Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 52

Siz göwnüçökgünligi ýeňip bilersiňiz!

Siz göwnüçökgünligi ýeňip bilersiňiz!

«Gaýgy-aladaňy Ýehowa tabşyr, ol seniň arkadaýanjyň bolar» (Zeb. 55:22).

33-NJI AÝDYM Ýüküňi Ýehowa tabşyr

MAZMUNY *

1. Göwnüçökgünlige düşen adamyň ýagdaýy nähili bolýar?

ŞU GÜNLER her bir adamyň öz derdi özüne ýetik. Ýöne adam kynçylyklara döz geljek bolup jan edýär. Göwnüçökgünlige düşýän adam durmuşdan doýup, hiç zat edesi gelmez. Hudaýyň halky hem göwnüçökgünlige düşse, gam-gussa batýar, ejizleýär we özüne bolan ynamy gaçýar. Nakyllar 24:10-da şeýle diýilýär: «Kyn günüňde ruhdan düşseň, göreşmäge güýjüň bolmaz». Hawa, göwnüçökgünlik adamyň bar güýjüni alýar, kynçylyklar bilen göreşmäge ysgyn-mydary galmaýar.

2. Biz näme sebäpden göwnüçökgünlige düşýäris we şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Käte biz öz-özümiz bilen göreşmeli bolýarys, käte daş-töwerekde bolýan kynçylyklar sebäpli göwnüçökgünlige düşýäris. Kimdir biri ejizliginden, keselden kösenýär, kimdir biri goýberen ýalňyşyna ökünýär, käbiri bolsa ýyllar boýy arzuw eden borjuna ýetmän gynanýar. Käbirleri adamlaryň hoş habara seslenmeýändigi üçin göwnüçökgünlige düşýärler. Şu makalada göwnüçökgünligi ýeňmäge kömek edýän maslahatlar hakda gürrüň ederis.

EJIZLIK WE YNAMSYZLYK BILEN GÖREŞIŇ

3. Bize ejizliklerimize dogry garaýyşda bolmaga näme kömek edýär?

3 Biz erbet gylyk-häsiýetlerimiz we ejizliklerimiz sebäpli göwnüçökgünlige düşüp bileris. Hatda Ýehowa bizi täze dünýäde ýaşamaga mynasyp görmeýändir öýtmegimiz mümkin. Şeýle pikirler sebäpli biz öz-özümizi günäkärläp bileris. Ýöne şeýle pikir etmek dogrumy? Ýok! Mukaddes Kitapda adamlaryň «ählisi günä edýär» diýilýär (Rim. 3:23). Ýehowa doňýürek, talapkär, adamlaryň ýagdaýyna düşünmeýän Hudaý däl. Ol aladaçyl, söýgüden doly, sabyrly Hudaýdyr. Ol adamlaryň öz üstünde işleýändigini, goýberen ýalňyşlyklaryny düzetmek üçin jan edýändigini görýär we hemişe olara kömek etmäge taýyn (Rim. 7:18, 19).

Ýehowa her bir edýän ýagşy işimizi görýär (5-nji abzasa serediň) *

4, 5. 1 Ýahýa 3:19, 20-nji aýatlar uýalara nädip kömek etdi?

4 Geliň, Debbi we Mowana * bilen bolan wakalar hakda bileliň. Debbi çagalykdan ene-atasynyň we dogan-garyndaşlarynyň söýgüsini duýmaýar. Ony känbir öwmeýärler. Şol sebäpli ol özüni ynamsyz duýýar. Ol kiçijik ýalňyşlyk goýberende: «Menden adam bolmaz» diýip, özüni günäkärleýän ekeni. Şeýle ýagdaýy Mowana hem başdan geçirýär. Dogan-garyndaşlary ony kemsidip, üstünden gülýär. Şonuň üçin ol özüni derde ýaramaýan adam hasaplaýar. Mowana Ýehowanyň Şaýady bolýar, emma ol özüni Ýehowanyň adyny götermäge mynasyp görmeýär.

