Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 8

Näme üçin minnetdarlyk bildirmeli?

Näme üçin minnetdarlyk bildirmeli?

«Minnetdar boluň» (Kol. 3:15).

2-NJI AÝDYM Şükür saňa, Ýehowa

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Isanyň sagaldan samariýaly adamy minnetdarlygyny nädip görkezdi?

GÖZ ÖŇÜNE GETIRIŇ, on sany adamyň ýagdaýy juda agyrdy. Olar heýwere keseline uçrapdy we derdinden açyljakdygyna umydy ýokdy. Ýöne bir gün olar uzakdan Beýik Mugallym Isany görýärler. Olar Isanyň her dürli keselli adamlary sagaldandygy barada eşidipdiler we özlerini hem sagaldyp biljekdigine ynanýardylar. Olar: «Isa, Mugallym, bize rehim et!» diýip gygyryşýarlar. Isa olaryň onusynam doly sagaldýar. Elbetde, olaryň hemmesem eden ýagşylygy üçin Isa minnetdar bolandyr. Emma sagalan adamlaryň biri diňe bir içinden minnetdar bolman, ýörite Isanyň ýanyna gelip, minnetdarlygyny * bildirdi. Ol adam samariýalydy; onuň minnetdarlykdan ýaňa ýüregi joşup, «batly ses bilen» Hudaýy şöhratlandyrdy (Luka 17:12—19).

2, 3. a) Näme üçin käte minnetdarlyk bildirmegi unutmagymyz mümkin? b) Şu makalada nämä serederis?

2 Samariýaly adam ýaly, bizem ýagşylyk eden adama minnetdardygymyzy görkezmek isleýäris. Ýöne käte biz aýdylan ýagşy söz ýa-da edilen ýagşylyk üçin minnetdarlyk aýtmagy ýatdan çykarmagymyz mümkin.

3 Şu makalada biz minnetdarlygyňy sözleriň we hereketiň bilen görkezmegiň näme üçin wajypdygyna serederis. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardan minnetdarlygyny iş ýüzünde görkezen we görkezmedik käbir adamlar hakda öwreneris. Soňra minnetdarlyk bildirmegiň käbir usullary barada gürrüň ederis.

NÄME ÜÇIN MINNETDARDYGYŇY GÖRKEZMELI?

4, 5. Biz näme üçin minnetdarlygymyzy görkezmeli?

4 Minnetdar bolmakda Ýehowanyň özi bize görelde görkezýär. Meselem, ol göwnünden turmaga jan edýän adamlary sylaglaýar (2 Şam. 22:21; Zeb. 13:6; Mat. 10:40, 41). Mukaddes Ýazgylarda: «Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň» diýilýär (Efes. 5:1). Diýmek, minnetdar bolmagyň birinji sebäbi, biz Ýehowanyň göreldesine eýermek isleýäris.

5 Geliň, başgalara minnetdar bolmagyň ýene bir sebäbine seredeliň. Minnetdarlygy süýji tagama meňzetse bolýar. Haçan-da ony başgalar bilen paýlaşanymyzda, hasam göwnümiz göterilýär. Olar bize minnetdarlyk aýdanda bolsa, begenjimiziň çägi bolmaýar. Başgalara minnetdarlygymyzy bildirenimizde, olaram özlerini bagtly duýýar. Şeýle ýagdaýda adam bize kömek etmek ýa-da bir zat bermek üçin eden tagallasynyň ýerine düşendigini bilýär. Netijede, şol adam bilen dostlukly gatnaşygymyz hasam berkeýär we ol ruhlanýar.

6. Minnetdarlyk sözleriniň altyn almalar bilen nähili meňzeşligi bar?

6 Biziň aýdýan minnetdarlyk sözlerimiziň uly ähmiýeti bar. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýerinde aýdylan sözler kümüş gabyň içindäki altyn almalar kimindir» diýilýär (Sül. tym. 25:11). Kümüşden ýasalan gabyň içindäki owadan altyn almalary göz öňüne getiriň. Olaryň gymmaty hakda oýlanyp görüň. Eger kimdir biri size şeýle sowgat berse, özüňizi nähili duýardyňyz? Biziň aýdýan minnetdarlyk sözlerimizi hem şuňa meňzetse bolýar. Altyn almalaryň hiç haçan gymmatyny ýitirmeýşi ýaly, biziň aýdýan minnetdarlyk sözlerimiz hem adamy ruhlandyrýar we onuň ömürboýy ýadyndan çykmaýar.

