Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 50

Beýik Çopana gulak asyň

Beýik Çopana gulak asyň

«Olar sesimi eşidip, maňa gulak asarlar» (Ýah. 10:16).

3-NJI AÝDYM Umydym, güýjüm, daýanjym

MAZMUNY *

1. Isa pygamber näme üçin şägirtlerini «goýunlara» meňzetdi?

 ISA PYGAMBER özüni aladaçyl çopana, şägirtlerini bolsa goýunlara meňzetdi (Ýah. 10:14). Näme üçin? Sebäbi goýunlar çopanyň sesini tanaýar we oňa gulak asýar. Munuň şeýledigine bir syýahatçy göz ýetirdi. Ol şeýle diýýär: «Biz goýun sürüsini surata düşürjek bolduk. Olary näçe çagyrsak-da ýanymyza gelmediler, sebäbi sesimizi tanamaýardylar. Soňra bir ýerlerden çopan oglanjyk çykdy. Ol goýunlary çagyrdy welin, hemmesi onuň yzyna düşüp gidiberdi».

2, 3. a) Isa pygambere gulak asmak üçin näme etmeli? b) Şu we indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Syýahatçy bilen bolan waka Isa pygamberiň: «Goýunlarym... sesimi eşidip, maňa gulak asarlar» diýen sözlerine düşünmäge kömek edýär (Ýah. 10:16). Diýmek, şägirtler Isa pygambere gulak asmaly. Emma Isa gökde. Biz oňa nädip gulak asyp bileris? Munuň üçin biz Halypamyz Isanyň aýdan öwüt-nesihatyna gulak asmaly we şolar boýunça ýaşamaly. Şu we indiki makalada Isa pygamberiň käbir öwüt-ündewlerine serederis (Mat. 7:24, 25).

3 Ol şägirtlerine nämeleri etmelidigini we nämeleri etmeli däldigini öwretdi. Geliň, Beýik Çopan Isanyň «alada etmäň» we «adamlary ýazgarmaň» diýen maslahatyna nädip eýerip biljekdigimiz hakda gürrüň edeliň.

«ALADA ETMÄŇ»

4. Isa pygamber Luka 12:29-da nähili maslahat berdi?

4 Luka 12:29-y okaň. Isa pygamber şägirtlerine ýaşaýyş üçin gerek zatlar hakda alada etmeli däldigini aýtdy. Isa hemişe peýdaly maslahatlary berýär. Elbetde, biz oňa gulak asmak isleýäris. Ýöne näçe alada etmejek hem bolsak, kynçylyklardan ýaňa ejizleýäris.

5. Käbirleri näme üçin alada edýärler?

 5 Käbirleri: «Näme iýeris, näme geýeris, nirede ýaşarys?» diýip alada edýärler. Belki, olar garyp ýurtda ýaşaýandyr. Maşgalasyny eklär ýaly ýeterlik gazanyp bilýän däldir. Ýa-da koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýrandygy sebäpli, olar işsiz galandyr. Belki, maşgalanyň daýanjy, ekleýjisi aradan çykandyr (Nes. 9:11). Eger siz hem şeýle kynçylyklara duş gelýän bolsaňyz, Isa pygamberiň «alada etmäň» diýen maslahatyna nädip eýerip bilersiňiz?

Gaýgy-aladalardan ýaňa «gark bolmaz» ýaly Ýehowa bil baglalyň (6—8-nji abzaslara serediň). *

6. Petrus resul bilen bolan wakany gürrüň beriň.

6 Bir gün resullar Jelile deňzinde gaýykly ýüzüp barýardylar. Şonda güýçli ýel turýar. Resullar suwuň ýüzünden Isa pygamberiň ýöräp gelýänini görýärler. «Petrus: „Halypam, dogrudanam, sen bolsaň, suwuň ýüzünden ýöräp, ýanyňa barmaga rugsat ber“ diýdi. Isa-da: „Gel!“ diýdi. Petrus gaýykdan düşdi-de, suwuň ýüzünden ýöräp, Isa tarap gitdi. Emma Petrus güýçli tolkunlara seredip gorkdy. Ol gark bolup başlanda: „Halypam, meni halas et!“ diýip gygyrdy». Isa onuň elinden tutup halas etdi. Petrus ünsüni hiç zada sowman Isa seredende, suwuň ýüzünden ýöredi. Emma ol Isa däl-de, güýçli tolkunlara seredende gorkdy we gark bolup başlady (Mat. 14:24—31).

