Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Terjimehal

Ýehowa bize «ýagşylyk etdi»

Ýehowa bize «ýagşylyk etdi»

AÝALYM Daniýella ikimiz ýaňyja myhmanhanada ýerleşipdik. Kabulhanada oturan işgär maňa: «Jenap, serhet gullugyna jaň edäýiň» diýdi. Birnäçe sagat mundan öň, biz Günbatar Afrikanyň Gabon şäherine gelipdik. 1970-nji ýyllarda ol ýerde wagyz işimiz gadagan edilipdi.

Daniýella hemişekisi ýaly çalasynlyk bilen: «Polisiýa jaň etjek bolup alada galma, olar eýýäm şu ýerde!» diýip, gulagyma pyşyrdady. Yzymyza seretdigem welin, myhmanhananyň öňüne bir ulag gelip durdy. Birnäçe minutdan esgerler bizi tussag etdiler. Daniýellanyň öňünden duýdurandygy üçin, käbir dokumentleri myhmanhanadaky bir dogana berip ýetişdim.

Bizi polisiýa bölümine eltenlerinde, dogumly we ruhy taýdan berk aýalymyň bardygyna ýene bir gezek göz ýetirdim. Daniýella ikimiz hemişe bir adam ýaly agzybir işleşýärdik. Geliň, men size wagyz işimiziň çäklendirilen ýurtlaryna näme üçin gidendigimizi gürrüň bereýin.

ÝEHOWA MÄHIR BILEN GÖZÜMI AÇDY

Men 1930-njy ýylda Fransiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Krua atly kiçijik şäherde dünýä indim. Maşgalamyz katolik dinine uýýardy we her hepde buthanada geçirilýän çärelere höwes bilen gatnaşýardy. Kakamam buthanada dürli borçlary ýerine ýetirýärdi. 14 ýaşymdakam bolan bir waka meniň gözümi açdy. Men buthanadaky ruhanylaryň ikiýüzlilik edýändigini gördüm.

II Jahan urşy döwründe Fransiýa Germaniýanyň gol astyndady. Biziň ruhanymyz hemişe nemesleriň tarapdary bolan Fransuz hökümetini goldamaga höweslendirýärdi. Onuň çykyşlary bizi gorkuzýardy. Fransiýanyň köp ýaşaýjylary ýaly bizem gizlinlikde BBC radioýaýlymynda berilýän Sowet goşunynyň ýörişleri baradaky habarlary diňleýärdik. Birnäçe wagtdan ruhanymyz pikirini üýtgedip, 1944-nji ýylyň sentýabrynda Sowet goşunlarynyň ýeňiş gazanýandyklary üçin minnetdarlyk hökmünde çäre gurnady. Men ör-gökden geldim. Bu meniň hristian dinine bolan ynamymy gaçyrdy.

Urşuň gutaranyna biraz wagt geçende, kakam aradan çykdy. Durmuşa çykan gyz doganym Belgiýada ýaşaýardy. Şonuň üçin men ejemiň aladasyny etmäge özümi borçly hasaplaýardym. Men bir gowy iş tapdym. Başlygym we onuň ogullary örän dindar adamdy. Olaryň kärhanasynda işlesem, gelejegimiň gowy boljagyna şübhe ýokdy. Ýöne biraz wagtdan synaga uçradym.

Gyz doganym Simona Ýehowanyň Şaýadydy. Ol 1953-nji ýylda bizi görmäge geldi we Mukaddes Ýazgylary ökdelik bilen ulanyp, katolik buthanasynyň öwredýän dowzah ody, Üç ýüzli taňry hem-de ölmeýän ruh ýaly taglymatlarynyň ýalandygyny subut etdi. Başda men onuň katolik buthanamyzdaky Mukaddes Ýazgylary ulanmaýandygyna gaharym geldi. Ýöne soňra onuň hakykaty aýdýandygyna göz ýetirdim. Gyz doganym maňa «Garawul diňi» žurnalynyň irki sanlaryny berdi. Men olary agşam ýatmazdan öň, höwes bilen okaýardym. Men şu ýoluň hakykatdygyna basym göz ýetirdim. Emma Ýehowanyň tarapyny tutsam, işimi ýitirerin öýdüp gorkýardym.

