Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 8

Synaglara şatlyk bilen döz geliň!

Synaglara şatlyk bilen döz geliň!

«Doganlarym, dürli kynçylyklara uçranyňyzda, ählisini şatlyk bilen kabul ediň» (Ýak. 1:2).

111-NJI AÝDYM Şatlanyň!

MAZMUNY *

1, 2. Matta 5:11-e görä, bizi yzarlasalar näme etmeli?

ISA PYGAMBER resullaryna köp kynçylyklara duş geljekdiklerini we zalymlyk bilen yzarlanjakdyklaryny aýdypdy. Ýöne olaryň şatlanjagyny hem wada berdi (Mat. 10:22, 23; Luka 6:20—23). Isanyň resullary ýaly, bizi hem döwlet işgärleri yzarlaýarlar, dogan-garyndaşlarymyz ýigrenýärler, klasdaşlarymyz we işdeşlerimiz günä etdirjek bolýarlar. Elbetde, şeýle ýagdaýlarda şatlanmak aňsat düşmeýär, ýöne biz şonda-da Isa Mesihiň şägirdi bolandygymyza begenýäris.

2 Käbirleri: «Heý-de, ursalar şatlanyp bolarmy?» diýmekleri mümkin. Ýöne Hudaýyň Sözünde biziň şatlanyp biljekdigimiz aýdylýar. Ýakup kitabynda kyn ýagdaýlarda ruhdan düşmän, şatlanmalydygy barada aýdylýar (Ýak. 1:2, 12). Isa pygamber hem «yzarlanlarynda... bagtlysyňyz» diýdi (Matta 5:11-i okaň). Kynçylyklara garamazdan şatlanar ýaly näme etmeli? Biz Ýakubyň I asyrdaky mesihçilere ýazan hatyndan köp zatlary öwrenip bileris. Geliň, ilki olaryň duş gelen kynçylyklary hakda bileliň.

I ASYRDAKY MESIHÇILER NÄHILI SYNAGLARA DÖZ GELDILER?

3. Ýakup Isanyň pygamberdigine iman eden döwri Iýerusalimde nämeler boldy?

3 Ýakup Isa pygamberiň süýtdeş doganydy. Iýerusalimde mesihçiler yzarlanyp başlanda, ol Isanyň pygamberdigine iman edipdi (Res. 1:14; 5:17, 18). Iýerusalimde ýaşaýan mesihçiler Stefanusyň öldürilendigini eşidip, Ýahuda, Samariýa, Kipre we Antakyýa gaçyp gitdiler (Res. 7:58—8:1; 11:19). Dogrudan-da, I asyrdaky mesihçileriň göreni görgi boldy. Ýöne olar nirä barsalar-da, hoş habary yhlasly wagyz edýärdiler. Şeýlelikde, Rim imperiýasynyň ähli ýerlerinde ýygnaklar döredi (1 Pet. 1:1). Ýöne kynçylyklar olaryň üstüne gara bulut kimin abanýardy.

4. I asyrdaky mesihçiler nähili kynçylyklara döz gelmeli boldular?

4 I asyrdaky mesihçiler ençeme kynçylyklara döz gelmeli bolýarlar. Meselem, b. e. 50-nji ýylynda imperator Klawdiý ähli ýehudylara Rimden çykmagy buýurýar. Şonda Isanyň şägirdi bolan ýehudylar hem Rimdäki öýüni taşlap gaýtmaly bolýar (Res. 18:1—3). B. e. 61-nji ýyllarynda Pawlus resul ýewreýlere ýazan hatynda mesihçileriň halkyň öňünde masgaralanýandygyny, türmä basylýandygyny we emläginiň talanylýandygyny aýdypdy (Ýew. 10:32—34). Şeýle-de olaryň käbiri garypdy, keselden ejir çekýärdi (Rim. 15:26; Flp. 2:25—27).

5. Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

5 Ýakup I asyrdaky mesihçileriň duş gelýän kynçylyklaryny bilýärdi. Şonuň üçin hem b. e. 62-nji ýylynda Hudaýyň ylhamy bilen olara hat ýazýar. Onuň haty dogan-uýalara kynçylyklara döz gelip, şatlanmaga kömek eden bolmaly. Geliň, Ýakubyň hatynda ýazan maslahatlaryna seredip, şu soraglaryň jogabyny bileliň: biz näme üçin kyn ýagdaýlarda şatlanmaly? Haýsy kynçylyklar şatlygymyzy gaýga öwrüp biler? Kyn ýagdaýlara düşenimizde akyldarlyk, iman we mertlik şatlanmaga nädip kömek eder?