5 Ýöne uýalar Ýehowa ýürekden gulluk etdiler. Näme üçin? Uýalar Ýehowa doga-dileg edip, ähli derdini aýtdylar (Zeb. 55:22). Olar mähirden doly Ýehowanyň adamlaryň özüne bolan ynamsyzlygyna düşünýändigine we çekýän dertlerini bilýändigine göz ýetirdiler. Şeýle-de Ýehowa bizi özümizden hem gowy tanaýar, hatda kalbymyzdaky ýagşy zatlary görýär (1 Ýahýa 3:19, 20-nji aýatlary okaň).

6. Erbet endikleri bilen göreşýän adam özüni nähili duýmagy mümkin?

6 Adam ganyna siňen erbet endikleri bilen göreşip bilmän, göwnüçökgünlige düşýär. Elbetde, adamyň eden ýalňyşlygy üçin özüni günäkärlemegi adaty zat (2 Kor. 7:10). Ýöne biz özümizi çendenaşa ýazgaryp: «Men hiç haçan düzelmerin. Ýehowa meni hiç wagt bagyşlamaz» diýmeli däl. Eger şeýle pikir etsek, hakykat ýolundan sowlup, Ýehowa bilen dostlaşyp bilmeris. Nakyllar 24:10-daky şu sözleri unutmalyň: «Kyn günüňde ruhdan düşseň, göreşmäge güýjüň bolmaz». Şol sebäpli biz Ýehowadan rehimdarlyk sorap, doga-dileg etmeli we ýakyndan dostlaşmaly (Işa. 1:18). Ýehowa biziň ýürekden toba edýändigimizi görüp bagyşlar. Biz ýaşululardan hem kömek soramaly. Olar bize sabyrlylyk bilen aýaga galmaga kömek ederler (Ýak. 5:14, 15).

7. Biz ýalňyzlyk goýberenimizde näme üçin ruhdan düşmeli däl?

7 Fransiýada ýaşaýan Žan-Lýuk ýaşuly dogan şeýle gürrüň berýär: «Biziň hemmämiz ýalňyşýarys. Ýöne Ýehowa eden günäsine ökünip, toba edýän adamy dogruçyl hasaplaýar» (Rim. 7:21—25). Şol sebäpli siz erbet endikleriňiz bilen göreşeniňizde özüňizi çendenaşa günäkärlemeli däl. Hawa, biziň ählimiz ýalňyşlyk goýberýäris we hiç haçan öz güýjümiz bilen dogruçyl adam bolup bilmeýäris. Ýöne Ýehowanyň beren töleg gurbanyna iman etsek, dogruçyl adam bolup bileris (Efes. 1:7; 1 Ýah. 4:10).

8. Biz göwnüçökgünlige düşenimizde kimden kömek soramaly?

8 Dogan-uýalardan kömek soraň. Eger biz gaýgy-aladalarymyzy dogan-uýalara aýtsak, olar bizi diňlärler we ýagşy sözler aýdyp göwünlik bererler (Nak. 12:25; 1 Sel. 5:14). Nigeriýada ýaşaýan Joý uýa göwnüçökgünlikden ýaňa ejir çekýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalar bolmasa nämeler ederdim! Ýehowa dogan-uýalar arkaly meniň dogalaryma jogap berýär. Men olardan göwnüçökgünlige düşen dogan-uýalary goldamagy öwrendim». Eger dogan-uýalara gaýgy-aladamyzy, derdimizi aýtmasak, olar ýagdaýymyzy nädip bilsin?! Nädip kömek etsin?! Şol sebäpli imany berk dogan-uýalara derdimizi aýtmaly we olardan kömek soramaly.

