Okyjylaryň sowallary
3 Musa 19:16-daky «hiç kimiň kastyna çykma» diýen tabşyryk näme aňladýar we biz mundan näme öwrenip bileris?
Ýehowa ysraýyllara: «Il içinde gep gezdirme. Hiç kimiň kastyna çykma. Men Ýehowadyryn» diýdi. Sebäbi ol halkynyň mukaddes bolmagyny isleýärdi (3 Mus. 19:2, 16).
Geliň, Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda «kastyna çykma» diýen jümläniň näme aňladýandygyny bileliň. 3-nji Musa kitabyny düşündirýän ýehudylaryň bir sözlüginde şeýle diýilýär: «Şu jümläniň näme aňladýandygyny bilmek örän kyn. Sebäbi ony sözme-söz terjime etseň „gyra çekilip durma“ diýmegi aňladýar».
Alymlaryň käbiri «kastyna çykma» diýen jümläni 3 Musa 19:15-däki aýat bilen bagly hasaplaýarlar. Aýatda: «Höküm çykaranyňda, garyba dözmezçilik edip ýa-da baýa ýaranjak bolup, adalatsyzlyk etme. Her kime adalatly höküm çykar» diýilýär. Alymlaryň pikiriçe, «kastyna çykma» diýen jümle Hudaýyň halkynyň kazyýetde, söwda-satykda, maşgalada adalatly bolmalydygyny we öz peýdasyna çapmaly däldigini aňladýar. Hawa, Hudaýyň halky hiç kimi ala tutman, adalatly bolmaly, emma «kastyna çykma» diýen jümläniň başga manysy bar.
16-njy aýadyň başynda «il içinde gep gezdirme», çykgydynda bolsa «töhmet ýaýratma» diýilýär. Töhmet atmak gybat etmekden beter zyýan ýetirýär, emma gybat etmek hem gowy däl (Nak. 10:19; Nes. 10:12—14; 1 Tim. 5:11—15; Ýak. 3:6). Töhmetçi birini abraýdan düşürmek üçin ýalan sözleýär. Ol kazyýetde ýalan şaýatlyk edip, aýyplanýan adamyň ölüme höküm edilmegine sebäp bolýar. Meselem, töhmetçiler Nabota garşy ýalan şaýatlyk etdiler we bigünä adamyň ganyna galdylar (1 Pat. 21:8—13). Görşümiz ýaly, töhmetçi biriniň janynyň «kastyna çykýar».
Adam birini ýigrenýändigi üçin töhmet atýar. 1 Ýahýa 3:15-de: «Doganyny ýigrenýän ganhordyr, siz bolsa hiç bir ganhoryň ebedi ýaşamajakdygyny bilýänsiňiz» diýilýär. Ýehowa 3 Musa 19:16-njy aýatdaky tabşyrygy berensoň: «Ýüregiňde hiç kime ýigrenç saklama» diýýär (3 Mus. 19:17).
Mesihçiler 3 Musa 19:16-daky sözlere eýermeli. Adam birini halamasa ýa-da göriplik etse, ony ýigrenip töhmet atyp biler. Şol sebäpli biz aňymyzdan göripligi, ýigrenji köki bilen sogurmaly we hiç kime töhmet atmaly däl (Mat. 12:36, 37).