Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýadyňyzdamy?

Ýadyňyzdamy?

2020-nji ýylyň «Garawul diňi» žurnalyna esaslanan aşakdaky soraglara jogap berip bilersiňizmi?

Biz saýlananlara nähili garamaly?

Biz berk imanly saýlanan mesihçileri gowy görýäris, ýöne olary çendenaşa başga dogan-uýalardan ýokary tutmaýarys. Biz «başgalara ýaranjaňlyk etmeýäris» (Ýahd. 16). Biz saýlananlara gökdäki ýaşaýşa bolan umydy hakda ýerliksiz soraglary bermeýäris (w20.01 sah. 29).

Size Ýehowanyň üns berýändigini nämeden görse bolýar?

Mukaddes Kitapda Ýehowanyň dogulmazyňyzdan öň hem üns berýändigi aýdylýar. Ol her biriňiziň doga-dilegleriňizi diňleýär. Allatagala siziň ýüregiňizi görýär we pikirleriňizi bilýär. Ol siziň hereketleriňize üns berýär (1 Tar. 28:9; Nak. 27:11). Hudaý siz bilen dostlaşmaga taýyn (w20.02 sah. 12).

Biz haçan geplemeli we haçan dymmaly?

Biz Ýehowa hakda gürrüň bermäge hemişe taýyn. Biz dogan-uýalaryň erbet ýoldan gidýändigini görenimizde hem dymmaýarys. Ýygnak ýaşululary dogan-uýalara maslahat gerek bolanda dymmaly däl. Wagyz işi gadagan edilen ýurtlarda nädip wagyz edilýändigi hakda aýtmaýarys (soraglary bermeýäris). Syr bolup galmaly zatlary aýdyp ýöremeýäris (w20.03 sah. 20, 21).

Ýowel 2-nji bapda we Ylham 9-njy bapda agzalýan çekirtgeleriň nähili tapawudy bar?

Ýowel 2:20—29-njy aýatlarda aýdylyşy ýaly, Ýehowa wepaly halkyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin çekirtgeleri kowýar. Şondan soň Hudaý halkyna mukaddes ruhuny inderýär. Şeýle-de Ýoweliň pygamberligi wawilonlylar ysraýyllara hüjüm eden döwri ýerine ýetdi. Ylham 9:1—11-nji aýatlarda aýdylýan çekirtgeler saýlanan mesihçileri aňladýar. Olar Hudaýyň zalym dünýä çykaran hökümini yglan edýärler. Olaryň aýdýan höküm habary dünýäni goldaýan adamlara ýaramaýar (w20.04 sah. 3—6).

Şu günler demirgazyk patyşasy kim?

Russiýa we onuň tarapdarlary. Olar Hudaýyň halkynyň wagyz işini gadagan edýär we müňlerçe dogan-uýalary yzarlaýar. Demirgazyk patyşasy günorta patyşasyna garşy gidýär (w20.05 sah. 13).

«Ruhuň miwesine» diňe Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlarda aýdylýan häsiýetler degişlimi?

Elbetde, ýok. Biz mukaddes ruhuň kömegi bilen dogruçyllyk ýaly başga-da köp häsiýetleri hem ösdürip bilýäris (Efes. 5:8, 9) (w20.06 sah. 17).

Sosial ulgamlaryny ulananymyzda näme üçin goýýan suratlarymyza, wideolarymyza we ýazýan hatlarymyza ünsli bolmaly?

Biziň goýýan zatlarymyz özümize ýokary baha berýändigimizi, pesgöwünli däldigimizi aňladyp biler (w20.07 sah. 6, 7).

Mesihçiler ökde balykçylardan näme öwrenip bilerler?

Ökde balykçylar balygy nirede we haçan tutmalydygyny gowy bilýärler. Olar balyk tutýan gurallary ökdelik bilen ulanýarlar. Şeýle-de balykçylar batyrgaý bolmaly. Sebäbi käte deňizde duýdansyz harasat turýar. Biz hem wagyzda balykçylar ýaly bolmaly (w20.09 sah. 5).

Okuw geçýänlere Allatagalany ýürekden söýmäge nädip kömek etmeli?

Biz okuw geçýänlerimizi her gün Mukaddes Kitaby okamaga, oýlanmaga höweslendirmeli we doga etmegi öwretmeli (w20.11 sah. 4).

Pawlus resul «Mesih arkaly-da hemmeler ýaşarlar» diýende kimleri göz öňünde tutdy? (1 Kor. 15:21, 22).

Pawlus resul gökde ýaşamak üçin ähli ölen adamlaryň direldiljekdigini aýtmady. Ol «Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde mukaddes edilen» saýlanan mesihçileri göz öňünde tutdy (1 Kor. 1:2; 15:18) (w20.12 sah. 5, 6).

Saýlanan mesihçiler gökde näme ederler? (1 Kor. 15:51—53).

Olar Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda halklary demir hasa bilen bakarlar (Ylh. 2:26, 27) (w20.12 sah. 12, 13).