Birnäçe aýdan men Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladym we «Garawul diňi» žurnallaryny yzygider okaýardym. Ahyrsoňy, men ýygnaga gitmegi ýüregime düwdüm. Dogan-uýalaryň arasyndaky söýgi maňa güýçli täsir etdi. Tejribeli bir dogan bilen alty aý okuw geçenimden soň, 1954-nji ýylyň sentýabr aýynda suwa çümdürildim. Biraz wagtdan ejem bilen jigim hem Ýehowanyň Şaýady boldy. Şonda begenjimiň çägi bolmady.

UZAK WAGTLY GULLUKDA ÝEHOWA DAÝANDYK

1958-nji ýylda Nýu-Ýorkda halkara kongresi geçirilmelidi. Kongrese birnäçe hepde galanda, ejem aradan çykdy. Men indi hiç kimiň aladasyny etmeli däldim. Şonuň üçin kongrese baryp gaýdanymdan soň, işimden çykyp, pioner gullugyna başladym. Biraz wagtdan Daniýella Deliý atly bir yhlasly pioner uýa bilen tanyşdym. Biz 1959-njy ýylyň maýynda toý etdik.

Daniýella öýünden uzakda ýerleşýän Britani atly obada uzak wagtly gulluk edýärdi. Katolik dinine uýýan adamlara we şol territoriýalarda tigirli wagyz etmek üçin, oňa batyrgaýlyk gerekdi. Ol hem edil men ýaly, başlan işini soňa goýmaýardy; biziň ikimizem dünýäniň ahyrynyň gaty golaýdygyny duýýardyk (Mat. 25:13). Daniýellanyň janaýamazlyk ruhy bize gullugymyzy dowam etmäge kömek etdi.

Toý edenimize birnäçe gün geçende, bizi etrap gözegçisi gullugyna bellediler. Biz sada ýaşamagy öwrendik. Baran birinji ýygnagymyzda bary-ýogy 14 wagyzçy bardy; dogan-uýalaryň ýagdaýy pesräk bolansoň, bizi myhman alyp bilmeýärdiler. Şol sebäpli biz Ýygnak jaýynda ýatmaly bolduk. Elbetde, bu oňaýsyz hem göwnüňdäki ýaly däldi. Ýöne gaty ýerde ýatmak arkamyza gowy peýda berdi.

Kiçijik ulagymyzda ýygnaklary ideýäris

Işimiz gaty köp bolsa-da, Daniýella hemişe baş alyp çykýardy. Garaşylmadyk ýagdaýda ýaşulular bilen duşuşmaly bolanda-da, ol maňa kiçijik maşynymyzda garaşýardy we hiç haçan zeýrenmeýärdi. Biz iki ýyl etrap gözegçisi gullugynda bolup, bir adam ýaly ýakyndan işleşmegi we är-aýalyň açyk gürrüňdeşlik etmeginiň gaty wajypdygyny öwrendik (Wag. 4:9).

TÄZE BORÇLARY ALANDYGYMYZA BEGENDIK

1962-nji ýylda bizi Nýu-Ýorkuň Bruklin şäherinde geçirilen 10 aýlyk Gilead mekdebiniň 37-nji klasynda okamaga çagyrdylar. Klasymyzda 100 okuwçy bardy, olaryň 13 sanysy är-aýaldy. Olar bilen okamak biziň üçin uly hormat boldy. Sarsmaz imany bilen tanalýan Frederik Frens, Uilsis Glass we Aleksandr Makmillan ýaly doganlar bilen geçiren wagtlarymyz henizem ýadymyzda.

Gilead mekdebinde okap, şatlyk tapdyk!

Okuw döwri bizi ünsli bolmaga höweslendirýärdiler. Käte şenbe günleri öýlän klasymyzdaky okuwçylaryň hemmesi bilen Nýu-Ýork şäherindäki ýadygärlikleri görmäge gidýärdik. Duşenbe güni bolsa, gören zatlarymyz barada soraglara jogap ýazmalydyk. Biz köplenç şenbe günleri agşam halys ýadap gelýärdik. Beýtelde gulluk edýän meýletinçi bir dogan ýolbeledimiz bolup, bize synagda beriljek soraglaryň esasy pikirlerini ýatlamaga kömek edýärdi. Bir gezek biz şenbe güni günortandan agşama çenli şähere aýlandyk. Şonda meteor bilen meteoritleriň öwrenilýän ýerine bardyk. Şeýle-de Amerikanyň Tebigat muzeýine baryp, alligator bilen krokodiliň tapawudyny öwrendik. Beýtele gaýdanymyzda, ýolbelet dogan bizden: «Ýeri onsoň, meteor bilen meteoritiň näme tapawudy bar eken?» diýip sorady. Aýalym Daniýella gaty ýadaw bolandygy üçin ýalňyşyp: «Meteoritleriň dişi uzynrak» diýdi.

