişdeler hem şatlanýardy. Sebäbi olar Ýehowa bilen «ökde ussa» Isanyň gögi we ýeri ýaradyşyna ünsli syn edýärdiler. Şonda perişdeler näme etdiler? Olar «joşup alkyş aýtdylar». Elbetde, perişdeler Ýehowanyň elleriniň işini tarypladylar, esasanam, ynsany ýaradanda öwüp arşa çykardylar (Eýp. 38:7; Nak. 8:31). Hawa, Ýehowanyň her bir ýaradan zadyndan söýgüsini we akyldarlygyny görse bolýar (Zeb. 104:24; Rim. 1:20).

3. 1 Korinfliler 15:21, 22-nji aýatlara görä, Isanyň töleg gurbany nämä ýol açdy?

3 Ýehowa adamlaryň edebi ýaşamagy üçin owadan ýer ýüzüni ýaratdy. Emma Adam ata bilen How ene mähirli Atasyna garşy gitdiler. Soňra ölüm we günä gara bulut kimin bütin dünýäni örtdi (Rim. 5:12). Indi Ýehowa näme eder? Ol şol bada Adam atanyň neslini nädip halas etjekdigini aýtdy (1 Mus. 3:15). Ýehowa olary ölümden we günäden gutarmak üçin töleg gurbanyny berjekdigini wada berdi. Şeýlelikde, Ýehowa özüne gulluk etmek isleýän her bir adama edebi ýaşaýşa ýol açdy (Ýah. 3:16; Rim. 6:23; 1 Korinfliler 15:21, 22-nji aýatlary okaň).

4. Şu makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

4 Elbetde, bizde ölen adamlaryň direlmegi bilen bagly köp soraglar döreýär. Direliş nähili bolar? Direlen dogan-garyndaşlarymyzy tanap bilerismi? Ölen adamlar direlende özümizi nähili duýarys? Ýehowanyň ölen adamlary direltmek hakda beren wadasyndan haýsy häsiýetlerini görse bolýar? Biz Ýehowa nädip minnetdar bolup bileris? Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň.

DIRELIŞ NÄHILI BOLAR?

5. Ýehowa ölen adamlaryň ählisini näme üçin bir wagtda direltmez?

5 Ýehowa Ogly Isa Mesih arkaly millionlarça ölen adamlaryň ählisini bir wagtda direltmez. Näme üçin? Sebäbi şonça adam bir wagtda direlse, ýer ýüzünde tertip-düzgün bolmaz. Ýehowa şeýle zatlara asla ýol bermez. Ol adamlaryň parahat ýaşamagy üçin tertip-düzgüniň gerekdigini bilýär (1 Kor. 14:33). Ýehowa akyldarlyk we sabyrlylyk bilen adamzat üçin ýeri ýaratdy, şonda Isa-da kömek edipdi. Şol sebäpli Isa akyldarlyk we sabyrlylyk bilen müň ýyl hökümdarlyk eder. Ol Armageddonda halas bolan adamlar bilen bilelikde ýer ýüzüni taýýarlar we direljek adamlar üçin öýleri gurarlar, olary näzi-nygmatlar, egin-eşikler bilen üpjün ederler.

Armageddonda halas bolan adamlar ölümden direljek ynsanlara Ýehowanyň kanunlaryny we Patyşalygy hakda öwrederler (6-njy abzasa serediň) *

6. Resullar 24:15-e görä, Ýehowa kimleri direlder?

6 Armageddonda halas bolan adamlar ölümden direljek ynsanlara Ýehowanyň kada-kanunlaryny we Patyşalygy hakda-da öwretmeli bolarlar. Näme üçin? Sebäbi Allatagalanyň direltjek ynsanlarynyň arasynda köp «erbet» adamlar bolar (Resullar 24:15-i okaň). Olar Isa pygamberiň töleg gurbanyna iman edip, Ýehowanyň halaýan häsiýetlerine eýe bolsalar, bol bereket alarlar. Millionlarça adamlara hak Hudaý Ýehowany tanatmak üçin bize köp güýç we tagalla gerek bolar. Şu günler biz adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçişimiz ýaly, gelejekde-de her bir adama aýratynlykda okuw geçerismi? Direlen adamlar ýygnaklara bararlarmy? Olar özünden soň direljek adamlara okuw geçmek üçin ýörite tälim alarlarmy? Sabyrly bolsak ähli zady öz gözümiz bilen göreris. Şeýle-de biz Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda «ýer ýüzüniň Ýehowa hakdaky bilimden doljakdygyny» anyk bilýäris (Işa. 11:9). Müň ýylyň dowamynda köp işleri ederis, çeken zähmetimiziň hözirini göreris!

