Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 34

«Ýehowany synaň, goldaw berişini görüň»

«Ýehowany synaň, goldaw berişini görüň»

«Ýehowany synaň, goldaw berişini görüň, Hudaýy pena edinýän adam bagtlydyr» (Zeb. 34:8).

117-NJI AÝDYM Gowulyk häsiýeti

MAZMUNY *

1, 2. Ýehowanyň goldawyny duýmak üçin näme etmeli? (Zebur 34:8).

AÝDALY, size hiç wagt iýip görmedik naharyňyzy hödürleýärler. Belki, siz nahary öňüňize çekip seredersiňiz, ysgap görersiňiz, oňa nämeleriň goşulandygyny bilersiňiz we iýip gören adamlardan tagamyny sorarsyňyz. Ýöne özüňiz dadanyňyzdan soň, naharyň tagamyny bilersiňiz.

2 Biz Mukaddes Kitaby we edebiýatlary okanymyzda, imany berk dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolanymyzda, Ýehowanyň hemmeleri goldaýandygyny bilýäris. Ýöne Ýehowanyň goldawyny duýmak üçin, Ony «synamaly» (Zebur 34:8-i okaň). Geliň, muny nädip edip biljegimize seredeliň. Aýdaly, siz pioner bolmak isleýärsiňiz. Munuň üçin köp çykdajy etmän, baryňa kaýyl bolup ýaşamaly. Belki, siz Mukaddes Kitapdan Isanyň: «Hudaýyň Patyşalygyny... hemişe birinji orunda goýuň, şonda gerekli zatlar üstüne goşulyp berler» diýen wadasyny okansyňyz. Emma durmuşyňyzda şol wadanyň ýerine ýetişini gören dälsiňiz (Mat. 6:33). Eger siz Isa pygamberiň sözlerine iman etseňiz, baryňyza kaýyl bolup, ýarym günlük işde işleseňiz we köpräk wagyz etseňiz, Ýehowanyň berekedini alarsyňyz. Şonda Ýehowany synap, goldaw berişini görersiňiz.

3. Zebur 16:1, 2-nji aýatlara görä, Ýehowa kimlere bereket berýär?

3 Ýehowa Hudaý hemmelere ýagşylyk edýär (Zeb. 145:9; Mat. 5:45). Ýöne Ýehowa özüni söýýän we bütin jany bilen gulluk edýän bendelerine has köp bereket berýär (Zebur 16:1, 2-nji aýatlary okaň). Geliň, Ýehowanyň edýän ýagşylyklarynyň käbiri hakda gürrüň edeliň.

4. Ýehowany razy edip ýaşaýan adamlar nähili bereketleri alýarlar?

4 Biz Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşanymyzda, Ýehowanyň peýdaly zatlary öwredýändigine düşünýäris. Ýehowany näçe gowy tanasak, ony ýürekden söýeris. Şonda erbet işlerden el çekeris we Ýehowany razy edip ýaşarys (Kol. 1:21). Biz özümizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilsek, ynsabymyz arassa bolar we Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarys (1 Pet. 3:21). Mundan uly bereket ýok bolsa gerek!

5. Ýehowa bizi wagyzda nädip goldaýar?

5 Hoş habary yhlasly wagyz etsek, Ýehowa bizi hemişe goldar. Siz utanjaňmy? Onda ruhdan düşmäň, Ýehowa gulluk edýän adamlaryň köpüsi utanjaň. Belki, siz Ýehowanyň Şaýady bolmankaňyz, öýden-öýe aýlanyp adamlara wagyz ederin diýip, pikirem eden dälsiňiz. Indi bolsa Ýehowanyň goldawy bilen yhlasly wagyz edýärsiňiz, akýürekli adamlar bilen gürrüňdeş bolup şatlanýarsyňyz. Ýehowa sizi ýene nädip goldady? Belki, wagyzda adamlar üstüňize gygyrandyr. Şonda Ýehowa kalbyňyza rahatlyk berendir. Şeýle-de öý eýesiniň ýüregine täsir etjek aýady ýadyňyza salandyr ýa-da adamlar sizi diňlemese-de, ruhdan düşmän wagyz etmäge kömek edendir (Ýer. 20:7—9).

6. Ýehowa wagyzçylary nädip goldaýar?

