Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýaşlar, Ýehowa siziň bagtly bolmagyňyzy isleýär

Ýaşlar, Ýehowa siziň bagtly bolmagyňyzy isleýär

«Islegleriňi ýagşylyk bilen kanagatlandyrýan Oldur» (Zeb. 103:5).

AÝDYMLAR: 11, 4

1, 2. Durmuşda karara geleniňde, näme üçin Ýehowa gulak asmak paýhasly? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

EGER sen ýaş bolsaň, gelejegiň bilen bagly birtopar maslahatlary eşidýänsiň. Mugallymlaryň ýa-da tanyş-bilişleriň seni ýokary bilim almaga we girdejili kär edinmäge höweslendirýändir. Emma Ýehowa size düýbünden başga ýoly saýlamagy maslahat berýär. Elbetde, ol siziň mekdebi tamamlanyňyzdan soň, özbaşdak ýaşamagy öwrener ýaly, mekdepde gowy okamagyňyzy isleýär (Kol. 3:23). Emma durmuşda nämäniň wajypdygyny çözeniňizde, Ýehowa öz Sözündäki prinsipler esasynda karara gelmäge höweslendirýär. Şonda siz dünýäniň ahyry gelýänçä, onuň niýetine hem-de islegine görä ýaşarsyňyz (Mat. 24:14).

2 Ýehowanyň ähli zady eliniň aýasyndaky ýaly aýdyň görýändigini unutmaň. Ol bu dünýä nämäniň garaşýandygyny we onuň tizden soňunyň geljekdigini bilýär (Iş. 46:10; Mat. 24:3, 36). Şeýle-de ol bize nämäniň hakykatdan kanagat we şatlyk berýändigini, nämäniň bolsa lapykeç hem betbagt edýändigini gowy bilýär. Şonuň üçin adamlaryň berýän maslahaty nähili paýhasly bolup görünse-de, Hudaýyň Sözüne esaslanmasa, onuň känbir peýdasy ýok (Sül. tym. 19:21).

ÝEHOWA «GARŞY GIDIP BILJEK AKYLDARLYK ÝOKDUR»

3, 4. Şeýtanyň erbet maslahaty Adam ata bilen How enä we olaryň çagalaryna nähili täsir etdi?

3 Şeýtan How enäni aldanyndan bäri, erbet maslahat adamlaryň durmuşynda kök urdy. Iblis özdiýenlilik bilen, Adam ata bilen How enäni özbaşdak ýaşasalar, bagtly boljakdyklaryna ynandyrdy (Gel. çyk. 3:1—6). Aslynda, Şeýtan diňe öz bähbidine çapýardy. Ol Adam ata bilen How enäniň we olaryň nesilleriniň Ýehowa däl-de, özüne gulak asmaklaryny hem-de sežde etmeklerini isleýärdi. Ýöne Şeýtan olar üçin heý bir zat etdimi?! Olara ähli zady, owadan öýi, kämil bedenlerini we ebedi ýaşaýşy Ýehowa beripdi.

4 Gynansak-da, Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asman, Onuň bilen gymmatly dostlugyny ýitirdi. Munuň netijesi gaty elhenç boldy. Ösüp duran güli ýolsaň, ýuwaş-ýuwaşdan guraýşy ýaly, olaryň çagalary hem günä sebäpli horluk çekýär (Rim. 5:12). Adamlaryň köpüsi muny bilse-de, häzirem Hudaýa gulak asmaýar. Olar isleýşi ýaly ýaşasy gelýär (Efes. 2:1—3). Netijesini bolsa, şu günler aýdyň görýäris, sebäbi Ýehowa «garşy gidip biljek akyldarlyk ýokdur» (Sül. tym. 21:30).

5. Ýehowa nämä ynanýardy we bu näme üçin ýerliklidi?