BIZIŇ ŞATLYGYMYZYŇ SYRY NÄMEDE?

Ähli tarapy ýapyk çyranyň ýalnyny ýagyş ýa-da şemal söndürip bilmeýär. Şonuň ýaly Ýehowanyň berýän şatlygyny hem hiç bir kynçylyk söndürip bilmez (6-njy abzasa serediň)

6. Luka 6:22, 23-nji aýatlara görä, biz näme üçin kyn ýagdaýlarda-da şatlanýarys?

6 Köp adamlar: «Janym tut ýaly sag bolsa, baý bolsam, maşgalam agzybir bolsa, men dünýäde iň bagtly we şadyýan adam bolaryn» diýýärler. Ýöne Ýakup hakyky şatlygyň adamyň ýagdaýyna bagly däldigini aýdýar. Şatlyk Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesidir (Gal. 5:22). Mesihçiler nähili kynçylyklara duşsalar-da, Hudaýy razy edýärler we Isa pygamberiň göreldesine eýerip, ýürekden şatlanýarlar (Luka 6:22, 23-nji aýatlary okaň; Kol. 1:10, 11). Dogan-uýalaryň ýüregindäki şatlygy çyranyň ýalnyna meňzetse bolýar. Gadymy döwürde aýnaly çyralar ulanylypdyr. Çyranyň ähli tarapy ýapyk bolandygy üçin, ýagyş ýa-da şemal ýalny söndürip bilmändir. Şonuň ýaly keselçilik, pulsuzlyk, dogan-garyndaşlarymyzyň garşy çykmagy we üstümizden gülmegi ýüregimizdäki şatlygy söndürip bilmez. Biz näçe köp kynçylyga döz gelsek, ýüregimizdäki şatlyk şonça-da lowlap ýanar. Sebäbi kynçylyklarda biziň imanymyz has-da berkeýär we Isanyň hakyky şägirdidigimizi subut edýäris (Mat. 10:22; 24:9; Ýah. 15:20). Ýakup şeýle diýýär: «Dürli kynçylyklara uçranyňyzda, ählisini şatlyk bilen kabul ediň» (Ýak. 1:2).

Synaglary näme üçin oda meňzetse bolar? (7-nji abzasa serediň) *

7, 8. Biz näme üçin synaglara döz gelmeli?

7 Ýakup mesihçileriň agyr synaglara şatlyk bilen döz gelýändiginiň ýene bir sebäbini şeýle düşündirýär: «Imanyňyz synalanda çydamly bolmagy öwrenýärsiňiz» (Ýak. 1:3). Ussalar demri otda gyzdyrýarlar we soňra suwda sowadyp, berk gylyç ýasaýarlar. Edil şonuň ýaly, biz synaglara döz gelsek, Hudaýa bolan imanymyz has-da berkeýär. Ýakup şeýle diýdi: «Siz çydamly bolup, özüňizi gowy terbiýelärsiňiz. Şonda ähli zatda kämil, ýazyksyz bolarsyňyz» (Ýak. 1:4). Synaglarda imanymyzyň berkeýändigini görsek, şatlygymyzyň çägi bolmaz.

8 Ýakup hatynda kynçylyklar sebäpli şatlygymyzyň gaýga öwrülýändigi hakda ýazypdy. Nähili kynçylyklaryň bolmagy mümkin we olara nädip döz gelip bileris?

ŞATLYGY GAÝGA ÖWÜRÝÄN KYNÇYLYKLARA NÄDIP DÖZ GELMELI?

9. Bize näme üçin akyldarlyk gerek?

9 Kynçylyk: çykalgasyz ýagdaýa düşmek. Biz synaglarda Hudaýa wepaly bolup, ony begendirmek isleýäris. Şeýle-de dogan-uýalary ruhlandyrasymyz gelýär (Ýer. 10:23). Emma çykalgasyz ýagdaýa düşenimizde näme etjegimizi bilmän ruhdan düşýäris. Şonda garşy çykýanlara paýhasly jogap berip, dogry karara gelmek üçin, bize akyldarlyk gerek bolýar.

10. Ýakup 1:5-de näme maslahat berilýär?

10 Çözgüdi: Ýehowadan akyldarlyk soraň. Biz synaga düşenimizde Ýehowa doga-dileg etsek, ol bize akyldarlyk berer we dogry karara gelmäge kömek eder (Ýakup 1:5-i okaň). Ýöne Ýehowa dogamyza derrew jogap bermese näme etmeli? Ýehowa gaýta-gaýta dileg etmeli. Ol bizi gaýta-gaýta dileýändigimiz üçin ýazgarmaýar, gaharlanmaýar. Gaýtam Ýehowa jomartlyk bilen akyldarlyk berýär we synaglara döz gelmäge kömek edýär (Zeb. 25:12, 13). Allatagala biziň çykalgasyz ýagdaýa düşendigimizi görýär we göwünlik berip, goldamak isleýär. Biz Ýehowanyň akyldarlyk berýändigine örän begenýäris. Ýöne ol nädip akyldarlyk berýär?

