Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Pawlus resul haýsy manyda «üçünji göge» we «Jennete» äkidildi? (2 Kor. 12:2—4).

2 Korinfliler 12:2, 3-nji aýatlarda Pawlus bir adamyň «üçünji göge äkidilendigini» aýdýar. Ol adam kim? Pawlus korinflilere ýazan hatynda Hudaýyň resul hökmünde ony gullugynda ulanýandygyny belläp geçýär (2 Kor. 11:5, 23). Soňra ol «Halypamyzdan alan görnüşleri we habarlary hakda aýdýar». Diýmek, Pawlus resul bu ýerde özi hakda aýdýar (2 Kor. 12:1, 5).

Şeýlelikde, Pawlus «üçünji göge» we «Jennete» äkidilýär (2 Kor. 12:2—4). Ol gelejekde boljak zatlary görkezmek üçin «görnüş» we «habar» diýen sözleri ulanýar.

Pawlus «üçünji gökde» näme gördi?

Mukaddes Ýazgylarda «gök» diýlende, göni manydaky asman giňişligi göz öňünde tutulýar (Gel. çyk. 11:4; 27:28; Mat. 6:26). Emma «gök» sözi başga manyda hem ulanylýar. Käte ol ynsan hökümetlerini aňladýar (Dan. 4:20—22). Ýa-da bu söz Hudaýyň Patyşalygyna degişli ulanylýar (Ylh. 21:1).

Pawlus «üçünji gögi» görýär. Haýsy manyda? Mukaddes Ýazgylarda bir zadyň artykmaçlygyny ýa-da güýjüni görkezmek üçin, köplenç şol bir zat üç gezek gaýtalanýar (Iş. 6:3; Ezek. 21:27; Ylh. 4:8). Pawlus resul «üçünji gök» diýende, Mesihi Patyşalygy göz öňünde tutan bolmaly. Ol Isa Mesihiň we 144 müň mesh edilenleriň hökümdarlygynyň beýikligi hem-de täsin aýratynlygy barada aýdýar («Ýazgylara düşünmek» kitabyndaky «Gök» diýen sözbaşa serediň). Petrus resulyň aýdyşy ýaly, biz Hudaýyň wadasyna görä «täze göklere» garaşýarys (2 Pet. 3:13).

Onda Pawlusyň agzan «Jenneti» näme?

«Jennet» sözüniň birnäçe manysy bar: 1) Ilkinji ynsanlaryň ýaşan we tizden ýer ýüzünde boljak göni manydaky Jennet; 2) täze dünýäde Hudaýyň halkynyň arasynda boljak ruhy jennet; 3) Ylham 2:7-de agzalýan «Hudaýyň jenneti», ýagny gökdäki gowy şertler (2015-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňine» serediň, sah. 8, abz. 8).

2 Korinfliler 12:4-de Pawlus resul bularyň üçüsini hem göz öňünde tutan bolmagy mümkin.

Gaýtalamak üçin:

2 Korinfliler 12:2-de agzalýan «üçünji gök» «täze gökleri», ýagny Isa Mesihiň we 144 müň mesh edilenleriň höküm sürjek Mesihi Patyşalygyny aňladýar (2 Pet. 3:13).

Oňa «üçünji gök» diýilmeginiň sebäbi, bu Patyşalyk beýik we örän täsin.

Pawlusyň görnüşde gören «Jenneti» 1) ýer ýüzünde boljak Jenneti; 2) häzirki we täze dünýäde boljak ruhy jenneti; 3) «Hudaýyň jennetini», ýagny gökdäki ajaýyp şertleri aňladýar.

Diýmek, täze dünýäde «täze gökler» we «täze ýer» birleşer. Şonda gökdäki Patyşalygyň agzalary we ýer ýüzünde Jennetde ýaşajak adamlar Ýehowa agzybir gulluk eder.