5 Ýehowa käbir adamlaryň, şol sanda ýaşlaryňam Ony agtaryp, gulluk etjekdiklerini bilýärdi (Zeb. 103:17, 18; 110:3). Ol wepaly gullukçylaryny juda gymmat saýýar! Sizem olaryň arasyndamy? Eger şeýle bolsa, onda siz Ýehowanyň berýän «ýagşy» zatlaryndan köp şatlyk tapýansyňyz (Zebur 103:5-i okaň; Sül. tym. 10:22). Ýehowanyň berýän «ýagşy» zatlaryna bolluk bilen berilýän ruhy iýmit, onuň bize berýän iň gowy dostlary, degerli maksatlar we hakyky azatlyk degişli. Geliň, bularyň hersi barada aýratynlykda gürrüň edeliň.

ÝEHOWA SIZIŇ RUHY TAÝDAN ALADAŇYZY EDÝÄR

6. Biziň nähili zerurlygymyz bar we Ýehowa nädip aladamyzy edýär?

6 Haýwanlardan tapawutlylykda, biziň ruhy zerurlygymyz bar. Muny bolsa diňe Ýaradyjymyz kanagatlandyryp bilýär (Mat. 4:4). Eger siz oňa höwes bilen gulak assaňyz, düşünje we akyldarlyk gazanarsyňyz hem-de bagtly bolarsyňyz. Isa: «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr» diýdi (Mat. 5:3). Hudaý öz Sözi hem-de «wepaly we paýhasly hyzmatkäriň» taýýarlaýan ruhy iýmiti arkaly siziň ruhy taýdan aladaňyzy edýär (Mat. 24:45). Bu ruhy iýmit dürli-dürli we bolluk bilen berilýär (Iş. 65:13, 14).

7. Hudaýyň berýän ruhy iýmitiniň nähili peýdasy bar?

7 Hudaýyň berýän ruhy iýmiti size akyldar bolmaga we pikirlenmek ukybyňyzy ösdürmäge kömek eder. Bu bolsa sizi köp kynçylyklardan gorar (Süleýmanyň tymsallary 2:10—14-nji aýatlary okaň). Meselem, bu size «Ýaradyjy ýok» diýen ýaly taglymatlaryň ýalandygyna düşünmäge kömek edýär. Şeýle-de «bagtly bolmak üçin puluň ýa-da emlägiň köp bolmaly» diýen ýalan pikirden goraýar. Mundan başga-da erbet höweslerden we özüňi bilmeklik ruhundan gaça durmaga kömek edýär. Şonuň üçin akyldarlygy we düşünjäni agtarmagyňyzy dowam ediň; olara gymmatly hazyna ýaly garaň! Eger bu gymmatly häsiýetleri ösdürseňiz, Ýehowanyň sizi juda söýýändigine we size iň gowy zatlary arzuw edýändigine öz durmuşyňyzda göz ýetirersiňiz (Zeb. 34:8; Iş. 48:17, 18).

8. Näme üçin häzir Hudaýa ýakynlaşmagyň tüýs wagty we bu size gelejekde nähili peýda berer?

8 Tizden Şeýtanyň dünýäsi ýok ediler. Şonda bizi diňe Ýehowa gorap biler. Aslynda, şol döwür gelende, biz Ýehowanyň görkezmesine mätäç bolarys (Hab. 3:2, 12—19). Hawa, häzir gökdäki Atamyza ýakynlaşmagyň we onuň bilen dostlugymyzy berkitmegiň tüýs wagty (2 Pet. 2:9). Eger şeýle etseňiz, daş-töweregiňizde nähili ýagdaý bolaýanda-da, özüňizi mezmurçy Dawut ýaly duýarsyňyz. Ol: «Men Rebbi mydama gözümiň alnynda görýärin; Onuň sagymdalygy üçin gymyldamaryn» diýip ýazdy (Zeb. 16:8).

ÝEHOWA SIZE IŇ GOWY DOSTLARY BERÝÄR

9. a) Ýahýa 6:44-den Ýehowa barada nämäni bilýäris? b) Ýehowanyň Şaýatlarynyň beýleki adamlardan nähili tapawudy bar?

