ÖWRENILÝÄN MAKALA 30
Hiç bir dine uýmaýan adamlaryň ýüregine täsir etjek boluň
«Iň bolmanda, käbirlerini halas etjek bolup, her kes üçin her zat boldum» (1 Kor. 9:22).
45-NJI AÝDYM Öňe gidiň!
MAKALANYŇ MAZMUNY *
1. Şu günler adamlar dine nähili garaýar?
MÜŇLERÇE ýylyň dowamynda hemme adamlar diýen ýaly haýsy bolsa-da bir dine uýýardy. Ýöne şu günler Hudaýa ynanmaýan we hiç bir dine uýmaýan adamlar gitdigiçe köpelýär. Käbir ýurtlarda köp adamlar hiç bir dine uýmaýandygyny aýdýarlar * (Mat. 24:12).
2. Haýsy sebäplere görä, hiç bir dine uýmaýan adamlar gitdigiçe köpelýär?
2 Näme üçin hiç bir dine uýmaýan adamlar gitdigiçe köpelýärkä? * Munuň birnäçe sebäbi bar. Käbirleri durmuşyň gaýgy-aladalary bilen başagaý, başgalar bolsa wagtyny keýpi-sapada geçirýär (Luka 8:14). Käbir adamlar bolsa Hudaýa asla ynanmaýar. Başgalar Hudaýa ynansa-da, dine könelişen we ylma hem-de ynsan düşünjesine laýyk gelmeýän zat hökmünde garaýar. Mümkin, olar dost-ýarlaryndan, mugallymlaryndan ýa-da başga adamlardan ýer ýüzündäki ähli zatlaryň ewolýusiýa arkaly dörändigini eşidendir. Emma olar Hudaýyň bardygyny subut edýän deliller hakda eşitmedik bolmaga çemeli. Käbir adamlary bolsa parahor hem-de wezipä kowalaşýan dini ýolbaşçylaryň özüni alyp barşy hasam biynjalyk edýär. Üstesine-de, käbir ýurtlarda dine uýmak kanun taýdan gadagan edilýär.
3. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
Mat. 28:19). Biz hiç bir dine uýmaýan adamlara Hudaýy söýmäge we Isanyň şägirdi bolmaga nädip kömek edip bileris? Ilki bilen, adamyň aýdýan habarymyza seslenjekdigi ýa-da seslenmejekdigi onuň nirede önüp-ösendigine bagly bolýandygyny unutmaly däl. Mysal üçin, Ýewropada önüp-ösen adam bilen Aziýa ýurtlarynda ulalan adamyň aýdýan zatlarymyza seslenişi tapawutlanyp biler. Näme üçin? Ýewropa ýurtlarynda köp adamlar Mukaddes Ýazgylar we Ýaradyjy barada azda-kände bilýärler. Emma Aziýa ýurtlarynda adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylar barada hiç zat bilmeýär we Ýaradyjynyň bardygyna ynanmaýar. Bu makala bize adamyň nirede önüp-ösendigine garamazdan, olaryň ýüregine nädip täsir edip biljekdigimizi bilmäge kömek eder.
3 Isa bize: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» diýip tabşyrdy (DOGRY GARAÝYŞDA BOLUŇ
4. Näme üçin umydymyzy üzmeli däl?
4 Umydyňyzy üzmäň. Her ýyl öň hiç bir dine uýmadyk köp adamlar Ýehowanyň Şaýady bolýar. Olaryň köpüsi hakykaty bilmänkä hem ahlak taýdan arassa ýaşaýardy. Ýöne dini ýolbaşçylaryň ikiýüzlüligi sebäpli, olar Hudaýa ynanmaýardy. Başgalaryň bolsa ahlak kadalara bolan garaýşy gaty pesdi we Hudaýa ýaramaýan endikleri bardy. Görşümiz ýaly, Ýehowanyň kömegi bilen, «ebedi ýaşaýşa eltýän hakykaty kabul etmek isleýän adamlary» tapyp bolýar (Res. iş. 13:48; 1 Tim. 2:3, 4).
