Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Ähli zat üçin Hudaýa minnetdarlyk aýdyň»

«Ähli zat üçin Hudaýa minnetdarlyk aýdyň»

SEN özüňi minnetdar adam hasaplaýarsyňmy? Bu sorag barada her birimiz oýlansak, gowy bolar. Mukaddes Kitapda şu günler köp adamlaryň «gadyr bilmez» boljakdygy aýdylýar (2 Tim. 3:2). Belki, senem şeýle adamlara duş gelensiň. Olar başgalardan köp zada garaşýarlar. Şeýle-de olar özlerine edilýän kömek üçin sagbolsun aýtmagyň ýa-da minnetdar bolmagyň geregi ýok diýip pikir edýärler. Adamlar özüni şeýle alyp baranda, sen özüňi oňaýsyz duýýarsyň gerek?!

Ýöne Ýehowa gullukçylaryna «minnetdar bolmagy» ündeýär. Biz «ähli zat üçin... minnetdarlyk aýtmaly» (Kol. 3:15; 1 Sel. 5:18). Hawa, minnetdar bolmagy öwrensek, biziň özümiz üçinem peýdaly bolýar. Gel, minnetdarlyk aýtmagyň peýdaly taraplaryna seredeli.

ÖZÜŇI GOWY DUÝARSYŇ

Sagbolsun aýtmagyň peýdaly taraplarynyň biri — özüň barada gowy pikirde bolmaga ýardam edýär. Minnetdarlyk sözlerini gysganmaýan adam köplenç özüni gowy duýýar. Şeýle sözleri eşidýän adamyň hem göwni bir gez belende göterilýär. Minnetdarlyk sözlerini aýdýan hem-de eşidýän adam näme üçin özüni bagtly duýýar diýse bolar? Aýdaly, biri seniň üçin nämedir bir zatlary edýär. Ol muny näme üçin edendir öýdýärsiň? Sebäbi ol seni gowy görýär, şonuň üçin ýürekden aladaňy edýär. Dogrudan-da, kimdir biriniň aladaňy edýändigini göreniňde, özüňi gowy duýup, ýagşy niýetde bolýarsyň. Muňa düşünmek üçin, gel, Rutuň mysalyny ýadymyza salaly. Bowaz Ruta köp ýagşylyk etdi. Rut aladasynyň edilýändigini görende, özüni gaty bagtly duýandyr (Rut 2:10—13).

Aýratynam, Hudaýa minnetdarlyk aýtmak wajyp. Elbetde, sen Ýehowanyň berýän bereketleri we edýän ýagşylyklary hakda wagtal-wagtal oýlanýansyň (5 Mus. 8:17, 18; Res. 14:17). Emma Hudaýyň berýän ajaýyp sowgatlary hakda ýöne bir oýlanyp goýman, Ýehowanyň saňa we ýakynlaryňa dolup-daşýan bereketleri barada çuňňur oýlanyp, oňa ýürekden minnetdarlyk aýtsaň gowy bolmazmy? Ýaradyjymyzyň jomartlygy hakda oýlansaň, oňa bolan minnetdarlygyň artar we onuň seni nähili güýçli söýýändigine hem-de gymmat saýýandygyna göz ýetirersiň (1 Ýah. 4:9).

Ýehowanyň jomartlyk bilen berýän bereketleri hakda ýöne bir oýlanyp geçmän, bildirýän ýagşylygy üçin oňa ýürekden sagbolsun aýt (Zeb. 100:4, 5). Minnetdarlyk bildirmek adamy iki esse bagtly edýär.

ADAMLAR BILEN ARAŇ GOWY BOLAR

Minnetdarlygyň başga bir peýdasy — adamlar bilen dostlukly gatnaşygyňy berkidýär. Biziň barymyz gadyrymyzyň bilinmegini isleýäris. Birine eden ýagşylygy üçin ýürekden sagbolsun aýdanyňda, bir-biriňe hasam gadyrdan bolýarsyň (Rim. 16:3, 4). Ondan başga-da, minnetdar adamlar köplenç kömek etmäge taýýar bolýar. Olar özlerine ýagşylyk edilýändigini görüp, ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap gaýtarmak isleýärler. Dogrudanam, başgalara kömek etmek bagtly edýär. Isa pygamber bu hakda şeýle diýipdi: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» (Res. 20:35).