9 Ýehowa akýürekli adamlara hakyky seždä goşulmaga we ruhy maşgalasynyň agzasy bolmaga mümkinçilik berýär (Ýahýa 6:44-i okaň). Siz ilkinji sapar hakykaty bilmeýän adama duşanyňyzda, ol barada gaty az zat bilýärsiňiz. Mümkin, siz onuň adyny we daş keşbi bilen bagly käbir zatlary bilensiňiz. Emma Ýehowany tanaýan we ony söýýän adam babatda beýle diýip bolmaýar. Siz ony ilkinji sapar görseňiz-de we onuň ýaşaýan ýurdy, tire-taýpasy, medeniýeti tapawutlansa-da, ol hakda eýýäm köp zatlary bilýärsiňiz. Ol hem siz barada köp zady bilýär.

Ýehowa biziň iň gowy dostlary edinmegimizi we öňümizde ruhy maksatlary goýmagymyzy isleýär (9—12-nji abzaslara serediň)

10, 11. Ýehowanyň halkynyň näme meňzeşligi bar we munuň bize nähili peýdasy bar?

10 Mysal üçin, siz biri-biriňizi göreniňizde, hakykatyň «päk dilinde» gepleýändigiňize derrew göz ýetirýärsiňiz (Sef. 3:9). Netijede, siz bir-biriňiziň ýöne bir adyňyzy bilmän, eýsem, ynanýan zatlaryňyzyň hem birmeňzeşdigine düşünýärsiňiz. Ol hem siz ýaly bir Hudaýa ynanýar, onuň ahlak kadalary boýunça ýaşaýar we şol bir gelejege umyt edýär. Kimdir birini ýakyndan tanamak üçin şu zatlary bilmek örän wajyp. Sebäbi olar seniň şol adama bolan ynamyňy artdyrýar we oňa bil baglamaga kömek edýär. Şeýle-de bu berk dostlukly gatnaşyga ýol açýar.

11 Iň gowy dostlary Ýehowa sežde edýän adamlaryň arasyndan tapyp bilersiňiz diýsek nädogry bolmaz. Olar dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýarlar. Siz olaryň käbiri bilen eýýäm tanşan bolsaňyz gerek. Eýsem, Ýehowanyň halkyndan başga haýsy adamda şeýle gymmatly sowgat bar?

ÝEHOWA SIZI DEGERLI MAKSATLARY GOÝMAGA HÖWESLENDIRÝÄR

12. Siz öňüňizde nähili ruhy maksatlary goýup bilersiňiz?

12 Wagyz kitaby 11:9—12:1-nji aýatlary okaň *. Siziň öňüňizde goýan bir ýa-da birnäçe ruhy maksatlaryňyz bardyr. Mümkin, siz Mukaddes Ýazgylary her gün okamagy maksat edinýänsiňiz. Ýa-da geplemek we öwretmek ukyplaryňyzy ösdürmek isleýänsiňiz. Nähili maksadyňyz bolsa-da, gowy netijesini göreniňizde ýa-da başgalar muny görüp, sizi öweninde, juda begenýän bolsaňyz gerek. Şonuň üçin siz mundan beýlägem öz tarapyňyzdan tagalla etmeli. Sebäbi siz Isadan görelde alyp, Hudaýyň islegini özüňiziňkiden ileri tutýarsyňyz (Zeb. 40:8; Sül. tym. 27:11).

13. Dünýewi maksatlar bilen Hudaýa gulluk etmegiň arasynda nähili tapawut bar?

13 Ünsüňizi ruhy maksatlara gönükdirseňiz, hakykatdan kanagat berýän işe gatnaşyp bilersiňiz. Sebäbi bu şeýle edeniňe degýär. Pawlus resul: «Berk we tutanýerli boluň, Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekiň. Sebäbi siz Halypamyzyň ugrunda çekýän zähmetiňiziň biderek däldigini bilýänsiňiz» diýip ýazdy (1 Kor. 15:58). Şu dünýäniň hödürleýän hatda iň gowy maksatlary we işleri hem ahyrynda biderek bolup galýar (Luka 9:25). Munuň şeýledigini Süleýman patyşa bilen bolan waka subut edýär (Rim. 15:4).