5. Adamyň hoş habara seslenişi köplenç nämä bagly bolýar?
5 Mähirli we sypaýy boluň. Köplenç adamyň hoş habara seslenmegi näme aýdýandygymyza däl-de, nädip aýdýandygymyza bagly bolýar. Adamlar bilen sypaýy, mähirli we ýürekden gürrüňdeş bolanymyzda, olara gowy täsir edýär. Biz olara öz pikirimizi mejburlyk bilen kabul etdirjek bolmaýarys. Gaýtam, olaryň dine nähili garaýandygyny we näme üçin şeýle pikir edýändigini bilmäge çalyşýarys. Käbirleri nätanyş adam bilen dini meseleler babatda gepleşmek islemeýär. Başgalar bolsa adamdan Hudaý barada näme pikir edýändigini soramagy ýerliksiz hasaplaýar. Käbir adamlar bolsa, esasanam, Ýehowanyň Şaýatlary Ýazgylardan okap berende, özlerini oňaýsyz duýýar. Şol sebäpli wagyz edeniňizde, adamlaryň duýgusyna düşünjek boluň (2 Tim. 2:24, çykgyt).
6. Pawlus resul adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutýandygyny nädip görkezdi we biz ondan nädip görelde alyp bileris?
6 Eger Mukaddes Ýazgylar, Hudaý ýa-da din barada aýdanymyzda, adamyň halamaýandygyny bilsek näme edip bileris? Şeýle ýagdaýda Pawlus resuldan görelde alyp, gürrüňi adamyň ýagdaýyna görä dowam edip bileris. Pawlus resul ýehudylar bilen gürrüňdeş bolanda, Ýazgylara esaslanyp öwredýärdi. Emma Ares depesinde grek filosoflaryna ýüzlenende, Ýazgylaryň göni özüne salgylanmady (Res. iş. 17:2, 3, 22—31). Biz mundan näme öwrenýäris? Eger wagyzda Mukaddes Ýazgylary könelişen ýa üýtgedilen diýip pikir edýän adama duşsak, onda göni Ýazgylaryň özünden okamasak gowy bolar. Eger siz Mukaddes Ýazgylardan bir aýady okajak bolsaňyz, ýöne adam başgalar göräýmesin diýip, özüni oňaýsyz duýýan bolsa, telefondan ýa planşetden okap bilersiňiz.
7. 1 Korinfliler 9:20—23-nji aýatlara görä, Pawlus resuldan nädip görelde alyp bileris?
7 Ünsli diňläň we ýagdaýyna düşünjek boluň. Wagyz edýän adamlarymyzyň garaýşyna nämäniň täsir edendigine düşünjek bolmaly (Sül. tym. 20:5). Geliň, ýene-de Pawlus resulyň mysalyna seredeliň. Ol ýehudylaryň arasynda önüp-ösüpdi. Şol sebäpli özge milletli adamlara wagyz etmek üçin olaryň garaýşyny göz öňünde tutmalydy. Sebäbi olar Ýehowa we Mukaddes Ýazgylar hakda kän bilmeýärdi. Eger biz ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň ýagdaýyna düşünmek islesek, onda olar barada köpräk bilmeli we ökde wagyzçylardan maslahat soramaly (1 Korinfliler 9:20—23-nji aýatlary okaň).
8. Mukaddes Ýazgylar hakda nädip gürrüňe başlap bileris?
8 Biz «mynasyp adamlary» gözlemeli (Mat. 10:11). Munuň üçin olara öz pikirini aýtmaga mümkinçilik bermeli we olary ünsli diňlemeli. Angliýada ýaşaýan bir dogan adamlara maşgalany bagtly etmek, çagalary terbiýelemek ýa-da adalatsyzlyga döz gelmek babatda soraglary berýär. Adamyň berýän jogabyny diňländen soň, ol şeýle diýýär: «Nähili pikir edýärsiňiz, 2 müň ýyl mundan öň ýazylan şu maslahatyň peýdasy barmyka?» Soňra Mukaddes Ýazgylary agzaman, telefonyndan şoňa degişli aýatlary görkezýär.