MINNETDAR ADAMLAR

7. Zebur 27:4-den görnüşi ýaly, Dawut we beýleki mezmurçylar Hudaýa minnetdarlygyny nädip görkezdi?

7 Hudaýyň geçmişdäki ençeme gullukçylary minnetdarlygyny görkezdiler. Olaryň biri Dawutdy (Zebur 27:4-i okaň). Ol arassa sežde üçin ýürekden minnetdardy, bu onuň edýän işlerinden görünýärdi. Dawut ybadathananyň gurluşygy üçin baýlygynyň köp bölegini bagyş etdi. Asafyň nesilleri hem mezmurlary ýa-da Hudaýa öwgüli aýdymlary düzüp, minnetdarlygyny bildirdiler. Nagmalarynyň birinde olar Ýehowa alkyş aýdyp, «ajaýyp işleri» üçin Oňa minnetdarlygyny beýan etdiler (Zeb. 75:1). Dogrudan-da, Dawut we Asafyň nesilleri Ýehowanyň eden ähli ýagşylyklary üçin minnetdardyklaryny iş ýüzünde görkezmek isleýärdiler. Elbetde, Hudaýyň bu gullukçylary ýaly, sizem Oňa minnetdardygyňyzy görkezmek isleýänsiňiz.

Pawlus resulyň rimlilere ýazan hatyndan minnetdarlyk bildirmek babatda näme öwrenýäris? (8, 9-njy abzaslara serediň) *

8, 9. Pawlus resul imandaşlaryna minnetdarlygyny nädip görkezdi we netijede näme boldy?

8 Pawlus hem imandaşlarynyň gadyryny bilýärdi we olar hakda ýagşy zatlary aýdýardy. Ol dogalarynda olar üçin Hudaýa elmydama minnetdarlyk aýdýardy. Şeýle-de olara ýazan hatlarynda minnetdarlygyny bildirýärdi. Rimlilere ýazan hatynyň 16-njy babynyň ilkinji 15 aýadynda Pawlus resul 27 sany dogan-uýanyň adyny agzaýar. Ol «janlaryny howp astyna salan» Priska bilen Akilanyň we «köp doganlary, şol sanda» Pawlusy goran Fibiýanyň adyny aýratyn agzap geçýär. Pawlus bu janaýamaz dogan-uýalary ýürekden öwýär (Rim. 16:1—15).

9 Pawlus resul dogan-uýalaryň bikämildigini bilse-de, rimlilere ýazan hatynda olaryň gowy häsiýetlerine aýratyn üns berýär. Göz öňüne getiriň, Pawlusyň ýazan şol öwgüli sözlerini ýygnakda okap berenlerinde, şol dogan-uýalaryň begenjinden ýaňa başy asmana ýetendir! Elbetde, şondan soň olaryň Pawlus bilen dostlugy hasam berkändir. Sizem ýygnagyňyzdaky dogan-uýalara aýdýan we edýän ýagşy zatlary üçin wagtal-wagtal sagbolsun aýdýarsyňyzmy?

