Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 52

Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň!

Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň!

«Ogullar Ýehowanyň beren mirasydyr» (Zeb. 127:3).

41-NJI AÝDYM Ýaşlygyňyzdan Ýehowa gulluk ediň

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Ýehowa ene-atalara näme ynandy?

ÝEHOWA ilkinji maşgalany çaga edinmek islegi bilen ýaratdy. Mukaddes Kitapda: «Ogullar Ýehowanyň beren mirasydyr» diýilýär (Zeb. 127:3, çykgyt). Bu sözler nämäni aňladýar? Aýdaly, dostuňyz sizden ummasyz puluny saklamagy haýyş edýär. Siz özüňizi nähili duýardyňyz? Elbetde, siz onuň ynamyny ödemek üçin eliňizde baryny ederdiňiz. Ýöne siz şonça puly nädip gorarkam diýip alada etmegiňiz mümkin. Iň gowy dostumyz Ýehowa ene-atalara puldan hem has gymmatly zady ynandy. Ol ene-atalara çagalar bagtly bolar ýaly, olary gorap, aladasyny etmek jogapkärçiligini berdi.

2. Haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

2 Çaga edinmelidigini we haçan edinmelidigini kim çözmeli? Çagalaryny bagtly ýaşatmaga ene-atalara näme kömek eder? Geliň, bu meselede är-aýallara dogry karara gelmäge kömek edýän Hudaýyň Sözündäki käbir prinsiplere seredeliň.

ÄR-AÝALLARYŇ GELÝÄN KARARYNA HORMAT GOÝUŇ

3. a) Çaga edinmek meselesinde kim karara gelmeli? b) Durmuş guranlaryň dogan-garyndaşlary we dost-ýarlary nämäni unutmaly däl?

3 Käbir ýurtlarda täze durmuş guran maşgalalardan tizräk çaga edinmegine garaşýarlar. Dogan-garyndaşlary ýa-da başga adamlar olary çaga edinmäge itermegi mümkin. Aziýada ýaşaýan Ýetro dogan: «Ýygnagymyzda käbir çagaly dogan-uýalar durmuş guranlary çaga edinmäge höweslendirýär» diýýär. Jefri dogan bolsa şeýle diýýär: «Käbir dogan-uýalar çagasyz är-aýallara garranyňyzda kim aladaňyzy eder diýýärler». Ýöne çaga edinmelidigini ýa-da edinmeli däldigini her bir maşgalanyň özi çözýär. Bu är-aýalyň öz jogapkärçiligi (Gal. 6:5, çykgyt). Elbetde, durmuş guranlaryň dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary olaryň çaga edinip, bagtly bolmagyny isleýärler. Emma olar çaga edinmek meselesinde är-aýalyň özüniň karara gelmelidigini unutmaly däl (1 Sel. 4:11).

4, 5. Durmuş guranlar haýsy iki sorag hakda oýlanmaly we bu barada haçan gürleşmeli? Düşündiriň.

4 Çaga edinmek isleýän är-aýallar esasan şu iki wajyp sorag hakda çynlakaý oýlanmaly: «Birinjiden, haçan çaga edinmeli? Ikinjiden, näçe çaga edinmeli?» Ýöne bu barada haçan gürleşmeli? Bu soraglar hakda oýlanmak näme üçin wajyp?

5 Köplenç çaga edinmek meselesi barada durmuş gurmazdan öň gürleşilse paýhasly bolýar. Näme üçin? Sebäbi oglan bilen gyz bu meselede bir pikirde bolmaly. Şeýle-de olar bu jogapkärçilige taýyndygy ýa-da däldigi hakda oýlanmaly. Käbir ýaşlar durmuş gurandan soň, azyndan birki ýyl çaga edinmeýär. Sebäbi ene-ata köp wagtyny we güýjüni çagasyna bermeli bolýar. Ine, şonuň üçinem käbir är-aýallar birnäçe wagtlap çaga edinmeýärler. Bu olara maşgala durmuşyna öwrenişmäge we biri-birine has-da ysnyşmaga kömek edýär (Efes. 5:33).

