Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 6

Aýypsyzlygyňyzy saklaň

Aýypsyzlygyňyzy saklaň

«Tä ölýänçäm, päkligimde galaryn» (Eýp. 27:5).

29-NJY AÝDYM Aýypsyzlykda galyň

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Abzasda agzalýan dogan-uýalar Ýehowa wepaly galmak üçin näme etdiler?

GÖZ ÖŇÜNE GETIRIŇ, üç sany Ýehowanyň Şaýady bilen şeýle ýagdaý bolup geçýär: 1) Mekdepde okaýan ýaş uýamyzyň mugallymy ähli okuwçylaryň ýakynda geçiriljek baýramçylyga hökman gatnaşmalydygyny aýdýar. Uýamyz bu baýramçylygyň Hudaýa ýaramaýandygyny bilýändigi üçin, mugallymyna hormat bilen öz garaýşyny düşündirip, oňa gatnaşmajakdygyny aýdýar. 2) Ýaş doganymyz öýden-öýe wagyz etmäge çekinýär. Ol meýdançasynda klasdaşyna duşjakdygyny göz öňüne getirýär. Onuň klasdaşy öňem Ýehowanyň Şaýatlarynyň üstünden gülüpdi. Emma doganymyz klasdaşyna duşjakdygyny bilse-de, öýden-öýe wagyz etmäge gidýär. 3) Doganymyz maşgalasyny eklemek üçin arman-ýadaman zähmet çekýär. Bir gün onuň başlygy doganymyza ýalan sözletdirjek ýa-da bikanun bir iş etdirjek bolýar. Doganymyz işini ýitirjekdigini bilse-de, başlygyna Hudaýyň öz gullukçylaryndan dogruçyl bolmagy we kanuna gulak asyp ýaşamagy talap edýändigini düşündirýär (Rim. 13:1—4; Ýew. 13:18).

2. Biz haýsy soraglara serederis we näme üçin?

2 Siz bu dogan-uýalaryň haýsy häsiýetine üns berdiňiz? Mümkin, siz olaryň batyrgaýlyk, dogruçyllyk ýaly birnäçe gowy häsiýetlerini görensiňiz. Ýöne olaryň bir häsiýeti, ýagny aýypsyzlygy hasam ünsümizi özüne çekýär. Olaryň üçüsi hem Ýehowa wepalydygyny görkezdiler. Olar Hudaýyň kada-kanunlaryna garşy gelýän zatlary etmediler. Olar aýypsyzlygyny saklandygy üçin aýgytly hereket etdiler. Ýehowa olaryň her biriniň aýypsyzlygyny görüp, olara gürrüňsiz buýsanandyr. Bizem bu häsiýeti ösdürip gökdäki Atamyzy begendirmek isleýäris. Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň: Aýypsyzlyk näme? Biz aýypsyzlygymyzy näme üçin saklamaly? Biz şu kyn döwürde aýypsyz galmak islegimizi nädip hasam berkidip bileris?

AÝYPSYZLYK NÄME?

3. a) Aýypsyzlyk näme? b) Haýsy mysallar aýypsyzlyk sözüniň manysyna düşünmäge kömek edýär?

3 Biz Hudaýyň gullukçylary hökmünde aýypsyzlygymyzy saklaýandygymyzy Ýehowany bütin ýüregimiz bilen söýüp we doly wepaly galmak bilen görkezýäris. Şonda biz her bir gelýän kararymyzda Hudaýyň islegini göz öňünde tutarys. Geliň, aýypsyzlyk sözüniň näme aňladýandygyny bileliň. Mukaddes Ýazgylarda agzalýan «aýypsyzlyk» sözüniň, esasan, doly, kemçiliksiz ýa-da bitewi diýen manylary bar. Meselem, ysraýyllylar Ýehowa mal gurbanyny berende, Kanuna görä ol şikessiz * bolmalydy (Lew. 22:21, 22). Hudaýyň halky bir aýagy, gözi ýa-da gulagy şikesli we başga keselli maly gurban getirmeli däldi. Ýehowa birkemsiz, şikessiz ýa-da ýaralanmadyk maly gurban getirmek gaty wajypdy (Mal. 1:6—9). Elbetde, biz Ýehowanyň näme üçin birkemsiz ýa-da şikessiz maly talap edýändigine gaty gowy düşünýäris. Sebäbi biziň özümizem gök-önüm, kitap ýa-da bir gural satyn alanymyzda, zaýa ýa-da bir ýeri kem bolsa, satyn almak islemeýäris. Biz hemme ýeri abat, gowy we bitewi zady alasymyz gelýär. Şonuň ýaly, Ýehowa-da biziň oňa söýgi bilen we wepaly gulluk etmegimizi isleýär. Başgaça aýdanyňda, biziň gullugymyz doly, birkemsiz ýa-da bitewi bolmaly.

4. a) Näme üçin bikämil bolsak-da aýypsyz galyp bilýäris? b) Zebur 103:12—14-nji aýatlara görä, Ýehowa bizden nämä garaşýar?

4 Aýypsyz galmak üçin kämil bolmalymy? Elbetde, biz köp ýalňyşýarys, şonuň üçin özümize abat däl-de, bir ýeri çat açan zat ýaly garap bileris. Geliň, näme üçin şeýle pikir etmeli däldiginiň iki sebäbini bileliň. Birinjiden, Ýehowa biziň kem taraplarymyza seretmeýär. Onuň Sözünde: «Günäleri hasaba alsaň, ýa Reb Hudaý, onda kim durup biler?» diýilýär (Zeb. 130:3). Hawa, Ýehowa biziň bikämil we günälidigimizi gowy bilýär. Şonuň üçin ýalňyşanymyzda, bizi jomartlyk bilen bagyşlaýar (Zeb. 86:5). Ikinjiden, ol biziň mümkinçiligimiziň çäklidigine düşünýär we güýjümizden artyk zada garaşmaýar (Zebur 103:12—14-nji aýatlary okaň). Onda biz nädip Hudaýyň nazarynda aýypsyz, ýagny doly, birkemsiz we bitewi bolup bileris?

5. Ýehowanyň gullukçylarynyň aýypsyz galmagynyň esasy sebäbi näme we bu näme üçin wajyp?

5 Ýehowanyň gullukçylarynyň aýypsyz galmagynyň esasy sebäbi — söýgi. Biziň gökdäki Atamyza bolan söýgimiz we wepalylygymyz doly, birkemsiz we bitewi bolmaly. Synaga düşenimizde-de, Ýehowa bolan söýgimiz güýçli bolsa, aýypsyzlygymyzy saklap bileris (1 Ýyl. 28:9; Mat. 22:37). Geliň, makalanyň başynda agzalan üç dogan-uýa bilen bolan ýagdaýa seredeliň. Olar näme üçin şeýle hereket etdiler? Ýaş uýamyz mekdepde üstünden gülmeklerini, ýaş doganymyz öýden-öýe wagyz edende, masgara bolmak, uly ýaşly doganymyz bolsa işini ýitirmek isleýärdimi? Elbetde, ýok. Ýöne olar Ýehowanyň dogry kada-kanunlaryny bilýärdi we ünsüni gökdäki Atasyna ýaranmaga gönükdirdiler. Olar Hudaýy söýýändigi üçin, her bir gelýän kararynda Ýehowanyň islegini birinji ýerde goýdular. Şeýdip, olar aýypsyz galýandyklaryny iş ýüzünde görkezdiler.

BIZ NÄME ÜÇIN AÝYPSYZLYGYMYZY SAKLAMALY?

6. a) Biz näme üçin aýypsyzlykda galmaly? b) Adam ata bilen How ene aýypsyzlygyny nädip ýitirdi?