10. Isanyň şägirtlerine minnetdarlyk bildirişinden biz näme öwrenýäris?

10 Isa Kiçi Aziýadaky käbir ýygnaklara ýüzlenende, olara eden işleri üçin minnetdarlygyny bildirdi. Meselem, ol Tiýatiradaky ýygnaga başda şeýle sözler bilen ýüzlenýär: «Men seniň edýän işleriňi, söýgiňi, imanyňy, gullugyňy, çydamlylygyňy we öňküden has köp işleri edýändigiňi bilýärin» (Ylh. 2:19). Isa diňe bir olaryň edýän işlerini däl, eýsem, ýagşy işleri etmäge iterýän gowy häsiýetlerini hem agzaýar we olary öwýär. Olaryň käbirine düzediş bermeli bolsa-da, Isa olara hoşamaý sözler bilen ýüzlenip, gürrüňini ruhlandyryjy sözler bilen tamamlaýar (Ylh. 2:25—28). Ähli ýygnaklaryň üstünden Isanyň nähili ygtyýarynyň bardygy hakda oýlanyp görüň! Ol edýän işlerimiz üçin bize minnetdarlyk aýtmaga borçly däl. Ýöne ol şonda-da öwgüli sözlerini gysganmaýar. Bu ýygnak ýaşululary üçin, gör, nähili gowy görelde!

GADYR BILMEZ ADAMLAR

11. Ýewreýler 12:16-a görä, Esaw mukaddes zatlara nähili garady?

11 Gynansak-da, Mukaddes Ýazgylarda agzalýan adamlaryň käbiri minnetdarlyk bildirmedi. Mysal üçin, Esaw Ýehowany söýýän we Oňa çuňňur hormat goýýan ene-atanyň elinde ulalsa-da, mukaddes zatlaryň gadyryny bilmedi (Ýewreýler 12:16-ny okaň). Onuň gadyr bilmez bolandygy nämeden görünýär? Esaw açlygyna çydap bilmän, nowbaharlyk hakyny bir tabak aşa satýar (Gel. çyk. 25:30—34). Soňra ol eden işine gaty ökünýär. Emma ol özündäki bar zadyň gadyryny bilmedi. Şonuň üçin nowbahar ogla berilýän ak patanyň özüne berilmändigine nägile bolmaga haky ýokdy.

12, 13. Ysraýyllylar nädip gadyr bilmez boldy we munuň soňy näme bilen gutardy?

12 Ysraýyllylaryň Ýehowa minnetdar bolmaga gaty köp sebäbi bardy. Ýehowa Müsür ýurduna on jeza berensoň, olary gulçulykdan azat etdi. Soňra Hudaý Gyzyl deňzinde müsürlileriň güýçli goşunyny derbi-dagyn edip, halkyny olaryň elinden halas etdi. Ysraýyllylar minnetdarlykdan ýaňa Ýehowany şöhratlandyryp, ýeňiş aýdymyny aýtdylar. Ýöne olaryň minnetdarlygy uzaga çekmedi.

13 Ysraýyllylar täze kynçylyklara duşanda, Ýehowanyň özleri üçin eden ähli zatlaryny derrew ýatdan çykardylar. Şeýdip, olar özleriniň gadyr bilmezdiklerini görkezdiler (Zeb. 106:7). Mukaddes Ýazgylarda: «Çölde ähli ysraýyl halky Musa we Haruna igenmäge başlady» diýilýär. Aslynda, olar Ýehowa igendiler (Müs. çyk. 16:2, 8). Ýehowa halkynyň gadyr bilmez bolandygyny görende, gaty gynandy. Soňra Ýeşuwa bilen Kalepdan başga olaryň ählisiniň çölde heläk boljakdygyny we Wada edilen diýara girmejekdigini aýtdy (San. 14:22—24; 26:65). Geliň, şol gadyr bilmez adamlar ýaly bolman, ýagşy görelde galdyran adamlardan näme öwrenip bilýändigimize seredeliň.

MINNETDAR BOLALYŇ

14, 15. a) Är-aýallar bir-biriniň gadyryny bilýändigini nädip görkezip bilýär? b) Ene-atalar çagalaryna minnetdar bolmagy nädip öwredip biler?

14 Maşgalada. Maşgalada her bir adam minnetdarlyk bildirende, bu tutuş maşgala peýda getirýär. Meselem, är-aýal bir-birine minnetdarlygyny näçe köp bildirse, olar şonça-da birek-birege ýakynlaşýar. Şeýle-de bu bir-biriniň ýalňyşyny derrew bagyşlamaga ýardam edýär. Aýalynyň gadyryny bilýän är diňe bir onuň aýdýan ýagşy sözlerine we işlerine üns bermän, eýsem, «ony öwýär» (Sül. tym. 31:10, 28). Paýhasly aýal hem ýanýoldaşyna onuň gadyryny bilýändigini hereketi bilen görkezýär.