6. Şu soňky kyn günlerde käbir är-aýallar nähili karara gelýär?

6 Käbir mesihçiler Nuh pygamberiň üç oglunyň we gelinleriniň göreldesine eýerýärler. Sebäbi bu üç maşgala derrew çaga edinmändi (1 Mus. 6:18; 9:18, 19; 10:1; 2 Pet. 2:5). Isa biziň günlerimizi «Nuhuň günleri» bilen deňeşdirdi. Dogrudan-da, biz «juda kyn döwürde» ýaşaýarys (Mat. 24:37; 2 Tim. 3:1). Şonuň üçin käbir är-aýallar köpräk wagyz edip biler ýaly, asla çaga edinmezligi ýa-da soň edinmegi ýüregine düwýärler.

Paýhasly är-aýallar çaga edinmelidigi we näçe çaga edinmelidigi barada öňünden oýlanyp, «çykdajysyny hasaplaýar» (7-nji abzasa serediň) *

7. Luka 14:28, 29 we Nakyllar 21:5-däki sözler är-aýallara nädip kömek edip biler?

7 Paýhasly är-aýallar çaga edinmelidigi we näçe çaga edinmelidigi barada öňünden oýlanyp, «çykdajysyny hasaplaýar» (Luka 14:28, 29-njy aýatlary okaň). Tejribeli ene-atalar çagalary ösdürip-ýetişdirmek üçin diňe bir puluň däl-de, güýjüň hem wagtyň gerekdigine düşünýär. Şonuň üçin är-aýallar şu soraglar hakda oýlanmaly: «Maşgalamyzy eklemek üçin ikimiz hem işlemeli bolarysmy? Maşgalamyza gerekli boljak zatlar hakda pikirimiz deň gelýärmi? Eger ikimiz hem işlemeli bolsak çagalara kim sereder? Olar nähili adam bolup ýetişer?» Är-aýallar şu soraglar hakda oýlananda, Nakyllar 21:5-däki (okaň) maslahata eýerip biler.

Maşgalasyny söýýän är çagalaryna seretmäge kömek edýär (8-nji abzasa serediň)

8. Çagaly maşgalalarda nähili kynçylyklar bolup biler we maşgalasyny söýýän är näme etmeli?

8 Ene-atalaryň ikisi hem çagasyna wagtyny we güýjüni bermeli bolýar. Eger maşgalada çaga köp bolsa, olaryň her birine üns bermek ene-ata kyn bolup biler. Birnäçe kiçijik çagalary bolan är-aýallar gaty ýadaýandyklaryny aýdýarlar. Esasan-da, aýallar beden we duýgy taýdan özlerini hemişe ýadaw duýýarlar. Şol sebäpli olara şahsy okuwyny geçirmek, doga etmek hem-de wagza yzygider gatnaşmak kyn bolup bilýär. Ondan başga-da, ýygnakda ünsüni jemläp, doly peýda almak kyn bolýar. Elbetde, maşgalasyny söýýän är ýygnak duşuşyklarynda we öýünde çagalaryna seretmäge aýalyna kömekleşer. Meselem, ol öý işlerine kömek edip biler. Ol maşgala okuwyny yzygiderli geçirip, maşgalasynyň doly peýda almagy üçin elinde baryny etmeli. Şeýle-de aýalyny we çagalaryny yzygider wagza alyp çykmaly.

ÇAGALARYŇYZA ÝEHOWANY SÖÝMEGI ÖWREDIŇ

9, 10. Çagalaryna kömek etmek isleýän ene-atalar näme etmeli?

9 Ene-atalar çagalaryna Ýehowany söýmegi nädip öwredip biler? Olar çagalaryny şu dünýäniň erbet täsirinden nädip gorap biler? Geliň, käbir peýdaly maslahatlara seredeliň.