6 Biziň ählimiz näme üçin aýypsyzlykda galmaly? Munuň bir sebäbi, Şeýtan Ýehowa we bize töhmet atdy. Ol Erem bagynda Hudaýa garşy pitne turzup, «Şeýtan», ýagny «Duşman» diýen ady aldy. Ol Ýehowa erbet, özüni bilýän we aldawçy Hökümdar diýip, Onuň adyna gara ýöňkedi. Gynansak-da, Adam ata bilen How ene Şeýtanyň tarapyna geçip, Ýehowa garşy pitne turuzdy (Gel. çyk. 3:1—6). Erem bagynda olaryň Ýehowa bolan söýgüsini berkitmäge köp mümkinçilikleri bardy. Emma Şeýtanyň tarapyny tutandyklary üçin, olaryň söýgüsi sowap başlady. Indi olar Ýehowa doly, birkemsiz ýa-da bitewi gulluk etmeýärdi. Ýöne başga bir sorag ýüze çykýar: «Heý-de, Ýehowany ýürekden söýüp, oňa wepaly galjak adam bolarmy? Başgaça aýdanyňda, adam aýypsyz galyp bilermi?» Eýýup pygamber bilen bolan waka muňa jogap berýär.

7. Eýýup 1:8—11-nji aýatlara görä, Ýehowa we Şeýtan Eýýubyň aýypsyzlygy hakda nähili pikirdedi?

7 Eýýup pygamber ysraýyllylaryň Müsürde ýaşaýan döwri ýaşap geçipdi. Onuň aýypsyz galyşy gaty üýtgeşikdi. Ol hem edil biziň ýaly bikämil adamdy we köp ýalňyşýardy. Emma Ýehowa Eýýuby aýypsyzlygy üçin juda gowy görýärdi. Şeýtan hiç bir adam aýypsyz galmaz diýip, Ýehowanyň üstünden gülüpdi. Ýehowa hem Şeýtanyň ünsüni Eýýuba gönükdirdi. Ol dogry ýoldan ýöräp, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdi. Şeýtan hem Eýýubyň aýypsyzlygyny synap görmegi teklip etdi. Ýehowa dosty Eýýuba ynanýardy we Şeýtana ony synamaga rugsat berdi (Eýýup 1:8—11-nji aýatlary okaň) *.

8. Şeýtan Eýýuby nädip synady?

8 Şeýtan gaty zalym we ganhor. Ol Eýýubyň mal-mülküni elinden aldy, jan-saglygyna zyýan ýetirdi, gullaryny öldürdi we onuň abraýyny depeledi. Mundan başga-da ol Eýýubyň 10 sany eý görýän çagasyny öldürip, maşgalasyna zyýan ýetirdi. Soňra Şeýtan Eýýuby depesinden dabanyna çenli agyr kesele sezewar etdi. Eýýubyň aýaly-da gaýgy-hasratdan ýaňa ruhdan düşüp, näme aýdyp, näme goýýandygyny bilmeýärdi; ol ýanýoldaşyna «Hudaýa garga-da, öl» diýýär. Eýýubyň özi hem ölümini diläpdi, ýöne ol şonda-da aýypsyzlygyndan el çekmek islemeýärdi. Soňra Şeýtan başga bir usuly ulanýar. Ol Eýýubyň üç dostuny ulanyp, oňa topulýar. Olar Eýýubyň ýanynda birnäçe gün bolup, teselli bermäge derek, onuň ýüregini ýaralaýan sözleri aýdýarlar we onuň özüni günäkärleýärler. Şeýle-de olar onuň başyna inen bela-beterleriň Hudaýdandygyny we onuň aýypsyz galmagynyň hiç hili peýdasynyň ýokdugyny hem-de erbet adam bolandygy üçin, onuň başyna şeýle horluklaryň inendigini aýdýarlar (Eýp. 1:13—22; 2:7—11; 15:4, 5; 22:3—6; 25:4—6).

9. Başyna inen kynçylyklara garamazdan, Eýýup pygamber näme etmedi?

9 Eýýup pygamber başyna inen ähli kynçylyklarda özüni nähili alyp bardy? Elbetde, olam biz ýaly bikämil adamdy. Şonuň üçin ol dostlarynyň aýdanlaryna gaharlanyp, soň ökündirjek zatlary aýtdy. Şeýle-de ol özüni Hudaýdan dogry hasaplady (Eýp. 6:3; 13:4, 5; 32:2; 34:5). Ýöne iň kyn gününde-de Eýýup Ýehowa garşy ýekeje erbet söz hem aýtmady. Ol dostlarynyň aýdan ýalan geplerine ynanman, şeýle diýdi: «Sizi aklamaryn asla, tä ölýänçäm, päkligimde galaryn» (Eýp. 27:5). Bu sözler biziň üçin örän wajyp. Eýýup pygamber synaga düşende, asla ýan bermedi. Bizem şeýle edip bileris.

10. Şeýtanyň Eýýuba atan töhmeti bize-de degişlimi? Düşündiriň.

10 Şeýtan Eýýuba töhmet atyşy ýaly, biziň her birimize-de töhmet atýar. Nädip? Aslynda, ol biziň Ýehowa söýgi bilen gulluk etmeýändigimizi we kynçylyga uçrasak, oňa gulluk etmegimizi bes edip, aýypsyzlygymyzy saklamajakdygymyzy aýdýar (Eýp. 2:4, 5; Ylh. 12:10). Şeýtanyň töhmeti size nähili täsir edýär? Özüň barada şeýle zatlary eşitmek, gaty agyr degýär. Ýöne oýlanyp görüň: Ýehowanyň bize bolan ynamy gaty güýçli. Şonuň üçin ol bize wepalylygymyzy subut etmäge mümkinçilik berýär. Ol Şeýtana aýypsyzlygymyzy synamaga ýol berse-de, aýypsyzlygymyzy saklap, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etjekdigimize doly ynanýar. Şeýle-de ol bize kömek etjekdigini wada berýär (Ýew. 13:6). Eýsem, älem-jahanyň Eýesiniň bize şeýle ynam bildirmegi uly hormat dälmi näme?! Indi siz aýypsyz galmagyň gaty ähmiýetlidigine göz ýetiren bolsaňyz gerek. Bu bize Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmäge, gökdäki Atamyzyň adyny aklamaga we onuň hökümdarlygyny goldaýandygymyzy görkezmäge mümkinçilik berýär. Ýöne biz bu häsiýeti nädip ösdürip bileris?

AÝYPSYZ GALMAK ISLEGIMIZI NÄDIP BERKIDIP BILERIS?

11. Biz Eýýup pygamberden näme öwrenýäris?

11 Şu soňky kyn günlerde Şeýtan bize hasam güýçli topulýar (2 Tim. 3:1). Gitdigiçe erbetleşýän zamanada aýypsyz galmak islegimizi nädip hasam berkidip bileris? Biz Eýýup pygamberden köp zatlary öwrenip bilýäris. Şeýtan synamazdan öňem Eýýup Hudaýa wepaly bolup, aýypsyzlygyny saklaýardy. Geliň, aýypsyz galmak islegimizi hasam berkitmekde Eýýup pygamberden üç zady öwreneliň.

Aýypsyz galmak islegimizi berkitmäge haýsy zatlar kömek eder? (12-nji abzasa serediň) *

12. a) Eýýup 26:7, 8, 14-nji aýatlara görä, Eýýup pygamber Ýehowa ýaramly gorkyny hem hormaty nädip ösdürdi? b) Biz Hudaýa ýaramly gorkyny nädip ösdürip bileris?

