Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Şeýtan How enä «ýagşy-ýamany saýgaryş agajynyň miwesinden iýseňiz, ölmersiňiz» diýende, şu günler giňden ýaýran ölmeýän ruh baradaky ýalan taglymaty göz öňünde tutdumy?

Elbetde, ýok. Iblis How enä Hudaýyň gadagan eden agajynyň miwesinden iýse, jany ölüp, ruhy bolsa (şu günler köp adamlar ölmeýän ruhuň bardygyna ynanýar) bir ýerlerde ýaşamagyny dowam eder diýmedi. Ol ýylany ulanyp, How enä gadagan edilen agajyň miwesinden iýse, asla ölmejekdigini aýtdy. Şeýtan oňa ölmän, gaýtam ýer ýüzünde Hudaýsyz bagtly ýaşajakdygyna ynandyrdy (1 Mus. 2:17; 3:3—5).

Eger ölmeýän ruh baradaky taglymat Erem bagynda döremedik bolsa, onda bu düşünje nireden gelip çykdyka? Biz muny anyk bilmeýäris. Emma Nuhuň günlerinde bolan Tupanda ýalan sežde bilen bagly ähli zatlaryň bütinleý ýok edilendigini bilýäris. Sebäbi Tupanda diňe hak Hudaýyň gullukçysy Nuh we onuň maşgalasy diri galypdy. Ýalan sežde bilen bagly zatlar bolsa ýok bolupdy.

Diýmek, ölmeýän ruh baradaky ýalan taglymat Tupandan soň dörän bolmaly. Hudaý Wawilon diňini guran adamlaryň dilini garyşdyryp, «çar tarapa dargadanda», olar giden ýerlerinde ölmeýän ruh baradaky taglymaty ýaýradandyr (1 Mus. 11:8, 9). Bu ýalan taglymat nädip ýaýran hem bolsa, biz munuň arkasynda «ýalanyň atasy» Şeýtan Iblisiň durandygyny we bu taglymatyň giňden ýaýrandygyna onuň gaty begenýändigini bilýäris (Ýah. 8:44).