14. Biz Süleýman bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

14 Süleýman patyşanyň ummasyz baýlygy we ygtyýary bardy. Ol «lezzeti... synap» görmegi ýüregine düwýär (Wag. 2:1—10). Süleýman beýik ymaratlary gurdurýar, bakjadyr seýil baglaryny edinýär. Garaz, göwni näme islese, şony hem edýär. Ol özüni nähili duýduka? Eden işinden göwni hoş boldumy? Kanagat tapdymy? Jany aram tapdymy? Muny bilmek kyn däl. Sebäbi Süleýmanyň özi bu barada şeýle diýdi: «Onsoň ellerimiň eden ähli işlerine, çeken ähli zähmetime seretdim. Ine, bularyň bary biderekdi... hiç bir peýdaly zat ýokdy» (Wag. 2:11). Biz mundan wajyp sapak edinýäris. Eýsem, sizem bu ajy hakykat bilen razylaşýarsyňyzmy?

15. Zebur 32:8-e görä, iman näme üçin wajyp we onuň nähili peýdasy bar?

15 Ýehowa sizi durmuşyň gaýgy-aladalaryndan dyndarmak isleýär. Munuň üçin siz Hudaýa iman etmeli, oňa gulak asmaly we islegini durmuşyňyzda birinji orunda goýmaly. Hudaýa iman etseňiz, hiç haçan ökünmersiňiz. Hawa, Ýehowa «adyna görkezýän söýgiňizi» hiç haçan unutmaz (Ýew. 6:10). Şol sebäpli Hudaýa bolan imanyňyzy berkitmek üçin eliňizde baryny ediň. Şonda gökdäki Ataňyzyň size iň gowy zatlary isleýändigine göz ýetirersiňiz (Zebur 32:8-i okaň).

ÝEHOWA SIZE HAKYKY AZATLYGY BERÝÄR

16. Biz azatlygymyzy näme üçin gymmat saýmaly we paýhasly ulanmaly?

16 Pawlus resul: «Özünde Ýehowanyň ruhy bolan adam hem azatdyr» diýip ýazdy (2 Kor. 3:17). Ýehowa azatlygy gowy görýär, ol siziňem azat bolmagyňyzy isleýär. Emma ol siziň azatlygyňyzy paýhasly ulanmagyňyzy we özüňizi kynçylyklardan goramagyňyzy isleýär. Mümkin, siz pornografiýa görýän ýa-da ahlaksyz işlere baş goşýan, sportuň howply görnüşi bilen meşgullanýan, neşe maddalaryny ulanýan we spirtli içgileri içýän ýaşlary tanaýansyňyz. Olar şol zatlardan az salymlyk lezzet alsalar-da, köplenç özlerini köp kynçylyklara sezewar edýärler. Mysal üçin, olar agyr kesele duçar bolup biler, erbet endiklere bagly bolup, hatda ölmegi-de ähtimal (Gal. 6:7, 8). Görşümiz ýaly, olar «biz azat» diýip, öz-özlerini aldaýarlar (Tit. 3:3).

17, 18. a) Hudaýa gulak asmak nädip azat edýär? b) Häzirki adamlar bilen deňeşdireniňde, Adam ata bilen How enede başda nähili azatlyk bardy?

17 Siz Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryny äsgermezlik edendigi sebäpli, kesele duçar bolan näçe adamy bilýärsiňiz? Hawa, Ýehowa gulak asmak saglygymyz üçin hem peýdaly we hakyky azatlygy berýär (Zeb. 19:7—11). Has wajyby bolsa, azatlygyňyzy paýhasly ulansaňyz, ýagny Hudaýyň kämil kada-kanunlary we prinsipleri esasynda ýaşasaňyz, Hudaýa-da, ene-ataňyza-da size köpräk azatlyk berip bolýandygyny görkezersiňiz. Aslynda, Hudaý wepaly gullukçylarynyň her birinde kämil azatlygyň bolmagyny isleýär. Mukaddes Ýazgylarda olaryň «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowuşjakdygy» aýdylýar (Rim. 8:21).