ADAMYŇ ÝÜREGINE TÄSIR ETJEK BOLUŇ
9. Hudaý barada gürrüňdeş bolmak islemeýän adamlara nädip kömek edip bileris?
9 Hudaý barada gürrüňdeş bolmak islemeýän adamlaryň ýüregine nädip täsir edip bileris? Munuň bir usuly, olary gyzyklandyrýan zat hakda gürrüňdeş bolup bileris. Meselem, köp adamlar tebigatyň gözelligine haýran galýar. Şonuň üçin şeýle diýip bilersiňiz: «Belki, siz bilýänsiňiz, adamlar bir zat oýlap tapanda, tebigatdan nusga alýarlar. Meselem, mikrofony oýlap tapan adamlar adamyň gulagyny öwrenýär. Fotokamerany oýlap tapan adamlar bolsa adamyň gözüni öwrenýär. Nähili pikir edýärsiňiz, ähli janly zatlar öz-özünden döredimikä ýa-da olary biri ýaratdymyka?» Adamyň berýän jogabyny ünsli diňläniňizden soň, şeýle diýip bilersiňiz: «Inžinerler adamyň gözüni ýa gulagyny öwrenende, aslynda, kimden öwrenýärler? Maňa gadym döwürde ýaşan bir ýazyjynyň şu sözleri gowy täsir etdi: „Gulagy oturdan eşitmezmi? Gözi ýaradan görmezmi? Ynsanlara bilim öwreden (Oldur)“. Bu sözler bilen hatda käbir alymlar hem razylaşýar» (Zeb. 94:9, 10). Soňra ýaşaýşyň gelip çykyşy bilen bagly wideolaryň birini görkezip bilerisiňiz (EDEBIÝATLAR>WIDEOLAR>SÖHBETDEŞLIK WE BAŞDAN GEÇIRMELER diýen bölümi saýlaň). Şeýle-de adama «Ýaşaýşy Hudaý ýaratdymy?» ýa-da «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky bäş sorag» diýen broşýurany görkezip bilersiňiz.
10. Hudaý hakda gepleşesi gelmeýän adamlar bilen nädip gürrüňdeş bolup bileris?
10 Adamlaryň köpüsi gowy durmuşda ýaşamagy Zeb. 37:29; Wag. 1:4).
arzuw edýär. Emma köp adamlar Ýer şary we ondaky bar zatlar ýok bolup gider öýdüp gorkýar. Norwegiýada gulluk edýän bir etrap gözegçisi adamlaryň köplenç Hudaý barada däl-de, dünýäniň ýagdaýy hakda höwes bilen gürrüňdeş bolýandygyna üns berýär. Ol saglyk-amanlyk soraşansoň, adama şeýle diýýär: «Nähili pikir edýärsiňiz, durmuşymyz haçanam bolsa gowulaşarmyka? Ony syýasy ýolbaşçylar ýa alymlar gowulandyrarmyka ýa-da başga biri?» Adamyň berýän jogabyny ünsli diňläninden soň, ol ajaýyp gelejek barada aýdylýan aýatlaryň birini okap berýär ýa-da ýatdan aýdýar. Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylarda Ýer şarynyň hemişelik durjakdygy we onda gowy adamlaryň ebedi ýaşajakdygy hakda wada berilýändigini bilende, haýran galýar (11. Wagyzda näme üçin dürli usullary ulanmaly we Rimliler 1:14—16-njy aýatlara görä, Pawlusdan nädip görelde alyp bileris?
