Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 30

Ýehowanyň perzendi boluň!

Ýehowanyň perzendi boluň!

«Ony perişdelerden sähelçe peseltdiň, başyna şöhrat täjini geýdirdiň» (Zeb. 8:5).

123-NJI AÝDYM Hudaýyň guramasyna gulak asyň

MAZMUNY *

1. Älem-jahan barada oýlananymyzda özümizi nähili duýýarys?

ÝEHOWANYŇ ýaradan älem-jahany barada oýlananymyzda, Dawut pygamberiň şu sözleriniň dogrudygyna göz ýetirýäris: «Gök asman, Aý we ýyldyzlar seniň elleriň işi, men olara seredip oýlanýaryn: „Ýatlap aladasyny ederiň ýaly, başy ölümli ynsan kimmişin?“» (Zeb. 8:3, 4). Dogrudan-da, Ýehowanyň ýaradan ägirt uly Güni, sansyz-sajaksyz ýyldyzlary barada oýlananymyzda, adamzat olaryň ýanynda tozanjyk ýaly bolýar. Ýöne Ýehowa her bir adama üns berýär we aladasyny edýär. Allatagala ilkinji ýaradan adamlarynyň — Adam ata bilen How enäniň — diňe bir aladasyny etmän, olary ogul-gyzy ýaly gowy görýärdi.

2. Ýehowa Adam ata bilen How enä nähili tabşyryk berdi?

2 Adam ata bilen How ene Ýehowanyň ýer ýüzündäki ilkinji perzentleridi. Ýehowa mähirli Ata hökmünde olaryň ýürekden aladasyny etdi. Hudaý olara: «Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň we eýeçilik ediň» diýdi (1 Mus. 1:28). Ýehowanyň niýetine görä, Adam ata bilen How ene köpelmelidi we bütin ýer ýüzüni bagy-bossanlyga öwürmelidi. Eger Adam ata bilen How ene Allany razy edip ýaşan bolsadylar, onda hem özleri, hem çagalary Allanyň eziz balalary bolardy.

3. Ýehowanyň Adam ata bilen How enäni eziz perzentleri hökmünde söýýändigini nireden bilýäris?

3 Ýehowa Adam ata bilen How enäni eziz perzentleri hökmünde ýürekden söýýärdi. Dawut pygamber Ýehowanyň adamlary söýýändigi barada şeýle diýdi: «Ony perişdelerden sähelçe peseltdiň, başyna şöhrat täjini geýdirdiň» (Zeb. 8:5). Elbetde, adamlar perişdeler ýaly güýç-kuwwatly we akyl-paýhasly däl (Zeb. 103:20). Ýöne Allatagala adamlary ajaýyp häsiýetler bilen bezäp, başyna «şöhrat täjini geýdirdi». Gör, nähili uly hormat! Ýehowa Adam ata bilen How enäniň bagtly ýaşamagy üçin ähli şertleri döretdi.

4. Adam ata bilen How ene nämeden mahrum boldy we makalada nämä serederis?

 4 Adam ata bilen How ene gökdäki Atasyny gynandyrdylar we onuň ogul-gyzy bolmakdan mahrum boldular. Olar diňe özüne däl, bütin nesline zyýan ýetirdiler. Emma Ýehowa öz niýetinden dänmedi. Ol gulak asýan adamlary öz perzentleri hökmünde kabul etmek isleýär. Geliň, Ýehowanyň adamlara hormat bildirendigi hakda gürrüň edeliň. Şeýle-de Hudaýyň perzentleri bolmak üçin näme etmelidigine we Allanyň perzentlerine berjek bereketlerine seredeliň.

ÝEHOWA ADAMLARA ŞÖHRAT TÄJINI GEÝDIRDI

Ýehowa ynsanlaryň başyna nädip şöhrat täjini geýdirdi? (5—11-nji abzaslara serediň). *

5. Biz Hudaýy nädip şöhratlandyryp bileris?

5 Ýehowa adamlary öz keşbinde ýaradyp, başyna şöhrat täjini geýdirdi (1 Mus. 1:26, 27). Şonuň üçin biz Ýehowa ýaly adamlary söýüp, rehimdar we adalatly bolup bileris (Zeb. 86:15; 145:17). Biz Ýehowadan görelde alsak, ony şöhratlandyrarys we minnetdardygymyzy görkezeris (1 Pet. 1:14—16). Gökdäki Atamyz bizi ogul-gyzy etmek üçin, Öz keşbinde ýaratdy. Biz Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürsek, özümiz hem bagtly bolarys.

