Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 51

«Ogluma gulak asyň!»

«Ogluma gulak asyň!»

«Ine meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn. Ogluma gulak asyň!» (Mat. 17:5).

54-NJI AÝDYM «Ine ýol!»

MAZMUNY *

1, 2. a) Ýehowa Isa pygamberiň şägirtlerine nähili tabşyryk berdi we olar näme etdiler? b) Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

 BIZIŇ ERAMYZYŇ 32-nji ýylydy. Pasha baýramyndan soň, Petrus, Ýakup we Ýahýa Isa pygamber bilen bir beýik daga (belki-de, Hermon dagynyň gerşine) çykýarlar. Şonda şägirtler täsin görnüş görýärler. «Olaryň gözleriniň alnynda Isanyň daş keşbi üýtgeýär, ýüzi Gün ýaly şöhle saçýar, egin-eşigi bolsa göwher daşy kimin öwşün atýar» (Mat. 17:1—4). Soňra olar Hudaýyň: «Ine meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn. Ogluma gulak asyň!» diýen sesini eşidýärler (Mat. 17:5). Şu görnüş Petrusa, Ýakuba, Ýahýa güýçli täsir edýär we olar bütin ömrüne Hudaýyň Ogluna gulak asyp ýaşaýarlar. Biz olaryň göreldesine eýermeli.

2 Geçen makalada Isa pygambere gulak asmak üçin nämeleri etmeli däldigi hakda gürrüň edipdik. Şu makalada bolsa nämeleri etmelidigi hakda bileris. Geliň, Isa pygamberiň beren iki maslahatyna seredeliň.

«DAR GAPYDAN GIRIŇ»

3. Matta 7:13, 14-nji aýatlara görä, biz näme etmeli?

3 Matta 7:13, 14-nji aýatlary okaň. Isa pygamber dar gapydan girýänleriň insiz ýoldan, giň gapydan girýänleriň inli ýoldan ýöreýändigini aýtdy. Biz iki ýoluň ortasynda durus, üçünji ýol ýok. Haýsy ýoldan ýörejekdigini her kimiň özi çözýär. Biz belli bir karara gelmeli, sebäbi gelejegimiz şoňa bagly.

4. Inli ýol hakda gürrüň beriň.

4 Biz iki ýoluň nirä eltýändigine düşünmeli. Köp adamlar inli ýoly saýlaýar. Sebäbi ondan ýöremek aňsat. Käbirleri bolsa köpçüligiň inli ýoldan ýöreýändigini görüp, olaryň yzyna düşýärler. Olar inli ýoluň Şeýtanyň ýoludygyna we onuň ölüme eltýändigine düşünmeýärler (1 Kor. 6:9, 10; 1 Ýah. 5:19).

5. Käbirleri insiz ýoly tapmak we ondan ýöremek üçin näme edýärler?

5 Isa pygamber insiz ýoldan az adamyň ýörejekdigini aýtdy. Ol inli we insiz ýol barada aýdansoň, şägirtlerine «ýalan pygamberlerden ägä boluň» diýdi (Mat. 7:15). Käbirleriniň aýtmagyna görä, ýer ýüzünde müňlerçe din bar we olar hakykaty öwredýäris diýýärler. Dinleriň köplüginden ýaňa adamlaryň başy çaşyp, hak ýoly gözlejek hem bolmaýarlar. Ýöne ýaşaýşa eltýän ýoly tapyp bolýar. Isa pygamber: «Meniň aýdanlarymy berjaý etseňiz, hakykatdanam, şägirdim bolarsyňyz. Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat hem sizi azat eder» diýdi (Ýah. 8:31, 32). Berekella, siz köpçüligiň yzyna düşmediňiz, ebedi ýaşaýşa eltýän ýoly tapdyňyz. Siz Hudaýyň kada-kanunlaryny öwrenmek we Isa pygambere gulak asmak üçin Mukaddes Kitaby okap başladyňyz. Siz Ýehowany razy etmek üçin ýalan dinden çykmalydygyny, baýramçylyklary we dini däp-dessurlary bellemeli däldigini bildiňiz. Siz Ýehowany begendirmek üçin durmuşyňyzda köp özgerişlik etdiňiz (Mat. 10:34—36). Elbetde, size şeýle özgerişlikleri etmek aňsat düşen däldir. Emma siz ýan bermediňiz. Sebäbi siz gökdäki Ataňyz Ýehowany söýýärsiňiz we ony razy edip ýaşamak isleýärsiňiz. Ýehowa size guwanýar! (Nak. 27:11).