18 Adam ata bilen How ene şeýle azatlygy dadypdylar. Erem bagynda Hudaý olaryň erkinligini çäklendirýän ýekeje tabşyryk beripdi. Olar birje agajyň miwesinden iýmeli däldi (Gel. çyk. 2:9, 17). Eýsem, bu tabşyryga agyr ýa-da ýowuz diýse bolarmy? Elbetde, ýok. Muny adamlaryň çykarýan sansyz-sajaksyz kanunlary bilen deňeşdirip görüň. Olary mejbury öwrenmeli we eýermek üçin gaty köp tagalla etmeli.

19. Ýehowa bize hakykatdan azat bolmagy nädip öwredýär?

19 Ýehowa gullukçylary bilen özüni örän paýhasly alyp barýar. Ol yzy üzülmeýän kanunlary bermegiň deregine, sabyrlylyk bilen bize söýgi kanunyna eýerip ýaşamagy öwredýär. Ýehowa biziň prinsiplerine eýerip ýaşamagymyzy we erbetligi ýigrenmegimizi isleýär (Rim. 12:9). Isa Dagdaky wagzynda erbet pikirleriň adamyň ýüreginde kök urýandygy barada öwredipdi (Mat. 5:27, 28). Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy hökmünde ol bize täze dünýäde dogrulyga hem-de kanunsyzlyga öz garaýşy ýaly garamagy öwretmegini dowam eder (Ýew. 1:9). Şeýle-de ol bize beden we pikir taýdan kämil bolmaga ýardam eder. Göz öňüne getiriň, indi siz günäniň ajy miwesini ýa-da onuň erbet netijesini datmaly bolmarsyňyz. Şonda siz Ýehowanyň gullukçylaryna wada berýän «şöhratly azatlygyndan» ebedi lezzet alyp ýaşarsyňyz.

20. a) Ýehowa azatlygyny nädip ulanýar? b) Munuň bize nähili peýdasy bar?

20 Elbetde, biziň azatlygymyzyň çägi bar. Biz azatlygymyzy Hudaýa we imandaşlarymyza bolan söýgi esasynda ulanmaly. Ýehowa bizi özünden görelde almaga höweslendirýär. Onuň azatlygynyň çägi ýok; emma ol şonda-da gullukçylaryna azat adamlar hökmünde garap, söýgi bilen görkezme berýär (1 Ýah. 4:7, 8). Diýmek, diňe Hudaýyň söýgüsinden görelde alanymyzda, biz azatlygymyzy dogry ulandygymyz bolýar.

21. a) Dawut patyşa Ýehowa bolan söýgüsini nädip beýan etdi? b) Indiki makalada nämä serederis?

21 Siz Ýehowanyň berýän «ýagşy» zatlaryny, ýagny bolluk bilen berýän ruhy iýmitini, onuň bize berýän iň gowy dostlaryny, degerli maksatlaryny we hakyky azatlygyny gymmat saýýarmysyňyz? (Zeb. 103:5). Eger şeýle bolsa, onda Zebur 16:11-däki: «Sen maňa ýaşaýyş ýoluny görkezersiň; doly şatlyk Seniň huzuryňdadyr; sagyňda çäksiz hözirler bardyr» diýen sözleriň dogrudygyna göz ýetirersiňiz. Indiki makalada biz Zebur 16-njy bapdan käbir ruhy dürdäneler hakda gürrüň ederis. Bu biziň hakykatdan kanagat berýän ýaşaýşa ymtylmaga höwesimizi hasam artdyrar.

^ abzas 12 Wagyz kitaby 11:9 Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder. 10 Gaýgyny ýüregiňden çykar, azaby bedeniňden daşlaşdyr, çünki ýaşlyk-da, juwanlyk-da gysga wagtlykdyr. 12:1 Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla.