Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 5

Isa Mesih erkek adamyň başy

Isa Mesih erkek adamyň başy

«Her erkegiň başy Mesih» (1 Kor. 11:3).

12-NJI AÝDYM Ýehowa Beýik Hudaý

MAZMUNY *

1. Ärler maşgalada baş bolmak üçin kimiň göreldesine eýerýärler?

MAŞGALANYŇ «başy» bolmak nämäni aňladýar? Adamlaryň käbiri medeniýetine, däp-dessurlaryna ýa-da ata-babalarynyň göreldesine eýerip, aýalynyň we çagalarynyň üstünden hojaýynçylyk edýärler. Ýewropada ýaşaýan Ýanita uýa şeýle gürrüň berýär: «Meniň ýaşaýan ýerimde erkekler aýallary äsgermeýärler. Aýallary gyrnak hasaplaýarlar. Şeýle garaýyş adamlaryň aňyna, ganyna siňen». Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýan Luka dogan şeýle gürrüň berýär: «Atalar ogullaryna: „Aýalyň bir gepi bolarmy?! Aýalyňy diňleseň, aljak galaň bolmaz“ diýip öwredýärler». Emma Ýehowa äriň aýalyny gyrnak ýaly görmegini islemeýär (Markus 7:13-i deňeşdiriň). Erkek adamlar gowy maşgalabaşy bolmak üçin näme etmeli?

2. Maşgalabaşy nämä düşünmeli we näme üçin?

2 Erkek adam gowy maşgalabaşy bolmak üçin, Ýehowanyň näme talap edýändigini bilmeli. Şeýle-de Allatagalanyň erkek adamy näme üçin maşgalanyň başy edip goýandygyna düşünmeli. Erkek adam Ýehowanyň we Isa pygamberiň göreldesine eýermegiň wajypdygyna göz ýetirmeli. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa erkek adamy maşgalabaşy edip bellese-de, belli bir çäk goýdy we ol Hudaýyň islegine görä maşgalasynyň aladasyny etmeli (Luka 12:48b).

BAŞTUTANYŇ NÄHILI ERK-YGTYÝARY BAR?

3. 1 Korinfliler 11:3-de baştutanlyk barada näme aýdylýar?

3 1 Korinfliler 11:3-i okaň. Şu aýatda Ýehowanyň perişdeleriň we adamlaryň aladasyny etmek üçin, baştutanlary belländigi aýdylýar. Baştutan ýolbaşçylyk edýär, ýöne gelýän kararlary üçin jogap hem bermeli. Ýehowa älem-jahany ýaratdy; onuň hökümdarlygynyň çägi ýok. Şol sebäpli perişdeler hem, adamlar hem Ýehowanyň öňünde jogap bermeli (Rim. 14:10; Efes. 3:14, 15). Isa ýygnagyň başy, emma ol dogan-uýalaryň aladasyny edişi hakda Ýehowanyň öňünde hasabat bermeli (1 Kor. 15:27). Är maşgalanyň başy, ýöne aýalynyň we çagalarynyň aladasyny edişi barada Ýehowa we Isa pygambere hasabat bermelidir (1 Pet. 3:7).

4. Ýehowa Hudaýyň we Isa pygamberiň näme etmäge haky bar?

4 Ýehowa älem-jahanyň Hökümdary. Şol sebäpli perişdeleriň, adamlaryň üstünden kanun çykarmaga we olardan hasabat soramaga haky bar (Işa. 33:22). Isa hem ýygnagyň başy hökmünde kada-kanun goýmaga we dogan-uýalardan hasabat soramaga haklydyr (Gal. 6:2; Kol. 1:18—20).

5. Maşgalabaşylaryň näme etmäge haky bar we nämeden seresap bolmaly?

5 Ýehowa Hudaý we Isa pygamber ýaly, her bir är öz maşgalasy üçin tertip-düzgün goýup bilýär (Rim. 7:2; Efes. 6:4). Ýöne äriň goýan tertip-düzgüni Hudaýyň Sözüne esaslanmaly we onuň çäginden çykmaly däl (Nak. 3:5, 6). Emma onuň dogan-garyndaşlary we dogan-uýalar üçin tertip-düzgün goýmaga haky ýok (Rim. 14:4). Eger oglan ýa-da gyz maşgalasyndan aýry ýaşaýan bolsa, olar kakasyna hormat goýmaly, ýöne kakasynyň ýolbaşçylygy astynda bolmaýar (Mat. 19:5).

ÝEHOWANYŇ BELLÄN BAŞTUTANLARY

6. Ýehowa näme üçin baştutanlary belledi?

6 Ýehowa ýaradanlarynyň aladasyny etmek üçin baştutanlary belledi. Baştutanlar Ýehowanyň halkynyň arasynda parahatlygyň we tertip-düzgüniň bolmagyna ýardam edýärler (1 Kor. 14:33, 40). «Baş bolmasa, göwre läş» diýlişi ýaly, baştutan bolmasa, eden-etdilik we agzalalyk höküm sürerdi. Belli bir karara gelmek kyn bolardy, adamlar näme edip, näme goýjagyny bilmezdiler.

7. Efesliler 5:25, 28-nji aýatlarda Ýehowa ärlerden näme talap edýär?

7 Allatagala aýallaryň bagtly ýaşamagy üçin ärleri maşgalabaşy edip belledi. Onda näme üçin aýallar bagtly däl? Sebäbi erkek adamlar Ýehowanyň maşgala babatda beren kada-kanunlaryna biparh seredýärler we öz medeniýetine ýa-da däp-dessurlaryna eýerip, ata-babalaryndan görelde alýarlar. Olar öz isleglerini kanagatlandyrmak üçin, aýallaryny kemsidýärler we ezýärler. Ärler dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň ýanynda «heleý guly» bolmajak bolup, aýalynyň mertebesini peseldýärler. Olar aýalyny urup-sögüp, gözüniň oduny alýarlar *. Naçar aýal ärini söýmese-de, gorkup ýaşaýar. Şeýle düşünje Ýehowanyň maşgala üçin beren kada-kanunlaryna düýbünden garşy gelýär, sebäbi Ýehowa äriň aýalyny söýüp, mertebesine hormat goýmagyny isleýär (Efesliler 5:25, 28-nji aýatlary okaň).

ÄRLER ÜÇIN GEREKLI HÄSIÝETLER

8. Ärler gowy maşgalabaşy bolmak üçin näme etmeli?

8 Ýehowa Hudaý bilen Isa pygamber söýgi we pesgöwünlik bilen hökümdarlyk edýär. Ärler olaryň göreldesine eýerseler, gowy maşgalabaşy bolup bilerler. Aýalynyň we çagalarynyň ýürekden aladasyny ederler.

9. Ýehowanyň pesgöwünlidigini nireden bilýäris?

9 Pesgöwünlik. Ýehowa hemmelerden akyldar bolsa-da, hudaýhon adamlaryň pikirini diňleýär (1 Mus. 18:23, 24, 32). Ol perişdelere-de pikirini aýtmaga rugsat berýär (1 Pat. 22:19—22). Ýehowa Gudratygüýçli Hudaý, emma adamlardan başarmajak zadyny talap etmeýär, gaýtam olara güýç berip goldaýar (Zeb. 113:6, 7). Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «hemaýatkär» Hudaýdygy barada ýazylan (Zeb. 27:9; Ýew. 13:6). Dawut patyşa pesgöwünli Hudaýyň kömegi bilen köp ýeňişleri gazanandygyny aýdýar (2 Şam. 22:36).

10. Isa pygamberiň pesgöwünli bolandygyny nireden bilýäris?

10 Geliň, Isa pygamber hakda gürrüň edeliň. Ol şägirtleriniň halypasy we mugallymy bolsa-da, olaryň aýagyny ýuwdy. Ýehowa şol wakany Mukaddes Kitaba näme üçin ýazdyrdyka? Ol hemmeleriň, esasanam, maşgalabaşylaryň Isa pygamberden görelde almagyny isleýärdi. Isanyň özi-de: «Men size görelde görkezdim. Men näme eden bolsam, sizem şeýle etmeli» diýdi (Ýah. 13:12—17). Isa beýik pygamber bolsa-da, adamlaryň özüne hyzmat etmegine garaşman, özi hyzmat etdi (Mat. 20:28).

Pesgöwünli maşgalabaşy aýalyna kömekleşýär we maşgala okuwyny geçirýär (11, 13-nji abzaslara serediň).

11. Ärler Ýehowa Hudaýyň we Isa pygamberiň göreldesine eýerip, nädip pesgöwünli bolup bilerler?