INSIZ ÝOLDAN SOWULMAŇ

Hudaýyň kada-kanunlary insiz ýoldan sowulmazlyga kömek edýär (6—8-nji abzaslara serediň). *

6. Zebur 119:9, 10, 45, 133-nji aýatlara görä, insiz ýoldan sowulmazlyga näme kömek edýär?

6 Bize insiz ýoldan sowulman ýörär ýaly näme kömek eder? Geliň, bir mysala seredeliň. Käbir ýurtlarda dagdan geçýän ýoluň gyrasyna germew aýlaýarlar. Germew sürüjileriň janyny goraýar. Eger germew bolmasa, sürüjileriň ýoldan çykmagy we kert gaýadan gaçyp heläk bolmagy mümkin. Şol sebäpli sürüjiler: «Germewler ýoly daraldýar» diýip, nägile bolmasa gerek. Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlar hem şol germewlere meňzeýär. Olar bize insiz ýoldan sowulman, Ýehowa gulluk etmäge kömek edýär (Zebur 119:9, 10, 45, 133-nji aýatlary okaň).

7. Insiz ýol ýaşlaryň erkinligini çäklendirýärmi? Düşündiriň.

7 Ýaşlar, käte siz Ýehowanyň kada-kanunlary erkinligiňizi eliňizden alýan ýaly duýýarsyňyzmy? Şeýtan siziň şeýle pikir etmegiňizi isleýär. Şeýtan inli ýoly göze ýakymly, ondan ýöreýän adamlary bagtly ýaly edip görkezýär. Belki-de, siz klasdaşlaryňyza ýa-da internetdäki adamlara seredip, gowy zatdan galýan ýaly duýýansyňyz. Şeýtan Ýehowanyň kada-kanunlary durmuşyň bar lezzetinden mahrum edýär diýip pikir etmegiňizi isleýär. * Şeýtan adamlaryň inli ýoluň nirä eltýändigini bilmegini islemeýär. Emma Ýehowa insiz ýoldan ýöreýänlere ajaýyp durmuşyň garaşýandygyny açyk aýdýar (Zeb. 37:29; Işa. 35:5, 6; 65:21—23).

8. Ýaşlar Olafyň göreldesine nädip eýerip biler?

8 Geliň, ýaş dogan Olaf * hakda gürrüň edeliň. Klasdaşlary ony ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolýarlar. Emma ol özüniň Ýehowanyň Şaýadydygyny we Mukaddes Kitabyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýandygyny aýdýar. Emma gyzlar Olafa ahlaksyzlyk etdirjek bolup has köp azar berip başlaýarlar. Olaf berk durýar, yrylmaýar, insiz ýoldan sowulmaýar. Olafyň synagy munuň bilen tamamlanmaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Mugallymlar meni ýokary okuw jaýynda okamaga höweslendirýärdiler. Olar ýokary bilimiň bolmasa, durmuşda at-abraý gazanyp bilmersiň, aljak galaň bolmaz diýýärdiler». Dogana synagda berk durmaga näme kömek edýär? Olaf şeýle diýýär: «Men dogan-uýalar bilen dostlaşdym. Olar meniň maşgala agzam ýaly boldular. Men Mukaddes Kitapdan çuňňur gözleg geçirip başladym. Näçe okadygymça, şonça-da hak ýoly tapandygyma düşündim. Şol sebäpli men özümi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmegi ýüregime düwdüm».

9. Insiz ýoldan ýöremek üçin näme etmeli?

9 Şeýtan biziň ebedi ýaşaýşa eltýän insiz ýoldan sowulmagymyzy we köpçüligiň yzyna düşüp, «heläkçilige eltýän» inli ýoldan ýöremegimizi isleýär (Mat. 7:13). Eger biz Isa pygambere gulak assak we insiz ýoluň howp-hatardan goraýandygyna düşünsek, şol ýoldan asla sowulmarys. Geliň, indi Isa pygamberiň beren ikinji maslahatyna seredeliň.