6 Ýehowa bize hoş habary wagyz etmegi öwredip, goldaw berýär (Ýah. 6:45). Biz hepdäniň başyndaky duşuşykda gürrüňdeşlik üçin teklipleriň wideosyny görýäris. Wideodaky maslahatlar ökde wagyzçy bolmaga kömek edýär. Elbetde, başda täze usullar bilen wagyz etmek kyn bolýar. Ýöne şeýle usullar arkaly has ökdelik bilen wagyz edip bolýandygyna göz ýetirýäris. Käte ýygnaklarda we kongreslerde hoş habary täze usullar bilen wagyz etmek maslahat berilýär. Başda kyn bolsa-da, täze usullar bilen yhlasly wagyz etsek, Ýehowanyň goldawyny duýarys. Geliň, Ýehowanyň özüne jany-teni bilen gulluk edýän gullukçylaryna nähili bereketleri berýändigi hakda bileliň. Şeýle-de Ýehowa uzak wagtly gulluk etmek üçin näme etmelidigi barada gürrüň edeliň.

ÝEHOWA ÖZÜNE BIL BAGLAÝAN ADAMLARA BEREKET BERÝÄR

7. Biz wagyzçylaryň az ýerine göçsek, nähili bereketleri alarys?

7 Ýehowa bilen dostlugymyz has-da berkär. Geliň, Kolumbiýada ýaşaýan ýaşuly dogan Samuel * hakda gürrüň edeliň. Ol aýaly bilen pioner bolup gulluk edýärdi. Olar wagyzçylaryň az ýerine göçmek isleýär. Olar şol maksadyna ýetmek üçin käbir zatlaryndan geçmeli bolýar. Samuel şeýle gürrüň berýär: «Biz Matta 6:33-däki maslahata eýerdik we zerur bolmadyk zatlary satyn almadyk. Ýöne jaýymyzy goýup gaýtmak kyn boldy. Sebäbi ol biziň arzuw edip ýeten jaýymyzdy. Şol jaýy satyn almak üçin eden bergimizdenem çykypdyk». Olar wagyzçylaryň az ýerine göçýärler we täze ýerde öňki gazanjyndan alty esse az pul bilenem gününi görüp biljegine göz ýetirýärler. Samuel şeýle diýýär: «Biz Ýehowanyň goldaýandygyny, dogalarymyza jogap berýändigini gördük. Biz Ýehowany razy edýändigimize düşünýäris. Ýehowanyň söýgüsini hasam köp duýýarys». Sizem wagyzçylaryň az ýerine göçüp bilersiňizmi? Eger şeýle etseňiz, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarsyňyz we Ol siziň aladaňyzy eder (Zeb. 18:25).

8. Iwan bilen Wiktoriýadan näme öwrenýäris?

8 Şatlygymyza şatlyk goşular. Geliň, Gyrgyzystanda pioner bolup gulluk edýän är-aýal Iwan bilen Wiktoriýa hakda gürrüň edeliň. Olar baýlyga kowalaşman, baryna kaýyl bolup ýaşaýar. Sebäbi Ýehowa köpräk gulluk etmek isleýärler. Olar gurluşyk işlerinde hem meýletinçi bolup kömek edýärler. Iwan şeýle gürrüň berýär: «Biz tabşyrylan her bir işe ýürekden ýapyşýarys. Günüň soňunda ýadaw bolsagam, özümizi rahat duýýarys. Sebäbi Ýehowa üçin zähmet çekýändigimize düşünýäris. Şeýle-de biz dogan-uýalaryň köpüsi bilen dostlaşýarys we ýatdan çykmajak gyzykly wakalar bolýar. Biz diýseň bagtly» (Mar. 10:29, 30).

9. Mera daýza ýarawsyz bolsa-da, köpräk wagyz etmek üçin näme etdi we netijesi nähili boldy?

9 Biz ýarawsyz bolsagam, Ýehowa şatlyk bilen gulluk edip bileris. Geliň, Günorta Afrikada ýaşaýan Mera daýza hakda gürrüň edeliň. Ol lukman bolup işleýärdi. Ol pensiýa çykyp, pioner gullugyna başlaýar. Onuň artrit keseli bolansoň öýden-öýe bary-ýogy bir sagat wagyz edip bilýärdi. Emma ol köplenç stendli wagyz edýär. Mera daýza köp adamlary gaýtadan ideg edýär, Mukaddes Kitap okuwyny geçýär, käbirleri bilen telefon arkaly habarlaşýar. Mera daýza yhlasly wagyz etmäge näme kömek edýär? Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowany we Isa Mesihi ýürekden söýýärin. Men Ýehowa hemişe doga edýärin, köpräk wagyz edip biler ýaly güýç soraýaryn» (Mat. 22:36, 37).

