Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Mukaddes Kitapda: «Her bir mesele iki ýa üç şaýadyň sözi bilen tassyklanmaly» diýilýär (4 Mus. 35:30; 5 Mus. 17:6; 19:15; Mat. 18:16; 1 Tim. 5:19). Emma Töwrat kitabynda aýdylmagyna görä, eger bir adam başga biriniň adaglysyny «çola ýerde» tutup zorlasa, gyz gygyrandygy üçin günäsiz, erkek adam bolsa günäli hasaplanýardy. Ýöne gyzyň zorlanandygyny gören şaýat bolmasa, näme üçin ony zorlan adam günäkär hasaplanýar?

5 Musa 22:25—27-nji aýatlardaky kanunyň esasy maksady erkek adamyň günäkärdigini subut etmek däldi, sebäbi ol şonsuzam günäkär hasaplanýardy. Bu kanun gyzyň ar-namysyny goramaga ýardam edýärdi. Geliň, bu waka giňişleýin seredeliň.

Şu aýadyň öňündäki aýatlarda erkek adamyň «şäherde» başga biriniň adaglysy bilen ýatandygy hakda aýdylýar. Şeýtmek bilen, şol adam zyna etmekde günäkärlenýärdi. Sebäbi adaglanan gyz eýýäm durmuşa çykan ýaly hasaplanýardy. Şeýle ýagdaýda gyza günä etdi diýse bolarmy? Hawa, sebäbi «gyz şäherde bolsa-da, kömek sorap gygyrmady». Eger ol gygyran bolsa, adamlar onuň sesini eşidip, kömege ýetişip bilerdi. Görşümiz ýaly, gyz gygyrmandygy üçin, ahlaksyzlyk eden ýaly hasaplanyp, oňa we erkek adama jeza berilýärdi (5 Mus. 22:23, 24).

Töwratda başga bir ýagdaý hem beýan edilýär: «Emma bir adam başga biriniň adaglysyny çola ýerde tutup zorlasa, gyzyň namysyna degen adamy öldüriň. Gyza degmäň, ölüme höküm etmäň, sebäbi ol günä etmedi. Zorlanan gyzyň ýagdaýy ganhoryň elinden ölen adamyň ýagdaýy ýalydyr. Ol adam adaglanan gyzy çola ýerde zorlady, gyz gygyrsa-da, dadyna ýetişjek ýokdy» (5 Mus. 22:25—27).

Şeýle ýagdaýda kazylar gyz maşgala ynanýardy. Näme üçin? Sebäbi ol «gygyrsa-da, dadyna ýetişjek ýokdy». Şeýlelikde, gyz ahlaksyzlyk etmekde aýyplanmaýardy. Adaglanan gyzy «çola ýerde» zorlap, namysyna degen adam bolsa günäli hasaplanýardy.

Elbetde, bu kanunyň esasy maksady gyzyň arassadygyny subut etmek bolsa-da, şol bir wagtda zorlan we ahlaksyzlyk eden erkek adama adalatly höküm çykarmakdy. Hawa, biz şol döwürdäki kazylaryň meseläni «sorap-idäp, anygyna ýetendigine» hem-de Hudaýyň gaýta-gaýta beren aýdyň kada-kanunlary esasynda höküm çykarandygyna ynamly bolup bileris (5 Mus. 13:14; 17:4; 2 Mus. 20:14).