Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Dogry adam Rebde şatlanar»

«Dogry adam Rebde şatlanar»

DIÝANA uýamyz häzir 80 ýaşlarynda. Onuň adamsy Alsgeýmer keselinden ejir çekýärdi we aradan çykmanka, birnäçe ýyllap keselhanada ýatýar. Şeýle-de onuň iki ogly aradan çykýar, özi hem göwsünde dörän rak keselinden ejir çekýär. Emma Diýana uýamyzyň ýygnagyndaky dogan-uýalar onuň ýygnaga gelende-de, wagyzda-da hemişe şadyýandygyny aýdýarlar.

Jon 43 ýyldan gowrak aýlanýan gözegçi bolup gulluk edýär. Ol gullugyň bu görnüşini gaty gowy görýärdi, ýaşaýşynyň bar manysy şondady. Emma syrkaw bir garyndaşynyň aladasyny etmeli bolansoň, ol gullugyny bes etmeli bolýar. Häzir ol ýygnakda ýöne ýaşuly bolup gulluk edýär. Jony öň ýygnakda ýa kongresde gören dogan-uýalar onuň häzirem öňküsi ýaly şadyýandygyny aýdýarlar.

Diýana hem-de Jona şatlygyny ýitirmezlige näme kömek edýär? Adam duýgy taýdan we keselden ejir çekýän bolsa şatlanyp bilermi? Ýa-da öňki hormatly borjuny ýerine ýetirip bilmeýän adam şatlanmagyny dowam edip bilermi? Mukaddes Ýazgylar bu soraga şeýle jogap berýär: «Dogry adam Rebde şatlanar» (Zeb. 64:10). Biz hakyky şatlygyň nämä baglydygyny bilsek, muňa has aýdyň düşüneris.

WAGTLAÝYN ŞATLYK

Siz käbir zatlaryň adamy hemişe bagtly edýändigini bilen razylaşsaňyz gerek. Meselem, biri-birini ýürekden söýýän ýaşlar durmuş guranda, kimdir biri ene-ata bolanda ýa-da hormatly borjy alanda, begenjiniň çägi bolmaýar. Bu zatlar adamy bagtly edýär, sebäbi Ýehowa bizi şeýle maksat bilen ýaratdy. Ol nikany döredip, adamlara nesil öndürmäge mümkinçilik berdi we mesihçiler ýygnagy arkaly dürli ýumuşlary tabşyrýar (Gel. çyk. 2:18, 22; Zeb. 127:3; 1 Tim. 3:1).

Emma käbir sebäplere görä şatlygymyz käte uzaga çekmeýär. Gynansak-da, är-aýalyň biri biwepalyk edýär ýa-da aradan çykýar (Ezek. 24:18; Hoş. 3:1). Käbir çagalar bolsa ene-atasyna we Hudaýa gulak asmaýar, hatda ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Mysal üçin, Şamuwel pygamberiň ogullary hem Ýehowanyň ýolundan dändiler; Dawut patyşanyň günäsi sebäpli tutuş öý-içerisi betbagtçylyga uçrady (1 Şam. 8:1—3; 2 Şam. 12:11). Şeýle zatlar gaýgy-hasrat getirýär we adamyň şatlygyny alýar.

Şonuň ýaly-da saglygynyň erbetleşendigi, maşgaladaky ýa-da ýygnakdaky borçlarynyň üýtgändigi sebäpli, Hudaýyň gullukçylary hormatly gullugyny bes etmeli bolýarlar. Şeýle özgerişliklere uçran dogan-uýalaryň köpüsi birbada şatlygyny ýitirendigini aýdýarlar.

Dogrudan-da, käbir zatlar adama belli bir derejede ýa-da wagtlaýyn şatlyk berýär. Onda ýagdaý birden erbet tarapa üýtgäýende-de, şatlygyňy ýitirmezlige kömek edýän zat barmy? Şamuwel, Dawut we Hudaýyň başga-da gullukçylary kynçylyklara garamazdan, şatlygyny ýitirmediler. Olara näme kömek etdikä?

TÜKENIKSIZ ŞATLYK

Isa hakyky şatlygyň nämedigini gowy bilýärdi. Ol ýer ýüzüne gelmezden öň, gökde «her wagt (Ýehowanyň) huzurynda şatlanýardy» (Sül. tym. 8:30). Emma ýer ýüzüne gelende, Isa birnäçe kynçylyklara sezewar bolýar. Muňa garamazdan, ol Atasynyň islegini berjaý etmekden şatlyk tapýardy (Ýah. 4:34). Ölüminiň öň ýanynda başyndan geçiren sütemli soňky sagatlary barada näme diýse bolar? Ýazgylarda: «Ol öňünde goýlan şatlyk üçin utanja galmaly bolsa-da, jebir pürsündäki ölüme döz geldi» diýilýär (Ýew. 12:2). Geliň, Isanyň hakyky şatlyk barada aýdan sözlerine seredeliň.

Bir gezek Isa 70 şägirdini wagyz etmäge iberýär. Şonda olar yzyna şatlyk bilen dolanyp gelýär. Şägirtler gudratlary görkezendigi, hatda jynlary kowup çykarandygy üçin begenýärdi. Emma Isa olara: «Jynlaryň size tabyn bolýandygyna däl-de, atlaryňyzyň göklerde ýazylandygyna begeniň» diýdi (Luka 10:1—9, 17, 20). Hawa, adamy onuň belli bir hormata eýe bolmagy däl-de, Ýehowanyň razylygyny gazanandygy has bagtly edýär. Ol wepaly gullukçylarynyň eden işlerini höwes bilen ýatlaýar, bu bolsa bizi hasam begendirýär.