12 Eýýup Ýehowany gynandyrmakdan gorkýardy. Bu onuň Ýehowa bolan söýgüsini has-da berkitdi. Eýýup pygamber köplenç Ýehowanyň ýaradan täsin zatlaryny synlaýardy (Eýýup 26:7, 8, 14-nji aýatlary okaň) *. Eýýup ýer, asman, bulutlar hem-de ýyldyrym hakda oýlananda, ony täsin duýgular gaplap alýardy. Ýöne ol şonda-da tebigat hem ýaradylan zatlar barada gaty az bilýändigine düşünýärdi. Ol Ýehowanyň aýdan sözlerini hasam gymmat saýýardy. Eýýup: «Sözleriňi kalbymda arzylap sakladym» diýdi (Eýp. 23:12). Onuň Ýehowa bolan söýgüsi hem hormaty dogry işleri etmäge iterdi. Ol Hudaýy söýýärdi we oňa ýaranmak isleýärdi. Şol sebäpli ol aýypsyz galmak islegini hasam berkitdi. Bizem Eýýup pygamber ýaly aýypsyz ýaşamaly. Sebäbi biz gudratly Hudaýyň ýaradan zatlary hakda Eýýup pygamberiň döwründäki adamlardanam has köp zatlary bilýäris. Şeýle-de bizde Ýehowanyň nähili Hudaýdygyny bilmäge kömek edýän Mukaddes Ýazgylar bar. Ondan öwrenen zatlarymyz ýüregimizi minnetdarlykdan dolduryp, Hudaýa ýaramly gorkyny ösdürmäge kömek edýär. Ýehowa bolan gorkymyz hem hormatymyz ony söýmäge we gulak asmaga hem-de aýypsyz galmaga höweslendirýär (Eýp. 28:28).

Pornografiýa görmekden ýüz öwürsek, maddy zatlara dogry garaýyşda bolsak we gelejege bolan umydymyzy gaýym saklasak, aýypsyzlygymyzy hasam berkideris (13—15-nji abzaslara serediň) *

13, 14. a) Eýýup 31:1-de aýdylyşy ýaly, Eýýup Hudaýa gulak asýandygyny nädip görkezdi? b) Biz ondan nädip görelde alyp bileris?

13 Eýýup her gün Hudaýa gulak asyp ýaşaýardy. Bu onuň aýypsyz galmak islegini hasam berkitdi. Ol Hudaýyň öňünde aýypsyz gezmek üçin, oňa gulak asmagyň wajypdygyna düşünýärdi. Aslynda, her gezek Hudaýyň aýdanlaryna gulak asanymyzda, aýypsyz galmak islegimizi hasam berkidýäris. Eýýup pygamber her gün Hudaýa gulak asyp ýaşamaga jan edýärdi. Meselem, ol gelin-gyzlara ahlaksyz höwes bilen seretmekden gaça durýardy (Eýýup 31:1-i okaň) *. Ol aýalyndan başga gelin-gyza göwün bermegiň nädogrudygyny bilýärdi. Şu günler biz ahlaksyzlygyň möwç urýan döwründe ýaşaýarys. Eýýup pygamber ýaly, bizem ýanýoldaşymyz bolmadyk birine nädogry höwes bilen seretmekden gaça durarysmy? Bihaýa hem ahlaksyz suratlary ýa-da pornografiýa görmekden gaça durmak üçin jan ederismi? (Mat. 5:28). Eger biz her gün şeýle ýagdaýlarda özümize erk etsek, aýypsyz galmak islegimizi hasam berkideris.

Maddy zatlara dogry garaýyşda bolsak, aýypsyz galmak islegimizi berkideris (14-nji abzasa serediň) *

14 Eýýup pygamber maddy zatlara dogry garap, Ýehowa gulak asdy. Ol baýlygyna bil baglasa, Hudaýyň öňünde günä edip, jeza aljakdygyna düşünýärdi (Eýp. 31:24, 25, 28). Şu günler biz baýlygyň yzynda hars urýan adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Eger biz Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, pula we baýlyga dogry garaýyşda bolsak, aýypsyz galmak islegimizi hasam berkideris (Sül. tym. 30:8, 9; Mat. 6:19—21).

Gelejege bolan umydymyzy berkitsek aýypsyzlygymyzy saklamaga kömek eder. (15-nji abzasa serediň) *

15. a) Eýýup pygambere aýypsyzlygyny saklamaga näme kömek etdi? b) Ýehowanyň sylaglajakdygyna bolan ynam aýypsyz galmaga nädip kömek edýär?