11 Ärler üçin sapak. Ärler ähli ýagdaýda pesgöwünli bolmaly. Gowy maşgalabaşy aýalynyň we çagalarynyň başarmajak zadyny talap etmeýär. Ol öz diýenini gögertjek bolman, aýalynyň hem çagalarynyň pikirini diňleýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýan Merli uýa şeýle gürrüň berýär: «Käte pikirimiz deň gelmeýär. Ýöne ärimiň meni söýýändigini we maňa hormat goýýandygyny duýýaryn. Sebäbi ol meniň pikirimi soraýar we karara gelmezden öň çuňňur oýlanýar». Käbir ýurtlarda öýüň işlerini diňe aýallar etmeli diýen düşünje bar. Ýöne pesgöwünli är öýüň işlerini etmegi kiçilik bilmeýär. Reýçel uýa şeýle gürrüň berýär: «Eger erkek adam gap-gaçlary ýuwup, öýi syryp-süpürse, dogan-garyndaşlar we goňşy-golamlar oňa: „Heleý guly! Aýalynyň gepinden çykyp bilenok“ diýip, üstünden gülýärler». Eger siziň ýaşaýan ýeriňizde-de öýüň işlerini etmek kiçilik hasaplanýan bolsa, ýatdan çykarmaň, Isa pygamber şägirtleriň aýagyny ýuwup, hyzmatkäriň işini etdi. Gowy maşgalabaşylar ile görünjek bolman, aýalyny we çagalaryny bagtly etmek üçin jan edýär. Gowy maşgalabaşy bolmak üçin ýene nähili häsiýet gerek?

12. Ýehowa Hudaýyň we Isa pygamberiň adamlary söýýändigini nireden bilýäris?

12 Söýgi. Ýehowa Hudaý ähli zady söýgi bilen edýär (1 Ýah. 4:7, 8). Ýehowa öz guramasy we Sözi arkaly biziň bilen dostlaşýar. Ýehowa biziň ýagdaýymyza düşünýär, göwnüçökgünlige düşenimizde teselli berýär. Şeýle-de Allatagala «ýaşaýyş üçin ähli zady jomartlyk bilen berýär» (1 Tim. 6:17). Eger biz ýalňyşsak, ol söýgi bilen öwüt-ündew berýär. Hatda biziň günälerimiz üçin töleg gurbanyny berdi. Isa hem şirin janyny biziň üçin gurban etdi (Ýah. 3:16; 15:13). Hawa, Ýehowa Hudaýyň we Isa pygamberiň hudaýhon adamlara bolan söýgüsini hiç zat sowadyp bilmez (Ýah. 13:1; Rim. 8:35, 38, 39).

13. Ärler näme üçin maşgalasyny söýmeli? ( «Är aýalynyň hormatyny nädip gazanmaly?» diýen çarçuwa serediň).

13 Ärler üçin sapak. Maşgalabaşylar ähli zady söýgi bilen etmeli. Ýahýa resul şeýle diýdi: «Gözi bilen görýän doganyny (ýa-da maşgalasyny) söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez» (1 Ýah. 4:11, 20). Ýehowanyň we Isa pygamberiň göreldesine eýerýän maşgalabaşylar aýalyna, çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmeli. Olary ruhlandyrmaly we maşgalasyny eklemeli (1 Tim. 5:8). Maşgalabaşylar çagalaryny söýgi bilen terbiýeläp, öwüt-ündew bermeli. Olar maşgalasynyň bähbidi üçin karara gelip, Ýehowany şöhratlandyrmaly. Geliň, maşgalabaşylaryň haýsy bäş ýagdaýda Ýehowanyň we Isa pygamberiň göreldesine eýerip biljekdikleri hakda gürrüň edeliň.

MAŞGALABAŞYNYŇ BORÇLARY

14. Ärler maşgalasyna Hudaý bilen ýakyndan dostlaşmaga nädip kömek etmeli?

14 Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmaga kömek etmeli. Isa pygamber Atasynyň göreldesine eýerip, adamlara Hudaý bilen dostlaşmaga kömek edýärdi (Mat. 5:3, 6; Mar. 6:34). Ärler hem şeýle etmeli (5 Mus. 6:6—9). Maşgalabaşylar aýalyna we çagalaryna her gün Mukaddes Kitaby okamaga, ýygnak duşuşyklaryna barmaga, hoş habary wagyz etmäge we Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmaga kömek etmeli.

15. Ärler maşgalasyny nädip ruhlandyrmaly?

15 Ruhlandyryp durmaly. Ýehowa adamlaryň öňünde Ogly Isany söýýändigini aýtdy (Mat. 3:17). Isa pygamber hem resullaryny söýýärdi we olaryň aladasyny edýärdi. Resullar hem Isany söýýändigini aýdýardylar (Ýah. 15:9, 12, 13; 21:16). Maşgalasyny söýýän ärler aýaly we çagalary bilen Mukaddes Kitaby okaýarlar. Ärler aýalyny we çagalaryny söýýändigini aýdýarlar, dogan-uýalaryň ýanynda öwmäge çekinmeýärler (Nak. 31:28, 29).