HASSALYK DERDINE DÖZ GELIŇ

9. Zebur 41:3 we 94:19-njy aýatlar bize nädip teselli berýär?

9 Ýehowadan kömek soraň. Köp ýyldan bäri agyr keselden ejir çekýän adamlar derrew göwnüçökgünlige düşýärler. Şu günler Ýehowa adamlary keselinden sagaltmaýar, ýöne döz geler ýaly güýç hem göwünlik berýär (Zebur 41:3 we 94:19-njy aýatlary okaň). Meselem, Ýehowa dogan-uýalary öýümiziň işlerine kömekleşmäge we bazardan gerek-ýarak zatlary almaga ýa-da biziň bilen doga-dileg etmäge höweslendirer. Şeýle-de Ýehowa Mukaddes Kitapdan teselli beriji aýatlary ýadymyza salar we keselsiz, kynçylyksyz täze dünýäde ýaşajakdygymyzy ýatladar (Rim. 15:4).

10. Isak dogana göwnüçökgünlige düşmezlige näme kömek etdi?

10 Nigeriýada ýaşaýan Isak doganyň başyna agyr günler indi. Lukman oňa hiç haçan ýöräp bilmejekdigini we bütin ömrüne ysmaz bolup galjakdygyny aýtdy. Isak: «Men erbet habary eşidenimde doňup galdym, dünýäm daraldy» diýýär. Isak özüni ele aldymy? Hawa! Oňa näme kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Aýalym ikimiz her gün Ýehowa doga-dileg edýärdik, Mukaddes Kitaby okaýardyk. Şeýle-de biz Ýehowanyň ähli bereketlerini ýekän-ýekän sanaýardyk we täze dünýäde ýaşamaga umyt berendigine minnetdardyk».

Ýarawsyz dogan-uýalar yhlasly wagyz edip, bol bereketleri alýarlar (11—13-nji abzaslara serediň)

11. Sindi agyr kesellese-de, oňa şatlanmaga näme kömek etdi?

11 Meksikada ýaşaýan Sindi uýa agyr keseliniň bardygyny anyklaýar. Oňa keseline döz gelmäge näme kömek edýär? Sindi bejergi alýan wagty her gün wagyz etmegi maksat edinýär. Ol şeýle ýazýar: «Indi men operasiýa, agyrylarym, keselim hakda däl-de, adamlara wagyz etmek barada oýlanýaryn. Men lukmanlara, şepagat uýalaryna şeýle sorag berýärin: „Ýagdaýlaryňyz gowumy? Öý-içeriňiz gurgunçylykmy? Näme üçin şu käri saýladyňyz?“ Olary ünsli diňläp, haýsy temanyň gyzykly boljakdygyny, näme hakda gürrüň etmelidigini bilýärin. Olaryň köpüsi: „Syrkawlar biziň hal-ýagdaýymyzy känbir soramaýarlar“ diýip, maňa minnetdarlyk bildirýärler. Käbirleri bolsa öý salgysyny we telefon nomerini berýär. Durmuşymyň agyr günlerinde Ýehowa maňa güýç-kuwwat hem şatlyk berýär!» (Nak. 15:15).

12, 13. Ýarawsyz dogan-uýalar nädip wagyz edip bilýärler we netijesi nähili bolýar?

12 Agyr keselden ejir çekýän dogan-uýalar köpräk wagyz edip bilmeýändikleri üçin ruhdan düşýärler. Emma olaryň köpüsi wagyz etmäge mümkinçilik tapýarlar. Meselem, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşan Lorel uýa dem almak üçin demir apparatyň içinde 37 ýyllap ýatmaly boldy. Onuň rak hem deri keseli bardy we birnäçe agyr operasiýalary geçirdi. Uýa agyr keseline garamazdan, adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etdi. Öýüne gelen lukmanlara, şepagat uýalaryna wagyz edýärdi. Uýa 17-ä golaý adama Ýehowanyň Şaýady bolmaga kömek etdi.

13 Fransiýada ýaşaýan Riçard ýaşuly dogan öýünden hiç ýere çykyp bilmeýän ýa-da hassahanada ýatan dogan-uýalara şeýle maslahat berýär: «Olar ýanyna birnäçe kitap we žurnallary alsa gowy bolar. Adamlar kitaplary, žurnallary görüp gyzyklanarlar we wagyz etmäge mümkinçilik bolar. Şonda öýden-öýe wagyz edip bilmeýän dogan-uýalar şatlyk taparlar hem ruhlanarlar». Şeýle-de keselçilik sebäpli öýünden çykyp bilmeýän dogan-uýalar hat ýazyp ýa-da telefon arkaly wagyz edip bilýärler.