7. Petrus resul bilen bolan wakadan nähili sapak edinýäris?

7 Biz Petrus resul bilen bolan wakadan wajyp sapak edinýäris. Petrus gaýykdan düşüp, suwuň ýüzünden ýöräp başlanda, güýçli tolkunlardan gorkaryn we gark bolaryn diýip pikir eden däldir. Ol suwuň ýüzünden ýöräp, Halypasynyň ýanyna barmak isleýärdi. Gynansak-da, ol maksadyna ýetip bilmedi. Şu günler biz suwuň ýüzünden ýöremesek-de, agyr synaglara duş gelýäris. Eger Ýehowa bil baglamasak, beren wadalary hakda oýlanmasak imanymyz gowşar we gaýgy-aladalardan ýaňa «gark bolarys». Durmuşymyzda nähili apy-tupan bolsa-da, Ýehowanyň aladamyzy etjekdigine we goldajakdygyna ynanmaly. Bize şübhelenmez ýaly näme kömek eder?

8. Çendenaşa alada etmezlige näme kömek eder?

8 Müň gaýgy bir iş bitirmez. Şol sebäpli biz Ýehowa bil baglamaly. Eger biz Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýsak, Ýehowa bize ähli gerekli zatlary ýetirjegini wada berýär. Ýehowa hiç haçan beren sözünden dänmeýär (Mat. 6:32, 33). Oýlanyp görüň, Ýehowa her gün guşlary iýmitlendirýär, depe-baýyrlary owadan güller bilen bezeýär (5 Mus. 8:4, 15, 16; Zeb. 37:25). Onda Ol biziň aladamyzy etmezmi näme?! (Mat. 6:26—30; Flp. 4:6, 7). Aladaçyl ene-atanyň çagalaryny aç-hor goýmaýşy ýaly, söýgüden doly gökdäki Atamyz Ýehowa hem biziň iýjek-içjegimizi, geýjegimizi ýetirer. Geliň, Ýehowanyň bizi her gün goldajakdygyna hiç haçan şübhelenmäliň!

9. Är-aýal bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

9 Geliň, Ýehowanyň biziň aladamyzy edýändigini subut edýän bir waka hakda gürrüň edeliň. Bir är-aýal köneje maşynynda gaçgaklaryň lagerinde ýaşaýan uýalary Ýygnak jaýyna alyp gidýär. Olaryň ýoluna bir sagat wagt gidýärdi. Dogan şeýle gürrüň berýär: «Ýygnakdan soň uýalary myhmançylyga çagyrdyk, birdenkä öýde iýere hiç zadyň ýokdugy ýadymyza düşdi. Öýe gelsek gapynyň agzynda gök-önümlerden doly iki sany uly sumka duran ekeni. Biz olary kimiň goýanyny bilemizok, ýöne Ýehowanyň aladamyzy edendigine göz ýetirdik». Birnäçe wagtdan soňra olaryň maşyny döwülýär, bejerdere bolsa pullary ýokdy. Maşyn bolsa gulluk üçin gerekdi. Dogan maşyny bejertmäge näçeräk puluň gerekdigini bilmek üçin ulagyny golaýdaky ussahana eltýär. Şol wagt bir adam gelip: «Bu kimiň maşyny?» diýip soraýar. Dogan: «Meniňki, ýöne ol işlänok» diýýär. Ol adam: «Zyýany ýok! Aýalym edil şunuň ýaly, şu reňkdäki maşyn satyn almak isleýär. Näçä satjak?» diýýär. Şeýdip, dogan maşynyny satýar, onuň puly başga maşyn almaga ýetýär. Dogan: «Şol gün biziň begenjimizden ýaňa aýagymyz ýere degmedi. Bu tötänlik däl, Ýehowanyň bize eden sowgady» diýýär.

10. Zebur 37:5-däki maslahat alada etmezlige nädip kömek edýär?

10 Mähirli çopanymyz Isanyň alada etmäň diýen maslahatyna eýersek, Ýehowanyň biziň iýjek-içjegimizi ýetirjekdigine ynamly bolup bileris (Zebur 37:5-i okaň; 1 Pet. 5:7). Geliň,  5-nji abzasdaky kynçylyklar hakda oýlanalyň. Belki, şu güne çenli maşgalany äriňiz ekländir ýa-da siziň özüňiz işläp gazanansyňyz. Ýehowa şu ýollar arkaly zerur zatlaryňyzy ýetirip durandyr. Emma ýagdaýyňyz üýtgese-de, Ýehowa hiç haçan üýtgemeýär. Onuň aladaňyzy etjekdigine asla şübhelenmäň. Ýehowa sizi hiç haçan taşlamaz! Indi bolsa mähirli çopanymyz Isanyň «adamlary ýazgarmaň» diýen maslahatyna eýermek üçin näme etmelidigini bileliň.