15 Ene-atalar, siz çagalaryňyza minnetdar bolmagy nädip öwredip bilersiňiz? Çagalaryňyzyň siziň aýdýan sözleriňizden we edýän işleriňizden görelde alýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Şol sebäpli çagalaryňyz siziň üçin bir zat edende, sagbolsun aýdyp, görelde görkeziň. Şeýle-de başgalar olara ýagşylyk edende, sagbolsun aýtmalydygyny öwrediň. Olara ýürekden minnetdarlyk aýtmalydygyny we aýdýan sözleriniň has gowy netijeleri berýändigini düşündiriň. Bu hakda Klara atly aýal şeýle diýýär: «Ejem 32 ýaşyndaka, biziň üçimizi ýeke özi terbiýelemeli boldy. Menem 32 ýaşyma ýetenimde, oňa şol wagtlar gaty kyn düşendigi hakda oýlandym. Şol sebäpli men ejeme bizi terbiýeläp ýetişdirmek üçin, nämelerden geçmeli bolandygyny aýdyp, minnetdarlygymy bildirdim. Ýaňy-ýakynda ol şol aýdan sözlerimi häzirem ýüreginde saklap, wagtal-wagtal şolar hakda oýlanýandygyny we hemişe göwnüni göterýändigini aýtdy».

Çagalaryňyza minnetdar bolmagy öwrediň (15-nji abzasa serediň) *

16. Dogan-uýalara minnetdardygymyzy nädip görkezip bileris? Mysal getiriň.

16 Ýygnakda. Biz dogan-uýalara minnetdardygymyzy görkezenimizde, olar hasam ruhlanýar. Geliň, 28 ýaşly Jorj atly ýaşuly dogan bilen bolan waka seredeliň. Ol agyr keselleýär we bir aýlap ýygnak duşuşyklaryna baryp bilmeýär. Duşuşyklara gatnap başlansoňam, onuň käbir bölümlerine gatnaşyp bilmeýärdi. Jorj bu hakda şeýle diýýär: «Şeýle ýagdaýa düşendigim we ýygnakda öňki jogapkärli borçlarymy ýerine ýetirip bilmeýändigim üçin, özümi dereksiz duýýardym. Ýöne bir gün duşuşykdan soň, bir dogan ýanyma gelip: „Maşgalam üçin gowy görelde görkezýändigiňe saňa köp sagbolsun aýdasym gelýär. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda çykyş eden nutuklaryňy diňläp, nähili begenendigimizi göz öňüne bir getirsediň! Sen bize ruhy taýdan ösmäge kömek etdiň“ diýdi. Şonda damagym dolup, gözüme ýaş aýlandy. Ol doganyň aýdan sözleri derdime derman boldy».

17. Koloslylar 3:15-den görnüşi ýaly, biz Ýehowa jomartlygy üçin minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

17 Jomart Hudaýymyza. Ýehowa bize bolluk bilen ruhy iýmit berýär. Meselem, biz ýygnak duşuşyklary, edebiýatlarymyz we web-saýtymyz arkaly peýdaly maslahatlary alýarys. Siz haçanam bolsa, nutuk diňläniňizde, bir makalany okanyňyzda ýa-da JW teleýaýlymyny göreniňizde: «Bu-la tüýs maňa degişli» diýipdiňizmi? Eýsem, biz Ýehowa minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? (Koloslylar 3:15-i okaň). Munuň bir usuly berýän ajaýyp sowgatlary üçin dogalarymyzda Ýehowa hemişe minnetdarlyk aýtmak (Ýak. 1:17).

Ýygnak jaýyny arassalamak işine gatnaşmak minnetdarlygymyzy görkezmegiň iň gowy usullarynyň biri (18-nji abzasa serediň)

18. Ýygnak jaýlary üçin minnetdarlygymyzy görkezmegiň nähili usullary bar?