6. Ýehowa adamlary söýýändigi üçin näme etdi?

6 Ýehowa adamzat üçin owadan Ýer şaryny ýaratdy. Ýehowa heniz Adam atany ýaratmanka, onuň üçin owadan öýi, Erem bagyny döretdi (Eýp. 38:4—6; Ýer. 10:12). Ýehowa paýhasly we jomart Hudaý. Ol adamlar hezil edip ýaşar ýaly ir-iýmişleri berdi (Zeb. 104:14, 15, 24). Hudaý ýaradan zatlaryna göz aýlap, ählisiniň «juda gowudygyny» gördi (1 Mus. 1:10, 12, 31). Ýehowa ähli janly-jandarlary ynsanyň ygtyýaryna berdi (Zeb. 8:6). Allanyň niýetine görä, adamlar ýer ýüzüne eýeçilik edip ebedi ýaşamalydy. Siz Ýehowa Hudaýyň ajaýyp gelejegi wada berendigi üçin, oňa alkyş aýdýarsyňyzmy?

7. Ýuşa 24:15-däki sözler adamlaryň erkin ýaradylandygyny nädip subut edýär?

7 Ýehowa adamlary erkin edip ýaratdy. Biz nähili ýaşajakdygymyzy özümiz saýlap bilýäris (Ýuşa 24:15-i okaň). Biz Ýehowa ýürekden sežde etsek, ol örän begener (Zeb. 84:11; Nak. 27:11). Biz erkinligimizi dogry ulanyp, paýhasly kararlara gelip bileris. Geliň, Isa pygamberiň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigi hakda bileliň.

8. Biz Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris?

8 Biz Isa pygamberiň göreldesine eýersek, öz bähbidimize çapman, adamlaryň aladasyny ederis. Bir gün Isa bilen resullary ýadapdy. Olar dynç almak üçin çola ýere gidýärler. Adamlar Isanyň wagzyny diňlemek üçin, olary gözläp tapýarlar. Emma Isanyň märekä gahary gelmeýär. Gaýtam olara haýpy gelip, «köp zatlary öwredip başlaýar» (Mar. 6:30—34). Biz hem adamlara kömek etmek üçin wagtymyzy, güýjümizi gaýgyrmasak, Isa pygamberiň göreldesine eýereris we Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrarys (Mat. 5:14—16). Şeýle-de gökdäki Atamyzyň ogul-gyzlary bolmak isleýändigimizi subut ederis.

9. Hudaý ene-atalara nähili hormatly borç ynandy?

9 Hudaýyň niýetine görä, adamlar çaga dünýä inderip köpelmelidi we perzentlerine Ýehowany söýüp, sežde etmegi öwretmelidi. Ene-atalar, siz çaga terbiýelemegi uly hormat hasaplaýarsyňyzmy? Ýehowa perişdeleri güýç-kuwwatly edip ýaratsa-da, olar nesil öndürip bilmeýärler. Ýehowa şeýle hormaty ynsanlara ynandy. Şonuň üçin çaga terbiýesine sowuk-sala garaman, mukaddes borç hasaplaň. Çagalaryňyzy «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyň» (Efes. 6:4; 5 Mus. 6:5—7; Zeb. 127:3). Ýehowanyň guramasy ene-atalara kömek etmek üçin, Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary, wideolary, aýdym-sazlary we internet makalalary çykarýar. Ýehowa Hudaý hem, Isa Mesih hem balajyklary söýýär (Luka 18:15—17). Ene-atalar çagalaryny terbiýelemek üçin elinde baryny etmeli we Hudaýa bil baglamaly. Şonda olar gökdäki Atasyny begendirerler we çagalaryna Onuň perzentleri bolmaga kömek ederler.

10, 11. Ýehowa Ogluny näme üçin gurban berdi?

10 Ýehowa adamlary ogul-gyzlary hökmünde kabul etmek üçin ýalňyz Ogluny gurban berdi.  Dördünji abzasda aýdylyşy ýaly, Adam ata bilen How ene Hudaýyň perzendi bolmakdan mahrum boldular we nesillerine-de zyýan ýetirdiler (Rim. 5:12). Olar gökdäki Atasyna bilgeşleýin gulak asman, ony gynandyrdylar. Ýöne Hudaý Adam atanyň nesillerini ogul-gyzlary hökmünde kabul etmek isleýär. Munuň üçin ol söwer Ogluny gurban berdi (Ýah. 3:16; Rim. 5:19). Ýehowa töleg gurbanyna iman edýän 144 000 saýlanan mesihçileri ogullary hökmünde kabul edýär (Rim. 8:15—17; Ylh. 14:1).