7. Ýehowanyň halky direlen adamlaryň ýagdaýyna näme üçin düşüner?

7 Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda ähli adamlar Ýehowany razy etmek üçin öz üstünde işlemeli bolarlar. Şonda olar ölümden direlen adamlaryň ýagdaýyna düşünip, günäli höweslerini ýeňmäge we Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga kömek ederler (1 Pet. 3:8). Direlen adamlar Ýehowanyň halkynyň «halas bolmak üçin» pesgöwünlilik bilen öz üstünde işleýändigini görerler we olar bilen bilelikde Ýehowa sežde etmek islärler (Flp. 2:12).

DIRELEN DOGAN-GARYNDAŞLARYMYZY TANARYSMY?

8. Direljek dogan-garyndaşlarymyzy tanajakdygymyza näme üçin ynamly bolup bileris?

8 Belki-de, biz direljek dogan-garyndaşlarymyzy tanamarys diýip alada edýändiris. Geliň, gadymy döwürde Allatagalanyň direlden adamlary hakda gürrüň edeliň. Ýehowa olaryň daş-keşbini, gepleýşini we pikirlenişini özgertmän direldipdi. Ýadyňyzda bolsa, Isa ölümi uky bilen, direlişi ukudan oýanmak bilen deňeşdiripdi (Mat. 9:18, 24; Ýah. 11:11—13). Adam ukudan oýananda, onuň daş-keşbi, sesi üýtgemeýär, hiç zady unutmaýar. Indi bolsa Lazaryň direlişini ýatlalyň. Onuň ölenine dört gün bolupdy we jesedi porsap başlapdy. Isa Lazary direldensoň Marta bilen Merýem doganyny tanapdylar. Lazar hem olary tanady (Ýah. 11:38—44; 12:1, 2).

9. Ölen adamlar näme üçin kämil bolup direlmezler?

9 Ýehowa Isa Mesihiň hökümdarlyk etjek döwründe hiç bir adamyň kesellemejekdigini wada berýär (Işa. 33:24; Rim. 6:7). Şol sebäpli direljek adamlaryň ählisi tut ýaly sagdyn bolarlar. Ýöne olar direlen badyna kämil bolar diýip pikir etmeli däl. Ýogsa olary dogan-garyndaşlary tanap bilmez. Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda ähli adamlar ýuwaş-ýuwaşdan kämil bolarlar. Isa özüne tabşyrylan işi doly ýerine ýetirip, bütin adamzady kämillige ýetirer. Müňýyllygyň soňunda Isa Patyşalygy Atasyna tabşyrar (1 Kor. 15:24—28; Ylh. 20:1—3).

ÖLEN ADAMLAR DIRELENDE ÖZÜMIZI NÄHILI DUÝARYS?

10. Ölen adamlar direlende özümizi nähili duýarys?

10 Göz öňüne getiriň, ölen dogan-garyndaşlaryňyz direlende, olary gujak açyp garşy alýarsyňyz. Şonda siz begenjiňizden ýaňa gülersiňizmi ýa-da aglarsyňyz? Ýa-da ýüregiňiz joşup, Ýehowany şöhratlandyryp aýdym aýdarsyňyzmy? Ölen dogan-garyndaşlarymyzy direldendigi üçin söýgüden doly, aladaçyl Atamyza we janyny gaýgyrmadyk Ogluna çäksiz minnetdar bolarys.

11. Ýahýa 5:28, 29-njy aýatlara görä, Hudaýyň adalatly kanunlaryna eýerýän adamlara nähili bereket garaşýar?

11 Indi bolsa direlen adamlaryň Ýehowa ýaraýan häsiýetleri ösdürýändigini we onuň kada-kanunlary boýunça ýaşap, şatlyk tapýandygyny göz öňüňize getiriň. Ýehowa şeýle adamlary Jennetde ebedi ýaşamaga mynasyp görýär. Emma kim durmuşyny özgertmek islemese, ebedi ýaşamaz. Olara Jennetdäki parahatlygy bozmaga rugsat berilmez (Işa. 65:20; Ýahýa 5:28, 29-njy aýatlary okaň).

12. Ýehowa ýer ýüzünde ýaşajak adamlara nähili ýaşaýyş berer?

12 Ýehowanyň Patyşalygynyň raýatlary Nakyllar 10:22-däki: «Ýehowanyň berekedi baý edýär, üstüne dert-alada goşmaýar» diýen sözleri bilen doly razylaşsalar gerek. Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen Ýehowanyň halky ruhy taýdan berkär, ýagny kem-kemden kämil bolup, Isa Mesihe meňzär (Ýah. 13:15—17; Efes. 4:23, 24). Adamlar gün-günden sagdyn bolarlar, ýagşy häsiýetleri ösdürip, agzybir ýaşarlar. Gör, nähili eşretli durmuş bolar! (Eýp. 33:25). Şu günler direliş hakda oýlanmagyň nähili peýdasy bar?