Ýehowany razy edýän är maşgalasyny eklemek üçin zähmet çekýär (16-njy abzasa serediň)

16. Maşgalabaşylar näme etmeli we nämeden seresap bolmaly?

16 Maşgalasyny eklemeli. Ysraýyllar günä edende, Ýehowa olara temmi berýär, ýöne zada zar etmeýär (5 Mus. 2:7; 29:5). Ýehowa biziň hem aladamyzy edýär (Mat. 6:31—33; 7:11). Isa pygamber hem uly märekäni doýurýar (Mat. 14:17—20). Ol syrkaw adamlary sagaldýar (Mat. 4:24). Ýehowany razy etmek isleýän ärler maşgalasyny eklemek üçin zähmet çekýärler. Ýöne olar aşa köp işlemeli däl, ýogsam maşgalasyny ruhlandyrmaga we imanyny berkitmäge wagty bolmaz.

17. Ýehowa bilen Isa nädip öwüt-ündew berýär?

17 Öwüt-ündew bermeli. Ýehowa bizi söýýändigi üçin terbiýeleýär we öwüt-ündew berýär (Ýew. 12:7—9). Isa pygamber hem hudaýhon adamlara söýgi bilen görkezme berýär (Ýah. 15:14, 15). Ol düzediş berende hem gödek gürleşmeýär (Mat. 20:24—28). Isa biziň bikämildigimizi we köp ýalňyşýandygymyzy bilýär (Mat. 26:41).

18. Maşgalabaşylar nämä düşünýärler?

18 Ýehowa bilen Isadan görelde alýan maşgalabaşylar aýalynyň we çagalarynyň bikämildigine düşünýärler. Olar özüni gödek alyp barmaýarlar (Kol. 3:19). Maşgalabaşylar aýaly we çagalary ýalňyşlyk goýberende, «ýumşaklyk bilen düzedýärler» we özleriniň hem ýalňyşýandygyny unutmaýarlar (Gal. 6:1). Ärler Isa ýaly öz göreldesi bilen öwüt-ündew berýärler (1 Pet. 2:21).

19, 20. Ärler karara gelende Ýehowa bilen Isanyň göreldesine nädip eýerip bilerler?

19 Maşgalasynyň peýdasy üçin karara gelmeli. Älemiň Hökümdary Ýehowanyň edýän her bir işinden adamlary söýýändigi görünýär. Ol adamlaryň bagtly ýaşamagy üçin owadan Ýer şaryny sowgat berdi. Allatagala höwes bilen adamlary günäden azat etmek isleýär. Hatda söwer Ogluny hem gaýgyrmady. Isa hem adamlar üçin janyndan geçmäge taýyndy (Rim. 15:3). Bir gün Isa halys ýadap, dynç almak isledi. Emma uly märekäni görüp ýüregi awady we Hudaý barada wagyz edip başlady (Mar. 6:31—34).

20 Maşgalabaşylar öz bähbidine çapman, paýhasly karara gelýärler. Sebäbi olar Ýehowanyň öňünde jogap bermeli. Maşgalasynyň aladasyny edýän ärler karara gelende öz peýdasyny gözlemän, gowy oýlanýarlar we Ýehowanyň berýän öwüt-ündewine eýerýärler * (Nak. 2:6, 7). Şeýdip, olar öz aladasyny däl-de, maşgalasynyň aladasyny edýärler (Flp. 2:4).

21. Indiki makalada haýsy soragyň jogabyny bileris?

21 Ýehowa maşgalabaşylara jogapkärli iş tabşyrdy. Olar maşgalasynyň aladasyny edişi hakda Hudaýyň öňünde hasabat bermeli. Ýöne olar Ýehowanyň we Isa pygamberiň göreldesine eýerseler, gowy maşgalabaşy bolup bilerler. Maşgalasynyň bagtly bolmagy üçin aýallar hem öz goşandyny goşup bilýärler. Aýal ärine näme üçin tabyn bolmaly we nähili kynçylyklaryň döremegi mümkin? Indiki makalada şu soragyň jogabyny bileris.

16-NJY AÝDYM Ogluny saýlan Ýahy wasp edeliň

^ par. 5 Ýigit öýlenenden soňra öz maşgalasynyň başy bolýar. Şu makalada Ýehowa Hudaýyň äri näme üçin maşgalabaşy edip belländigini bileris. Ärleriň Ýehowanyň we Isa pygamberiň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis. Indiki makalada bolsa är-aýallaryň Isa pygamberiň we hudaýhon adamlaryň göreldesine nädip eýermelidigi barada bileris. Üçünji makalada ýygnakda baştutanlyk edilişi hakda gürrüň ederis.

^ par. 7 Kitap-žurnallarda, sahnalarda, kinolarda äriň aýalyny kemsidip, urup-sögmegi adaty zat ýaly görkezilýär. Şonuň üçin hem erkek adam aýalyny äsgermeýär.

^ par. 20 Köpräk bilmek üçin «Hudaýy şöhratlandyrýan karara geliň!» diýen makalany okap bilersiňiz (w11 15/4 sah. 13—17).