Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Mesihçiler özüni goramak üçin sapança ýa-da tüpeň ulansa bolýarmy?

Mesihçiler özüni goramak üçin belli bir çäreleri görüp bilse-de, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri bozmaly däl. Olar sapança, tüpeň ýa-da ot açýan ýaraglar babatda-da Ýazgylaryň berýän maslahatyna eýermeli. Aşakda olaryň käbiri getirilýär.

Ýehowa adamyň ýaşaýşyny mukaddes hasaplaýar. Mezmurçy Dawut Ýehowanyň «ýaşaýşyň gözbaşydygyny» aýtdy (Zeb. 36:9). Eger mesihçi özüni ýa-da emlägini goramak üçin belli bir çäreleri görmek islese, onda ol biriniň janyna zyýan ýetirmekden we ölümine sebäp bolmakdan ägä bolmaly (Kan. tag. 22:8; Zeb. 51:14).

Islendik zat biriniň ölümine sebäp bolup biler, ýöne sapança bilen tötänden ýa-da bilkastlaýyn adamy öldürmek aňsat *. Eger hüjüm edýän adam eliňde ýaragyň bardygyny bilse, onda ýagdaý has-da agyrlaşmagy mümkin, netijede, biriniň ölümine-de getirip biler.

Isa ýerdäki ömrüniň soňky gijesi şägirtlerine ýanlaryna gylyç almalydygyny tabşyranda, olaryň özlerini arkaýyn duýmaklary üçin aýtmady (Luka 22:36, 38). Gaýtam, ol eliňe ýarag almagyň nädogrudygyny öwretjek boldy. Hatda Isany gylyçdyr taýak bilen tutmaga gelenlerinde-de, ol şägirtlerini märekä garşy ýarag ulanmaga höweslendirmedi (Luka 22:52). Petrus gylyç bilen baş ruhanynyň gulunyň gulagyny kesende-de, Isa: «Gylyjyňy gynyna sal» diýdi. Soňra: «Gylyç göteren gylyçdan hem öler» diýip, wajyp hakykaty öwretdi. Bu prinsipe onuň häzirki şägirtleri hem eýerýär (Mat. 26:51, 52).

Mika 4:3-e görä, Hudaýyň halky «gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar». Mesihçileriň bu aýratynlygy barada Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen: «Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň... Mümkin boldugyndan, ähli adamlar bilen parahat ýaşamak üçin eliňizde baryny ediň» diýip ýazdy (Rim. 12:17, 18). Pawlus köp kynçylyklarda, şol sanda «talaňçylaryň... arasynda howp astynda bolanda-da», aýdan sözlerine laýyk ýaşady we janyny halas etmek üçin Ýazgylardaky prinsipleri hiç haçan bozmady (2 Kor. 11:26). Ol Hudaýyň akyldarlygyna bil baglap, onuň Sözüne görä ýaşaýardy. Sebäbi Ýazgylarda: «Akyldarlyk uruş ýaraglaryndan gowudyr» diýilýär (Wag. 9:18).

Mesihçiler üçin ýaşaýyş maddy zatlardan has gymmatlydyr. Adamyň ýaşaýşy emlägine bagly däl (Luka 12:15). Ýumşak dil talaňçyny köşeşdirip bilýär. Şol sebäpli paýhasly mesihçiler Isanyň: «Ýamanlyk edýäne garşylyk görkezmäň» diýen sözlerine eýerýärler. Hawa, biz talaňçynyň talap edýän islendik zadyny bermäge taýyn bolmaly * (Mat. 5:39, 40; Luka 6:29). Munuň üçin zadyňdan geçmäge taýyndygyňy görkezmeli. Eger biz «emlägimize öwünmekden» gaça dursak we goňşularymyzyň öňünde özümizi Ýehowanyň parahatlygy söýýän Şaýady hökmünde alyp barsak, jenaýatçylaryň oljasy bolmarys (1 Ýah. 2:16, çykgyt; Sül. tym. 18:10).

Mesihçiler başgalaryň ynsabyna hormat goýýarlar (Rim. 14:21). Eger bir mesihçiniň özüni goramak üçin ýaragynyň bardygy aýan bolsa, käbir dogan-uýalaryň geň galmagy, hatda büdremegi-de mümkin. Ýakynymyza bolan söýgi başgalaryň bähbidini özümiziňkiden ileri tutmaga, hatda hukugyň bolan zatdan hem geçmäge höweslendirýär (1 Kor. 10:32, 33; 13:4, 5).

Mesihçiler göreldeli bolmaga çalyşýarlar (2 Kor. 4:2; 1 Pet. 5:2, 3). Eger mesihçi Ýazgylar esasynda berlen maslahata garamazdan, ýarag saklaýan bolsa, onda ony göreldeli mesihçi hasaplap bolmaz. Şol sebäpli oňa ýygnakda jogapkärli we hormatly borç ynanylmaz. Bu ýarag ulanylýan işde işleýän mesihçilere-de degişli. Ol başga iş gözlese gowy bolardy! *

Özüňi, maşgalaňy ýa-da emlägiňi nädip goramalydygy we nähili işe girmelidigi barada her bir mesihçiniň özi karara gelmeli. Emma Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri Hudaýyň akyldarlygyny we onuň bize bolan söýgüsini görkezýär. Şol prinsiplere eýerýän ruhy taýdan ösen mesihçiler özüni goramak üçin ýarag ulanmaz. Olar Hudaýa bil baglap, Ýazgylardaky prinsiplere görä ýaşasalar, onuň bilen dostlugynyň berk boljakdygyny we gelejekde howpsuzlykda ebedi ýaşajakdyklaryna düşünýärler (Zeb. 97:10; Sül. tym. 1:33; 2:6, 7).

Mesihçiler agyr muşakgatda özüni gorajak bolmaz, olar diňe Ýehowa bil baglarlar

^ abzas 3 Mesihçi aw awlamak ýa-da wagşy haýwanlardan goranmak üçin ýarag (sapança ýa-da bäşatar) ulanmagy makul bilse, ony oksuz ýa-da gurnalmadyk ýagdaýda we göze ilmeýän ýerde ýygnap goýmaly. Ýarag ulanmak gadagan edilen, çäklendirilen ýa-da diňe käbir ýagdaýlarda ulanmaga rugsat berilýän ýurtda ýaşaýan mesihçiler hökümetiň kanunyna tabyn bolmaly (Rim. 13:1).

^ abzas 2 Şeýle-de 1993-nji ýylyň 8-nji martynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalyndaky «Munuň nädip öňüni almaly?» we «Ýaşlaryň sowallary» kitabyndaky «Azgyn adamlardan nädip goranmaly?» diýen makalalara serediň.

^ abzas 4 Iş babatda käbir maslahatlary 2005-nji ýylyň 1-nji noýabrynda (sah. 31) we 1984-nji ýylyň 1-nji fewralynda (sah. 18, 19) çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalyndan tapyp bilersiňiz.