Afrikadaky wepaly dogan-uýalarymyzy görüp, juda begendik

Bizi Fransiýanyň filialynda gulluk etmäge bellediler. Bu biziň üçin garaşylmadyk sowgat boldy. Biz bu ýerde 53 ýyldan gowrak gulluk etdik. 1976-njy ýylda meni Filial komitetiniň koordinatory edip bellediler. Şeýle-de bizi wagyz işimiziň çäklendirilen ýerlerine, ýagny Afrikanyň käbir ýurtlaryna we Merkezi Aziýa ugratdylar. Başda aýdyşym ýaly, Gabona gitmegimize şu zatlar sebäp boldy. Dogrymy aýtsam, şeýle garaşylmadyk jogapkärli işleri ýeke özüm ýerine ýetirip bilmezdim. Ýöne aýalym Daniýella meniň sag elimdi; ol maňa tabşyrylan islendik ýumşy birkemsiz ýerine ýetirmäge kömek etdi.

1988-nji ýylda Parižde geçirilen «Hudaýyň adalatlylygy» atly kongresde Teodor Ýaraç doganyň sözlerini terjime edýärin

AGYR SYNAGLARDA-DA BILE BOLDUK

Biz Beýtel durmuşyny gowy görýärdik. Gilead mekdebine gitmezden öň, aýalym Daniýella bäş aýyň içinde iňlis dilini öwrenipdi. Şonuň üçin ol ökde terjimeçi boldy. Beýtelde gulluk edip biz köp şatlyk tapýardyk. Ýygnakdaky beýleki borçlarymyz hem biziň şatlygymyza şatlyk goşýardy. Bir gezek Daniýella ikimiz gije Pariždäki metro mündük. Özümizem öler ýaly ýadawdyk. Ýöne okuw geçýän adamlarymyzyň ruhy taýdan çalt ösýändigi bizi diýseň begendirýärdi. Gynansak-da, ýagdaý birden özgerdi. Daniýellanyň saglygy erbetleşdi we ol indi öňküsi ýaly gulluk edip bilmeýärdi.

1993-nji ýylda onuň rak keseliniň bardygy anyklanyldy. Ol operasiýa edildi we oňa iň soňky derejeli himiýa usully bejergi berilýärdi. Onuň alýan bejergileri gaty agyrdy. 15 ýyl geçensoň, onda ýene rak keseliniň güýjeýändigini anykladylar. Ýöne ýagdaýynyň gowulaşan wagtlary ol terjimeçilik işini dowam edip, şatlygyny ýitirmeýärdi.

Daniýella agyr keselli bolsa-da, biz Beýtel gullugyny goýmak hakda pikirem etmeýärdik. Emma başgalar ýagdaýyň nähili agyrdygyny bilmese, biraz kynrak bolýan eken (Sül. tym. 14:13). Daniýella 70 ýaşynda bolsa-da, onuň güler ýüzüni hem-de jeren ýaly owadanlygyny göreniňde, keseliniň bardygy bildirmeýärdi. Ol öz-özüne nebsini agyrdyp oturmaýardy. Gaýtam, başgalara kömek etmäge çalyşýardy. Ol horluk çekýänleri ünsli diňleýärdi (Sül. tym. 17:17). Daniýella hiç haçan başgalara akyl satjak bolmaýardy, gaýtam, özi başyndan geçirensoň, uýalaryň köpüsine rak keselinden gorkmazlyga kömek etdi.

Şeýle-de biz täze kynçylyklara duçar bolduk. Daniýella uzak wagtly gullugy dowam edip bilmedi, ýöne ol maňa dürli tarapdan goldaw berýärdi. Ol maňa aňsat bolar ýaly, köp zatlary özi edýärdi. Şeýdip, men 37 ýyllap Filial komitetiniň koordinatory bolup gulluk etdim. Her gün günortanlyk naharyny bile ediner ýaly we biraz dynç alar ýaly, ol gerekli zatlary taýýarlaýardy (Sül. tym. 18:22).