Kaliforniýadaky bir uniwersitetde ynsanperwerlik barada barlag geçirilýär. Müdiriň kömekçisi Robert Emmons şeýle diýýär: «Ýagşylyk edýän adam bilen ony kabul edýän adamyň arasynda ýakyn gatnaşyk döreýär. Olar minnetdardygyny bir-biriniň gözünden okaýar». Biz ýaşaýşymyzyň hem-de bagtly durmuşymyzyň başgalara baglydygyny ýatdan çykarmaly däl. Mysal üçin, käbirleri iýip-içjek zatlarymyzy getirip berýär. Başgalar bolsa, saglygymyzyň aladasyny edýär (1 Kor. 12:21). Minnetdar adam özi üçin alada edýän adamlaryň gadyryny bilýär. Minnetdar bolmagy öwrenseň, kimdir biri seniň üçin bir zat edende, sagbolsun aýtmagy endik edinersiň.

ÝAŞAÝŞA BOLAN ISLEGIŇ ARTAR

Minnetdar bolmagy öwrenmegiň ýene bir peýdaly tarapy — ünsüňi erbet zatlara däl-de, gowy zatlara gönükdirmäge kömek edýär. Seniň pikirlenişiňi suw arassalaýjy enjam bilen deňeşdirse bolar. Eger sen minnetdar bolsaň, erbet pikirleri aýryp, gowy, ýakymly zatlar hakda oýlanyp başlaýarsyň. Şonda sen kynçylyklaryňa köp üns bermän, gaýtam ýagşy zatlara üns berersiň. Sen näçe minnetdar bolsaň, şonça-da gowy zatlary görmäge çalşarsyň. Bu bolsa seni hasam minnetdar bolmaga höweslendirer. Minnetdar bolmak durmuşyňy hasam manyly edýär we Pawlus resulyň aýdyşy ýaly «Hudaýa hemişe şatlyk bilen gulluk etmäge» kömek edýär (Flp. 4:4).

Minnetdar bolmak erbet pikirlerden hem goraýar. Minnetdar adam göriplik, gahar-gazap ýa-da öýke-kine ýaly häsiýetlere aňsat-aňsat özüni aldyrmaýar. Şeýle-de minnetdar adam maddy zatlara kowalaşmaýar. Ol baryna kaýyl bolýar we köp zat edinjek bolup, alada galyp ýörmeýär (Flp. 4:12).

ALÝAN BEREKETLERIŇ HAKDA OÝLAN!

Şu soňky günlerde Şeýtan her hili kynçylyklar bilen bizi ruhdan düşürjek bolýar. Eger sen erbet zatlar hakda pikirlenip, hemişe nägile bolup ýörseň, wagyz edýän adamlaryňa-da erbet täsir eder. Aslynda, minnetdarlyk Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi bilen berk baglanyşykly. Meselem, Hudaýyň edýän ýagşylyklaryna minnetdar bolanymyzda, şatlygymyz artýar we Hudaýyň wadalaryna bolan imanymyz hasam berkeýär (Gal. 5:22, 23).

Ýehowanyň gullukçysy hökmünde sen şu makalada minnetdarlyk barada aýdylýan zatlar bilen razylaşýan bolsaň gerek. Emma sen minnetdar bolmagyň hemişe aňsat däldigine düşünýänsiň. Ýöne ruhdan düşme. Sen minnetdar bolmagy öwrenip bilersiň. Nädip? Minnetdar bolmaga höweslendirýän zatlar hakda her gün oýlanmaga wagt sarp et. Näçe köp oýlansaň, şonça-da minnetdar bolmagy öwrenersiň. Bu bolsa ünsüňi kynçylyklara däl-de, durmuşyň gowy taraplaryna gönükdirmäge kömek eder. Şeýle-de Hudaýyň we başgalaryň seniň üçin edýän ýagşy işleri hakda çuňňur oýlan. Şonda sen özüňi hasam bagtly duýarsyň. Eger isleseň, şol zatlary depderçäňe ýa başga bir ýere ýazyp bilersiň. Her gün minnetdar bolmaga höweslendirýän iki ýa üç zady bellik et.

Alymlaryň aýtmagyna görä, eger biz başgalara hemişe minnetdarlyk aýtsak, pikirimiz rahatlanyp, özümizi gowy duýarys. Hawa, minnetdar adam iň bagtly adam! Alýan bereketleriň ählisi hakda minnetdarlyk bilen oýlan. Durmuşyňyzda bolan iň gowy ýatlamalary ýüregiňiziň töründe saklaň we olar hakda wagtal-wagtal oýlanyp duruň. Şonda minnetdarlygyňyz hasam artar. Durmuşyňyzda bolýan gowy zatlaryň gadyryny biliň we «Ýehowa şükür ediň, sebäbi ol ýagşydyr». Hawa, «ähli zat üçin minnetdarlyk aýdyň» (1 Tar. 16:34; 1 Sel. 5:18).