11 Wagyzda dürli usullary ulansak, gowy bolar. Näme üçin? Sebäbi her adamyň özboluşly häsiýeti we garaýşy bolýar. Bir adamy gyzyklandyrýan zat, beýleki adamy asla gyzyklandyrman biler. Biri Hudaý we Ýazgylar barada asla gürrüňdeş bolmak islemese, başga biri bilen arkaýyn gürrüňe başlap bolýar. Nähili bolaýanda-da, biz ähli adamlar bilen gürrüňdeş bolmaga jan etmeli (Rimliler 1:14—16-njy aýatlary okaň). Ýöne bir zady unutmalyň: Dogrulygy söýýän adamlaryň ýüregine ekilen hakykat tohumyny Ýehowanyň özi ösdürýär (1 Kor. 3:6, 7).
HUDAÝA YNANMAÝAN ADAMLARA NÄDIP WAGYZ EDIP BILERIS?
12. Hudaýa ynanmaýan adamlara nädip kömek edip bileris?
12 Bütin dünýäde, esasanam, wagyz işimiziň hökümet tarapyndan çäklendirilen ýerlerinde dogan-uýalar wagyzda Hudaýa ynanmaýan adamlara köp duş gelýär. Käbirleri hoş habara höwes bilen seslenip, derrew okuw geçmäge razylaşýar. Ýöne başgalara täze zatlary kabul etmek birbada kyn bolýar. Olara nädip kömek edip bileris? Tejribeli wagyzçylaryň käbiri şeýle adamlar bilen başda mesaýy gürrüňe başlap we adam bilen ýürekden gyzyklanyp, soňra eger ýerlikli bolsa, Mukaddes Ýazgylardan gürrüň edýärler.
13. Adamyň ünsüni nädip Ýazgylara çekip bileris? (Daşky sahypadaky surata serediň).
13 Köp adamlar Ýazgylardaky maslahatlaryň örän peýdalydygyny bilende, geň galýar (Wag. 7:12). Nýu-Ýorkda hytaý dilinde gepleýän adamlara wagyz edýän bir uýamyz şeýle diýýär: «Men olar bilen ýürekden gyzyklanyp, ünsli diňlemäge çalyşýaryn. Eger olar bu ýere ýakynda gelen bolsa, şeýle diýýärin: «Bu ýeri haladyňyzmy? Iş tapyp bildiňizmi? Hiç kim göwnüňize degenokmy?» Käwagt şeýle soraglar uýamyza Ýazgylar esasynda gürrüňe başlamaga kömek edýär. Eger ýerlikli bolsa, uýamyz şeýle diýýär: «Başgalar bilen oňşukly ýaşamaga näme kömek edýär? Mümkin bolsa, size Ýazgylardan şu aýady okap berjekdim: „Dawanyň başlanyşy suwuň goýberilişi kimindir; şonuň üçin dawa turmazyndan öň jedeli taşla“» (Sül. tym. 17:14). Şeýle usullar ruhy zatlar hakda gürrüňdeş bolmak isleýän adamlary tapmaga kömek edýär.
14. Bir dogan Hudaýa ynanmaýan adamlara nädip kömek edýär?
14 Hudaýa ynanmaýan adamlar bilen nädip gürrüňdeş bolup bileris? Gündogar ýurtlaryň birinde gulluk edýän bir dogan şeýle diýýär: «Adatça, adam „men Hudaýa ynanmaýaryn“ diýende, ol beýleki adamlaryň sežde edýän taňrylaryna ynanmaýandygyny göz öňünde tutýar. Şonuň üçin onuň bilen razylaşýandygymy we şol taňrylaryň hakyky däldigini, olary adamlaryň özleriniň oýlap tapandygyny hem-de öz elleri bilen ýasandygyny aýdýaryn. Köplenç Ýermeýa 16:20-däki: „Heý, ynsan özüne hudaýlar ýasarmy? Olar hudaý däl ahyryn!“ diýen sözleri okap berýärin. Soňra: „Adamlaryň ýasan zady hakyky Hudaý bolup bilermi?“ diýip soraýaryn. Onuň beren jogabyny ünsli diňlänimden soň, Işaýa 41:23-i okap berýärin. Ol ýerde: „Bize gelejegi aýdyp beriň, şonda siziň taňrydygyňyzy bileris“ diýilýär. Soňra oňa Ýehowanyň gelejek barada aýdan pygamberlikleri hakda gürrüň berýärin».
men oňa15. Bir dogandan näme öwrenip bileris?