11 Şu günler millionlarça adamlar Ýehowany razy edip ýaşaýarlar. Olar Müňýyllyk hökümdarlygyň soňunda boljak synagda Hudaýa wepaly bolsalar, onuň ogul-gyzlary bolarlar (Zeb. 25:14; Rim. 8:20, 21). Olar Ýehowa häzirden «Atamyz» diýip ýüzlenýärler (Mat. 6:9). Gelejekde ölüm ukusyndan oýanjak adamlaryň Ýehowanyň niýetleri hakda öwrenmäge mümkinçiligi bolar. Olar hem Ýehowa gulak asyp ýaşasa, onuň ogul-gyzlary bolarlar.

12. Biz haýsy soragyň jogabyny bileris?

12 Ýehowa ynsanlaryň başyna hormat täjini geýdirdi. Ol saýlanan mesihçileri ogullary hökmünde kabul etdi. «Uly märeke» bolsa täze dünýäde Hudaýyň ogul-gyzlary bolarlar (Ylh. 7:9). Biz Ýehowanyň ebedilik ogul-gyzlary bolmak üçin näme etmeli?

ÝEHOWANYŇ PERZENDI BOLMAK ÜÇIN JAN EDIŇ

13. Ýehowanyň perzendi bolmak üçin näme etmeli? (Markus 12:30).

13 Ýehowa sežde edip, ony ýürekden söýüň (Markus 12:30-y okaň). Gökdäki Atamyz Ýehowa bize ençeme ýollar bilen ýagşylyk edip, göwnümizi göterýär. Ýöne Ýehowa sežde etmek bizi has-da bagtly edýär. Biz Hudaýy söýýändigimiz üçin tabşyryklaryny berjaý edýäris (1 Ýah. 5:3). Ýehowa bize Isa pygamber arkaly hoş habary wagyz etmegi we şägirt taýýarlamagy tabşyrýar (Mat. 28:19). Şeýle-de ol biziň biri-birimizi ýürekden söýmegimizi isleýär (Ýah. 13:35). Ýehowa şu tabşyryklara gulak asýan adamlary öz perzendi hasaplar (Zeb. 15:1, 2).

14. Biz adamlary söýýändigimizi nädip görkezmeli? (Matta 9:36—38; Rimliler 12:10).

14 Adamlary söýüň. Söýgi — Ýehowanyň esasy häsiýeti (1 Ýah. 4:8). Biz Hudaýy tanamankak, ol bizi söýdi (1 Ýah. 4:9, 10). Bizem Ýehowanyň göreldesine eýerip, adamlary söýmeli (Efes. 5:1). Munuň üçin entek wagt barka, adamlara wagyz etmeli we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmeli (Matta 9:36—38-nji aýatlary okaň). Şonda olar hem Ýehowanyň ogul-gyzlary bolup biler. Olar özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilensoň hem, Allany söýmeli we hormat goýmaly (1 Ýah. 4:20, 21). Eger adamlar göwnümize degseler, bilgeşleýin edendir öýdüp, öýke-kine saklamaly däl. Gaýtam biz olara hormat goýmaly we özümizden ýokary saýmaly (Rimliler 12:10-y okaň; Flp. 2:3).

15. Ýehowanyň perzentleri bolmak üçin ýene näme etmeli?

15 Ähli adamlara ýagşylyk ediň. Hudaýyň ogul-gyzlary bolmak üçin Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna görä ýaşamaly. Isa pygamber ähli adamlara, hatda duşmanlara hem ýagşylyk etmegi tabşyrdy (Luka 6:32—36). Şu tabşyryga eýermek aňsat bolýan däldir, ýöne biz Isa ýaly ähli adamlary söýüp, ýagşylyk edip bileris. Eger Ýehowa gulak assak we Isa pygamberiň göreldesine eýersek, Allatagalanyň ogul-gyzlary bolarys.

16. Gökdäki Atamyzyň adyna ysnat getirmez ýaly näme etmeli?

16 Ýehowanyň adyna ysnat getirmäň. Her bir maşgalada çagalaryň kiçisi ulusynyň göreldesine eýerýär. Meselem, agasy Ýehowany begendirip ýaşasa, inisi hem onuň yzyna eýerer. Ýöne agasy ters ýola düşse, inisi hem şol ýoldan gider. Ýehowanyň perzentleri barada hem şeýle diýse bolar. Hudaýa wepaly adam imandan dänse ýa-da ahlaksyzlyga baş goşsa, dogan-uýalaryň hem erbet işleri etmegi mümkin. Şonda gökdäki Atamyzyň adyna ysnat geler (1 Sel. 4:3—8). Geliň, erbet adamlaryň yzyna eýermäliň we gökdäki Atamyzy ynjytmalyň.