HORMATLY BORÇ BERILMESE GYNANMAŇ

14. Dawut patyşa nähili gowy görelde galdyrdy?

14 Belki-de, biz garrylyk, keselçilik ýa-da başga sebäplere görä arzuw eden borjumyzy ýerine ýetirip bilmeris. Şeýle ýagdaýda bize Dawut patyşanyň galdyran göreldesi kömek eder. Ol Ýehowa üçin ybadathana gurmagy arzuw edýärdi. Emma Allatagala ybadathanany Dawudyň däl-de, oglunyň gurjakdygyny aýtdy. Dawut patyşa muny eşidende iki elläp goldady we ybadathananyň gurluşyk işine gerek-ýarak zatlary, altyn-kümşi jomartlyk bilen berdi. Gör, nähili ajaýyp görelde! (2 Şam. 7:12, 13; 1 Tar. 29:1, 3—5).

15. Tego göwnüçökgünligi ýeňmek üçin näme etdi?

15 Fransiýaly Tego dogan ýarawsyzlygy sebäpli ýygnak ýaşulusy bolup gulluk etmegini goýmaly bolýar. Hatda ol öýüň içinde ýönekeýje işleri-de edip bilmeýär. Tego şeýle gürrüň berýär: «Ilki men özümi hiç zady başarmaýan, dereksiz adam duýup, göwnüçökgünlige düşdüm. Emma kem-kemden özümi ele aldym we başaryp bilýän işlerimi edip başladym. Şonda men Ýehowa gulluk etmek üçin elimde baryny edip bilýändigime begendim. Gedeýon bilen 300 esgeri ýadaw bolsalar-da söweşdiler we ýeňiş gazandylar. Men hem gol gowşuryp oturmazlygy ýüregime düwdüm» (Ser. 8:4).

16. Biz perişdeleriň göreldesinden näme öwrenip bileris?

16 Ýehowanyň wepaly perişdeleri hem bize gowy görelde bolýarlar. Bir güni Ýehowa perişdelerinden zalym Ahap patyşanyň niýetini puja çykarmak üçin kimiň gidip biljekdigini soraýar. Allatagala birnäçe perişdeleriň pikirini diňleýär. Soňra bir perişdä Ahap patyşany aldawa salmagy tabşyrýar (1 Pat. 22:19—22). Şonda beýleki perişdeler gynandylarmy? Perişdeleriň biri: «Biderek ýere gelipdirin. Biderek wagtym gitdi» diýdimikä? Ýok! Perişdeler pesgöwünlilik bilen Ýehowany şöhratlandyrmak isleýärler (Ser. 13:16—18; Ylh. 19:10).

17. Jogapkärli borç berilmedik ýagdaýynda göwnüçökgünlige düşmez ýaly näme etmeli?

17 Ýehowanyň Şaýady bolmak we Patyşalyk barada hoş habary wagyz etmek uly hormat. Bu gün biziň hormatly borjumyz bar, ertir ýok. Ýöne Ýehowa bizi borjumyza görä söýmeýär. Ol biziň pesgöwünli bolmagymyzy isleýär. Şonda bizi hem Ýehowa, hem dogan-uýalar söýerler. Şol sebäpli pesgöwünli bolmak üçin Ýehowadan kömek soraň. Mukaddes Kitapda Hudaýa pesgöwünlilik bilen gulluk eden hudaýhon adamlar barada okaň. Dogan-uýalara kömek etmäge taýyn boluň (Zeb. 138:6; 1 Pet. 5:5).

WAGYZ ETMEK YHLASYŇYZ OT KIMIN TUTAŞSYN

18, 19. Adamlar hoş habary diňlemeseler-de nädip şatlyk bilen wagyz edip bileris?