15 Bir dogan bolsa gyzyklanan adamlary ideg edende, başga usuly ulanýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men olara Mukaddes Ýazgylardan peýdaly maslahatlary, ýerine ýeten pygamberlikleri we fiziki kanunlary mysal getirýärin. Soňra Ýaradyjynyň bardygy we onuň täsin akyldarlygy barada delilleri getirýärin. Adam Hudaýyň bardygy hakda oýlanyp başlanda, Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa barada näme diýilýändigini görkezýärin».
16. Ýewreýler 11:6-a görä, okuw geçýänlere Hudaýa we Ýazgylara ynamyny artdyrmaga nädip kömek edip bileris?
16 Hiç bir dine uýmaýan adamlar bilen okuw geçip başlanyňyzda, olara Hudaýa bolan imanyny berkitmäge kömek edip durmaly (Ýewreýler 11:6-ny okaň). Şeýle-de olara Mukaddes Ýazgylardaky hakykata ynamyny berkitmäge kömek etmeli. Şonuň üçin, mümkin, käbir temalary birnäçe gezek gaýtalap geçmeli bolar. Her temany öwreneniňizde, olar bilen Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigi barada pikir alşyň. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardaky ýerine ýeten pygamberlikler, onuň ylmy taýdan dogrudygy, taryhy wakalar ýa-da peýdaly maslahatlar hakda pikir alşyp bilersiňiz.
17. Söýgimizi bildirsek, adamlara nähili täsir eder?
17 Adam haýsy dine uýsa-da ýa hiç bir dine uýmasa-da, oňa söýgimizi bildirsek, Mesihiň şägirdi bolmaga kömek ederis (1 Kor. 13:1). Adam bilen okuw geçenimizde, oňa Hudaýyň bizi söýýändigini we biziň hem Ony söýmegimizi isleýändigini görkezmeli. Her ýyl öň hiç bir dine uýmadyk müňlerçe adamlar Hudaýa bolan söýgüsini ösdürip, suwa çümdürilýär. Şonuň üçin umydyňyzy üzmäň, her bir adama söýgiňizi bildiriň we ýürekden gürrüňdeş boluň. Adamy ünsli diňläň. Ýagdaýyna düşünjek boluň. Şeýdip, siz öz göreldäňiz bilen olara Mesihiň şägirdi bolmaga kömek edersiňiz.
153-NJI AÝDYM Wagyz etmegiň täsiri
^ abzas 5 Şu günler öňkä garanyňda, hiç bir dine uýmaýan adamlar has-da köpeldi. Şu makalada biz olar bilen Ýazgylardaky hakykat esasynda nädip gürrüňdeş bolup biljekdigimize we olara Ýehowa Hudaýa hem-de Onuň Sözüne bolan imanyny ösdürmäge nädip kömek edip biljekdigimize serederis.
^ abzas 1 Geçirilen barlaglara görä, muňa Awstraliýa, Awstriýa, Azerbeýjan, Albaniýa, Beýik Britaniýa, Çehiýa respublikasy, Daniýa, Fransiýa, Germaniýa, Günorta Koreýa, Hytaý, Irlandiýa, Ispaniýa, Kanada, Niderlandiýa, Norwegiýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Wýetnam, Ysraýyl we Ýaponiýa ýaly döwletler degişli.
^ abzas 2 DÜŞÜNDIRIŞ: Şu makalada hiç bir dine uýmaýan diýlende, hiç bir dini gurama degişli bolmadyk ýa-da Hudaýa asla ynanmaýan adamlar göz öňünde tutulýar.
^ abzas 54 SURATLAR: Hassahanada işleýän dogan işdeşine wagyz edýär; soňra ol adam saýtymyza girýär.