10 Ýehowadan kömek soraň. Bu babatda Şimşonyň ene-atasy gowy görelde galdyrdy. Olar oglunyň boljakdygyny bilende, çagany ösdürip-ýetişdirmek üçin, Manowa Ýehowa ýalbaryp, görkezme bermegini diledi.

11. Serdarlar 13:8-e görä ene-atalar Manowadan näme öwrenip biler?

11 Bosniýa we Gersegowinada ýaşaýan Nihad bilen Elma atly är-aýal Manowanyň göreldesine eýerdi. Olar şeýle diýýär: «Manowa ýaly, biz hem gowy ene-ata bolmak üçin Ýehowa dileg etdik. Ýehowa hem biziň doga-dilegimize Mukaddes Kitabyň, edebiýatlaryň, ýygnak duşuşyklarynyň we kongresleriň üsti bilen jogap berdi» (Serdarlar 13:8-i okaň).

12. Ýusup bilen Merýem çagalaryna nähili görelde görkezdi?

12 Göreldäňiz bilen öwrediň. Siziň aýdýan sözleriňiz wajyp, ýöne edýän hereketleriňiz çagaňyza hasam güýçli täsir edip biler. Ýusup bilen Merýem Isany hem-de beýleki çagalaryny terbiýeläp, iň gowy görelde galdyrdy. Ýusup uly maşgalasyny eklemek üçin agyr zähmet çekýärdi. Üstesine, ol öýündäkilere ruhy zatlary gymmat saýmagy öwretdi (5 Mus. 4:9, 10). Töwratdaky kanun boýunça Pasha baýramyny bellemek üçin maşgalasyny «her ýyl» Iýerusalime äkitmek talap edilmese-de, Ýusup olary yzygider alyp gidýärdi (Luka 2:41, 42). Şol döwürdäki käbir maşgalabaşylar şeýle uzak ýola gitmegi oňaýsyz hasaplap, köp wagtyňy alýar we gymmada düşýär diýip pikir edendir. Ýöne Ýusup Hudaýa sežde etmek bilen bagly işleri gymmat saýýardy we çagalaryna-da şeýle garaýyşda bolmagy öwretdi. Merýem hem Mukaddes Kitaby gowy bilýändigi üçin, çagalaryna sözleri hem hereketleri bilen Hudaýyň Sözüne hormat goýmagy öwredip bildi.

13. Bir mesihçi är-aýal Ýusup bilen Merýemiň göreldesine nädip eýerdi?

13 Ýokarda agzalan Nihad bilen Elma Ýusup bilen Merýemiň göreldesine eýermek isleýärdi. Bu olara ogluna Ýehowany söýmegi we oňa gulluk etmegi öwretmäge nädip kömek etdi? Olar şeýle diýýär: «Biz öz göreldämiz bilen oglumyza Ýehowanyň prinsipleri boýunça ýaşamagyň peýdalydygyny görkezmäge jan edýärdik». Nihad şeýle maslahat berýär: «Çagaňyzyň nähili bolmagyny isleseňiz, özüňizem şonuň ýaly boluň».

14. Ene-atalar çagalarynyň kimler bilen gatnaşýandygyny näme üçin bilmeli?

14 Çagalaryňyza gowy dost-ýarlary tapmaga kömek ediň. Ene-atalaryň ikisi-de çagalarynyň kim bilen gatnaşýandygyny we näme edýändiklerini bilmeli. Meselem, olar çagalarynyň Internet hem-de telefon arkaly kim bilen gürleşýändiginden habarly bolmaly. Sebäbi çagalaryň gatnaşýan adamlary olaryň pikirine we özüni alyp barşyna täsir edýär (1 Kor. 15:33).

