Okyjylaryň sowallary
Nakyllar 24:16-da: «Dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerinden turýar» diýilýär. Şu aýat gaýta-gaýta günä edýän adamy Hudaýyň bagyşlaýandygyny aňladýarmy?
Ýok! Aslynda şu aýatda başga zat hakynda gürrüň edilýär. Adamyň kynçylyklara ýa-da betbagtçylyklara duşanda «ýykylýandygyny», olara döz gelende bolsa «ýerinden turýandygyny» aňladýar.
Geliň, Nakyllar 24:15—17-nji aýatlara üns bereliň: «Erbet adamlar ýaly, dogruçylyň öýüniň golaýynda bukuda ýatma, asuda ojagyny ýykma. Dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerinden turýar, erbetler bolsa bela-beteriň içine taýyp gidýär. Duşmanyň ýykylanda begenme, büdrände ýüregiňde şatlanma».
Käbir adamlar Nakyllar 24:16-a şeýle düşünýärler: «Toba edýän adamlary Allatagala bagyşlaýar». Iki ruhany şu aýat hakda şeýle belläp geçýär: «Gadymky we häzirki dindarlar aýady şeýle düşündirýärler: „Ýagşy adam hem agyr günäleri edip ýykylýar, ýöne toba etse, Allatagalanyň razylygyny gazanyp, ýerinden turýar“». Şeýle pikiri ynanýan adamlar günäli işlerden el çekeýin hem diýmeýär. Olar gaýta-gaýta günä etseler-de, Allatagalanyň bagyşlajakdygyna ynanýarlar.
Ýöne Nakyllar 24:16-da düýbünden başga zat hakda aýdylýar.
16, 17-nji aýatlardaky «ýykylmak» ýa-da «ýykylýar» diýen sözleriň dürli-dürli manysy bar. Meselem, öküz ýolda ýykylyp bilýär, kimdir biri üçekden ýykylyp bilýär ýa-da agaç ýykylyp bilýär (5 Mus. 22:4, 8). Ýykylmak sözi göçme manyda-da ulanylýar. Zebur 37:23, 24-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Ýehowa ynsanyň ýöreýän ýolundan razy bolsa, onuň ädimlerini ugrukdyrar. Ol büdrese-de, ýykylmaz, sebäbi Ýehowa elinden tutar» (Nak. 11:5; 13:17; 17:20).
Mukaddes Kitaby öwrenýän alym Edward Plampteriň aýtmagyna görä, «ýykylmak» diýen ýewreý sözüniň günä bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Başga bir alym bolsa 16-njy aýady şeýle düşündirýär: «Hudaýyň halkyna zyýan ýetirmegiň bary biderekdir. Sebäbi dogruçyl adamlar aman galar, günäkärler bolsa heläk bolar».
Diýmek, Nakyllar 24:16-daky «ýykylmak» diýen söz adamyň günä etmegini däl-de, kynçylyklarda, synaglarda ýa-da betbagtçylyklarda gaýta-gaýta ruhdan düşmegini aňladýar. Şeýtanyň zalym dünýäsinde hudaýhon adamlar keselçilik ýa-da başga kynçylyklara döz gelmeli bolýarlar. Mundan başga-da olar hökümet tarapyndan güýçli yzarlanýarlar. Ýöne olar Hudaýa bil baglaýandygy üçin her bir kynçylyga döz gelip biljekdiklerine ynanýarlar. Görşümiz ýaly, Ýehowanyň halky ýykylsa-da, ýerinden galyp, şatlanyp bilýär. Näme üçin? Sebäbi «Ýehowa ýykylanlary galdyrýar, bili bükülenleriň daýanjy bolýar» (Zeb. 41:1—3; 145:14—19).
Elbetde, dogruçyl adamlar başgalaryň kynçylyk çekýändigini görende begenmeýärler. Olar «diňe hak Hudaýdan gorkýan» we oňa «çuňňur hormat goýýan» adamlar üçin begenýärler (Nes. 8:11—13; Eýp. 31:3—6; Zeb. 27:5, 6).