11. Paýhasly karara gelmek üçin näme etmeli?

11 Ýehowa Mukaddes Kitap arkaly akyldarlyk berýär (Nak. 2:6). Eger Hudaýyň Sözüni we oňa esaslanan edebiýatlary okasak, paýhasly karara gelip bileris. Ýöne Mukaddes Kitaby diňe bir okamak ýeterlikli däl. Biz öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmaly. Ýakup: «Hudaýyň sözüni diňe bir diňlemän, eýsem ýerine ýetiriň» diýdi (Ýak. 1:22). Biz Hudaýyň maslahatyna eýersek, parahat ýaşasak, paýhasly we rehimdar bolarys (Ýak. 3:17). Şu häsiýetler synaglara şatlyk bilen döz gelmäge kömek edýär.

12. Mukaddes Kitaby näme üçin her gün okamaly?

12 Hudaýyň Sözi aýna ýaly kemçiliklerimizi görmäge we gowy häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär (Ýak. 1:23—25). Biz Mukaddes Kitaby okanymyzda özümiziň gaharjaňdygymyza düşünmegimiz mümkin. Biz akyldar Hudaýyň kömegi bilen ýumşak adam bolup bileris. Şonda göwnümize degseler-de, çykalgasyz ýagdaýa düşek-de özümizi ele alyp, gaharlanmarys. Eger ýumşak adam bolsak, synaglara döz gelmek aňsat bolar. Sebäbi biz sagdyn pikirlenip, dogry karara geleris (Ýak. 3:13). Hawa, Mukaddes Kitaby her gün okasak, Ýehowanyň akyldarlygyna eýe bolarys.

13. Biz näme üçin hudaýhon adamlaryň göreldesine eýermeli?

13 Käbir adamlar tä maňlaýy daşa degýänçä, eden ýalňyşyna düşünmeýärler. Ýöne biz maňlaýymyz daşa degýänçä kösenip ýörmän, adamlaryň goýberen ýalňyşyndan sapak edinsek we olaryň ýagşy häsiýetlerine eýersek gowy bolar. Ýakup hem hudaýhon adamlaryň, ýagny Ybraýymyň, Rahawyň, Eýýubyň we Ylýasyň göreldesine eýermegi maslahat berýär (Ýak. 2:21—26; 5:10, 11, 17, 18). Olar kyn ýagdaýlara şatlyk bilen döz geldiler. Ýehowanyň kömegi bilen muny bizem başararys.

14, 15. Biz näme üçin ýüregimizden şübhäni köki bilen sogurmaly?

14 Kynçylyk: şübhelenmek. Käte biz Mukaddes Kitapdaky aýatlara doly düşünýän däldiris ýa-da Ýehowa dogalarymyza isleýşimiz ýaly jogap berýän däldir. Şeýle ýagdaýlarda ýüregimizde şübhe döremegi mümkin. Eger şübhe ýüregimizde kök ursa, imanymyz gowşar we Ýehowa bolan söýgimiz sowar (Ýak. 1:7, 8). Gelejege umydymyz hem bolmaz.

15 Pawlus resul umydy labyra meňzedýär (Ýew. 6:19). Meselem, deňizde apy-tupan turanda, labyr gämini saklaýar. Gämi döwülmeýär, abat galýar. Labyryň zynjyry berk bolsa, onda gämä hiç hili zyýan ýetmez. Posuň zynjyry çüýredişi ýaly, şübhe-de imanymyzy gowşadyp biler. Eger ýüregimizden şübhäni köki bilen sogurmasak, Ýehowa imanymyz gowşar, gelejege umydymyz hem bolmaz. Ýakup: «Şübhelenýän adam ýel bilen eýläk-beýläk çaýkanýan deňiz tolkuny kimindir» diýdi (Ýak. 1:6). Şeýle adam hiç haçan şatlanyp bilmese gerek!