ÝEHOWANYŇ SÖÝGÜSI

13. Zebur 139:1—4-nji aýatlara görä, Ýehowa biz barada nämeleri bilýär we direlişde muny nädip subut eder?

13 Ýokarky abzaslarda gürrüň edişimiz ýaly, Ýehowa ölen adamlary öňki ýatkeşligi we öňki häsiýetleri bilen direlder. Mundan Ýehowanyň haýsy häsiýeti görünýär? Ýehowa sizi söýýändigi üçin pikirleriňizi, duýgularyňyzy, aýdan sözleriňizi we gylyk-häsiýetleriňizi unutmaýar. Şol sebäpli Ýehowa adamy direldende öňki ýatkeşligini, garaýşyny, gylyk-häsiýetlerini üýtgetmän direlder. Dawut patyşa Ýehowanyň her bir adam bilen ýürekden gyzyklanýandygyny bilýärdi (Zebur 139:1—4-nji aýatlary okaň). Ýehowanyň adamlary şeýle gowy tanaýandygy size nähili täsir edýär?

14. Ýehowanyň bizi gowy tanaýandygyna nähili garamaly?

14 Ýehowanyň bizi gowy tanaýandygy üçin biynjalyk bolmaly däl. Näme üçin? Ýehowa biziň ählimizi gowy görýär we her birimiziň öz gadyr-gymmatymyz, öz ornumyz bar. Ol biziň durmuşymyzda bolan zatlaryň hiç birini ýatdan çykarmaýar. Biz muňa begenýäris gerek?! Unutmaň, Ýehowa bize kömek etmek üçin her gün ýanymyzda (2 Tar. 16:9). Diýmek, biz hiç haçan ýeke däldiris!

ÝEHOWANYŇ AKYLDARLYGY

15. Direlişe bolan umyt Ýehowanyň akyldar Hudaýdygyny nädip görkezýär?

15 Ölümden gorkmak — iň güýçli ýarag. Şeýtan şu ýaragy ökdelik bilen ulanýar. Şol sebäpli onuň golastyndaky adamlar ölümden gorkup, dost-ýarlaryna dönüklik edýärler we imanyndan dänýärler. Emma Ýehowanyň halky şol ýaragdan gorkmaýar. Sebäbi duşmanlar olary öldürse-de, Ýehowanyň direltjekdigini bilýärler (Ylh. 2:10). Biz hiç kime we hiç bir zada Ýehowa bilen dostlugymyzy bozmaga ýol bermeris (Rim. 8:35—39). Biz ölümden gorkmaýarys, sebäbi direlişe umyt edýäris. Şol sebäpli Şeýtanyň gorkuzmak üçin ulanýan ýaragy derde ýaramaz. Direlişe umyt beren akyldar Ýehowa minnetdarlygymyzyň çägi ýok!

Gelýän kararlarymyz Ýehowanyň gerekli zatlar bilen üpjün etjekdigine ynanýandygymyzy görkezýärmi? (16-njy abzasa serediň) *

16. Biz özümize nähili soraglary bermeli we näme üçin?

16 Ýehowanyň duşmanlary sizi öldürjek diýip gorkuzsalar, Ýehowa wepaly galarsyňyzmy? Onuň direltjekdigine ynanarsyňyzmy? Munuň jogabyny bilmek üçin özüňize şeýle soraglary beriň: «Meniň her gün gelýän kararlarym Ýehowa bil baglaýandygymy görkezýärmi? (Luka 16:10). Ýehowanyň Patyşalygyny goldamak üçin wagtymy, güýjümi we pulumy sarp edýärinmi? Ýehowanyň gerekli zatlar bilen üpjün etjekdigine ynanýarynmy? (Mat. 6:31—33). Şu soraglara «hawa» diýip jogap berseňiz, onda Ýehowa bil baglaýandygyňyzy görkezersiňiz we her bir synaga döz gelip bilersiňiz (Nak. 3:5, 6).

ÝEHOWANYŇ SABYRLYLYGY

17. a) Direliş Ýehowanyň sabyrly Hudaýdygyny nädip görkezýär? b) Sabyrly Hudaýymyza minnetdardygymyzy nädip görkezip bileris?