15 Eýýup Hudaýyň sylaglajakdygyna berk ynanýardy. Bu onuň aýypsyz galmak islegini hasam berkitdi. Ol aýypsyzlygyna Hudaýyň biparh garamaýandygyna ynanýardy (Eýp. 31:6). Nähili synaglar başyna düşse-de, ol Ýehowanyň ahyrsoňy ony ýalkajakdygyna ynanýardy. Onuň Hudaýa bolan ynamy aýypsyz galmaga kömek etdi. Ýehowa guly Eýýubyň aýypsyzlygyny örän gymmat saýýar. Şonuň üçin ony bolluk bilen sylaglady (Eýp. 42:12—17; Ýak. 5:11). Gelejekde bolsa ol has köp bereketleriň eýesi bolar. Sizem Ýehowanyň aýypsyzlygyňyzy saklaýandygyňyz üçin sylaglajakdygyna berk ynanýarsyňyzmy? Hudaý hiç haçan üýtgemeýär (Mal. 3:6). Biz Ýehowanyň aýypsyzlygymyzy gymmat saýýandygyny ýatda saklasak, gelejege bolan ajaýyp umydymyzy ýüregimiziň töründe saklarys! (1 Sel. 5:8, 9).

16. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

16 Geliň, hemişe aýypsyz galmagy ýüregimize düweliň. Käte biz kynçylykdan ýaňa özümizi ýeke galan ýaly duýmagymyz mümkin. Ýöne ýeke däldigimizi hiç haçan unutmalyň. Sebäbi bütin dünýäde Hudaýyň millionlarça wepaly gullukçylary hem her gün aýypsyzlygyny saklaýarlar. Mundan başga-da aýypsyz galmak bilen, biz ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanda-da aýypsyzlygyny saklan Hudaýyň geçmişdäki wepaly gullukçylarynyň hataryna goşulýarys (Ýew. 11:36—38; 12:1). Geliň, ählimiz Eýýup pygamberiň: «Tä ölýänçäm, päkligimde galaryn» diýen sözlerine görä ýaşalyň! Goý, biziň aýypsyzlygymyz Ýehowa ebedi şöhrat getirsin!

63-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolmak

^ par. 5 Aýypsyzlyk näme? Ýehowa gullukçylarynyň aýypsyzlygyny näme üçin gymmat saýýar? Biziň her birimize Hudaýyň öňünde aýypsyz galmak näme üçin wajyp? Bu soraglaryň jogabyny şu makaladan bileris. Şeýle-de biz aýypsyzlygymyzy her gün nädip saklap biljekdigimize serederis. Aýypsyz galsak, köp bereketleri alarys.

^ par. 3 «Şikessiz» diýip terjime edilen ýewreý sözi mallara degişli ulanylsa-da, bu söz «aýypsyzlygyny» görkezmek üçin adamlara-da degişli ulanylýar.

^ par. 7 Eýýup 1:8 Reb Şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur; ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýdi. 9 Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýandyr öýdýäňmi? 10 Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň. 11 Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?»

^ par. 12 Eýýup 26:7 Hudaý gökleri boşlugyň üstüne ýazýar, ýeri-de hiç zatdan asýar. 8 Suwlary bulutlaryň içinde saklaýar, bulutlar olaryň agramyna böwsülmeýär. 14 Ujypsyzja bölegidir bular Onuň ýollarynyň, Ol hakda eşidýänlerimiz, gör, nähili az! Düşünip biljek barmy gudratynyň beýikligine Onuň?

^ par. 13 Eýýup 31:1 Boý gyza gyýa göz bilen bakmajagyma ant içdim.

^ par. 53 SURAT: Eýýup çagalaryna Ýehowanyň ýaradan täsin zatlary hakda öwredýär.

^ par. 55 SURAT: Doganymyz işdeşleriniň pornografiýa görmek teklibinden ýüz öwürýär.

^ par. 57 SURAT: Doganymyz uly hem gymmat bahaly telewizoryň gerek däldigine düşünip, ony satyn almaýar.

^ par. 59 SURAT: Doganymyz Jennetdäki ýaşaýşa bolan umydy hakda doga edip oýlanýar.