Ýadyňyzdamy?
2021-nji ýylyň «Garawul diňi» žurnalyna esaslanan aşakdaky soraglara jogap berip bilersiňizmi?
Ýakup 5:11-de aýdylyşy ýaly, Ýehowanyň «örän mähirli we rehimdar Hudaýdygyny» bilmek bize nädip göwünlik berýär?
Ýehowa rehimdar Hudaý bolandygy üçin günälerimizi ýürekden bagyşlaýar. Şeýle-de Ýakup 5:11-e görä, Ýehowa bizi mähirli söýgüsi bilen çoýýar. Biz mähriban Hudaýymyzyň göreldesine eýermeli (w21.01 sah. 21).
Ýehowa näme üçin baştutanlary belledi?
Ýehowa ýaradanlarynyň aladasyny etmek üçin baştutanlary belledi. Baştutanlar Ýehowanyň halkynyň arasynda parahatlygyň we tertip-düzgüniň bolmagyna ýardam edýärler. Eger baş bolsa, eden-etdilik we agzalalyk bolmaz. Belli bir karara gelmek we oňa eýermek aňsat bolar (w21.02 sah. 3).
Hat ýazyşmak üçin niýetlenen programmalary ulananymyzda näme üçin seresap bolmaly?
Hat ýazyşmak üçin niýetlenen programmalar arkaly gowy dost tapmak kyn bolar. Käbirleri hat ýazyşmak üçin niýetlenen programmalarda ýüzlerçe we müňlerçe adamdan ybarat toparlary döredýärler. Biz toparlara goşulmakdan seresap bolmaly (1 Tim. 5:13). Biz bir wakany ulaldyp ýa-da ýoýup aýtmaly däl we ýalan habarlary ýaýratmaly däl. Şeýle-de hat ýazyşmak üçin niýetlenen programmalar arkaly dogan-uýalardan peýdalanyp, gazanç etjek bolmaly däl. Söwda-satyk işlerini Ýehowa edilýän sežde bilen garyşdyrmaly däl (w21.03 sah. 31).
Ýehowa Oglunyň jebir-jepa çekip ölmegine näme üçin ýol berdi?
Birinjiden, Isanyň pürse çüýlenmegi ýehudylary näletden azat etdi (Gal. 3:10, 13). Ikinjiden, Hudaý Isany baş ruhany wezipesine taýýarlady. Üçünjiden, «adam agyr synagda Hudaýa wepaly bolup bilermi?» diýen wajyp soraga jogap berildi (Eýp. 1:9—11) (w21.04 sah. 16, 17).
Wagyz edenimizde adamlary öýünde tapmak kyn bolsa näme etmeli?
Adamlaryň öýünde bolýan wagty barmaly. Öýünde tapdyrmaýan adamlar bilen gürrüňdeş bolmak üçin dürli-dürli ýerlerde wagyz etmeli. Şeýle-de wagyz ediş usullarymyzy üýtgetmeli. Meselem, olara hat ýazyp bileris (w21.05 sah. 15, 16).
Pawlusyň «men kanuna eýerip, kanun üçin öldüm» diýen sözleri nämäni aňladýar? (Gal. 2:19).
Musanyň kanuny günäli hem bikämil adamlaryň kanuny doly ýerine ýetirip bilmejekdigini subut etdi we Mesih gelýänçä adamlaryň günäsini ýüze çykardy (Gal. 3:19, 24). Pawlus resul Musanyň kanunyna eýerendigi üçin, Isa Mesihiň töleg gurbanyna mätäçdigine has gowy düşündi we oňa iman etdi. Şondan soňra Pawlus «kanun üçin öldi... Hudaý üçin direldi». Indi Pawlus kanuna däl-de, Allatagala tabyn bolýardy (w21.06 sah. 31).
Ýehowa Hudaý haýsy ýagdaýlarda sabyr edýär?
Hudaýyň adyna töhmet atýarlar; hökümdarlygyna garşy çykýarlar; perişdeler we adamlar gozgalaň turuzýar; Şeýtan hemişe töhmet atýar we ýalan sözleýär; Hudaýyň wepaly bendeleri ejir çekýär; Ýehowa aradan çykan dostlaryny göresi gelýär; zalymlar ejizleri ezýär; adamlar ahlak taýdan azýar; adamlar ýer ýüzüni dargadýar (w21.07 sah. 9—12).
Ýusup nähili kynçylyklara döz geldi?
Ýusubyň agalary ony ýat ýurda gul edip satdylar. Müsürde Ýusuba töhmet atdylar we tussag etdiler (w21.08 sah. 12).
Hagaý 2:6—9, 20—22-nji aýatlarda nähili «sarsgyn» hakda pygamberlik edilýär?
Köp adamlar Patyşalyk baradaky hoş habary diňlemese-de, akýürekli adamlar hakykaty ýürekden kabul edýärler. Tizden soňky sarsgyn bolar we Ýehowanyň hak Hudaýdygyny boýun almadyk adamlar ebedilik ýok ediler (w21.09 sah. 15—19).
Biz näme üçin ýagşylyk etmekden ýadamaly däl?
Ýehowa biziň edýän tagallamyzy görýär we edýän gullugymyzdan razy. Biz ruhdan düşmän wagyz etsek, Ýehowa ebedi ýaşaýyş berer (w21.10 sah. 25, 26).
3 Musa 19-njy bap 1 Petrus 1:15-däki «ähli zatda mukaddes boluň» diýen maslahata eýermäge nädip kömek edýär?
Petrus resul 3 Musa 19:2-däki sözlere salgylanan bolmaly. 3 Musa 19-njy bapda «ähli zatda mukaddes bolmaga» kömek edýän köp maslahat bar (w21.12 sah. 3, 4).