«ADAMLARY ÝAZGARMAŇ»

Adamlaryň ýagşy häsiýetlerine üns bersek, olary ýazgarmarys (11-nji we 14—16-njy abzaslara serediň). *

11. Matta 7:1, 2-nji aýatlarda Isa pygamber näme diýdi we onuň maslahatyna eýermek näme üçin käte kyn bolýar?

11 Matta 7:1, 2-nji aýatlary okaň. Isa pygamber adamlaryň bikämildigini, köplenç biri-biriniň kemçiligine üns berýändigini bilýärdi. Şonuň üçin ol «adamlary ýazgarmaň» diýip maslahat berdi. Belki, biz adamlary ýazgarmajak bolup jan edýändiris, ýöne bikämillik biziň hem ganymyza siňipdir. Eger adamlaryň kemçiligini görüp, olary ýazgarýan bolsak näme edip bileris? Biz çopanymyz Isa gulak asmaly we «adamlary ýazgarmaň» diýen maslahatyna eýermeli.

12, 13. Ýehowanyň Dawut patyşa rehim edişinden näme öwrenýäris?

12 Biz Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýermeli. Ol adamlaryň kemçiligine däl-de, gowy häsiýetlerine üns berýär. Muny Dawut patyşa bilen bolan wakadan görse bolýar. Dawut agyr günäleri edipdi. Ol Batşeba bilen zyna etdi, onuň ärini öldürtdi (2 Şam. 11:2—4, 14, 15, 24). Şeýlelikde, Dawut öz başyna bela satyn aldy. Ol tutuş maşgalasyny, hatda aýallaryny agyr güne saldy (2 Şam. 12:10, 11). Bir gün Dawut Ýehowa bil baglaman, Ysraýylda ilat ýazuwyny geçirýär. Belki, Dawut tekepbirlik edendir, ägirt uly goşunyna buýsanmak isländir. Şeýlelikde, Dawudyň eden ýalňyşy sebäpli 70 000 adam mergi keselinden gyryldy (2 Şam. 24:1—4, 10—15).

13 Siz şol döwür Ysraýylda ýaşan bolsaňyz, Dawut patyşanyň eden işlerine nähili garardyňyz? Siz Dawut Ýehowanyň rehimdarlygyna mynasyp däl diýip, ony ýazgarardyňyzmy? Emma Ýehowa beýle pikir etmeýär. Ol Dawudyň ençeme ýyllap wepaly gulluk edendigini bilýärdi we onuň ýürekden toba edýändigini görýärdi. Şol sebäpli Ýehowa Dawudyň agyr günälerini bagyşlaýar. Ýehowa Dawudyň ýüregini görýärdi. Dawut Hudaýy söýýärdi we ýagşy işler etmek isleýärdi. Biz Ýehowanyň gowy häsiýetlerimizi görýändigine örän begenýäris (1 Pat. 9:4; 1 Tar. 29:10, 17).

14. Adamlary ýazgarmazlyk üçin näme etmeli?

14 Biz Ýehowanyň göreldesine eýerip, adamlaryň ýagşy häsiýetlerini görmäge jan etmeli. Bikämil bolandygymyz üçin adamlaryň kemçiligini görüp, olary derrew ýazgaryp başlaýarys. Hudaýa imany berk adam başgalaryň ýalňyşlaryna känbir üns bermeýär we olar bilen agzybir işleşýär. Ol işine ussat zergäre meňzeýär. Zergär göwher daşynyň arassalanyp ýonulandan soň, onuň öwşün atýan gymmatbaha daş boljakdygyny bilýär. Geliň, Ýehowanyň we Isanyň göreldesine eýerip, adamlaryň göwher daşy ýaly gymmatly häsiýetlerini göreliň.