HER GÜNKI ALADALARY BILE ÝEŇDIK

Daniýella hemişe şadyýan we göwnaçykdy. Onuň keseli üçünji gezek gozganda, özümizi el-aýagymyz baglanan ýaly duýduk. Himiýa usully (himiýoterapiýa) we şöhle bilen bejerginiň (radioterapiýa) täsiri güýçli bolansoň, käte ol zordan ýöreýärdi. Aýalymyň ökde terjimeçi bolubam, käte iki agyz söz aýdyp bilmän kösenýändigini görüp, ýüregim para-para bolýardy.

Ýöne biz aljyraňňylyga düşmeýärdik, gaýtam, doga-dileg edip, Ýehowanyň bize güýjümizden artyk synalmagymyza ýol bermejekdigine ynanýardyk (1 Kor. 10:13). Biz hemişe Ýehowanyň öz Sözi, Beýteldäki lukmanlar we gala ýaly ruhy taýdan berk dogan-uýalar arkaly mähir bilen aladamyzy edişini görüp, hemişe minnetdar bolýardyk.

Biz köplenç nähili bejergi almalydygy barada Ýehowadan görkezme soraýardyk. Bir gezek aýalyma hiç hili bejerginiň peýda etmejekdigini aýtdylar. Daniýellany 23 ýyldan bäri bejerýän lukman onuň her gezek himiki dermanlardan soň, ýatkeşligini ýitirýändiginiň sebäbini düşündirip bilmedi. Onuň hiç hili teklibi hem ýokdy. Biz özümizi terk edilen ýaly duýduk we ýagdaý şeýle kynlaşar öýtmeýärdik. Soňra başga bir lukman Daniýellanyň keselini bejermäge razylaşdy. Şonda hamala Ýehowa kynçylyklarymyz bilen göreşmäge kömek etmek üçin öz elini uzadan ýaly boldy.

Isa: «Her günüň öz derdi özüne ýetikdir» diýdi (Mat. 6:34). Biz her günki kynçylyklara şol gün hötde gelmegi öwrendik. Bu babatda bize kesele dogry garaýyşda bolmak we käte degişmeklik kömek edýärdi. Daniýella iki aýlap himiýa usully bejergisiz ýaşansoň, ýylgyryp: «Bilýäňmi, özümi şeýle gowy duýmandym» diýdi (Sül. tym. 17:22). Ol kesel bolsa-da, täze Patyşalyk aýdymlaryny sesli aýtmagy halaýardy.

Onuň dogry garaýşyny saklamagy maňa kynçylyklara döz gelmäge kömek etdi. Biz 57 ýyl bile ýaşadyk. Şol döwür ol dürli tarapdan aladamy etdi. Ol hatda maňa ýumurtgany nädip gowurmalydygyny hem öwretjek bolmaýardy. Onuň ýagdaýy beterleşende, men nahar taýýarlamagy we egin-eşikleri ýuwmagy öwrendim. Men birnäçe gap-çanak döwdüm. Ýöne aýalymyň göwnüni götermek üçin edýän işlerim köp şatlyk berýärdi *.

ÝEHOWANYŇ ÝAGŞYLYGYNA ÝÜREKDEN MINNETDAR

Yzyma ser salanymda, men keselçilik we garrylyk bilen bagly kynçylyklardan köp zatlary öwrenendigimi görýärin. Birinjiden, iş bilen başagaý bolup, söýgüli ýanýoldaşymyzyň aladasyny etmegi unutmaly däl. Heniz güýç-kuwwatymyz barka, ýakynlarymyzyň aladasyny etmek üçin elimizde baryny etmeli (Wag. 9:9). Ikinjiden, biz ujypsyz zatlar barada çendenaşa alada etmeli däl. Ýogsam, her günki alýan ençeme bereketlerimiziň şatlygyny duýup bilmeris (Sül. tym. 15:15).

Uzak wagtly gulluk eden ýyllarymyz hakda oýlananymda, Ýehowanyň biziň göz öňümize getirişimizdenem köp bereket berendigine göz ýetirýärin. Men özümi: «(Ýehowa) maňa ýagşylyk etdi» diýen mezmurçy ýaly duýýaryn (Zeb. 116:7).

^ abzas 32 Daniýella Bokaert uýamyz şu makala taýýarlanylyp ýörkä aradan çykdy. Ol 78 ýaşyndady.