17. Biz kime bil baglamaly we näme üçin?

17 Baýlyga däl-de, Ýehowa bil baglaň. Biz Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny hemişe birinji orunda goýmaly. Şonda Ýehowa iýjegimizi, geýjegimizi ýetirer (Zeb. 55:22; Mat. 6:33). Ýöne biz «baýlyk adamy goraýar we bagtly edýär» diýen ýalan düşünjä ynanmaly däl. Biz diňe Ýehowanyň islegini ýerine ýetirsek, kalbymyz rahat bolar (Flp. 4:6, 7). Belki, biziň köp zatlary satyn almaga ýagdaýymyz bardyr. Emma olary ulanmaga we abat saklamaga ýeterlik wagtymyz hem-de güýjümiz bolarmy? Ýa-da satyn aljak zadymyzy janymyzdan hem eý görerismi? Biz Ýehowanyň wajyp iş tabşyrandygyny unutmaly däl. Biz ünsümizi hiç zada sowman, Ýehowanyň tabşyrygyny ýürekden ýerine ýetirmeli. Biz I asyrdaky baý ýigide meňzemek islemeýäris. Ol mal-mülkünden geçip bilmändigi üçin, Ýehowanyň ogly bolup bilmedi (Mar. 10:17—22).

ÝEHOWA OGULLARYNA BEREKET BERER

18. Hudaýhon adamlar nähili bereketleri alar?

18 Tizden hudaýhon adamlar Ýehowany söýüp, oňa ebedilik sežde ederler. Ýehowanyň ilkibaşda niýet edişi ýaly, adamlar bütin ýer ýüzüne eýeçilik ederler we bagtly ýaşarlar. Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzüni bagy-bossanlyga öwrer. Adam ata bilen How ene Hudaýyň kanunyny bozup, bütin nesline ajy durmuşy miras goýdy. Isa Mesih olaryň ýetiren zyýanynyň öwezini dolar. Ýehowa millionlarça adamy ölümden direlder. Olar tut ýaly sagdyn bolar we ýer ýüzi Jennete öwrüler (Luka 23:42, 43). Hudaýyň ýer ýüzündäki perzentleri kämil bolarlar we Dawut pygamberiň aýdyşy ýaly, «başyna şöhrat täjini geýerler» (Zeb. 8:5).

19. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

19 Eger siz «uly märekä» degişli bolsaňyz, onda size ajaýyp gelejek garaşýar. Ýehowa sizi söýýär, perzentleri hökmünde kabul etmek isleýär. Şol sebäpli Ýehowany razy edip ýaşamak üçin eliňizde baryny ediň. Allanyň beren wadalary hakda her gün oýlanyň. Gökdäki Ataňyza sežde edip bilýändigiňize begeniň. Şonda Ýehowany ebedilik şöhratlandyryp bilersiňiz.

107-NJI AÝDYM Söýginiň ajaýyp göreldesi

^ par. 5 Maşgalanyň bagtly bolmagy üçin näme etmeli? Maşgalanyň her bir agzasy öz borjuna düşünip, ony ýürekden ýerine ýetirmeli. Är maşgalasynyň aladasyny etmeli, aýal ärini goldamaly, çagalar ene-atasyna gulak asmaly. Ýehowanyň bagtly halkyna goşulmak üçin näme etmeli? Biz Allatagalanyň niýetine düşünmeli we ýürekden gulak asmaly. Şonda Ýehowanyň ogul-gyzy bolup, ony ebedilik begendirip bileris.

^ par. 55 SURAT: ynsanlar Hudaýyň keşbinde ýaradyldy. Är-aýal bir-birini, çagalaryny we Ýehowany ýürekden söýýär. Allatagala olara iki çaga sowgat berdi. Är-aýal çagalaryna Ýehowany söýüp, sežde etmegi öwredýär. Olar çagalaryna wideo görkezip, Ýehowanyň Isa Mesihi töleg hökmünde gurban berendigini düşündirýär. Şeýle-de bütin ýer ýüzüniň Jennete öwrüljekdigini we adamlaryň haýwanlaryň aladasyny etjekdigini aýdýar.