15. Biz näme üçin adamlaryň ýagdaýy we durmuşy hakda oýlanmaly?

15 Adamlary ýazgarmaz ýaly ýene näme etmeli? Olaryň ýagdaýy we durmuşy hakda oýlanmaly. Bir gün Isa pygamber ybadathanada otyrka, garyp dul aýalyň pul atylýan guta ikije teňňe atandygyny görýär. Şonda Isa: «Onuň bar atany şumy?!» diýip ýazgarmady. Isa pul hakda däl-de, dul aýalyň niýeti we onuň garyp ýaşaýşy barada oýlandy. Şol sebäpli ol dul aýaly jomartlygy üçin öwdi (Luka 21:1—4).

16. Weronika uýa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

16 Adamlaryň durmuşy barada oýlanmagyň peýdasy hakda Weronika uýa bilen bolan waka hem subut edýär. Onuň ýygnagynda gulluk edýän bir uýa ogluny ýeke özi terbiýeleýärdi. Weronika şeýle diýýär: «Men olary ýygnakda bir görsem, bir görmeýärdim. Olar kän wagyz hem etmeýän ýalydy. Şol sebäpli men olary ýazgaryp başladym. Bir gün men uýa bilen wagyz etmäge gitdim. Uýa oglunyň aň taýdan (autizm) keseldigini aýtdy. Ol kyn hem bolsa oglunyň iýjek-içjegini ýetirmek üçin we Ýehowa bilen dostlugyny berkitmek üçin elinde baryny edýändigini gürrüň berdi. Ol oglunyň ýarawsyzlygy sebäpli käte öz ýygnagyna gelip bilmese-de, başga ýygnaga barýan ekeni. Men onuň şeýle köp kynçylyklara döz gelýändigi hakda oýlanmandyryn. Indi men onuň ýagdaýyna düşünýärin. Ol Ýehowa ýürekden gulluk edýär. Men olary gowy görýärin we uly hormat goýýaryn».

17. Ýakup 2:8-däki maslahata eýermek üçin näme etmeli?

17 Biz dogan-uýalary ýazgarýan bolsak näme etmeli? Biz olary söýmäge borçludygymyzy unutmaly däl (Ýakup 2:8-i okaň). Şeýle-de «adamlary ýazgarmaz ýaly kömek et» diýip, Ýehowa ýürekden doga etmeli. Soňra eden dogamyza görä hereket edip, imandaşymyz bilen dostlaşmaga jan etmeli. Onuň bilen wagyz etmeli we myhmançylyga çagyrmaly. Şonda ony has gowy tanap, ýagşy häsiýetlerini göreris. Şeýdip, Ýehowa bilen Isanyň göreldesine eýereris we mähirli çopanymyzyň «adamlary ýazgarmaň» diýen maslahatyna gulak asarys.

18. Aladaçyl çopana gulak asmak üçin näme etmeli?

18 Goýunlar çopanyň sesini tanaýar. Biz hem Isa pygambere gulak asýarys. Eger iýjegimizi, geýjegimizi çendenaşa alada etmesek we adamlary ýazgarmasak, Ýehowa bilen Isa bizi goldar. Biz «kiçi sürä» ýa-da «başga goýunlara» degişli bolsak-da, aladaçyl çopanymyz Isa gulak asyp, oňa tabyn bolmaly (Luka 12:32; Ýah. 10:11, 14, 16). Şu makalada Isa pygamberiň iki maslahatyna seretdik. Indiki makalada bolsa onuň beren ýene iki maslahaty hakda gürrüň ederis.

101-NJI AÝDYM Agzybir bolalyň

^ par. 5 Isa pygamber «goýunlarym... sesimi eşidip, maňa gulak asarlar» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Ol şägirtleriniň öwüt-nesihatlaryna gulak asjakdygyny we durmuşynda ulanjakdygyny göz öňünde tutdy. Meselem, Isa pygamber şägirtlerine «näme iýerin, näme içerin diýip alada etmäň» we «adamlary ýazgarmaň» diýdi. Makalada Isanyň şu iki maslahatyna eýermek üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis.

^ par. 51 SURATLAR: dogan işden çykarylýar, zerur zatlaryny satyn almaga puly ýetmeýär we ýaşar ýaly jaý gözlemeli bolýar. Eger ol Ýehowa bil baglamasa, gaýgy-aladalardan ýaňa «gark bolar».

^ par. 53 SURATLAR: dogan ýygnak duşuşygyna gijä galyp gelýär. Emma ol köp ýagşy işleri edýär. Meselem, her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýär, garrylara kömek edýär we Ýygnak jaýynyň daş-töweregini arassalaýar.