«DOGANYŇ BILEN ÝARAŞ»

10. Isa pygamber näme etmegi tabşyrdy? (Matta 5:23, 24).

10 Matta 5:23, 24-nji aýatlary okaň. Isa pygamber ýehudylara tanyş bolan bir wakany gürrüň berýär. Göz öňüne getiriň, bir ýehudy ybadathana barýar we gurbanlyk berjek malyny ruhana berýär. Birdenkä doganynyň öýkelidigi ýadyna düşýär. Ol gurbanlygyny goýup ybadathanadan çykyp gaýdýar. Näme üçin? Heý-de Ýehowa gurbanlyk bermekden wajyp zat barmyka? Hawa! Isa pygamber: «Gurbanlygyňy gurbanlyk ojagynyň ýanynda goý-da, gidip, ilki doganyň bilen ýaraş» diýýär.

Ýakup pesgöwünli bolup agasy bilen ýaraşdy. Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris? (11, 12-nji abzaslara serediň). *

11. Ýakup agasy bilen ýaraşmak üçin näme etdi?

11 Ýakup pygamber bilen bolan waka bize dogan-uýalar bilen ýaraşmaga kömek edýär. Ýakup pygamberiň dogduk mekanyndan gidenine 20 ýyl geçipdi. Bir gün Ýehowa perişdesi arkaly onuň yzyna dolanmalydygyny aýtdy (1 Mus. 31:11, 13, 38). Elbetde, Ýakuba öýüne dolanmak aňsat däldi, sebäbi agasy Ysaw inisini öldürmegi ýüregine berk düwüpdi (1 Mus. 27:41). Ýakup dogduk mekanyna golaýladygy saýy, agasyndan «gorkup, howsala düşýärdi» (1 Mus. 32:7). Ýakup agasy bilen ýaraşmak üçin näme etdi? Birinjiden, ol Ýehowa doga edip gaýgy-aladasyny aýtdy. Ikinjiden, agasy Ysawa jomartlyk bilen sowgat iberdi (1 Mus. 32:9—15). Üçünjiden, Ýakup agasyna duşanda, oňa hormat goýup özüni kiçeltdi. Ol bir ýa iki gezek däl, agasyna ýedi gezek tagzym etdi. Ýakup pesgöwünli, sylaşykly bolandygy üçin, agasynyň ýüregini ýumşatdy we onuň bilen ýaraşdy (1 Mus. 33:3, 4).

12. Ýakup bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

12 Biz Ýakubyň Ysaw bilen ýaraşmak üçin eden tagallasyndan köp zatlary öwrenip bileris. Ilki bilen Ýakup pesgöwünlik bilen Ýehowadan kömek sorady. Soňra ol eden dogasyna görä hereket edip, agasynyň ýüregini ýumşatmak üçin elinde baryny etdi. Ol agasynyň ýanyna baranda, özüni aklap, ony günäkärlejek bolmady. Ýakubyň maksady agasy bilen ýaraşmakdy. Biz Ýakubyň göreldesine nädip eýerip bileris?

ÝARAŞMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

13, 14. Dogan-uýalaryň göwnüne degen bolsak näme etmeli?

13 Ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan sowulmazlyk üçin dogan-uýalar bilen agzybir ýaşamaly (Rim. 12:18). Eger biz kimdir biriniň göwnüne degen bolsak näme?! Onda Ýakubyň göreldesine eýereliň we Ýehowa doga edip, ýaraşmak üçin edýän tagallamyza ak pata bermegini diläliň.

14 Biz niýetimizi barlamak üçin özümize şeýle soraglary bermeli: men doganym bilen ýaraşmak üçin özümi kiçeltmäge we ötünç soramaga taýynmy? Men doganym bilen ýaraşmak üçin ilkinji ädimi ätsem, Ýehowa bilen Isa begenmezmi näme?! Şu soraglar hakda oýlansak, Isa pygambere gulak asarys we ýaraşmak üçin elimizde baryny ederis. Geliň, Ýakup pygamberiň göreldesine eýermek üçin ýene näme etmelidigi hakda gürrüň edeliň.

15. Efesliler 4:2, 3-nji aýatlar doganymyz bilen ýaraşmaga nädip kömek eder?

15 Ýakup agasynyň ýanyna baranda özüni hondanbärsi alyp baran bolsa näme bolardy? Muny göz öňüne getirmek hem gorkunç. Eger biz doganymyz bilen ýaraşmak islesek özümizi kiçeldip, oňa hormat goýmaga taýyn bolmaly (Efesliler 4:2, 3-nji aýatlary okaň). Nakyllar 18:19-da: «Öýkeli adamyň göwnüni tapmak galany basyp almakdan kyndyr, dawa-jenjel gulply derweze kimin aýra salýar» diýilýär. Eger biz pesgöwünlik bilen «meni bagyşla» diýsek, gulply derwezäniň açaryny tapan ýaly bolarys.