10. 1 Petrus 5:10-a görä, Ýehowanyň berýän goşmaça tälimini almak üçin näme etmeli?

10 Ýehowa goşmaça tälim berer. Mawrikiýde pioner bolup gulluk edýän Kenni munuň dogrudygyna göz ýetirdi. Ol Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlanda, ýokary okuw jaýyny taşlaýar. Soňra suwa çümdürilip, pioner gullugyna başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Men Işaýa pygamberiň: „Men giderin! Meni iber!“ diýen sözlerine görä ýaşamak isledim» (Işa. 6:8). Kenni gurluşyk işlerine gatnaşdy we Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary ene diline terjime etmäge kömek etdi. Ol şeýle diýýär: «Men tabşyrylan işleri ökdelik bilen ýerine ýetirer ýaly goşmaça tälim aldym». Kenni diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolar ýaly ýagşy häsiýetleri hem ösdürdi (1 Petrus 5:10-y okaň). Belki, sizem Ýehowanyň berýän goşmaça tälimini almak üçin durmuşyňyzy üýtgedip bilersiňiz.

Är-aýal wagyzçylaryň az ýerinde hoş habary wagyz edýär. Uýa Ýygnak jaýynyň gurluşygyna gatnaşýar. Garry är-aýal telefon arkaly wagyz edýär. Olaryň ählisi Ýehowa şatlanyp gulluk edýärler (11-nji abzasa serediň).

11. Günorta Koreýadaky uýalar yhlasly wagyz etmek üçin näme etdiler we netijesi nähili boldy? (Daşky sahypadaky surata serediň).

11 Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk edip gelýän dogan-uýalaram hoş habary täze usullar bilen wagyz etmegi öwrenýärler. Bütin ýer ýüzüne koronawirus (Kowid-19) keseliniň ýaýrandygy sebäpli wagyz ediş usullarymyz üýtgedi. Günorta Koreýadaky bir ýygnagyň ýaşululary şeýle ýazýar: «Garry dogan-uýalar öň köp wagyz edip bilmeýärdiler. Häzir bolsa wideoaragatnaşyk ulgamlary arkaly yhlasly wagyz edýärler. 80 ýaşlaryndaky üç uýa elektron enjamlaryny ulanmagy öwrendiler we her gün diýen ýaly hoş habary wagyz edýärler» (Zeb. 92:14, 15). Sizem wagzyň dürli görnüşine gatnaşyp, Ýehowanyň goldawyny duýmak isleýärsiňizmi? Geliň, muny etmäge nämeleriň kömek edýändigini bileliň.

MAKSADYŇA ÝETMEK ÜÇIN NÄME ETMELI?

12. Ýehowa özüne bil baglaýan adamlara näme wada berýär?

12 Ýehowa ýürekden bil baglaň. Eger biz Ýehowa bil baglasak we elimizde baryny edip wagyz etsek, Ol üstümize bereket ýagdyrjakdygyny wada berýär (Mel. 3:10). Kolumbiýada ýaşaýan Fabiola uýa Ýehowanyň şu wadasynyň ýerine ýetişini öz durmuşynda gördi. Ol suwa çümdürilensoň, pioner bolup gulluk etmek isledi. Ýöne ol ärini goldap, üç çagasyny eklemek üçin işlemeli bolýardy. Ol pensiýa ýaşyna ýetende Ýehowa doga edip, maksadyna ýeter ýaly kömek soraýar. Fabiola şeýle diýýär: «Pensiýa ýaşyna ýeten adamlar resminamalaryny düzetmek üçin köp garaşmaly bolýarlar. Ýöne meniňki bir aýda düzeldi. Ýehowanyň gudratyna haýran galaýmaly». Ol iki aýdan soň pioner gullugyna başlaýar. Häzir Fabiola 70 ýaşlarynda, ol 20 ýyldan bäri pioner bolup gulluk edýär. Ol sekiz adama özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmäge kömek etdi. Fabiola şeýle diýýär: «Men käte ýaramaýaryn, ýöne pioner gullugymy dowam edip biler ýaly, Ýehowa maňa her gün güýç-kuwwat berýär».

Ybraýym, Bibisara, Ýakup we Iordan derýasyndan geçen ruhanylar Ýehowa bil baglaýandygyny nädip görkezdiler? (13-nji abzasa serediň).