17 Ýehowa Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok etjek gününi we sagadyny belledi (Mat. 24:36). Ol sabyrsyzlyk bilen şol güne garaşýar. Elbetde, Ýehowa ölen adamlary hem direltmek isleýär, ýöne ol bellän wagtynda direlder (Eýp. 14:14, 15). Tizden ölen adamlar direlip, ýene-de ýaşap başlarlar (Ýah. 5:28). Biz Ýehowanyň sabyrlylygyna şükür etmeli. Sebäbi sabyrly Ýehowa Hudaý köp adamlara, şol sanda bize-de «toba etmäge» mümkinçilik berýär (2 Pet. 3:9). Ýehowa ähli ynsanlaryň ebedi ýaşamagyny isleýär. Geliň, Allatagalanyň sabyrlylygyna nädip minnetdar bolmalydygyny bileliň. Biz «ebedi ýaşamak isleýän» adamlary erjellik bilen gözlemeli we Ýehowany söýmegi, oňa gulluk etmegi öwretmeli (Res. 13:48). Şonda olar hem biziň ýaly Ýehowanyň sabyrlylygyna minnetdar bolarlar.

18. Biz adamlar bilen näme üçin sabyrly bolmaly?

18 Ýehowa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda doly kämil bolýançak sabyrly garaşar. Şol döwre çenli Ýehowa biziň günälerimizi bagyşlar. Şonuň üçin, geliň, Ýehowadan görelde alyp, adamlaryň gowy häsiýetlerine üns bereliň we sabyrly bolalyň. Bir uýanyň äri howsala düşmek keselinden ejir çekýär we ýygnak duşuşyklaryna baryp bilmeýär. Uýa şeýle gürrüň berýär: «Ärimiň ejir çekişini görüp, gaty gynanýardym. Durmuşymyz birden yza tesen ýaly boldy. Isleg-arzuwymyzdan el çekdik». Uýa kynçylyklara garamazdan sabyrlylyk bilen äriniň aladasyny etdi. Ol Ýehowa bil baglaýardy we ruhdan düşmeýärdi. Uýa Ýehowadan görelde alyp, kynçylygy hakda däl-de, durmuşyndaky gowy zatlar hakda oýlanýardy. Uýa şeýle diýýär: «Ärimiň ýagşy häsiýetleri köp. Ol her gün keseli bilen göreşýär». Hawa, maşgala agzalarymyz we dogan-uýalarymyz köp kynçylyklar bilen göreşýär. Şonuň üçin, geliň, olaryň ýagdaýyna düşünip, sabyrly bolalyň.

19. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

19 Ýer ýüzi ýaradylanda Isa bilen perişdeler şatlandylar. Göz öňüne getiriň, Ýehowany söýýän we oňa gulluk edýän kämil adamlar ýer ýüzüni dolduranda gökde, gör, nähili şatlyk bolar! Mesih bilen gökde höküm sürjek adamlar hem ýerdäki ýaşaýyş üçin eden işlerine begenerler (Ylh. 4:4, 9—11; 5:9, 10). Adamlar gynançdan ýaňa däl-de, begençden ýaňa aglarlar, sebäbi ölüm, hasrat we agyry bolmaz (Ylh. 21:4). Şol döwür gelýänçä, söýgüden doly, akyldar we sabyrly Atamyzyň göreldesine eýermegi ýüregimize düweliň. Şonda biz nähili kynçylyga uçrasak-da, şatlygymyzy ýitirmeris (Ýak. 1:2—4). Biz ölen adamlary direltmegi wada beren Ýehowa minnetdardyrys! (Res. 24:15).

141-NJI AÝDYM Täsin ýaşaýyş

^ par. 5 Ýehowa söýgüden doly, akyldar we sabyrly Atadyr. Onuň şu häsiýetleri ýaradan zatlaryndan we ölen adamlary direltmek hakda beren wadasyndan görünýär. Şu makalada direliş hakda döreýän käbir soraglaryň jogabyny bileris. Şeýle-de biz söýgüden doly, akyldar we sabyrly Ýehowa nädip minnetdar bolmalydygy hakda gürrüň ederis.

^ par. 59 SURAT: ýüzlerçe ýyl öň aradan çykan adam Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda direlýär. Armageddondan halas bolan dogan oňa Hudaýyň bereketlerini almak üçin Isa Mesihiň töleg gurbanyna ýürekden iman etmelidigini düşündirýär.

^ par. 61 SURAT: dogan hepdede birnäçe gün işden soň galyp işläp bilmejekdigini başlygyna aýdýar. Ol agşamlaryna Ýehowa sežde etmek bilen bagly işleriniň bardygyny düşündirýär. Emma başga günleri işläp biljekdigini aýdýar.