15. Ene-atalar Jeýms dogandan näme öwrenip biler?

15 Eger ene-atalaryň kompýuterden ýa-da telefondan başy çykmaýan bolsa näme?! Filipinde ýaşaýan Jeýms atly dogan şeýle diýýär: «Biz elektron enjamlaryny gowy ulanyp bilmeýäris. Ýöne biz çagalarymyza elektron enjamlarynyň howply taraplary barada öwredip durýarys». Elbetde, Jeýms dogan elektron enjamlaryndan känbir başy çykmaýandygy üçin, çagalaryna ony ulanmagy gadagan etmeýär. Ol şeýle diýýär: «Men çagalaryma elektron enjamlaryny täze dil öwrenmek, ýygnaklara taýýarlanmak hem-de Mukaddes Kitaby her gün okamak üçin ulanmaga höweslendirýärin». Eger siziňem çagalaryňyz bar bolsa, olara jw.org® saýtyndaky «Ýetginjekler» diýen bölümden hat ýazyşmak we Internetde suratyny goýmak barada berilýän maslahatlara eýermegi öwredýärsiňizmi? Olar bilen «Kim hojaýyn: senmi ýa-da telefonyň?» we «Interneti paýhasly ulan!» diýen wideolary gaýtalap görüň *. Bu maglumatlaryň kömegi bilen siz çagalaryňyza elektron enjamlaryny paýhasly ulanmagy öwredip bilersiňiz (Nak. 13:20).

16. Köp ene-atalar näme etdiler we bu nähili netije berdi?

16 Köp ene-atalar çagalarynyň göreldeli dogan-uýalar bilen gatnaşyp bilmegi üçin, mümkinçilik döredýärler. Mysal üçin, Kot-d’Iwuarda ýaşaýan Deni bilen Bomina atly är-aýal köplenç etrap gözegçisini öýüne myhman alýardy. Deni şeýle gürrüň berýär: «Etrap gözegçisiniň öýümizde bolmagy oglumyza gowy täsir etdi. Ol pioner gullugyna başlady, häzirem etrap gözegçisiniň kömekçisi bolup gulluk edýär». Siz hem çagalaryňyz üçin şeýle mümkinçilik döredip bilýärsiňizmi?

17, 18. Ene-atalar çagalaryny haçandan terbiýeläp başlamaly?

17 Çagalaryňyzy kiçilikden terbiýeläň. Çaga näçe ir öwredip başlasaň, şonça-da gowy bolýar (Nak. 22:6). Geliň, Pawlus resul bilen wagyz syýahatyna giden Timoteos hakda gürrüň edeliň. Timoteosyň ejesi Ewnika we mamasy Loýis ony «bäbeklikden» terbiýeläp başlady (2 Tim. 1:5; 3:15).

18 Kot-d’Iwuarda ýaşaýan başga bir är-aýal bolsa, alty sany çagasyna Ýehowany söýüp, oňa gulluk eder ýaly terbiýe berýär. Olara näme kömek edýärkä? Olar Ewnika bilen Loýisiň göreldesine eýerýärler. Bu är-aýal şeýle diýýär: «Çagalarymyzyň doglanyna biraz wagt geçensoň, Hudaýyň Sözüni olaryň aňyna hem ýüregine guýup başladyk» (5 Mus. 6:6, 7).

19. Hudaýyň Sözüni çagalaryň «aňyna, ýüregine guýmak» nämäni aňladýar?

19 Ýehowanyň Sözüni çagalaryň «aňyna, ýüregine guýmak» nämäni aňladýar? Guýmak diýen söz öwretmegi hem-de gaýta-gaýta tälim bermegi aňladýar. Elbetde, muny etmek üçin ene-atalar kiçijik çagalaryna köp wagtyny bermeli bolýar. Çagalara şol bir zady gaýta-gaýta öwretmek käte ene-atalary gaharlandyryp hem biler. Ýöne paýhasly ene-atalar gaýtalap öwretmek bilen, çagalaryna Hudaýyň Sözüne düşünmäge hem-de şol boýunça ýaşamagy öwredip bilýärler.

Ene-atalar çagalarynyň hersine nädip terbiýe bermelidigi hakda oýlanmaly (20-nji abzasa serediň) *

20. Çagalary terbiýelemekde Zebur 127:4-däki maslahata nädip eýerip bileris?