18 Belki-de, siz adamlaryň hoş habary diňlemeýändigi ýa-da olary öýünde tapyp bilmeýändigiňiz üçin göwnüçökgünlige düşýänsiňiz. Şeýle ýagdaýlara garamazdan şatlanmaga näme kömek eder? Bu babatda « Şatlyk bilen wagyz etmegiň ýollary» atly çarçuwadan käbir maslahatlary okap bilersiňiz. Haçan hem bolsa bir güni adamlaryň hoş habary diňlejekdiklerine umyt ediň. Munuň üçin näme etmeli?

19 Biziň maksadymyz — Ýehowany tanatmak we Patyşalygy barada wagyz etmek. Isa pygamber «ebedi ýaşaýşa eltýän... ýoly» az adamyň tapjakdygyny açyk aýtdy (Mat. 7:13, 14). Biz Ýehowa Hudaý, Isa Mesih we perişdeler bilen eginme-egin işleşýäris (Mat. 28:19, 20; 1 Kor. 3:9; Ylh. 14:6, 7). Ýehowa akýürekli adamlara hakykaty mälim eder (Ýah. 6:44). Şu gün hoş habary diňlemeýän adamlar, belki-de, başga bir güni diňlär.

20. Ýermeýa 20:8, 9-njy aýatlar göwnüçökgünlige düşmez ýaly nädip kömek edýär?

20 Ýermeýa pygamber yhlasly wagyz edip, bize gowy görelde galdyrdy. Allatagala oňa doňýürek adamlara wagyz etmegi tabşyrdy. Olar pygamberi hemişe «kemsidýärdiler», üstünden gülýärdiler (Ýermeýa 20:8, 9-njy aýatlary okaň). Ýermeýa halys ýadap, Ýehowanyň adyndan wagyz etmezligi ýüregine düwýär. Ýöne pygamber dymyp bilmeýär. Näme üçin? Sebäbi «Allanyň sözi» pygamberiň ýüreginde ot kimin tutaşýar welin, ýene-de wagyz edip başlaýar. Eger biz hem Mukaddes Kitaby her gün okasak we oýlansak, Hudaýyň Sözi ýüregimizde ot bolup tutaşar, wagyz etmekden hiç haçan ýadamarys. Şeýlelikde, biz yhlasly we şatlyk bilen wagyz ederis (Ýer. 15:16).

21. Göwnüçökgünligi ýeňmäge näme kömek edýär?

21 Debbi uýa şeýle gürrüň berýär: «Göwnüçökgünlik Şeýtanyň ökdelik bilen ulanýan ýaraglarynyň biri». Emma Ýehowa Şeýtandan we onuň ähli ýaraglaryndan güýçlüdir. Eger siz hem göwnüçökgünlige düşseňiz, Ýehowadan kömek soraň. Ol siziň goýberýän ýalňyşyňyza, ejizligiňize düşünýär. Ol kesel wagtyňyz size güýç berýär. Siz arzuw edýän borjuňyza ýetip bilmeseňiz-de, adamlar aýdýan hoş habaryňyzy diňlemeseler-de, Ýehowa siziň gadyryňyzy bilýär. Şeýle-de gaýgy-aladalaryňyzy, derdiňizi Ýehowa Hudaýa gürrüň beriň. Ýehowanyň kömegi we goldawy bilen göwnüçökgünligi ýeňip bilersiňiz!

41-NJI AÝDYM Dilegimi eşit

^ par. 5 Käte biziň ählimiz göwnüçökgünlige düşýäris. Şu makalada haýsy ýagdaýlar sebäpli göwnüçökgünlige düşýändigimiz we Ýehowanyň kömegi bilen nädip ýeňip bolýandygy hakda gürrüň ederis.

^ par. 4 Käbir atlar üýtgedildi.

^ par. 68 SURAT: uýa göwnüçökgünlige düşende Ýehowa doga edýär, wagyz eden günlerini ýatlaýar. Ol eden ýagşy işlerini Ýehowanyň hiç haçan unutmajakdygyna ynanýar.