13, 14. Kimleriň göreldesi Ýehowa bil baglap, uzak wagtly gulluga başlamaga kömek eder?

13 Ýehowa bil baglan adamlaryň göreldesine eýeriň. Mukaddes Kitapda Ýehowa ýürekden bil baglan, jany-teni bilen gulluk eden köp adamlar hakda ýazylan. Olar gol gowşuryp oturman, Hudaýa bil baglap aýgytly ädimleri ätdiler. Ýehowa hem olaryň tagallasyna ak pata berdi. Meselem, Ybraýym pygamber «nirä barýandygyny bilmese-de», Ýehowa bil baglap dogduk mekanyndan çykyp gaýtdy. Ýehowa hem oňa bereket berdi (Ýew. 11:8). Ýakup pygamber perişde bilen göreşensoň, Ýehowanyň ak patasyny aldy (1 Mus. 32:24—30). Ysraýyllar wada edilen ýurda golaýlaşypdy. Ruhanylar joşup akýan Iordan derýasyna aýak basandan soň, Ýehowanyň gudraty bilen derýanyň akymy kesildi (Ýuşa 3:14—16).

14 Siz Ýehowa bil baglap, uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalaryň hem göreldesine eýerip bilersiňiz. Geliň, är-aýal Peýton bilen Diýana hakda gürrüň edeliň. Peýton bilen Diýana «Olar höwes bilen gulluk edýärler» * diýen makalalary okamagy gowy görýärdiler. Şol makalalarda Ýehowa uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalaryň wakalary ýazylýar. Peýton şeýle diýýär: «Dogan-uýalaryň wakalaryny okanymyzda, süýji nahar iýýän adama syn edýän ýaly bolýardyk. Şol wakalary näçe köp okadygymyzça, Ýehowany synap, goldaw berişini göresimiz gelýärdi». Soňra Peýton bilen Diýana wagyzçylaryň az ýerine göçýärler. Sizem şol makalalary okaýarsyňyzmy? Siz «Oba ýerlerinde wagyz edilýär — Awstraliýa», «Oba ýerlerinde wagyz edilýär — Irlandiýa» diýen wideolary jw.org saýtyndan gördüňizmi? Şol makalalar we wideolar Ýehowa uzak wagtly gulluk etmäge höweslendirer.

15. Ýehowa jany-teni bilen gulluk edýän adamlar bilen näme üçin dostlaşmaly?

15 Ýehowa jany-teni bilen gulluk edýän dogan-uýalar bilen dostlaşyň. Aýdaly, saçaga siziň iýip görmedik naharyňyzy getirýärler. Ýanyňyzda şol nahary gowy görýän biri otyr. Onuň nahary işdämenlik bilen iýşini görüp, siziňem iýesiňiz geler. Edil şonuň ýaly, Ýehowa jany-teni bilen gulluk edýän dogan-uýalar bilen dostlaşsaňyz, olaryň göreldesine eýermek islärsiňiz. Är-aýal Kent bilen Weronika hem munuň dogrudygyna göz ýetirdiler. Kent şeýle diýýär: «Biziň dostlarymyz, dogan-garyndaşlarymyz Ýehowa has köp gulluk etmäge höweslendirýärler. Biz Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýan adamlar bilen dostlaşyp, Ýehowa bil baglamagy öwrendik. Şeýdip, biz täze durmuşa gadam basdyk». Häzir Kent bilen Weronika Serbiýada ýörite pioner bolup gulluk edýär.

16. Luka 12:16—21-nji aýatlara görä, näme üçin gowy görýän zatlarymyzdan geçmäge taýyn bolmaly?

16 Ýehowa üçin gowy görýän zatlaryňyzdan geçmäge taýyn boluň. Elbetde, Ýehowa bizden durmuşyň ähli lezzetinden we şatlygyndan geçmegi talap etmeýär (Nes. 5:19, 20). Emma Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin gowy görýän zadymyzdan geçip bilmesek, Isanyň mysalyndaky baý adama meňzäris. Baý adam Hudaý hakda pikirem etmän, aýşy-eşretde ýaşamagyň aladasyny etdi (Luka 12:16—21-nji aýatlary okaň). Fransiýada ýaşaýan Kriştiýan dogan şeýle diýýär: «Men Ýehowa janym-tenim bilen gulluk etmeýän ekenim. Maşgalamyň hem ýürekden aladasyny etmeýän ekenim». Ol aýaly bilen pioner bolmagy ýüregine düwýär. Olar şol maksadyna ýetmek üçin işinden çykýarlar we eklenç üçin edara-kärhanalary, adamlaryň öýlerini syryp-süpürýärler. Olar baryna kaýyl bolup ýaşamagy öwrendiler. Är-aýalyň eden tagallasy ýerine düşdümi? Kriştiýan şeýle diýýär: «Biz hezil edip wagyz edýäris. Mukaddes Kitap bilen gyzyklanýan we okuw geçýän adamlaryň Ýehowany ýakyndan tanaýandygyny görüp diýseň begenýäris».