16. Doganymyz bilen ýaraşmak üçin näme hakda oýlanmaly we näme üçin?

16 Biz ilki bilen doganymyza näme aýtjakdygymyz we nädip aýtjakdygymyz hakda oýanmaly. Biz doganymyzyň ýanyna öýkesini ýazmak üçin barmaly. Belki, ol könäni ýatlap, göwnümize degmegi mümkin. Şonda ondan gaty görüp, özümizi aklap başlasak düşünişmezligi çözüp bilerismi? Elbetde, ýok! Kimiň günäkär, kimiň günäkär däldigini anyklamakdan doganyň bilen ýaraşmak has wajypdyr (1 Kor. 6:7).

17. Siz Gilbert doganyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?

17 Gilbert dogan parahatlygy saklamak üçin jan edýärdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Maňa gyzym bilen düşünişmek kyn bolýardy. Şeýle ýagdaý iki ýyl dowam etdi. Men maşgalamda parahatlygyň, agzybirligiň bolmagy üçin, gyzym bilen açyk we mähirli gepleşmäge jan edýärdim». Gilbert dogan ýene näme etdi? Ol şeýle diýýär: «Gyzym bilen gepleşmänkäm, Ýehowa doga edýärdim we onuň aýtjak awuly sözlerine ýüregimi taýýarlaýardym. Men gyzymyň aýtjak sözlerini göwnüme alman, ony bagyşlamalydym. Men öz sözümi gögertjek bolman, maşgalada parahatlygy saklamalydygyna düşündim». Gilbert doganyň eden tagallasy ýerine düşdümi? Ol: «Men özümi rahat duýýaryn, sebäbi maşgalamda agzybirlik höküm sürýär» diýýär.

18, 19. Imandaşymyzyň göwnüne degen bolsak näme etmeli we näme üçin?

18 Siz imandaşyňyzyň göwnüne degen bolsaňyz näme edersiňiz? Isa pygambere gulak asyp, doganyňyz bilen ýaraşyň. Ýehowa doga ediň, gaýgy-aladaňyzy aýdyň we mukaddes ruhuny soraň. Şonda doganyňyz bilen agzybir ýaşarsyňyz, özüňizi bagtly duýarsyňyz we Isa pygambere gulak asýandygyňyzy subut edersiňiz (Mat. 5:9).

19 Biz Ýehowanyň «ýygnagyň... başy bolan» Isa pygamber arkaly öwüt-ündew berýändigine örän minnetdar (Efes. 5:23). Geliň, Petrus, Ýakup we Ýahýa ýaly Hudaýyň Ogluna hemişe «gulak asmagy» ýüregimize düweliň (Mat. 17:5). Şeýle-de ebedi ýaşaýşa eltýän insiz ýoldan sowulmalyň we imandaşymyz bilen ýaraşmak üçin elimizde baryny edeliň. Şonda Ýehowa ak pata berer, gelejekde bolsa bol bereketleri eçiler.

130-NJY AÝDYM Geçirimli bolalyň

^ par. 5 Isa pygamber dar gapydan girmegi maslahat berdi. Şeýle-de ol dogan-uýalar bilen agzybir ýaşamalydygymyzy aýtdy. Biz Isa pygamberiň öwüt-ündewlerine gulak asmak isleýäris. Emma nähili kynçylyklaryň döremegi mümkin we olary ýeňip geçmäge näme kömek eder?

^ par. 7 «Ýaşlary gyzyklandyrýan 10 soragyň jogaby» broşýuranyň «Deň-duşlaryň täsirine nädip garşy durmaly?» diýen 6-njy soragyna we «Deň-duşlaryň täsirine garşy dur!» atly janlandyrylan suratly wideo serediň (www.pr418.com saýtynyň TAGLYMATLAR > ÝETGINJEKLER diýen bölümine giriň).

^ par. 8 Käbir atlar üýtgedildi.

^ par. 56 SURATLAR: Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýersek, insiz ýoldan sowulmarys; pornografiýanyň, ahlaksyzlygyň duzagyna düşmeris we ýokary okuw jaýynda okamagy arzuw etmeris.

^ par. 58 SURATLAR: Ýakup agasy bilen ýaraşmak üçin ýedi gezek tagzym etdi.