Başga bir sapar Isa märekä öwredip durka, bir aýal gelip: «Seni dünýä indiren we saňa süýt beren aýal, gör, nähili bagtly!» diýýär. Emma Isa onuň garaýşyny düzedip, şeýle diýýär: «Ýok, Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler bagtlydyr!» (Luka 11:27, 28). Elbetde, çagasyna buýsanýan ene-ata bolmak gowy; ýöne Ýehowa gulak asyp, Onuň bilen ýakyn dostlukly gatnaşykda bolmak has bagtly edýär.

Dogrudan-da, Ýehowanyň razylygyny gazanmak hakyky şatlygyň gözbaşy. Kynçylyklara döz gelmek aňsat bolmasa-da, olar şatlygymyzy alyp bilmeýär. Gaýtam, synagda aýypsyz galýandygymyz üçin kalbymyz rahat bolýar (Rim. 5:3—5). Ýehowa Özüne bil baglaýan adamlara mukaddes ruhuny berýär, şatlyk bolsa mukaddes ruhuň miwesi (Gal. 5:22). Bu bize Zebur 64:10-da: «Dogry adam Rebde şatlanar» diýen sözleriň manysyna düşünmäge kömek edýär.

Jona şatlygyny ýitirmezlige näme kömek etdi?

Ýokarda agzalan Diýana bilen Jon hem kynçylyga uçranda, şatlygyny ýitirmediler. Diýana şeýle diýýär: «Ene-atasynyň ýanyna ylgaýan çaga ýaly, menem Ýehowany özüme pena edindim». Hudaýyň goldawy oňa nähili täsir etdi? Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Onuň meni patalaýandygyny duýýaryn. Ol maňa şatlygymy ýitirmän, hoş habary wagyz etmäge kömek edýär». Jon bolsa köp ýyllap ýerine ýetiren borjuny goýansoň, özüne nämäniň kömek edendigi hakda şeýle diýýär: «1998-nji ýyldan başlap, meni «Gullugy kämilleşdiriş mekdebinde» tälim bermäge bellediler. Şahsy okuwymy şeýle köp geçiren wagtym bolmandy. Aýalym ikimiz köp ýyllaryň dowamynda Ýehowa edýän gullugymyza dogry garaýyşda bolandygymyz üçin durmuşymyzda özgerişlik bolanda kabul etmek aňsat boldy. Biz Ýehowa gulluk etmegi saýlandygymyza hijem ökünmeýäris».

Başga-da köp dogan-uýalar Zebur 64:10-daky sözleriň dogrudygyna öz durmuşynda göz ýetirdiler. Mysal üçin, bir är-aýal 30 ýyldan gowrak ABŞ-daky Beýtelde gulluk edýär. Soňra olary ýörite pioner edip belleýärler. Olar şeýle diýýär: «Gowy görýän zadyňy ýitireniňde, gynanmak adaty zat. Ýöne sen hemişe gynanyp ýörmeýärsiň». Bu är-aýal ýygnagyndaky dogan-uýalar bilen derrew öwrenişýär we wagza yhlasly gatnaşyp başlaýar. Olar şeýle diýýär: «Biz käbir zatlar barada açyk doga etdik. Dogamyza alan jogaplarymyz bizi diýseň ruhlandyrdy we göwnümizi göterdi. Täze ýere geçenimize biraz wagt bolanda, ýygnagymyzdaky käbir dogan-uýalar pioner gullugyna başlady. Şeýle-de biz iki sany adam bilen okuw geçip başladyk. Olaram gowy ösüşleri edýär».

«BAKY BEGENIŇ»

Elbetde, hemişe şadyýan bolmak aňsat däl. Käte şatlygyňy alýan zatlaram bolýar. Emma Zebur 64:10-daky Ýehowanyň ruhlandyryjy sözleri bize teselli berýär. Käwagt ruhdan düşsek-de, biz «dogry adamyň» kynçylyklara garamazdan, «Rebde şatlanyp» bilýändigine doly ynanyp bileris. Biz Ýehowanyň «täze gökler we täze ýer» baradaky wadasynyň ýerine ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şonda bikämillikden nam-nyşan galmaz. Hudaýyň gullukçylarynyň ählisi Ýehowanyň ýaratjak we berjek zatlaryna «şatlanyp, baky begenerler» (Iş. 65:17, 18).

Göz öňüne getiriň, biziň kämil saglygymyz bolar, her gün täze güýç bilen turarys. Geçmişde ýüregimize ýara salan erbet ýatlamalar bolmaz. «Öňki zatlar ýatlanmaz, ýada düşmez». Aradan çykan mähriban ýakynlarymyzyň direlişi göwnümizi hasam galkyndyrar. Millionlarça adamlar Isanyň direlden 12 ýaşly gyzgajagazyň ene-atasy ýaly duýgulary başdan geçirer. «Şonda gyzyň ata-enesi juda begenipdi» (Mar. 5:42). Ýer ýüzündäki her bir adam «dogry» bolar we Ýehowada ebedi şatlanar.