Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýylgyryşda gudrat we güýç bar

Ýylgyryşda gudrat we güýç bar

BIR gün Filipiniň uly şäheri Bagiýoda Helen uýa stendli wagyz edip durdy. Şonda iki gyz stendiň gapdalyndan geçip gidýär. Helen gyzlara mähirli ýylgyryp seredýär. Gyzlar Helen bilen gepleşmeýär, ýöne uýanyň ýylgyryşy olaryň göz öňünden gitmeýär.

Gyzlar awtobusly öýüne barýarkalar, Ýygnak jaýynyň öňünden geçýärler we jw.org ýazgyny görýärler. Şonda olaryň stendde hem şol ýazgyny görendikleri ýadyna düşýär. Olar awtobusdan düşüp, Ýygnak jaýyna gelýärler we ýygnak duşuşygynyň haçan geçirilýändigini bilýärler.

Soňra gyzlar ýygnaga gelýärler. Olar Ýygnak jaýynda kimi görendir öýdýärsiňiz?! Elbetde, Heleni! Gyzlar güler ýüzli Heleni derrew tanaýarlar. Helen şeýle gürrüň berýär: «Nätanyş gyzlaryň meniň ýanyma gelýändigini görenimde biraz aljyradym. Bir zat bolaýdymyka diýip gorkdum». Gyzlar Helene stendli wagyz edip durka görendiklerini aýdýarlar.

Gyzlar dogan-uýalary şeýle bir gowy görýärler welin, özlerini edil maşgala agzalarynyň arasynda ýaly duýýarlar. Ýygnak duşuşygy tamamlanandan soň, dogan-uýalar Ýygnak jaýyny arassalamak üçin syryp-süpürip başlaýarlar. Gyzlar muny görüp: «Biziň hem kömek edesimiz gelýär» diýýär. Gyzlaryň biri şäherden göçüp gidýär, beýlekisi bolsa ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýar we Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Dogrudanam, ýylgyryşda gudrat we güýç bar.