17. Bir uýa wagzyň täze görnüşine başlamaga näme kömek etdi?

17 Wagzyň täze görnüşlerine gatnaşyň (Res. 17:16, 17; 20:20, 21). Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýan pioner uýa Şirleý koronawirus (Kowid-19) keseli ýaýranda, wagzyň täze görnüşine öwrenişmeli bolýar. Başda ol telefon arkaly adamlara wagyz etmäge çekinýärdi. Olaryň ýygnagyna etrap gözegçisi gelýär we telefon arkaly wagyz etmegi öwredýär. Şirleý etrap gözegçisiniň maslahatlaryna eýerip, telefon arkaly yzygiderli wagyz edip başlaýar. Şirleý şeýle diýýär: «Başda telefon arkaly wagyz etmäge gorkýardym, häzir bolsa hezil edip wagyz edýärin. Indi men telefon arkaly has köp adama wagyz edýärin. Men öýden-öýe wagyz edenimde şeýle köp adam bilen gürrüňdeş bolmaýardym».

18. Kyn ýagdaýlarda ruhdan düşmezlige näme kömek eder?

18 Maksat goýuň we oňa ýetmek üçin tagalla ediň. Biz kyn ýagdaýa düşenimizde, kömek sorap Ýehowa doga edýäris we çykalga tapmak üçin oýlanýarys (Nak. 3:21). Ýewropada rumyn dilindäki toparda pioner bolup gulluk edýän Sonýa şeýle gürrüň berýär: «Men maksatlarymy kagyza ýazyp, gözüme iljek ýerde asyp goýýaryn. Meniň stolumda dürli tarapa uzalyp gidýän iki ýoluň suraty bar. Men karara gelmeli bolanymda şol surata seredýärin we haýsy ýoluň maksadyma ýetmäge kömek etjegi barada oýlanýaryn». Sonýa kyn ýagdaýlarda ruhdan düşmeýär. Ol şeýle diýýär: «Her bir täze ýagdaý diwar ýaly meniň ýolumy baglap biler ýa-da köpri ýaly maksadyma ýetmäge kömek eder. Bu meniň garaýşyma bagly».

19. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

19 Ýehowa bize dürli ýollar bilen bereket berýär. Biz Ýehowany şöhratlandyrmak üçin jan etsek, edýän ýagşylyklaryna minnetdar bolup bileris (Ýew. 13:15). Ýehowa uzak wagtly gulluk etmek üçin tagalla etsek, Ol bize has köp bereket berer. Geliň, her gün «Ýehowany synap, goldaw berişini görmegi» ýüregimize düweliň. Şonda biz Isa pygamber ýaly: «Meniň çöregim meni ibereniň islegini we tabşyrygyny soňuna çenli berjaý etmekdir» diýip bileris (Ýah. 4:34).

80-NJI AÝDYM Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp görüň

^ par. 5 Ýehowa — ähli berekediň Gözbaşy. Ol hiç kimden ýagşylygyny gaýgyrmaýar. Ol Güni hem erbetleriň, hem ýagşylaryň üstünden dogurýar. Ýehowa, esasanam, öz halkyna ýagşylyk etmegi gowy görýär. Şu makalada Ýehowanyň wepaly bendelerine nädip bereket berýändigi hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Ýehowanyň uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalara jomartlyk bilen ýagşylyk edýändigi hakda bileris.

^ par. 7 Käbir atlar üýtgedildi.

^ par. 14 «Olar höwes bilen gulluk edýärler» atly makalalar öň «Garawul diňi» žurnalynda çap edilýärdi. Indi şol makalalar jw.org saýtyna çykýar. Munuň üçin BIZ BARADA > BAŞDAN GEÇIRENLERI > RUHY MAKSATLARA ÝETMEK diýen bölüme giriň.