16. Biz ýüregimizdäki şübhäni aýyrmak üçin näme etmeli?

16 Çözgüdi: ýüregiňizden şübhäni köki bilen sogruň we imanyňyzy berkidiň. Ýaýdanyp durmaň, aýgytly ädim ädiň. Ylýas pygamberiň döwründe Ýehowanyň halky ikigöwünli bolupdy. Şonda pygamber olara şeýle diýýär: «Siz haçana çenli ikigöwünli bolup, yraň atyp ýörjek? Eger Ýehowa hak Hudaý bolsa, oňa sežde ediň, Bagal Hudaý bolýan bolsa, onda oňa sežde ediň!» (1 Pat. 18:21). Biz hem edebiýatlarymyzdan gözleg geçirmeli we Ýehowanyň hak Hudaýdygyna, Mukaddes Kitabyň Allanyň Sözüdigine, Ýehowanyň Şaýatlarynyň Hudaýyň halkydygyna doly göz ýetirmeli (1 Sel. 5:21). Şonda ýüregimizdäki şübhe zym-zyýat bolar we imanymyz berkär. Şübhäni aýyrmak üçin ýaşululardan hem kömek sorap bileris. Geliň, Ýehowa şatlyk bilen gulluk eder ýaly, ýüregimizdäki şübhäni köki bilen sogralyň!

17. Synaglarda ruhdan düşmek näme üçin howply?

17 Kynçylyk: ruhdan düşmek. Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Kyn günüňde ruhdan düşseň, göreşmäge güýjüň bolmaz» (Nak. 24:10). «Ruhdan düşmek» diýen ýewreý sözi gorkmagy aňladýar. Eger biz synaglarda gorksak, onda şatlanyp bilmeris.

18. Çydamly bolmak nämäni aňladýar?

18 Çözgüdi: Ýehowa bil baglaň we mert boluň. Synaglara çydamak üçin mert bolmaly (Ýak. 5:11). Ýakup «çydamlylyk» diýende synaglara döz gelip, mert durmagy göz öňünde tutdy. Belki, siziň göz öňüňize batyrgaý esger gelendir. Atly-ýaragly duşman hüjüm etse-de, ol gorkmaýar we bir ädim hem yza çekilmeýär.

19. Pawlus resulyň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?

19 Pawlus resul synaglara mertlik bilen döz gelip gowy görelde galdyrdy. Käte ol özüni ejiz duýýardy, ýöne hemişe Ýehowa bil baglaýardy we Allanyň berýän güýji bilen kynçylyklara döz gelip bilýärdi (2 Kor. 12:8—10; Flp. 4:13). Bizem pesgöwünlilik bilen Ýehowadan güýç sorasak, ol kynçylyklara döz gelmäge kömek eder (Ýak. 4:10).

ALLA BILEN DOSTLAŞYP ŞATLANYŇ!

20, 21. Biz nämä ynamly bolup bileris?

20 Başymyza agyr günler düşende: «Allasyz çöp başy gymyldamaz» diýip, synaglary onuň jezasy hasaplamalyň. Sebäbi Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Synaga düşende hiç kim: „Hudaý meni synaýar“ diýmesin, sebäbi Hudaýy erbetlik bilen synap bolmaýar, Hudaý hem hiç kimi synamaýar» (Ýak. 1:13). Eger biz Hudaýyň synamaýandygyna iman etsek, ol biziň Atamyz bolar, bizem onuň perzentleri bolarys (Ýak. 4:8).

21 Ýehowa Hudaý «kölege ýaly üýtgäp durmaýar» (Ýak. 1:17). Allatagala I asyrdaky mesihçilere synaglara döz gelmäge kömek edişi ýaly, bize-de kömek eder. Geliň, Ýehowadan akyldarlyk, iman we mertlik diläliň! Ol doga-dileglerimize hökman jogap berer. Şonda islendik synaga şatlyk bilen döz gelip bileris.

128-NJI AÝDYM Soňuna çenli çydalyň

^ par. 5 Biz kyn günlerde ýaşaýarys. Şonuň üçin Ýehowa hemişe şatlyk bilen gulluk etmek aňsat düşmeýär. Ýakup kitabyndaky maslahatlar kynçylyklara döz gelip, Hudaýa şatlyk bilen gulluk etmäge kömek eder. Geliň, şol maslahatlaryň käbirine seredeliň.

^ par. 59 SURAT: polisiýa işgärleri dogany tussag edip äkidýärler, aýaly we gyzjagazy yzyndan seredip galýar. Dogan türmedekä, dogan-uýalar aýalyny we gyzjagazyny maşgala okuwyna çagyrýarlar. Eneli-gyz hemişe Ýehowa doga edip, güýç soraýarlar. Ýehowa olara batyrgaýlyk we kalbyna rahatlyk berýär. Olaryň imany has-da berkeýär we synaglara şatlyk bilen döz gelýärler.