18 Mundan başga-da, sežde edýän ýerlerimizi arassa hem tertipli saklap, Ýehowa minnetdardygymyzy görkezip bilýäris. Munuň üçin biz Ýygnak jaýlaryny arassa saklamaga we bejermäge gatnaşyp durmaly. Elektron enjamlaryna seredýän doganlar olary aýawly ulanmaly. Ýygnak jaýlaryny gowy ýagdaýda saklasak, olary uzak wagtlap ulanyp bileris we uly bejeriş işlerini geçirmek gerek bolmaz. Şeýtsek, biz tygşytlan pullarymyzy ýer ýüzündäki beýleki Ýygnak jaýlaryny gurmak we abatlamak işlerine sarp edip bileris.

19. Biz bir etrap gözegçisi we onuň aýaly bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

19 Biziň üçin agyr zähmet çekýänlere. Biziň aýdýan minnetdarlyk sözlerimiz adamyň durmuşyna örän güýçli täsir edýär we kynçylyklaryna hötde gelmäge ýardam edýär. Geliň, bir etrap gözegçisi we onuň aýaly bilen bolan waka seredeliň. Bir gün olar sowuk howada ýadap, öýlerine gelýärler. Howa şeýle sowuk bolansoň, onuň aýaly paltosynam çykarman, uklap galýar. Ertesi irden ol adamsyna gullugyň bu görnüşine indi gatnaşyp bilmejekdigini aýdýar. Şol günüň özünde olara filialdan hat gelýär. Bu hat uýamyz üçin iberilipdi. Şol hatda uýamyzyň edýän gullugy we çydamlylygy üçin öwgüli sözler ýazylandy. Şeýle-de onda her hepde bir ýerden başga ýere göçüp ýörmegiň aňsat däldigi aýdylýardy. Uýamyzyň adamsy şeýle diýýär: «Hatdaky ruhlandyryjy sözler oňa gaty güýçli täsir etdi. Şondan soň ol gaýdyp gullugymyzy bes edeli diýmedi. Dogrymy aýtsam, men ruhdan düşen mahalym, gaýtam, aýalym meni ençeme gezek ruhlandyrypdy». Bu är-aýal 40 ýyl töweregi etrap gözegçisi bolup gulluk edýär.

20. Biz her gün näme etmäge jan etmeli we näme üçin?

20 Geliň, her gün aýdýan sözlerimiz we edýän işlerimiz bilen minnetdarlygymyzy görkezeliň. Biziň ýürekden aýdýan sözlerimiz we edýän işlerimiz adama tüýs wagtynda berlen kömek bolup, ony hem gadyr bilmez dünýäde minnetdarlyk bildirmäge höweslendirer. Şeýle-de biziň aýdýan minnetdarlyk sözlerimiz başgalar bilen dostlugymyzy has-da berkider. Iň esasy zat bolsa, gökdäki jomart hem minnetdar Atamyz Ýehowanyň göreldesine eýereris.

148-NJI AÝDYM Ýeke-täk Ogluňy berdiň

^ par. 5 Biz Ýehowadan, Isadan we heýwere keselli samariýaly adamdan minnetdarlyk bildirmek babatda näme öwrenýäris? Biz şu makalada olaryň we başga-da käbir adamlaryň galdyran göreldesine serederis. Şeýle-de minnetdarlyk bildirmegiň näme üçin wajypdygy we ony bildirmegiň käbir usullary hakda gürrüň ederis.

^ par. 1 DÜŞÜNDIRILIŞ: Kimdir birine ýa-da bir zat üçin minnetdar bolar ýaly, şol adamyň eden ýagşylygynyň ýa-da şol zadyň gymmatyna düşünmeli. Bu söz adamyň ýüregindäki minnetdarlyk duýgusyny hem aňladyp biler.

^ par. 55 SURAT: Pawlus resulyň rimlilere ýazan hatyny okap berenlerinde, Akila, Priska, Fibiýa hem-de beýlekiler öz atlaryny eşidip, begenýär.

^ par. 57 SURAT: Ejesi gyzyna gartaşan uýa minnetdar bolmagy öwredýär.