20 Çagalaryňyzy gowy tanaň. Zebur 127-nji bapda çagalar ýaýçynyň elindäki ok bilen deňeşdirilýär (Zebur 127:4-i okaň). Oklaryň her dürli zatlardan ýasalyp, uzynlygynyň hem görnüşiniň bir-birinden tapawutlanyşy ýaly, bir maşgaladaky çagalar hem birmeňzeş bolmaýar. Şol sebäpli ene-atalar çagalarynyň her birine aýratynlykda nähili terbiýe bermelidigini bilmeli. Bir är-aýal iki çagasyny Ýehowanyň gullukçysy edip ýetişdirmäge nämäniň kömek edendigi barada şeýle diýýär: «Biz çagalarymyzyň hersi bilen aýratynlykda okuw geçdik». Elbetde, her bir maşgalabaşy çagalarynyň hersi bilen aýratynlykda okuw geçmelidigini ýa-da däldigini özi çözýär.

ÝEHOWA SIZE KÖMEK EDER

21. Ýehowa ene-atalara nädip kömek edýär?

21 Käte ene-atalara çagalaryny terbiýelemek kyn bolup biler. Emma çagalaryň Ýehowadan sowgatdygyny unutmaň. Ol size hemişe kömek etmäge taýyn. Ýehowa ene-atalaryň ýürekden edýän dileglerini ünsli diňleýär we öz Sözi, edebiýatlarymyz hem-de ýygnakdaky ruhy taýdan ösen beýleki ene-atalaryň üsti bilen dogalaryna jogap berýär.

22. Ene-atalar çagalaryna näme berip biler?

22 Käbir adamlar çagalary ösdürip-ýetişdirmek üçin azyndan 20 ýyl gerek bolýar diýýärler. Ýöne çagalar näçe ýaşasa-da, ene-atasynyň gözünde olar barybir çaga ýaly bolýar. Ene-atalaryň gyzgyn söýgüsi, wagty we Mukaddes Kitaba esaslanyp beren terbiýesi çagalaryna berip biljek iň gowy zatlarynyň biridir. Elbetde, berilýän terbiýä her çaga her hili seslenýär. Emma Ýehowany söýýän ene-atanyň elinde ulalan çagalaryň köpüsi özlerini Aziýada ýaşaýan Joanna Maýe uýa ýaly duýýarlar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Yzyma ser salanymda, ene-atamyň meni şeýdip terbiýeländigine we Ýehowany ýürekden söýmegi öwredendigine minnetdarlygymyň çägi bolmaýar. Olar meni ýöne bir dünýä indermän, manyly durmuşy sowgat berdiler» (Nak. 23:24, 25). Millionlarça dogan-uýalar hem Maýe uýanyň aýdan sözlerine goşulýarlar.

9-NJY AÝDYM Ýehowa alkyş aýdalyň!

^ abzas 5 Mesihçi är-aýallar çaga edinmelimi? Eger çagalarynyň bolmagyny isleýän bolsalar, näçe çaga edinmeli? Çagalaryna Ýehowany söýmegi we oňa gulluk etmegi nädip öwretmeli? Bu soraglaryň jogabyny şu makalada agzalýan göreldeli ene-atalaryň aýdan sözlerinden we Mukaddes Kitapdaky prinsiplerden taparys.

^ abzas 15 «Ýaşlaryň sowallary — Peýdaly maslahatlar» kitabynyň I tomunyň 36-njy babyna we II tomunyň 11-nji babyna serediň.

^ abzas 60 SURAT: Mesihçi är-aýal çagalary dünýä inse, şatlygynyň hem jogapkärçiliginiň boljakdygy hakda oýlanýar.

^ abzas 64 SURAT: Bir ene-ata çagalarynyň ýaşyna hem ukybyna görä, hersi bilen aýratynlykda okuw geçýär.